Okalyn!

  • warning: Creating default object from empty value in /home/atamurad/tmolympiad.org/modules/taxonomy/taxonomy.module on line 1388.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Ateýist we aýy

Bir gün ateýistiň biri tebigatyň gözelligini synlamak üçin tokaýa aýlanmaga gidipdir. Ýaradyjynyň ýaradan gözelliklerine seredip:
-Tebigat nähili gözel ýaradypdyr bu baglary, otlary we reňkleri - diýeni hem şol eken weli bir ýerden arlap elhenç bir aýy peýda bolupdyr. Ýaňky ateýist aýyny görüp aýagaldygyna gaçyp başlapdyr. Aýy bolsa kowalap ateýisti tutup aşagyna alyp penjesini ýokaryk galdyryp urjak bolup durka janhowluna şeýle dileg edipdir:
-Allahym özüň kömek et!

Şaýatlyk haky

“Şaýat men” diýmeklik yeňil düşermi?
Tassyklap bolaýsa şaýatlyk hakyň.
Şaýatlygyny tassykladyp bilene,
Döşüne at alan bir medal dakyň.

Syrtarmak bu döwür şaýat hakydyr,
El çarpmak bu döwür şaýat hakydyr,
Kelläň yrap ýörseň adyň bakydyr.
Kelläň duran güni “düýbünden ýykyň”.

Gözüňi oýnatsaň, gypsaň kaýarym,
Zyňylan süňkleri gapsan kaýarym,
Haky iýmeleri ýapsaň kaýarym,
Şaýat diýip käwagt bererler hakyň.

Diňe ýeke zatda bardyr şaýatlyk,
Olam edileni bile gömmeklik,
Haramy göreňde sessiz dymmaklyk,

Ýowuz günleň güllesinden halas bolan güller

Gerçek yigit aňda galar eden her bir işi bile,
Diňe aň däl töwerekde duýup bolar yhlasyny.
Bu watanyň gök asmany, yraň atýan maýsalary,
Beýan eder ýüreginde beýik arzuw beslänini.

Watan,nesil, ar namysy öňde goýup ähli zatdan,
Duşmanyna ýowuz darap,aman bermän hilesine.
Gar ýagýarka garym gazyp bagryn berip sowuk ýere,
Geljek üçin çydandyr ol gara gyşyn çillesine.

Faşist ýygnyn derbi dagyn edip barýar Atilla deý,
Özlerini Gunlar diýip hasap edýän Nemesleri.
Çyn Gunlaryň kimdigini görkezendir türkmen ýigdi,

Çekil, lira!

Çekil, lira!
Men öz aydymym aytdym.
Meñzäp ol hasratyñ alamatyna
Yuwashja yañlanyp, gark bolup gitdi
Alyslara - gözyetimiñ gatyna.
Çekil, lira!
Aytjak aydymmy aytdym!
Öñ klyon astynda oturup käte
(Bagtyyardym, yashdym
hem juda sada
Bolupdyryn). Hiñlenmegi söyerdim.
Indi gurbatym yok, yok oña çäre.
Bokurdagma tegek bolup gözyashym,
Bashym salyp, baryan dymyp mazara
Çekil, lira!
Aytjak aydymmy aytdym...

(MARTEN IDEN romanyndan. Terjime Atajan Tagan)

Halkyň Halasgäri-Poyemasy! Baha bermeňizi haýyş edýärin!

Halkyň Halasgäri
Ot içinde urunýardy watanym,
Suwy zordan ogurtlaýan hassa dek.
Köçelerden ýygnanypdyr adamlar,
Ümsümlikdi öýler hemme ýasda dek.

Käbir guramalar kakýar heşelle,
Käbiri hem uzatýardy elini.
Türkmenistan nädip galkynar aýdyň,
Diýip gam basýardy türkmen ilini.

Watan gar dek erän ýaly gün-günden,
Basym gün nuruna bugarar bir dem.
Türkmen nalasyny hem buýsanjyny,
Zandynda kebşirläp ýugurar merdem.

Diýip köpi gören berýar teselli,
Ýöne çyny gören düşýär howsala.
Bütin ýurtda adam gara ýok ýaly,

Bişri Hafy Hezretleri we uýalary.

Bişri Hafynyň uýalary-da onuň özi ýaly takwa durmuşda ýaşaýardy. Hatda üç uýasynyň-da takwalykda Bişrden pes däldigini aýtmak mümkindir. Taryha giren käbir wakalar muny tassyklaýar.
Mudga, Muhha we Zübde atly uýalaryndan Mudganyň özünden öň dünýäden ötmegi sebäpli gynanan Bişr şeýle diýipdir:

"OMRUME PENT"

OMRUME PENT
Şahyr! Şahyrlygyň çyn bolýan bolsa,

Sönüp, ýanyp, ýene sönüp, ýanyp git.

Ynsanlyk ýazgydyň çuň bolýan bolsa,

Gara ýere çümüp,

çykyp,

çümüp git.

Hem akyl ber, hem iliňden akyl al.

Kitapdan däl, gara ýerden nakyl al.

Alan zadyň demiň bilen ýakyp al,

Soň ýene-de ýeriň süýdün emip git.

Dag ýoluna, çöl ýoluna belet bol,

Dag ýlounda—çat açmaýan polat bol.

Çöl ýolunda—tirkeş-tirkeş bulut bol.

Teşne görseň, dodagyna damyp git.

Ýol agyrdyr:müň ýanylar öçüler.

2-nji bap: Mertlik. Kesearkaç romany. Ýazyjy Mämmet Seýidow.

MERTLIK

Bu wakanyň başlanan wagty türkmenleriň arzuw edip ýören luw ýylynyň bahar aýlarydy. Tebigat däli-porhandy. Meýdanlary görmäge göz gerekdi. Gataňňurlaryň, çopantelpekleriň jyrk-sary gülleri, gögerçiniň gursagyna çalymdaş jümjümeler, ýere keteni ýazylan ýaly gülälekler alys meýdanlary tutup ýatyrdy. Dik asmana galan torgaý ganatlaryny gybyrdadyp: “Heýjan elek, heýjan elek, bahar geldi, bahar geldi, hezillik, hezillik, hezillik...” diýip, yzyny üzmän jibirdeýärdi.

1-nji bap: Sarman ata. Kesearkaç romany. Mämmet Seýidow.

MÄMMET SEÝIDOW

KESEARKAÇ

Görnükli şahyrymyz, zehinli ýazyjy Mämmet Seýidow bu romanynda Köpetdagyň eteginde ýaşan türkmenleriň Russiýa meýletin (mejbury) birikmezinden öňki ýagdaýlaryny, gelmişeklere garşy alyp baran söweşlerini suratlandyrýar.

SARMAN ATA

Muny maňa Sarman ata gürrüň beripdi. Ol ýaşy ýetmişden geçen, tegelek ýüzli, süňklek adamdy. Onuň başynda könelip haýy giden gaba telpegi, egninde köneje mele mytgaldan penjegi bolardy. Bilini bolsa ýüp bilen guşardy.

Hekaya

Adamlaryn birisi oran merhemetlimis. Adamlara gaty hormat goyarmys. Her kimin hak-hukugyna dykgat edermis. Bir zat bolmeli bolanda her kime dusen payy den berermis. Amanada hyyanat etmezmis. Her kim amanat zady bolsa, saklamaga ona ynanarmys. Her kim bolmeli zady bolsa hem ona eltip berermis. Edyan yagsylyklary ucin hem hic kimden hic zat almazmys.

Syndicate content