Sohbetdeshlik

  • warning: Creating default object from empty value in /home/atamurad/tmolympiad.org/modules/taxonomy/taxonomy.module on line 1388.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

YAGŞY NİYET...................

Salam tmolimpiyadyñ ähli agzalary we myhmanlar. Ynha, bu günde ynsan durmuşynda yzygider geçip duran, emma hiçbir zaman biri-birine meñzemeýän hepdeleriñ ardyndan täze bir hepdä başladyk. Geçdigimiz hepde her bir ynsanyñ durmusynda aýratyn bir ýer galdyrmyşdyr belki. Kimiñ üçin bagtly, şatlykly,üstünlikli, kimler üçinde rowaçsyz we aladalar bilen doly (islegim toý-baýram aladalaryñ bolmagy) bir hepde bolandyr.

Soyguliler Gununi Gutlajaklar Uchin

Ozuma gutlap bilemok Soyguliler gununi soyyanim bolmany uchin welin wagtynda yasan zadym, umyt edyan koplerin ishini gorer!!!

HOŞAMAÝ SÖÝGİ SÖZLERİ

Ø Söýgi, gülü dikeni bilen ellemäge meňzär! Elleriň gana bulanar emma dikenleriň etmişini gülden soramarsyň

İň gowy deňiz gidilmedigidir, iň päk çaga heniz ulalmady, iň şadyýan günlerim seň bilendir we saňa diýmek islän iň mylaýym sözüm heniz aýdylan däldir: SENİ SÖÝÝÄN...

Düşegiňi gül ýapraklary bilen, düýşleriňi gülälekler bilen bezedim

Ýyl boýy gören gowy kinolaryňyz 3

Şu wagtjyk koreý kino gördüm, ady "The Good, The Bad and The Weird"
Agzym açyk galdy, şeýle owadan, şeýle gülkünç, şeýle köp ekşn bar kino...
Hökman görüň, must see!
Trailer'lerini youtube'de ýa imdb'de görüp bilersiňiz

"SUW DAMJASY,ALTYN DANESİ"

Salam agzalar!
Suw,adamzat durmuşynda in mohum zatlaryn biri bolup duryar.
Her yurtda,her saherde gundelik ulanylyan agyz suwy hokman uytgaymeli.Yagny suwun duzumi her yerde den bolmaz.
Meselem;Turkiyanyn İzmir saherinde suwda %15-35 Arsenik elementi bar.Agyz suwy hokmunde hichili ulanylanok.Uly saher bolmagyna garamazdan oylere gelyan suw dine arassacylyk ucin ulanylyar.Agyz suwy satyn alynyar.
Gynansakda Turkmenistanda-da suw arkaly yayrayan yokanc keseller hali sindi eshdilyar.

Türkmen toýlary kim üçin?

Şeýle... men soňky döwür pikir edýän, islesem-islemesem Orsýetde we Amerikada bolan ýyllarym meň adamçylygyma, dünýägaraýşyma, mentalitedime we pikirlerime täsir edipdir. Bu tebigy zat, adama tejribe täsir edýär.

Aýalyň üçin kartoşka dograrsyňmy?

Şu wagt bir tanyşlaryň biri bilen gürrüň edip otyrdyk. Onsoň meni aşa gödemlilikde aýyplan ýaly boldular. Sebäbi olar aýallary bilen işden soň nahar üçin kartoşka dogramaga taýynmyşyn, a men kes-kelläm garşy.
Siz näderdiňiz?

Turkmenistan osyar

Ya-da dashardan sheyle gorunyar. Yone men name uchindir ynanyan, bu gezek hakykatdanam osyaris!
Siz name pikir edyaniz? Osyarmi?

Dogrymy aytsam, Berdimuhammedowyn kabir kararlaryny halamandym, hazirem azajyk awtaritarizmin ysy gelyar. Emma on eden ishleri shu az zamanda bichak begendiryar. Manat bilen dollar meselesini ayirdi, indi denominasiya gechirya, onson yashulylar maslahaty yaly effektiw dal yasama organ gitdi, mekdepler 10 yillik yene, dashary yurtlar bilen aragatnashyk esse-esse gowy, gazyn bahasy galyar... sanasan sogaby bar!

Amerikadaky hezil durmuş barada

Her kim biziň ýurdymyzda özüçe dünýäni göz öňüne getirýär. Muňa elbetde kinolaram täsir edýär, TW we beýleki habar beriş serişdelerem. Şolara seretseň, Amerikada ýaşamak hezil ýaly. "Home alone"="Odin doma"="Öýde ýeke" ýaly kinodaky ýaly çagalar uly we baý öýlerde, şokoladlarda ýüzüp ýaşaýalar. Her kimiň puly kän we ş. m.

Nikalap "ikinjini" almak barada

Edil şu temany men "mümkinçilikler" bölüminde goýýan, oglanlara "mümkinçiliklerini" duýurasym gelýär :D
Musulmançylykda 4e çenli "mümkinçilikler" bar. Ýöne türki halklarda köp aýallylyk hiç haçanam ýaýraň bolmansoň, biziňkiler bir aýally bolupdyrlar.

Emma meň Türkmenistandan soňky eşiden habarlaryma görä, obalarda-da indi nikalap "ikinjini" almak çykypmyşyn. Bilýäniňiz bar bolsa ýazsaňyzlaň. Meň owadan gaýdanyma ep-esli boldy welin, hiç ynanyp bilemok. Globalizasiýa ýetipdiroow...

Dostlar/Joralar

Durmuşda her hili kynçylyklara gabat gelinýär, dűrli apatlardan geçip gidýäs, şol kyn döwűrde-de goldaw beräyjek adam ýanymyzda bolsa, kynçylygam ýeňiljek bolup görűnäýýär! Köplenç bu goldaw berýän adam hem biziň “joramyz ýa dostumyz” bolaýýar, Garaňkylykda ýyldyz deý bize ýagtylyk beräýjek dost ýa jora hem aňsat aňsat tapylaýanokdyr, ýöne käbirimiziň bagtymyz çűwűp beýle gowy dost/jora-da ugradylaýýaram.Meň bu blokda diňeje size duşan dostlar we joralar hakda gűrrűn edesim gelýär.

Syndicate content