Farabi bilen sohbetdeshlik

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Farabi, hakyky ady Parahat Mele(-yev) agzamyz shu wagt Istanbul/Turkiyede. Koneurgenc Turkmen-Turk mekdep 99 ucurymy, bizin kopumizden uly.

Parahat bilen tanyshalym bari eyyam 3 yil bolup gelyar. 1-nji internetde tanyshan dostlarymdan. tm_informatikleri diyip Parahadin esaslandyran topary bar, informatika bilen gyzyklanyan turkmenler ucin. Men bir yerlerden shol topary tapdym we azga boldym 2004-nji yilda.

Bizin tanyshlygymyz shol yerden. IOI2004 (kompyuter olimpiyadasy)-e gidenimizde Istanbul ustunden gecmeli bolupdyk we shonda airportda 1-nji gezek gorushmek nesip etdi. IOI2005 gidenimizde birazajik bile Istanbuli hem aylanipdik. 2006-da olimpiyada gidilendede gorushipdik.

Ish/Okuw

Asyl okayan/okan ugry jurnalistlik, yone kompyuter programmalari yazmakdan bashy gaty gowy cikyar, oz-ozunden owrenipdir. Uniwersitende majori computer science/engineering bolmayanlara oz-ozunden programmirleme owrenmage mysal. Mobinex-de (http://mobinex.com.tr/) we bashga yerlerde software/web developer bolup ishlanini hem bilyan.
Sorag: Azajik IT-de karyerin barada gurrun beraysen, nadip owrendin, nirelerde ishledin? We okuwin barada?

tm_informatikleri


http://tech.groups.yahoo.com/group/tm_informatikleri/
Group Information
* Members: 93
* Founded: May 8, 2002
tm_informatikleri topary IT bilen gyzyklanyan kop turkmenleri jemlemek bashartdy. Meselem TurkmeNNet shol yerdaki gurrunlerden sonra guruldy. Turkmenpress, talyplar, Turkmenweb, tmolympiad, Turkmenonline we beyleki bilyan sahypalarynyzyn adminleri shol yerde, sahypalaryn arkasyndaky tehniki nasazlyklary yada atakalary shol yerde gurrun edyarler. "Nadip laptop saylamali?" atly yazgini hem shol yerden alypdym meselem.

tm_informatikleri barada soraglar sorap bilersiniz.

Basga random faktlar

- Turkmence Wikipediada administrator
- parahat.com atly oz sahyapsy bardy, sozluk.parahat.com belki gorensiniz inlisce-turkmence sozluk bardy yone shu wagt ishlanok. (2 Farabi, sozluge name boldi?)

Ine buda bize ugradan in sonky surati

Bashda tanatmak ucin yeterlik yazdim oydyan. Galanyny ozunden dinlayelin.
Menden soraglar:
- tm_informatikleri barada azajik gurrun besen, bashdaky gunleri barada. Geljegi barada name pikirler edyan? Nameler etmekci?
- Bir firmada software developer bolup ishlemek nahilirak? + we - leri. Maslahat beryanmi? Oz tejribanden azajik gurrun beraysen?

Telpekler (1 kisiden 2 sany)

Bu yazgi ucin

  • irfan 2 telpek goyyar we yazyar: "üstünliklerin dovamy üçin menden 2 telpek"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Atamyrat wrote:sozluge

Atamyrat wrote:

sozluge name boldi?

Sözlügi öňki işleýän firmamdaky öz kompýuterimden host edýärdim. Aýrylansoň ýapmaly boldy. Şu wagt üstünde gaýtadan işleýärin. Ony dört dilde etmek maksadym bar. Ýagny türkmençe-iňlisçe-rusça-türkçe. Bir hem ýany bilen "Win32 application" ýazmakçy.

Azajik gurrun bersen,

Azajik gurrun bersen, yokarda yazilmadik zatlar barada?

Atamyrat

Atamyrat wrote:

tm_informatikleri barada azajik gurrun besen, bashdaky gunleri barada.

tm_informatiklerini başda saýt şeklinde gurmagy planlaşdyrypdym. Ýöne biraz wagt geçensoň internetde beýle köp türkmeniň ýokdygy, bar bolan türkmenleriň hem informatika bilen gyzyklanyp ýöreniniň azdygy hakykady bilen ýüzleşmeli boldum. Onsoň ony şol döwürler moda bolan "Yahoo Gruopsdan" döretdim. Ýene şol döwürler hormatly Nazar Mämmedow (tanaýan bolsaňyz, görseňiz salam aýdaweriň) bilen aramyzda geçýän geplerde döredilen türkmen saýtlaryň belli bir wagt soňra ýapylýandygy we ýazylanlaryň ýitip gidýändigi baradaky meseleleri gozgaýardyk. Ýazylanlaryň ýitip gitmezligi üçin hem "Yahoo Groups" amatlydy. Şeýleräk döredi.

Atamyrat wrote:

Geljegi barada name pikirler edyan? Nameler etmekci?

Topary başda döredenimde özüne adam çekmegi üçin biraz garagollyk etdim. Adam çekdimi çekmedimi bilemok. Şu wagt hiç zat edemok. Dogrysy men adamlaryň özleriniň ýazmagyny halaýan. Meniň diktaturam bolsun islämok. Şol sebäpli hazirlikçe birzat etmek maksadym ýok. Ýene-de bir tarapdan hormatly Muhammet Mämmedowyn turkmennet.comy döretmegi gowy boldy. Köp oglanlar e-groupda ýazmaga öwrenişmedik. Olar şol ýerde ýazýar. Bir tarapdan kawagt turkmennet ýapylyp ýazylanlar ýitip gitmese diýip dileg edýärin.

Atamyrat yazmandyr. *Nacenji

Atamyrat yazmandyr.
*Nacenji doguldyny, nace yasynyzda?
saglygynyz!

11.05.1982, ýagny 25-nji

11.05.1982, ýagny 25-nji ýaşa azajyk wagt bar.

Atamyrat wrote:Azajik

Atamyrat wrote:

Azajik IT-de karyerin barada gurrun beraysen, nadip owrendin, nirelerde ishledin?

Men komputer bilen 2-nji klasda tanyşdym. Şol döwür biziň obadaky mekdepde orslaryň "Elektronika" kompýuterlerinden bir synp döredilipdi. BASICde kod ýazyp bolýardy ýöne bize has gyzykly zat 3.5'lik disketdäki oýunlary oýnamakdy. :) Soňra kompýuterler bilen Köneürgenç Türkmen-Türkde ýene garşylaşdyk. Bu gezekki kompýuterler oýun oýnamak üçin has gowydy ýöne :). Reňkli ekranlary bardy, 486. Şol döwürler Prehistorik 2 bilen Mario oýnap heziller edýärdik. Ýöne soňra has güýçlirak kompýter gelende bu üýtgedi. Hemme zat şol güýçli kompýutere ýükledi, 486dan hard diskleri aýryp olary terminal şeklinde ulanylmaly edildi. Onsoň komputer sapaklarynda etmäge iş bolmansoň, şol döwürler partadaşym bolan tatar dostum Zabir bilen Q-BASIC öwrenmage başladyk. Birgün kompýuter labaratoriýasynda Annageldi atly, bizden üç synp uly bir oglanyň BASIC bilen programmirläp içinden ok geçen ýürek çyzdyranyny görüpdim. Şondan soňra ullakan BASIC kitaby bardy, şondan käbir grafika işlerini öwrenip öz oýnymyzy ýazmaga girişdim. Wiý şol döwürler hem hack etmek bardy. :) Bir gün ýene Zabir bilen network sistemasyny çukalap onda bir bug tapypdyk. Networkdaki bütün kompýterlere "message" goýberip bolýardy. Onson şol message pakediniň içine ASCII karakterlerinden başga zat goýup goýberseň goýberen kompuň "blue screen" berýärdi. Käwagt içgysma bolanda beýlekilere azar berip pislik edýärdik :)

Gep gepi açyp nirä gelipdirin. Men esasan mobinexde işledim. Ýöne onuň daşyndan hem "freelance" işler etdim. Kiçiräk CVim bar. Soňra bir ýerlere ýüklärin.

Atamyrat wrote:

We okuwin barada?

Hawa, men häzir žurnalisitika okaýaryn. Men birnäçe ýyl okuwa gitmedim. 2.5 ýyllyk sapagy geçen ýyl arassaladym. Şu wagt tezimi ýazyp bersem okuwy gutarýaryn. Ony hem hemme zat gowy gitse tomsuň soňuna gutarmakçy. Üstünde işleýän işim "Mobil media we öýjükli telefonlaryň habarçylyga bolan täsiri".

Atamyrat wrote:Bir firmada

Atamyrat wrote:

Bir firmada software developer bolup ishlemek nahilirak? + we - leri. Maslahat beryanmi? Oz tejribanden azajik gurrun beraysen?

Gowy taraplary bar. Esasan "sofware-in" nähili dogýanyny we "sofware-in" dogandan soňraky ewolýussiýasyny görmek we oňa düşünmek üçin bir programmistiň software firmasynda işlemegini maslahat berýärin. Ýaman tarapy wagtyny dogry ulanmasan adamlardan we daşardaky durmyşdan gopýaň. Öz tejribämi aýtsam köp zat öwrendim. Ýöne gowy pul gazanyp bilmedim. Bu bärdäki täze gurylan firmalarda adaty zat. Köp zat öwrenýäň ýöne gowy pul gazanyp bileňok. Hem köp pul gazandyrýan hem köp zat öwredýän firmada işlemegiňi maslahat berýärin. Umuman sen köp pul gazandyrýan firmada işle. Sebäbi sen eýýäm öwrenmeli zatlaryňy uniwersitetde öwrenýän. Firmada firmanyň işleýiş düzgünini öwrenersiň. Köp gazanan pulyň soňra özüň firma döredeniňde ulanar ýaly tejribäň bolar. :) Şeýleräk.

Akademiýada galjak bolsaň firmada işlemek goşmaça tejribe bolar ýöne beýle gerek hem dälmikä diýýärin.

Ýakyn geljekdäki

Ýakyn geljekdäki planlaryň näme?
Näme üçin şu çaka çenli okuwy gutarmadyň?(syr bolmasa)
---------------------------------------------------------
Magtymguly, sözle her ne bileniň,
Özüňe kemlik bil aýtman öleniň,
Taraşlap, şaglatgyl köňle geleniň,
Senden soňkulara ýadygär bolar!

Meni hem shol 2-ji sorag

Meni hem shol 2-ji sorag gyzyklandyrya, ayratin yazip oturmayin...

Bayram wrote: Ýakyn

Bayram wrote:

Ýakyn geljekdäki planlaryň näme?

Işden aýrylanymy eşiden käbir firmalardan günde-günaşa programmirleme iş teklibi alýaryn. Programmirlemeden ýadadym. Ýöne isleýän aýlygymy berseler bir hem resmi käbir kagyzlary düzeltseler şolardan birini alaýmagym mümkin. Munuň daşynda tomsuň soňunda okuwy gutarmakçy. Başga, 25-nji ýaşyma; "Türkmenistanyň ölýänçä bitarap we garaşsyz, özü tarapyndan şeýle ykrar edilen ilkinji žurnalisti, bu Parahat Meledir" manifestosy bilen bir websaýt ýasap girmek planym bar. Özü hem şul manifestony her makalanyň, habaryň haýsydyr bir ýazgynyň başynyň "pyssymyllasy", soňunuň hem "omyny" etjek, ýagny ýazgyny şunuň bilen başlap şunuň bilen gutarjak. Özüm bir kasam ýazyp her ýazgynyň soňuna okamaly edip goýsammykam şony kesgitläp bilmedim. Mysal üçin şeýleräk: "Parahada dönüklik etsem goý men sallah gezmeli bolaýyn ýa-da äre çykyp bilmäni öýde galaýyn" diýip.

Kellede pikirdir-plan köp ýöne hemmesini ýazyp oturmaýyn.

Bayram wrote:

Näme üçin şu çaka çenli okuwy gutarmadyň?(syr bolmasa)

2001-nji ýylyň tomsunda Türkmenistana gidenimde ökaýan ugrum bolan žurnalistikany, maňa öwredilýän žurnalistika şeklinde edip bilmejegime anyk göz ýetirdim. Okuw Istanbulda oturmaga rugsat almak üçin, bir hem ýagdaýlaryň we ýagdaýlarymyň gowylaşmagy üçin (kitap yüklenen eşek bolasym gelenok ýagny) amatlydy. Şonuň üçin men okuwy uzatdym.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • maksat 1 telpek goyyar we yazyar: "hak aydylan şu söz üçin: "kitap yüklenen eşek bolasym gelenok ýagny""

Menden

1.Nirede doguldyngyz we chagalygyngyz nirede gechdi?
2.Mekdepde nahili ustunlikler gazandyngyz?
3.Mende-de programinge howes dorap bashlady.Manga nireden owrenip bashlamagy maslahat beryangiz?Ya-da shu wagt hokman dal,universitete shol ugurdan girseng shonda owrenersing diyyangizmi?
4.Sizing durmushyngyzyng duybunden uytgan wagtlary boldumy?(turning point)Bolan bolsa,nameler we kimler sebap boldy?
5.Name uchin zhurnalistika okamaga karar kyldyngyz?
6.Turkiye-de haysy shaherde?
7.Haysy universitetde okayangyz?
8.Turkiyede Computer Science/Engineering okamak uchin haysy universitetleri maslahat beryangiz?
Hazirlikche shular:):)

Menden2

9.Durmushda nahili ustunlikleringiz bar?
10.Gelejek uchin name planlaryngyz bar?
11.Diller bilen arangyz nahili?Owrenmek isleyan ya-da has gowy owrenmek isleyan dilingiz haysy(lar)?

haysy dil

Balkan wrote:

11.Diller bilen arangyz nahili?Owrenmek isleyan ya-da has gowy owrenmek isleyan dilingiz haysy(lar)?

Balkan dost, şu soragynda sen adam dilini (Türkmençe, özbekçe...) göz önünde tutyanmy yada komputer dilini (C, C++, java...)?

a

Men "adam dili" hakynda sorapdym.:):)

We 2 meshhur sorag:)

12.Name maslahatlaryngyz bar?
13.Hachan oylenyangiz?

kicikaniz name bolmak

kicikaniz name bolmak isleyardiniz?
hemde gelejk ucin maksatlarynyz name?

Bayram sorapdyr -Yakyn

Bayram sorapdyr -Yakyn geljekdaki(short term) planlaryng name? Menem umumy planlayng barada soraysam, gizlin bolmasa.

Farabi, Sen barada gin

Farabi,

Sen barada gin maglumata eye bolmak gyzykly dogrysy, ilki seni goremde pikir etdim Farabi 27-30 yaslaryna menzeyar diydim, ilki TR gidenlerden oytdim, Kone Urgencli diyarler velin gen gordum...(kan menzanok).

Farabi, senin ugrun jurnalistlik ekeni, media dunyade uly oruna eye boldy, yone jurnalistlygam "pycak" yaly zat myka diyan. nahar bisirmek ucin gok onum kesmek ucunem ulanyp bolyar, adam oldurmek ucunem. (kimin elinde bolsa sona gore).

TM'de su wagyt hudaya sukur, halky jebis agzybir tutyar, erbet zatlary gorkezip halkyn yuregini bolanoklar,

Senin pikirince media'nyn arkasynda bir jemgiyet yada bir maksat bolman halka hyzmat diyip sol ulgama hyzmat edilip bolarmy?

Hazir tm'daki mediany tazeden gurman, bar bolan mediayany ozgermek ucin ise kabul etseler girerdinmi?

In sonky sorag, name ucin jurnalistligi sayladyn? (cagalykdan gelyan arzuwunmy?)

Ýokarky soraglary okadym.

Ýokarky soraglary okadym. Häzir biraz howlukmajyrak. Jogaplaryny hökman berjek.

1 sorag

bashda kompyuter bn gyzyklanypsyn, hazir jurnalistikada okayarsyn, yene-de prg ya-da website yasamakdan hem gacmansyn, bularyn yany bn pelsepa hem bash goshupsyn!
Bu yagday sende nadip yuze cykdy, kim sebap boldy we name ucin "farabi" ulanyjy adyny aldyn, farabini na derejede tanayan we onun haysy hereketi senin shol ady ulanmagyna sebap boldy!? Pelsepe-de, umumy aydanynda 2 yagdayda bolyar, sen haysysyny halayan we amal edyan!?

Pah

Farabi girenokmy name:):

aA

žurnalistikany gowy görýäňizmi?
şu güne çenli žurnalist hökmünde ýazan-pozan zatlaryňyz barmy? bar bolsa nireden okap bolar?

alada

Farabini tanayanlar jyklasyn-how, ona 1 zatlar bolan bolaymasyn, men yaly ayagyny dowdurip, hassahanada yatan zat bolmasyn ol!?

Haçan aýagyňy

Haçan aýagyňy döwdürdiň? Yzy ýarasyn...
---------------------------------------------------------
Magtymguly, sözle her ne bileniň,
Özüňe kemlik bil aýtman öleniň,
Taraşlap, şaglatgyl köňle geleniň,
Senden soňkulara ýadygär bolar!

:)

TC-dekam, Fi(kone) dowurde bolan waka-la, ony diysen, burnymam dowulipdi :)
Indi, bu yerde mana sorag soraberin, nahilem bolsa, eyesi gelenok :)

ata wrote: Farabini

ata wrote:

Farabini tanayanlar jyklasyn-how, ona 1 zatlar bolan bolaymasyn, men yaly ayagyny dowdurip, hassahanada yatan zat bolmasyn ol!?

Jogap berilmedik sorag galdymyka diýip gözläp-gözläp tapyp bilmedim. Şundan başga :)

Ata ag,TC türk

Ata ag,TC türk Cumhuriyetimi?Eger shelye bolsa shu forumda Turkche diymeging yerine TCche diyyaler.Shonga dushnip bilman gechdim.
Shahsy maglumatlaryngyzy dolduryng!
Fill up your profile!

beh

Balkan jan, urjak bolup durmasana, men bn sohbetdeshligem bar-a, onsonam doly yazypdym-a men :)
PS:Taze sign-yny haladym, sag bol!
PSPS: Tc diyip, hem Turkiye Cumh hem Turk hem-de Turkiye ucin ulanyan, yaltalyk-da, bu babatda kanirak duydurysh gelse welin, yaltanmaryn :)

Yok men size hich zat

Yok men size hich zat diymedim.Siz bilyansingiz diyip soradym.TC yazmak bolyar welin,TC che(Türk Cumhuriyetçe-->gulkunch) diyenlerinde gulkim tutyar.
Shahsy maglumatlaryngyzy dolduryng!
Fill up your profile!

Soraglara hökmän jogap

Soraglara hökmän jogap berjek. Häzir ýazylanlary okamakdan wagt tapyp bilemok :).

Balkan wrote: 1.Nirede

Balkan wrote:

1.Nirede doguldyngyz we chagalygyngyz nirede gechdi?

Meniň pasportymda "doglan ýeri" diýilýän ýerde Derýalyk ýazygly. Ýöne ejemiň aýdyşyna görä men Leninskiý raýonunuň (häzirki Akdepe etraby) merkezinde doglupdyryp. Çagalygym hem ýalňyşmasam 6-njy ýaşyma çenli şol Leninskiý raýonunyň merkezindäki Muhatow köçesiniň 72-nji jaýynda we şol jaýyň töwereginde geçdi. 6-njy ýaşymdan soňra Köneürgenç etrabynyň Derýalyk d/b-sinde (Köneürgenç raýonunyň 40 ýyllyk kolhozynda) geçdi.

Balkan wrote:

2.Mekdepde nahili ustunlikler gazandyngyz?

Türk mekdebe girmekden başga gazanan üstünligim ýok.

Balkan wrote:

3.Mende-de programinge howes dorap bashlady.Manga nireden owrenip bashlamagy maslahat beryangiz?Ya-da shu wagt hokman dal,universitete shol ugurdan girseng shonda owrenersing diyyangizmi?

Sen şu wagt matematika sapaklary alýan bolsaň, öwrendilýänleriň manysyna gowyja düşünmek bilen öwrenip başlaber. Matematikaň näçe gowy bolsa prorammirleme etmegiň şonça ýeňil bolýarmyka diýýärin. C programmirleme dilini öwrenjek bol. Matematika sapaklarynda öwrenýän temalaryňy C-de kiçijik kodlar ýazyp algoritma dökjek bol mysal üçin.

Balkan wrote:

4.Sizing durmushyngyzyng duybunden uytgan wagtlary boldumy?(turning point)Bolan bolsa,nameler we kimler sebap boldy?

Birbada bulary jemlemek mümkin däl. Umuman şeýleräk diýip bilerin.
- Türk mekdebe girmek.
- 1999-njy ýylda Türkiýä gelmek.
- 2001-nji ýylyň ýazyndaky Türkmenistandaky kanikulym we Türkiýä gaýdyp gelişim.

Balkan wrote:

5.Name uchin zhurnalistika okamaga karar kyldyngyz?

"Watan programmasyndan, umuman Türkmen TWsinden bizar bolanym we men şuny üýtgederin diýenim üçin" diýsem gülkünç bolar :). Gyzykly we gerekli iş bolany üçin.

Balkan wrote:

6.Turkiye-de haysy shaherde?

Men bärde Istanbulda. Istanbulyň Mecidiýeköý diýilýän ýerinde ýaşaýaryn.

Balkan wrote:

7.Haysy universitetde okayangyz?

Men Marmara Uniwersitetiniň, Aragatnaşyk (Communication) fakultediniň, Žurnalistika bölüminde okaýaryn. Žurnalistikada spesialistlik ugrym Informatika Žurnalistikasy.

Balkan wrote:

8.Turkiyede Computer Science/Engineering okamak uchin haysy universitetleri maslahat beryangiz?

0. Boğaziçi (www.boun.edu.tr)
1. ITÜ (www.itu.edu.tr)
3. YTÜ (www.ytu.edu.tr)
4. ODTÜ (www.odtu.edu.tr)
Bärde ODTÜni 4-nji orna goýmagym bilen käbirleri ylalaşmany biler. Ýöne Türkiýede okasaň hökman Istanbulda oka. Hökman diýmek bilen HÖKMAN! diýmek isleýärin :)

Men Boğaziçide 3 ýyl töweregi programmistlik etdim. O ýerdäki akademikler bilen tanyşmak, uniwersitediň sistemasyny has gowurak tanamak pursadym boldy. Kompýuter ugryny teoritiki tarapdan gowy öwredýärler. Esasan hem Robotika we AI bilen gyzyklanýan bolsan hökman Bogaziçide oka. Cem Say atly bir prof. bar. Meniň-ä elime pursat geçse diňe şoň sapaklaryna girmek üçin Bogaziçide okardym.

Computer we ODTU

Eger engineering okajak bolsa ODTU okamagynyzy maslahat edyarin :)

Balkan wrote: 9.Durmushda

Balkan wrote:

9.Durmushda nahili ustunlikleringiz bar?

Pikirlendim, netije: üstünlük ýok.

Balkan wrote:

10.Gelejek uchin name planlaryngyz bar?

Beýleki ýazgylarymda bular barada azajyk aýtdym. Planlar barada köp gürlemek gowy dälmikä diýýärin.

Balkan wrote:

11.Diller bilen arangyz nahili?Owrenmek isleyan ya-da has gowy owrenmek isleyan dilingiz haysy(lar)?

Iňlis dilini has gowy öwrenmek isleýärin. Arapça öwrenmek isleýärin.

Balkan wrote: 12.Name

Balkan wrote:

12.Name maslahatlaryngyz bar?

Bagyşla soragyňa sorag bilen jogap bermeli boljak. Haýsy meselede?

Balkan wrote:

13.Hachan oylenyangiz?

30 ýaşyma çenli öýlenjek däl diýipdim. Ýöne bilmedim-dä, 30 ýaşa çenli sallah gezmek başardarmyka?

Telpekler (1 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Balkan 2 telpek goyyar we yazyar: "Sagbol jogaplanyng uchin!"

:)

Farabi wrote:

30 ýaşyma çenli öýlenjek däl diýipdim. Ýöne bilmedim-dä, 30 ýaşa çenli sallah gezmek başardarmyka?

hay, men bol-a :)

maysa wrote: kicikaniz name

maysa wrote:

kicikaniz name bolmak isleyardiniz?

Men kiçikäm fizik bolmak isleýärdim. Soňra maşyn gurlyşyk inženeri bolmak isledim. Soňra Doktor bolmak isledim. Soňra Žurnalistika girdim. Soňra programmist boldum...

maysa wrote:

hemde gelejk ucin maksatlarynyz name?

Ýokardan hem görnüşi ýaly ertirki gün näme boljagym belli däl. Okan ugrymy okadylşy ýaly edip bilsem şony etmekçi.

Jogaba goşmaça maglumat üçin Balkanyň 10-njy soragyna berilen jogaba serediň [biraz akademiki jogap bolaýdy :)].

Merwezi wrote: Bayram

Merwezi wrote:

Bayram sorapdyr -Yakyn geljekdaki(short term) planlaryng name?
Menem umumy planlayng barada soraysam, gizlin bolmasa.

Bä plan barada köp soraýaňyz-aýt :). Aýtmadyk bir planymy aýdaýyn. Birnäçe ýyldan bäri bir broker dostumyň täsiri bilen, birža girmek, aksiýalar bilen gyzyklanmak planym bardy. Şu günler biraz wagt tapsam şony edäýmegim mümkin.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Diňe telpek berýän :)"

serdar01 wrote: TM'de su

serdar01 wrote:

TM'de su wagyt hudaya sukur, halky jebis agzybir tutyar, erbet zatlary gorkezip halkyn yuregini bolanoklar,

Senin pikirince media'nyn arkasynda bir jemgiyet yada bir maksat bolman halka hyzmat diyip sol ulgama hyzmat edilip bolarmy?

Medianyň we žurnalistikanyň etikasynyň iň esasy düzgünleriniň başynda "halka hyzmat" durýar. Haýsy jemagat ýa-da haýsy maksat bilen žurnalistika edilýän bolsa edilsin, olar "biz halka hyzmat edýäris" diýerler.

serdar01 wrote:

Hazir tm'daki mediany tazeden gurman, bar bolan mediayany ozgermek ucin ise kabul etseler girerdinmi?

Ýok girmezdim. Men Türkmenistanda Medianyň düýbinden üýtgedilmelidigine ynanýaryn. Munuň iň başy hem "halky gorkuzyp agzybir" saklaýan ýa-da görkezýän, "kulta söýegli" we ýyllardan bäri ulanylyp-ulanylyp ýürekbulaýjy hala gelen "klişelerden doly" žurnalistikany aýyrmak bilen başlanmaly diýýärin.

serdar01 wrote:

In sonky sorag, name ucin jurnalistligi sayladyn? (cagalykdan gelyan arzuwunmy?)

Ýokarda-da aýdyşym ýaly "gyzykly we gerekli bolany üçin".

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Orazdurdy 1 telpek goyyar we yazyar: "jogaplar tasirleyji.. Sagbol."

ata wrote: Bu yagday sende

ata wrote:

Bu yagday sende nadip yuze cykdy, kim sebap boldy we name ucin "farabi" ulanyjy adyny aldyn

Farabi - Ikinji Mugallym. Meni muslumanlaryň arasyndan hem şeýle filosof çykany gaty begendirýär. Bir hem Farabiniň Türki kowumdandygy aýdylýar.

ata wrote:

farabini na derejede tanayan we onun haysy hereketi senin shol ady ulanmagyna sebap boldy!?

Ýalňyşmaýan bolsam Farabini Al Gazali (Imam Gazali hem diýilýär ýalňyşmasam) kapyr yglan edýär. Farabi bilen Ibn Sinany hem kapyr yglan edýär. Kapyr yglan etmeginiň sebäbi bolsa olaryň "Alla we bilmek barada" aýdanlary. Umuman Farabi "Alla bilmäge mätaç däl" diýýär. Al Gazali şu pikire garşy çykýar we Farabini ýokarda aýdyşym ýaly kapyr yglan edýär. Hernäçe Ibn Rüşd Al Gazala jogap bersede muslumanlaryň arasynda Gazaliniň görüşi has basgyn ýagdaýa gelmäge başlaýar. Farabi we Ibn Sina kapyr bolany üçin olar wagty bilen muslumanlaryň öwrenmeýän alymlary arasyna goşulmaly bolýar. Men şu ýagdaýa ýaman gynananym üçin bir hem Farabinin käbir eserlerini, şu saýta agza bolan günlerim gyzyklanma bilen okan döwrüme gabat geleni üçin Farabi ulanyjy adyny aldym.

ata wrote:

Pelsepe-de, umumy aydanynda 2 yagdayda bolyar, sen haysysyny halayan we amal edyan!?

Men bu soraga düşünmedim.

Filosofda... Nesimi ýaly,

Filosofda... Nesimi ýaly, aýdýan zadyna düşünmek kyn!
Alla hiç zada mätäç däl! Emma ony öwrenmänem bolanok...
---------------------------------------------------------
Magtymguly, sözle her ne bileniň,
Özüňe kemlik bil aýtman öleniň,
Taraşlap, şaglatgyl köňle geleniň,
Senden soňkulara ýadygär bolar!

aA wrote: žurnalistikany

aA wrote:

žurnalistikany gowy görýäňizmi?

Gysgaça, hawa.

aA wrote:

şu güne çenli žurnalist hökmünde ýazan-pozan zatlaryňyz barmy? bar bolsa nireden okap bolar?

:) Ýazanlarymy öz kellämde pikirler urşup soňundan pozanym üçin jemlemeli bolsa hiç zat ýok. Ýöne ýakynda, 25-nji ýaşymda öz saýtymy açmakçy. Şondan soň ýazanlarymy pozjak däl.

Telpekler (2 kisiden 7 sany)

Bu komment ucin
  • Atamyrat 5 telpek goyyar we yazyar: "Shu yerde beren hemme jogaplaryn ucin"
  • aA 2 telpek goyyar we yazyar: "pozulmajak yazgy yazmak ansat daldir. shonun saglygyna 2 telpek"

Farabi sag bol jogaplaryn

Farabi sag bol jogaplaryn ucin,
Ustunlik arzuw edyan.

Yene bir gezek sagbol

Yene bir gezek sagbol jogaplang uchin!
Shahsy maglumatlaryngyzy dolduryng!
Fill up your profile!