Türkmençilik

  • warning: Creating default object from empty value in /home/atamurad/tmolympiad.org/modules/taxonomy/taxonomy.module on line 1388.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Dünya türkmenlerining sany

Dünyadaki türkmenlering sanyny görkezyan bir sahypa tapdym,könerak bir stastika öytyan.Türkmenistanda 4 mln töwerek diyya.
http://www.joshuaproject.net/peoples.php?rop3=110306
Peoples-by-Country

Afghanistan 650,000
India 300 0.00
Iran 2,194,000
Iraq 324,000
Jordan 5,700
Kazakhstan 1,900
Kyrgyzstan 1,100
Russia 41,000
Syria 129,000
Tajikistan 15,000
Turkey 1,000
Turkmenistan 3,850,000
Ukraine 3,400
Uzbekistan 166,000

Totals: 14 Countries 7,383,000 14

Allaberen aga bilen söhbetdeşlik başlady

Allaberen aga bilen sohbetdeslik guramakcydyk. Bu yere seredin.

1.Üstünlüklerinizi gazanmagyňyza nämeler sebäp boldy,kimlere uly paý düşýar,nähili kömek etdiler?
Olimpiadaçy oglanlara salamlarym we meniň bilen gyzyklanandygyňyz üçin köp sagbolsyn aýtmak isleýärin.Bu soraga jogab bereniňde saňa iň ýakyn adamlar gözöňüne gelýär.Meselem eneň-ataň, maşgalaň,mugallymlaryň, ýakyn dostlaryň we ... Adamyň belli bir derejä gelmeginde jemgyýedin ol adama ýakyn adamlarynyň köp roly bolýar. Özüňe ynanmak,başga birine mätäç bolmamazlyk, ejizi ezmemezlik ene-atamdan galan ýadygärlik. Wagtyňy dogry ulanmak we işleriňi planly alyp barmak mugallymlardan galan ýadygärlik.Ylmy işlerimiň belli bir söýgä gelmesinde bu asyryň beýik matematikleriniň biri we meniň ylmy yolbaşçym Professor Pavel E. Sobolewski- a degişlidir.Ondan sabyrlylygy,her wagt öz-özüňe talaply bolmaklygy öwrendim.Adamlara gatnaşygym we bahalandyrmam özüni görmedigim we haýran bolyp oňa her wagt ýakyn bolmany pikir eden atam Aşyrala borçlydyryn.Ol jemgyýetde bir adama baha berlende profesýonallygyna,adamkärçiligine we jemgyýede hyzmatyna göra bahalandyrmagy düşünyar.Bu üç prinsibi dogry bolan duşmanyň üçiň biri dogry bolmadyk doganyňdan hem ýokarda bolmagyny aýdýar.Bu prinsip meni dini we milleti boýunça başga bolan oňat adamlara ýakynlaşmagyma kömek etdi.

Syndicate content