Filosofiýa

  • warning: Creating default object from empty value in /home/atamurad/tmolympiad.org/modules/taxonomy/taxonomy.module on line 1388.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Hachan siz bagtlydygynyzy duyyarsynyz?

Salam hormatly agzalar!
Shu gun dang bilen aynalary achyshdyryp, Kopetdagdan gaydyan ajayip howadan dem alanymda, yakymly yelin shuglasyny duyanymda, mawy asmanyng pakligini we arassalygyny duyanymda, ozuming nahili bagtlydygymy duydum! Yanymda agzybir mashgalam, saglyk-amanlyk, bereketli sachak, parahatlyk... Bu zatlaryng ahlisine men eye! Gor nahili bagt!

::medeniyetler gapma garşylyklary barada ::

Salam mahriban agzalar.. ! Saglyk amanlykmy?

Gowy=nice=dobryý bolmak barada täze oýlanmalar

Amerika gelenim bäri käbir taraplarym üýtgeýän ýaly ýa-da üýtgejek bolýan ýaly. Amerikada her kim her kime gülüp bakýa ýa näzik ýüzlenýä, ýa-da umuman şeýle. Bu gerekmi ýa ýok? Meselem, Orsýetde ýagdaý düýpgöter başga, ýa men şeýle ýadyma salýan. Onsoň iki tarapdanam seredip, Amerikanlaryň dünýägaraýşyny has haladym.

NeoTürkmenler, ýagny "Täze türkmenler" barada

Adamlar şu ýurdyňdanam daşda bolsaň, bir hili üýtgeýşine kän gowy seretmek kyn bolýar ekeni. Wagt erbet ýatlamalary ýok etdirýä, nostalgiýa galýa. Türkler "hey gidi günler" diýýä dälmi nostalgiýa üçin?

Onsoň menem 8 ýyl töweregi bäri Türkmenistanda däl, azmy ýa känmi siz karar beriň. Elbetde, biziň ýurdumyzam gün saýyn üýtgeýär. Men edil şu temada adamlaryň, häsiýetleriň, gymmatlyklaryň (values=cennosti) üýtgemeginiň üstünde durasym gelýär.

Absolýutlar, ideallar we din

Ýaňky eden gürrüňimiziň dowamy. Adamlar krutoý boljak bolupmy, bilemok çilim çekip krutoý boluşlary ýaly, ýa aýratyn pikirli bolup krutoý boluşly ýaly, ýa endikmi, käwagt absolýut gürrüňleri edýäler. "Absolute truth", ýagny absolýut hakykat diýlen mesele hol grek filosoflaryndan tut, häzirki zaman adamlaryň we alymlaryň aklyny tutupdyr. Oňa seredýäňem ideal däl, muňa seredýäňem... onsoň käbiri absolýut ýok diýýä dünýäde.

Iň köp soralýan soraglar???

Howa, köpümiziň bilşi ýaly nirä girseň, barsaň, ýa niräni gözleseň; şol ýeri gowy öwrenmek maksady bilen 'FAQ(Frequently Asked Questions)' ýagny 'KSS(Köp Soralýan Soraglar)' diýip ýazgy çykýar. Bizem öwrenýäs...
Menem :"Size Iň Köp Soralýan Soraglar?" diýip sorasam köpüraga oýa batarsyňyz 'Çyndanam maňa iň köp soralýan sorag nämekä???' diýip...

Irden turup ylgamak barada

Herhili ylgap gördümow - irden, agşam, ýeke özüm, iki bolup etc.

Hemişe bir bahana bilen taşlanýar. Bir problema çykýar, "wagt tapylanok", saglykda, işde kynçylyklar bolýar.

Ýekeje çözümi şu pelsepe boldy - "Ylgamaga başlamak, ýa-da taşlamak diýilýän zat ýok. Diňe durmyş bar. Irden turyp hezil edip ylgamak bar, ýa-da hezil edip ýatmak bar"

Şu pikir bilen ylgasaň bar problema çözülýär. Ylgasym gelende ylgaýan, ýatasym gelende ýatýan. Stresem ýok, başlamagam ýok, "kim näme diýerkä" diýen pikirlerem ýok. Keýpine ylgaýan...

Ýaz Galamym

Her degişin sesini hasrat dokaýan nagyşçyñ eşidýän, ýürekleri dokaýan bir galamym bolsa... Hem bu galam, ýüregimiñ umytsyz ýakaryşlaryny, dertlerimi, gaýgy-gussalarymy beýan etse.. ony Beýik Dawwanyñ emrine bersem we şeýle seslensem: Ýaz Galamym; güller bilen dikenleriñ asyrlary gurşap alan söweşini ýaz. Tewhid bilen şirk arasyndaky turan sowuk tupanlary, Many ärleriniñ, diñe jismi görýän ýeke gözlüler bilen urşuny ýaz. Barlyk bilen ýoklugyñ söweşini serp setirlere . . .

Ýiten zada sadaka bolsun diýmek barada

Düýn kakam 1-2 kile süzmesini ogyrladypdyrmy, ýitiripdirmi bilemok. Aý gynanma sadakaň bolarda diýsem, "beýle bolanok, öňünden niýet etmseň, soň sadaka diýip bolmaz" diýýä...

Menem bilemok indi şu meseläni. Aý "ýagşy pikir" edip, ýitendir, bir bendede alyp iýendir... Sadakam bolsun diýseň ýalňyşmyka şol.

Kömek!

Gadagan edilen Tolstoý

Tolstoý hakykaty gözläp geçen adam bolupdyr. Şonuň üçin hem onyň käbir gymmatly ýazgylary hem tsar Nikolaý II döwründe hem Sowýetlerde gadagan edilipdir.

Meselem:

  1. Sosializme garşy
  2. Rewolusiýa garşy
  3. Nikolaýyň ölüm jezasyna garşy
  4. Patriotizme garşy

Syndicate content