Okalyn!

  • warning: Creating default object from empty value in /home/atamurad/tmolympiad.org/modules/taxonomy/taxonomy.module on line 1388.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Aşgabatdan gidip, bir tozap duran obada işlemek üçin daşary ýurtda okamandyr (SUPER-TM-PROZA)

Ol Aşgabatdan gidip, bir tozap duran obada işlemek üçin daşary ýurtda okamandyr

Ondan bäri ýüz ýyl geçen ýäly. Uçarlaryň sesi, ullakan sumkalar, goşlaryňy barlatmak üçin nobat, saňa garaşyp duran kakaň, ejeň, jigileriň, garyndaşlaryň... „Oglumyz Türkiýede okap, okuwunam gutaryp geldi“ diýlip edilen sadaka... Daşkyn garyndaşlara çenli gelip seniň bilen salamlaşyşlary, „Gözüň aýdyň, indi muny öýermeli. Ýogsa ýene bir ýurda okuw diýen bor-da gider“ diýişleri... Nähili süýji günler... Deň-duşlarymyň meniň eşiklerime, galstuk dakynyşyma gözi gidýärdi. Gyzlaryň dagy bary maňa aşykdy. Bary bolmasa, ýarynyň aşykdygyn-a anygam bilýän. Her kim indi girjek işim, aljak aýlygym hakynda göwün ýüwürdýärdi. Ol göwün ýüwürdýänleriň iň öňbaşçysam özümdim.

kaka$yna hat ýazan talyp barada erteki (biderek täze ERTEKI)

kaka$yna hat ýazan talyp barada erteki

Bir bar eken, bir ýok eken. Daşary ýurtda okap ýören talyp bar eken. Bir gün ol kakasyna şeýle hat ýazýar:

E$$alowmaleýkim kaka! Bu haty $aňa $tambulda okap ýören $öýgüli ogluň ýazýar. Käbir $apaklardan kynçylyklam bar diýäýme$eň, okuwlarym umuman gowy. Bu günler $izi, $izi we ýene-de bir gezek diňe $izi göre$im gelýär. $izi ýatlap $e$$iz A$mana garap oturýaryn. $iz$iz ýaşamak kyn. $iz meniň üçin şeýle gymmatly ekeniňiz. $iziň gadyryňyzy indi bilýän. $izem meni $e$$iz ýatlaýarmy$yňyz? Maňa gy$$agly telegramma iberiň. $izden bir zatlar gel$e örän begenerdim.

Ajy-ajy aglaýan Sogan gyz (biderek TÄZE ERTEKI)

Ajy-ajy aglaýan Sogan gyz

Bir gezek 18 ýaşyna ýeten Sogan-gyz goňşy obadan Sarymsak-ýigidi söýüpdir. Ine-de bir gün, Sarymsak-ýigit öz ejesini Sogan-gyzlara sözaýdyjy iberipdir.

Şonda Sogan-daýza Sarymsak-ejä ýüzlenip:
-Goýaweri, biz öz gyzymyzy siz ýaly ajy sarymsaklar maşgalasyna berip bilmeris. Öz deňiňizi gözläweriň –diýipdir.

Bu gürrüňleri diňläp oturan Sogan-gyz aýnaň öňüne geçip, ajy-ajy aglapdyr. Şondan bärem sogan artsaň Sogan-gyzyň ajy ykbaly ýadyňa düşüp gözüň ýaşarýamyş. :-)

Jübä salnan kelleler (SUPER-TM-PROZA)

Jübä salnan kelleler
(Däliň düýşi)

Duýn bir düýş gördüm. Şeýle bir düýş welin, şondan bäri oýalygym düýş ýaly, tersine gören düýşümem hakykat bolup görünýär. Gep uzadyp, gyzykdyrjak bolýan ýaly bolup oturman, gowsy, düýşümi gürrüň bereýin.

Obamy, şähermi — adam barynyň kellesi jubsünde. Her kim kellesini şeýle bir gowy görýär. Kimiň kellesi goltuk, kimiňki gapdal, ýene biriniňki jalbarynyň jübsünde. Batyrlar kellesini etegine salyp ýagyň üstüne çozupdyr diýip eşderdik, ýöne kelläň jubä salynýanyny birinji gezek görýän. Täze çykan eşikleň jübüsem kän. Honha biri kellesini syrt jübsüne salypdyr. Beh, bu adam oturanda nädýäke, kellesiniň üstünde oturaýýarmyka diýip pikir edýän. Ýogsa jalbaryň syrtky jübsi dagy şeýle kiçem welin, şoňa-da sygdyraýypdyr. Jübüleriň gyrasyndan gözjagazlar ýyldyraşyp görünýär. Hiç kimiň azaryna-da däl. Bu hamala adaty zat ýaly. Kellelerem: „Bu ýeri ýyljak“ diýşip hezil edýärler. Şo wagt öz kellämiň nirededigini bilemok. Bu hakynda pikir edip ýetişmänkäm ýaplanyp ýatan birine gözüm düşdi. Onuň kellesi ýerindedi. Men bu gyra çekilen kişiniň ýanyna baryp: „Sen näme çetde ýatyrsyň? Kelläň näme jübüňde däl? Sen näme dälimi?“ diýip soradym. Olam: „Men nätjegimi bilemok. Kelläňi jübüňe salsaň aýaklaryň onuň ýerini tutýar. Onsoň aýaklaň ugruna görä eňibermeli. Bu ýaman hezil. Ýerinde bolanyndan bolmany gowy kelläňi jübüňe salsaň, ol goragda-da bolýar. Görýäň-ä gar gatyşykly ýagyş ýagýar. Kelläňi üşetseň miningit bolmagam ahmal. Ýa-da Parkinsonyň keseli degäýse nätjek?! Ýöne aýagyň ugruna görä eňip ýöruljek bolsa, bu kelläňi jübüňde şalkyldadyp ýörmegiň geregem ýok ýaly. Zyňyp goýberseň, kelläň aladasam birlikde zyňyljak, dynyljak. Şonda-da bu kelläni zyňmaga dözemok. Meniň owadan gözlerim, buýra saçlarym, onsoňam az-owlak pikirlerim bar. Kellämi zyňsam olaram bile zyňmaly boljak. Şeýdip nätjegimi bilmän ýaýdanyp ýatyryn".

Bazarçy türkmen daýzasy we täze türkmen baý aýaly barada (SUPER-TM-PROZA)

Bazarçy türkmen daýzasy

Öten agşam duralgada durun welin, ýanlary giden goşly üçden, dörtden daýzalar bazardan çykyp, duralga gelýärler. Ýüzleri tamdyra tutulan ýaly dym-gyzyl. Hat-da dym-gyzyldanam geçip, bir hili garagoňras öwüsýär. Megerem bazaryň mydama öwsüp duran sowuk ýeli olaryň ýüzüni şeýle reňk bilen reňkländir?! Şonda-da keýpleri erbet däl. Iş bitiren, är işini bitiren sypatda, biri-birleri bilen gaty ses bilen gürleşýärler. Ynha öýlerine bararlar, ýyljak peçiň başyna geçerler. Daşlarynda-da agtyklarydyr. Olara çigit, süýji-köke, almajyk bererler. Ulularam haçan pully gapjygyny açarka, getiren pullaryny sanamaga oturarka diýip, beýleräkde çugutdyryp oturandyrlar. Äri narkoman bolsa-ha öňünden çykandyr, goşuny öýe gelýänçä göterşendir. Ýolda-da özüniň bigaýratlygyny ýaşyrmak üçin, oňa-muňa, goňşy-golama sögüner, hem içinden: “Maňa şu heleýi Hudaý beräýipdir” diýer. Aýaly görgüliňem eliniň tersi bilen äriniň agzynyň üstüne keseläp urasy gelýändir-de, il-günden, ýaşaýşynyň mundanam erbet bolmagyndan çekinip barýandyr.

Ogluna gargan ene (SUPER-TM-PROZA)

Ogluna gargan ene

Bu hakykat bolmasady... Ähli kişi, tutuş millet ýalan-ýalan diýip gygyrsady...

Onuň ady Enedi. Näme üçin Allah oňa beýle ady beripdir bilemok. Adamsy ýogalyp bir ogul bir gyz bilen ýalňyz galjakdygy üçinmi? Ýa-da dünýede iň ajy ykbalyň ýene enäniň paýyna düşýäni üçinmi? Ýa-da ýöne dünýä inmezinden sähelçe gün öň ýanynda ýogalan enesiniň ady dakylany üçinmi? Bilmedim. Bilmeýänime-de şükür, bilsedim - ýüregim götermezdi, aklyma sygmazdy...

Onuň ady Enedi. Ýeke gyzyny çykaransoň,oguljygyny on sekiz ýaşap-ýaşamanka öýeren enedi. Niçe ýyl ýalňyzlyga döz gelip, indem üç sany agtyjagyň arlygyny ýuwan enedi.

Goňşymyň ogly şeýle bir gowy-y-y, şeýle bir gowy-y-y... (SUPER-TM-PROZA)

Goňşymyň ogly şeýle bir gowy-y-y, şeýle bir gowy-y-y...
ýa-da goňşusyna aşyk bolan gyz barada

Goňşymyzyň bir gowy ogly bar. Arassa, agzyndan ýekeje-de gybat söz eşitmersiň. Ýöräninde-de ýere seredip ýöreýär. Ejesine-de “siz” diýýärmiş. Bir ýerin-ä gutardy. Şo diýip ölüp barýanda. Okuwly. Özem ýeke ogul. Jaýlaram gowy. Düzgünlerem gül ýaly. Ejesem erbet däl. Özi ýaly ýuwaş, “meni urany hudaý ursun”. Kakasam bir institutda mugallym. Özlerem gyz gözleýämişler. Şol oglana görünjek bolup her zat edip çykdym. Şonda-da maňa barmysyňam diýenok. Ýekeje gezek özüme seretdirip bildim, onda-da jigime gaharyma “Gömül, ýerçeken” diýip, bir şapbat uramda jigim uly-ili bilen aglady. Ol oglanam maňa seretdi.

Gadymy Ürgenç

Köneürgenç: Gadymy Horezm döwleti hakynda käbir maglumatlar Eýrandaky dag gaýalaryndaky ýazgylarda, Zaratuştra dininiň esasy kitaby bolan Awestada, pählewi edebiýatynda, grek--latyn, weHytaý ýazuw çeşmelerinde duş gelýär. Emma diňe bu maglumatlar Horezmiň şöhratly ozalky keşbini dikeltmek üçin asla ýeterlik däldir. Orta Aziýa, Ýakyn we Orta Gündogaryň Gadymky halklarynyň döreden döwletleriniň ykbalynda uly rol oýnan Horezmiň wakalara baý taryhynyň ençeme sahypalary nämälim bolany üçin, baryp 1937-nji ýylda SSSR Ylymlar akadeiýasynyň «Horezm arheologik ekspedissiýasy» döredilipdi.

Jemgiýetimizi Nämeler Ýykar ?

Dillerniň ujundan köp ýalan sözläp,

Kalbynda sen kimin bolasy geler.”

Akyş Saparyň bir albomunda goşgy hökümde “…Dillerniň ujundan köp ýalan sözläp, / Kalbynda sen kimin bolasy geler,” diýen setirler geçýär. Edebiýatdan mahrum bolanym üçin, bu setirleriň kime degişlidigini bilemok. Emma muny Pyragy diýenem bolsa, günümüzdäki bir şahyr hem diýen bolsa, nähili dogry sözdügini aýdyp oturmagyň zeruryýeti ýok.

Munyň iki ýyl öň bir wakadan soň göz ýetirdim. Bu wakadan öňem 1-2 ýagdaýa şaýat bolupdym. We bu wakalar gynansak-da aramyzda dar gursakly, dar düşünjeli adamlaryň sany-çägi ýokduguna subutnamadyr.

Mollanepes - Ner gezgin

NER GEZGIN
Köňlüm, saňa nesihat, gezseň serbeser gezgin,
Tany dosty-duşmanyň, öýňe bahabar gezgin,
Ganym bilen garjaşsaň, daýym muşty-per gezgin,
Gezseň dünýä ýüzünde, dowam täze-ter gezgin,
Kyrk ýyl maýa gezinçäň, bütin bir ýyl ner gezgin.

Iki adam uruşsa, öter ýaly ýol berme,
Birisine gep berip, ol birine al berme,
Owwal adamdan gaçma, gaçsaň asla el berme,
“Jan aga, özüň bil” diýp, her näkese ýalbarma,
Kyrk ýyl maýa gezinçäň, bütin bir ýyl ner gezgin.

Nepes, hiç bir kem durma deňi-duş-u, dost-ýardan,
Pul tapmasaň göterme näkes bilen süýthordan,

Syndicate content