Okalyn!

  • warning: Creating default object from empty value in /home/atamurad/tmolympiad.org/modules/taxonomy/taxonomy.module on line 1388.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

«ENE ÝAZYLAN HAT» we «OGULA ÝÜZLENME» (Y. Amangeldi)

Ylýas Amangeldiden iki sany ýazgy. «Enä ýazylan hatda» oglunyň merhum ejesine hyýaly ýazan haty we «Ogula ýüzlenmede» bolsa merhum enäniň ogluna ýüzlenmesini okap bilersiňiz. soňuna çenli okamagy maslahat berýärin.
minnetdar.

ENÄ ÝAZYLAN HAT

Jygyldykda giden märekä siňip giden kakama garaşyp, töweregimi synlap otyryn. Güýmeneýin diýip alan çigidim gutaryp barýardy. Guýguç edilip, çigit dolanan kagyza seretsem, onda bir goşgy bar eken. Göwünli-göwünsiz okan boldum. Emma okadygymça, sen göz öňüme gelip barýaň. Ol goşgyny maňa okasyn diýip, edil sen iberen ýaly. Ýogsa şeýle goşgy çigidiň daşyna dolanaýmalymy, gel-gel olam meniň satyn alan çigidime? Onsaňam seniň ýaly eje, meniň ýalam ogul kändir ahyryn, bu dünýede. Kimiň ejesi senden artyk, men kimiň oglundan pes. Men ony beýdip özüme çekip, sen iberensiň diýip göwnüme getiräýmelimi? Seň goşgy okap oturanyňam görmändim ahyryn, men. Ýa sen maňa başgaça ýüzlenip bilmän şeýtdiňmi?

Voleybol

Salam Hormatly Agzalar!

Bu forumda sport barada "futbol" blogy bardy, voleybol bolsa yok.

Tm-da futboldan kan voleybola uns berilyarmika diyyan, ozum obaly bolamson, oba mekdeplerinde hemishe voleybol oynadylyanyny bilyan, yaryshlaram sheyle.

Futbolyn welin "f" syna-da dushunemzokdyk. Shaher mekdeplerinde yagday belki bashgaca bolup biler.

1-Hazir TM-nyn voleybol ligasy barmy?
2-Bar bolsa, haysy toparlar bar?
3-In guycli toparlar haysy?
4-Dashary yurtlar bn Milli topar hokmunde oyunlar barmy?

we sh.m. soraglara jogap berip biljek barmy ya ceshme salgy berjek?!

Sag bolun!

HEM TÜRKMEN HEM TÜRK

HEM TÜRKMEN HEM TÜRK

Şejeräm Oguzdan, tijim sap Türkmen,
Demir donly Görogly ýigidim kyrk meñ,
Nyşanym bellidir, algyr bürgüt men,
Bir kökden gelýändir hem Türk, hem Türkmen.

Azadynyñ wagyzlaryna berk men,
Pyragynyñ akyl gämisine gark men,
Goýupdyr adymy atam Gorkut meñ,
Bir kökden gelýändir hem Türk, hem Türkmen.

Şükür bagşyñ şabramlaryny diñläp berk,
Ýunus Emräñ şygyrlaryny edip görk,
Orhona, Diwana, Bilige şärik,
Bir kökden gelýändir hem Türkmen, hem Türk.

Çanakgala, Gökdepe bir uly taryh,
Şol ykbal, şol taryh, ýok hiç-hili parh,

GARAMURT (hekaýa)

GARAMURT

Öňi gözenekli kiçijik penjireden eýlesi-beýlesi üç, üç ýarym metr töweregi dar otaga daň ýagtysam göwünsiz girýän ýalydy. Törde, ortarada ellinji ýyllaryň ysy gelip duran, galyň tagtadan ýasalan mähnet stol, onuň bilen asla sazlaşmaýan ýeňiljek, ejizje oturgyç jaýyň esasy bölegini tutup durdy. Üstüniň matasy süzülip giden köne diwanda ýatan Garamurt diwardan asylan suratlardan gözüni aýyryp bilmän ýatyrdy. Alagaraňkyda birihili başga bir dünýeden seredýän ýaly görünýän Lenin bilen Dzeržinskiý hem Garamurta diňkelerini dikipdiler. Kagyzynyň saralyp, ýüzüni tozan basyp gidenligi bu saratdakylara hasam adatdan daşary jadylaýjy sypat berýärdi. Lenin ýasama gülümsiräp, gözlerini köpbilmiş süzgekletse, Dzeržinskiniň gözi çakgyň çüýi ýaly içiňden giçip barýardy. Olar gürläberselerem geň däldi. Olaryň ikisiniňem gözlerini sowman, başga seredere zat gapyşan ýaly özüne dikanlap durmalary Garamurtyň bogunlaryny sanaýardy. Esli salymdan ukudan oýanýan ýaly özüne gelip ugran Garamurt ýüreginde dörän gorkyny kowjak bolýan ýaly daşyndan: “Al-aýt diri ýal-aýt” diýdi. Suratdakylar diýdiňmem dimedi. Muňa Garamurt hasam gorkdy...

Öwgi, şöhrat hem biz (H. Amangeldi)

Öwgi, şöhrat hem biz

Hydyr Amangeldi

„Ýene-de öwgümi? Öwgüden ýadadyk“ diýme, dost. Hiç kimi öwmek maksadym ýok, diňe öwgi hakynda oýlanasym, onuň manysyna düşünesim geldi-de...

Hawa, menem owal «Öwgüdir-dä onuň nämesine düşünjek?» diýip pikir edýärdim. Ýöne soňky wagtlar öwgi, şöhrat, şöhratparazlyk meni köp pikire batyrýar, eýgilige bolsun-da hernä. Biziň hemmämiz (bolmanda meniň tanaýanlarym) öwgüni halamyzok, şöhratparazlygy ýigrenýäris. Dostum, şeýle gerek? Emma... bizde bir gylyk bar: - biriniň ýazan zadyny okamazdan öňürrti ony ýazanyň kimdigine seredýäris. Şeýdäýmeseň boljagam däl, dünýe-de ýazyjy-şahyr kän, kitab-a ondanam köp. Öňüňden çykany okap bolanok. Ýitiren wagtyňam jähennem, kä wagt şeýle bir «eserleri» okaýaň welin, dost, ýazyjy, şahyr diýlen millete garaýşyň üýtgäberýä. Gowy eser okanyňda-da ýazan adama hormatyň bilen birlikde, umuman ýazyjylygyň, şahyrlygyň mertebesi göz öňüňde ýokary galýandyr-a. Ana, şoň ters ýüzi bolup geçýär. Onsoň isleseň-islemeseň ýazanyň kimdigine seretmeli bolýar. Tanalýan biriniň ýazan zady bolsa derrew, işdämen okap başlaýaň. Ýazyjy meşhur bolsa, eserine düşünse-düşünmese öwýänlere-de duşulýar. Bolmanda «halamadym» diýmän, «düşünmedim» diýýäň. Mysal üçin, biz „Pablo Pikasso ýa-da Salwador Dali ýaramaz suratkeş“ diýip bilmeris. Ýogsa, dost, olaryň eserleriniň näçerägine düşünýärkäk? Bularyň hemmesini etdirýänem ilki öwgi, öwginiň yzy bilenem gelýän şöhrat dälmi? Ýöne Pikasso şöhratyň hasabyna meşhur däl, elbetde. Diňe onuň şöhraty özüne düşünmeýänlerem baş egdirýär. Onda öwgi, şöhrat gowy zatmy? Göwnüme, kimdir biri: „Erbet zat bolsa oňa ýetjek bolup derde-azara galynyp, hatda kä kişi bihaýalykdanam çekinmän ýörmezdi“ diýýär. Bu elmydama meni akylly-başly oýlanyp, meseläň düýp maňzyna ýetmäge goýmaýan gaharym. Gel, gyzmalygy bir gyra goýaly, dost.

Orta asyrlardaky Musulmanlaryn matematikasyna su wagt gen galyarlar

15-nji asyrda Yslam arhitikturasynda ulanylan geometriki shekillerin chylshyrymlylygyna Gunbatarlylar 500 yil sonra dusunyarler we gen galyarlar.

Shol shekilleri 1970-lerde dusundirip bilen adam Roger Penrose.

Garwarddan Peter Lu Telpeg Goyyar we yazyar: "Bu diysen-diymesen Ajayip! Olar sheyle bir chylshyrymly matematika ayna tutyan shekiller yasapdyrlar yagni biz sonky 20-30 yila cenli dushunip bilman geldik."

Cesme: Reuters-den makala.

Yene bir gezek shu yerinin kadalary barada

Hormatly agzalar!
Men shu yerde tazeden yatladasym gelyar, mumkin boldugycha medeniyet chyzyklarynyn ichinde galyp, garshydashyn shahsyna belli bir dereje hormaty yatdan chykarmalyn!
Her kim gany gyzanda yazyandyr, turkmen bir gany gyzma halk. Emma shonda-da sheytmejek bolalyn.
Her kim oz diyenlilik etse, "menki dogry" edip ara-chak gormese barde onushmazlyk bolar.
Onem bilyadik, adam kop bolsa, harakter kop bolya. Harakter kop bolsa, onushyan we onushmayan harakter kop bolya. Bu zatlar belli zatlar. Yone hany bir ozumuzi elimizde tutalynla.
"Gan gerek dal" meselani chozmeya, ozumiz chozjek bolmaly. Adamyn shahsyna bir zat aytmak bilen gazanyan zadymyz yokmyka diyyan.

Uly kynchylyklar onde ya-da krizis golaylashyar

Onunden sozlujek goyayin.
Antropogen tasir - adamyn hereketlerinin, ishlerinin netijesi bolup chykan tasir.
Oil peak - nebit chykarylyshynyn in yokary nokadyp bolup, shondan son dushush bashlanyar.
Greenhouse effect=Global warming=Parnikoviy effekt=Yer yuzunin gyzmagy - Howadaky karbon dioksit(komurun dioksidinin) konsentrasiasy netijesinde yer yuzunin her yilda ortacha temperaturasynyn galmagy.
Kyoto protokoly - osen dowletlerin, bashda Yaponiya, yalnyshmasam, hodurlan shertnamasy. Shu shertnama gol cheken yurtlar oz ichinde howa zynylyan CO2 mukdaryny golastynda saklamaly we belli bir derejeden az etmeli.

Atanyn agtygyna beren edep-terbiyesi barada erteki

Bir bar eken, bir yoke ken. Gadym wagtlarda garryja bir ata bar eken. Onun birem akyllyja agtygy bar eken. Onun agtygy wagtyn gelmegi bilen ulalyp, mekdebe gatnap başlan eken. Günlerde bir gün agtygy öylerine gelip atasyna:
-Ata, ay, ata! Men bugünlerde köp dostumyn göwnüne degyan, muna-da gynanyp başladym, name etsem bolarka!? – diyip soranmyş. Şonda ona atasy:

Turkmenistan Wiki

Salam,

Turkmence Wikipedia komek edin diyjek dal yenede :-)

Wikipedia bilshiniz yali, her kim yazip bilyani ucin gaty bay we osen. Kop maglumat elde etsen bolyar.
Turkmencanin hem sheyle osmegini islardim welin yeterlik adam yok ya ishli ya yalta.

Gelin shu yerde TM barada maglumat jemlalin. Arassaja yazmak gerek dal, strukura bolmek hem gerek dal, kellanize name gelse yazin, men jemlayin hemmesini. Bilyanlerimizi paylashmak we maglumat merkezi doretmek ucin.

Men kellame gelenini yenede yazaryn. Yalnysh zat yazilsada duzeldin.

Bashlajak.

TIKA Turkiya Dowledine degishli gurama, TM-de ofisleri bar we kabir uly taslamalaryn ustunde ishleyarler / goldaw beryarler TM-ya.

Syndicate content