Filosofiýa

  • warning: Creating default object from empty value in /home/atamurad/tmolympiad.org/modules/taxonomy/taxonomy.module on line 1388.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Watansöýlerlik alnan, has dogrusy alynmadyk sözlerdemi?

Soňky döwür aý üçin, käbiri gün üçin ýazgardylar täze kararlary. Nämemiş, biz türkmen adyny dakyp bilýärkäk, başga atlary dakýarmyşys.
Diliň tämizligi gaty wajyp zat, muň bilen jedel etmek gerek däl! Eger biri bilgeşleýin, meýletin başga dilde gürleşse, ýa öz erkinde bolsa-da başga dili garsa, şony problema görmese eýýäm bu belki azda-kände watançylyk duýgusy barada informasiýa berer.

Aýalyň bilen suwjaryşmak

Türkmenlerde öz aýalyň bilen suwjaryşmagy gowy hasaplanoklar. Başga ýurtlarda bolsa, şol norma, şony etmeýänleriň aragatnaşygy, "söýgüsi" güýçsiz hasaplanýar. Şoň üçinem olaryň dili we durmuşy suwjyk sözlerden doly: "dear", "honey", "dorogoý", "lýubimyý", "rodnoý" we ş.m.

Nostalgiýa...

Şu wagt ýadap geldim, azajyk uklapdyryn.
Turdym... daşarda howa gaty gowy, mylaýym. Öýde oturşyma içimi it ýyrtýa...

Söýmek we söýülmek barada

Bilesiňiz gelse Gadyr agadan soraýyň, şol ýaman köp bilýäne meňzeýä :D

"Ýok" diýmegi öwrenmek

Men bir wagt garyndaşymyzdan bir haýyş edipdim. Olam bir hili gaty gödek jogap berdi, "özüň et" manysynda. Ýöne men muňa dogry düşünjek boldum we "bolýa" diýdim. Emma ol durmady we birden samsyk gürrüňler etmäge başlady, tankytlap. Özem belki ýalan töhmetdi, "sen eýle, sen beýle" manysynda. Ýagdaýyň erbet tarapy men onuň myhmanydym. Gijäňem bir wagty...

Mynasypmy ýa ýok?!

Käwagt pikir edýän... esasanam bagtym çüwende :), men mynasypmy şoňa ýa ýok?!
Bütin durmuş bolmagy az mümkinçilikli(% tarapdan) zatlar bolup duran ýaly göwnüme bolmasa. Ýa "her kim duşan, gazanan we alan zadyna mynasyp" diýilýän pikir dogrymyka?!
Bir tarapdan pikir etseň, adalatly ýalam, sebäbi menden "az mynasyplaram" bar ýaly şol gazanan/alan zadyma. Ýöne beýleki tarapdan... menden has işeňňir, has "gowy", has edepli, has Alla ýakyn, has mylaýym we az gödek, has gaýratly, has we ş. m.ler bar.

Çap ediljek kitapjyk üçin ýazgylary seceliň!

Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!

Kitapjyk barada has ginishleyin maglumaty shu yerden okap bilersiniz!

Men in wajyp shertlerini shu yere yazyp, sholar boyunca sahypadaky yazgylary shu yerde teklip etmeginizi hayish etmekci! Berlen linkde bolsa kitapjygyn ayratynlyklary barada tekliplerinizi yazyp bilersiniz!

Ynha, hazire denic yazylan in mohum shertler:

Sahypalardaky ähli ýazgylardan bölümler döretmeli diýen karara gelipdik, ynha, şeýle:

1- Kitapjyk 40 sahypadan ybarat bolup biler;

Däp-dessurlar barada ýene bir gezek

Edil şu wagt inetden Lajja diýen hindi kinony tapyp gördüm... we täzeden pikir etdim.
Men türkmençiligiň adyna, belki öz ýaşaýşymyzy halaýanlygym üçin, Türkmenistany küýseýänim üçin, belkem başga sebäpler üçin goradym.

Öz biderek tarapyňy bilmek

Öz biderek tarapyňy bilmegi gowy zat hasaplaýan. Özüňiň ejiz tarapyňy bilmeseň, diýmek özüňi ideal adam hasaplaýan bolmaly we ulumsy bolmaly. Belki her wagt üçin dogry däldir, ýöne umuman şoňa barýar.
Ýöne öz ejiz ýa biderek ýa ters tarapyňy bilibem, düzedip bilmezlik näme?! Meni şu ýykýa. Men öz 3-4 sany ýaman erbet taraplarymy bilýän, ýöne üýtgemek başardanok. Ýa daglara çykyp meditasiýa we ýoga etsemmikäm?!..

Göwniýetmezçilikmi?

Ine youtube'de günde-günaşa täze klipler goýulýa. Şolaryň gowy däldigini aýtsaň, käbirlerine ýakanok. Derrew seni türkmenligiňden utanýanlaryň hataryna goşaýjak bolýalar. Ýa göwniýetmez hasaplaýalar...

Syndicate content