Filosofiýa

  • warning: Creating default object from empty value in /home/atamurad/tmolympiad.org/modules/taxonomy/taxonomy.module on line 1388.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Şu goşgy baradaky pikirleriňiz (türkmençilik/musulmanlyk)

Ine şu gün Annageldiniň(şu ýerdäki annashka) bir aýdymyny diňläp otyrdym. Goşgy kimiňki bilemok, ýöne Magtymgulyňka gaty meňzeýä. Ýazaýyn diýdim aýry temada, pikirleriňizi hem alaly şu temada.

Agalar ýalançy bäş gün dünýede,
Aýalyň erkegne uranyny gördüm,
Gelinler gygyrýar ärleň üstüne,
Ärleriň müzzerip duranyny gördüm

Indi sylamaýar ini agany,
Agalar hem sylamaýar inini,
Ak süýt beren bir mähriban enäni,
Zalym ogluň ýenjip duranyny gördüm

Jepasy kän bu ýalançy pelegiň,
Gadry gaçdy hormat bilen sylagyň,

kitap burçy(kitaphana)

hormatly agzalar men şu yerde kitaplar burçuny doretmek barada pikir etyarin. bu kitaphanamyzda hemme kişi okan kitaplary hakynda gürrüng berse. hany, kayarym bolyara okan kitabymyzy paylaşmak isleya we ol kitaby başgada okana adam bolsa onung bilen pikirlerimizi paylaşmak isleyaris. hemme agzalardan hayyshtym geling şu sahypany aktiw şekilde ulayp öz kitaplar ummanymyzy beylekiler bilen paylaşalyng!

"Birä okana bar, birem dokana"

Orslar "powtoreniýe - mat' uçeniýa" diýýäler, ýagny terjime edilende "gaýtalamak - öwrenmegiň enesidir" bolýar. Şu sözüň dogrulygyna her kim özüçe ynanýandyr, her birimiziň durmuş tejribämizde şol sözleriň dogrylygy ençeme gezek subut edilendir. Hakykatdanam, käbir zatlary ikinji gezek okasaň, ikinji gezek diňleseň, ikinji gezek görseň, birinji gezek üns bermän geçen zatlaryňy hem görýäň! Siňe seretseň, köp zat başgaça görünýär.

'Name üçin' men diyyanler üçin (Durmuşdan Dersler)

Bu gezek gorkman yokaryk dyrmanmagy yüregine düwüp gelipdi. Ahli güyjüni toplap dagyn çür depesine tarap dyrmanmaga başlady. Ynamly adimler bilen gayanyn yarym yoluna geldi we dynç alar yaly oyukda durup dynç almaga başlady. Birdenem elindaki yüpü we galyn yüp gelip onun gözüne degdi we gözündaki lensi aşak gaçdy. Ne yokaryk ne-de aşak gitmage mümkinçiligi bardy. Lensssiz gözleri bulançak göryardi. Name etjegini bilman oturan yerinden Alla yalbarmaga başlady.

Döwük küyzanin name peydasy bar? (Durmuşdan Dersler)

Bir dayhan hergün daşardan öyüne egninde 2 küyzesi bn suw daşayar eken. küyzelerin biri döwük beylekisi bolsa abat ekeni. Adam küyzelerin hersini bir egnine alyp suwy öyüne getiryanca döwük küyzanin yarysy yolda akyp gutaryamyş. Her öye gelende 1,5 küyze suw bilen gelyarmiş dayhan.

Düýn gijeki bolan waka ýa-da türkmen maşgalasynyň gurluşy

Düýn agşam dostlar hytaý restorana çagyrdy. Bardym we... naharyny halamadym. Halamajygymy öňem bilýädimle, ýöne göwünleri üçin gitdim. Men türk we türkmen naharlaryny halaýan.

Türk dili olimpiýadasyndan altyn sözler

Türkiýe mejlis başlygy Bülent Arynç gaty gowy sözleri aýtdy, şeýle haladym.
Ol ýetilen derejäniň, edilen işleriň "syýasat bilen, politika bilen, ýarag bilen, pul bilen, söweş bilen ýetilip bolmajakdygyny, diňe açyk gujak, açyk ýürek bilen ýetilip boljagyny" aýtdy. Gaty dogry, biz hem bärde syýasat barada aýtdyk, pul-para barada aýtdyk.

Ustunlik..

USTUNLIK HEMRAN BOLSUN!!

Turkmen dilinde seyle diyilyar. Bu sozde birneme gaysarmak manysy barmyka diyyan. Beylekilerden ustun bolmak manysy bar. Yagny beylekiler senden pes bolsun, ay juda beyle bolmasa-da birgensi duryar oz-a..

SANA BASARJANLYK DILEYARIN!

Ana indi boldy men pikirimce..:))

TAÝYN BOL!

ÖZ HUDAÝYŇ BILEN DUŞUŞMAGA TAÝYN BOL!

Siziň bu okaýan ýüzlenmäňiz Injildäki tekste esaslanandyr. Hudaý: “Şonuň üçin Men seniň bilen şeýle edýärin, Ysraýyl; seniň bilen näme edýändigimi görä-de, öz Hudaýyň bilen duşuşmaga taýyn bol, Ysraýyl” (Amo 4:12). Bu aýat, Hudaýyň öňündäki ebedi ýörelgäni habar berýär. “Öz Hudaýyň bilen duşuşmaga taýyn bol” - bu, islendik nesile edilýän çakylyk we duýduryşdyr.

Halyf we Ebu Hanife

Men şu wakany eşidenime ep-esli wagt boldy, şonuň üçin käbir ýerlerde has takyk maglumat tapyp bilersiňiz, eger käbir ýerleri ters gürrüň bersem, bagyşlaň, Hudaýjanam bagyşlasyn.
Ebu Hanife hanafileriň mezhebini döreden adam, başga ady Imam-i-Azam, ýagny beýik Ymam. Yslamyň taryhynyň iň uly alymlarynyň biridir.
Özleri Emewi(Omeýýat) döwründe ýaşap geçen, ýagny tabiin we tebe-tabiinler döwründe. Ýagny Yslamyň, musulmanlygyň belent bolan döwründe.
699 ýylda doglan, ýagny göz öňüne getiriň Asr-i-Saadet'den azajyk soň.

Syndicate content