Edebiýat

  • warning: Creating default object from empty value in /home/atamurad/tmolympiad.org/modules/taxonomy/taxonomy.module on line 1388.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Şaýatlyk haky

“Şaýat men” diýmeklik yeňil düşermi?
Tassyklap bolaýsa şaýatlyk hakyň.
Şaýatlygyny tassykladyp bilene,
Döşüne at alan bir medal dakyň.

Syrtarmak bu döwür şaýat hakydyr,
El çarpmak bu döwür şaýat hakydyr,
Kelläň yrap ýörseň adyň bakydyr.
Kelläň duran güni “düýbünden ýykyň”.

Gözüňi oýnatsaň, gypsaň kaýarym,
Zyňylan süňkleri gapsan kaýarym,
Haky iýmeleri ýapsaň kaýarym,
Şaýat diýip käwagt bererler hakyň.

Diňe ýeke zatda bardyr şaýatlyk,
Olam edileni bile gömmeklik,
Haramy göreňde sessiz dymmaklyk,

Ýowuz günleň güllesinden halas bolan güller

Gerçek yigit aňda galar eden her bir işi bile,
Diňe aň däl töwerekde duýup bolar yhlasyny.
Bu watanyň gök asmany, yraň atýan maýsalary,
Beýan eder ýüreginde beýik arzuw beslänini.

Watan,nesil, ar namysy öňde goýup ähli zatdan,
Duşmanyna ýowuz darap,aman bermän hilesine.
Gar ýagýarka garym gazyp bagryn berip sowuk ýere,
Geljek üçin çydandyr ol gara gyşyn çillesine.

Faşist ýygnyn derbi dagyn edip barýar Atilla deý,
Özlerini Gunlar diýip hasap edýän Nemesleri.
Çyn Gunlaryň kimdigini görkezendir türkmen ýigdi,

Çekil, lira!

Çekil, lira!
Men öz aydymym aytdym.
Meñzäp ol hasratyñ alamatyna
Yuwashja yañlanyp, gark bolup gitdi
Alyslara - gözyetimiñ gatyna.
Çekil, lira!
Aytjak aydymmy aytdym!
Öñ klyon astynda oturup käte
(Bagtyyardym, yashdym
hem juda sada
Bolupdyryn). Hiñlenmegi söyerdim.
Indi gurbatym yok, yok oña çäre.
Bokurdagma tegek bolup gözyashym,
Bashym salyp, baryan dymyp mazara
Çekil, lira!
Aytjak aydymmy aytdym...

(MARTEN IDEN romanyndan. Terjime Atajan Tagan)

Halkyň Halasgäri-Poyemasy! Baha bermeňizi haýyş edýärin!

Halkyň Halasgäri
Ot içinde urunýardy watanym,
Suwy zordan ogurtlaýan hassa dek.
Köçelerden ýygnanypdyr adamlar,
Ümsümlikdi öýler hemme ýasda dek.

Käbir guramalar kakýar heşelle,
Käbiri hem uzatýardy elini.
Türkmenistan nädip galkynar aýdyň,
Diýip gam basýardy türkmen ilini.

Watan gar dek erän ýaly gün-günden,
Basym gün nuruna bugarar bir dem.
Türkmen nalasyny hem buýsanjyny,
Zandynda kebşirläp ýugurar merdem.

Diýip köpi gören berýar teselli,
Ýöne çyny gören düşýär howsala.
Bütin ýurtda adam gara ýok ýaly,

"OMRUME PENT"

OMRUME PENT
Şahyr! Şahyrlygyň çyn bolýan bolsa,

Sönüp, ýanyp, ýene sönüp, ýanyp git.

Ynsanlyk ýazgydyň çuň bolýan bolsa,

Gara ýere çümüp,

çykyp,

çümüp git.

Hem akyl ber, hem iliňden akyl al.

Kitapdan däl, gara ýerden nakyl al.

Alan zadyň demiň bilen ýakyp al,

Soň ýene-de ýeriň süýdün emip git.

Dag ýoluna, çöl ýoluna belet bol,

Dag ýlounda—çat açmaýan polat bol.

Çöl ýolunda—tirkeş-tirkeş bulut bol.

Teşne görseň, dodagyna damyp git.

Ýol agyrdyr:müň ýanylar öçüler.

bir gyzykly teklip

Hormatly agzalar, 2 sany teklibim bar:
1. Bizde turkmen dilinde edebiyatlarymyz oran az, yazyjylarymyzy, sahyrlarymyzy tanamayarys, olar yatdan cykyp baryar, ne kitap halynda cap edilyar, ne de elektron wariantlary ishlenilyar. Emma beyleki yurtlar welin elektron kitaphanalary az wagtyn icinde ishlap duzyarler. Belki bizin icimizdende professional dilci oglan-gyzlarymyz munun ustunde ishlarler, eger komek etmeli bolsa su saytyn agzalary bolup bu ishin dasyna uyshelin.

2-nji bap: Mertlik. Kesearkaç romany. Ýazyjy Mämmet Seýidow.

MERTLIK

Bu wakanyň başlanan wagty türkmenleriň arzuw edip ýören luw ýylynyň bahar aýlarydy. Tebigat däli-porhandy. Meýdanlary görmäge göz gerekdi. Gataňňurlaryň, çopantelpekleriň jyrk-sary gülleri, gögerçiniň gursagyna çalymdaş jümjümeler, ýere keteni ýazylan ýaly gülälekler alys meýdanlary tutup ýatyrdy. Dik asmana galan torgaý ganatlaryny gybyrdadyp: “Heýjan elek, heýjan elek, bahar geldi, bahar geldi, hezillik, hezillik, hezillik...” diýip, yzyny üzmän jibirdeýärdi.

1-nji bap: Sarman ata. Kesearkaç romany. Mämmet Seýidow.

MÄMMET SEÝIDOW

KESEARKAÇ

Görnükli şahyrymyz, zehinli ýazyjy Mämmet Seýidow bu romanynda Köpetdagyň eteginde ýaşan türkmenleriň Russiýa meýletin (mejbury) birikmezinden öňki ýagdaýlaryny, gelmişeklere garşy alyp baran söweşlerini suratlandyrýar.

SARMAN ATA

Muny maňa Sarman ata gürrüň beripdi. Ol ýaşy ýetmişden geçen, tegelek ýüzli, süňklek adamdy. Onuň başynda könelip haýy giden gaba telpegi, egninde köneje mele mytgaldan penjegi bolardy. Bilini bolsa ýüp bilen guşardy.

Bir Näçe Setirjikler

İÇİ SÖYGİSİZ GOŞGY
JANSYZ JESET BOLSADA
İÇİ ARZUWSYZ GOŞGY
HABAR BERSİN ÖLÜMDEN
SÖHBET AÇMAK İSLAMOK
SÖYGİDEN HEM ARZUWDAN
GÖWSÜM DOLY İMANDAN
İÇİ DOLY ARZUWDAN
İÇİ DOLY SÖÝGİDEN
BEYİK ALLA ÝETERLİK
HEMMESİNİŇ YERİNE
HEM ARZUWYM HOWESİM
HUZURYNA GİTMEKLİK
BELKİ HEMME SÖYGİMEM
ŞODYR MENİN KALBYMDA
HEMME ZATDA GÖRÜNÝÄN
OŇ NURYNYŇ YŞGYNA

ONun ELİNİN YZY
BAHARDA DA GÖRÜNYAR
ONUN GÜLÜNİN YSY
İMANYNY BEYGELDYAR
İMANYN BEYGELDİKCE
ONA SÖYGÜN KÖPELİP:

"SEN MEN ÜCİN YARADAN
EMİR ET, EDİL WAGTYNDA

Türkçe pikir edip Türkmençe ýazyp...

Tm olimpiýadyň mowzuklary bilen gyzklandym, okadym. Türkçe pikir edip Türkmençe ýazyp Iňlisçänem ara goşýanlar bu ýerdede (http://tmolympiad.org) kän ekeni. Elbetde düşnükli, şol dillerde okuw alyp, şol ýurtlarda ýaşanlygy üçin täsirlenersiň. Ýöne muny edýänler, käbiri bilip, käbirleri üns bermän edýärler.
Muny okaýan adama ullakan bir zat ýitirip baranok. Ýöne şol dilleri bilmeýän adamlar okap ýada gürleşenlerinde kabir esasy sözleriň manysyna düşünmän, haýsy dildedigini hem bilmän özüni oňaýsyz duýýar.

Syndicate content