Siz haysy welayatdan?

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
Ashgabat
16% (24 votes)
Ahal
12% (18 votes)
Balkan
9% (14 votes)
Daşoguz
12% (18 votes)
Lebap
15% (23 votes)
Mary
37% (56 votes)
Jemi 153 ses berildi

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Fri Mar 2, 5:03 PM Total

Fri Mar 2, 5:03 PM
Total votes: 29
p-value: 0.007

hany akylly bolun bolmasa ......

3 kisi gan gerek dal diyyar. Gayrat edip yazilana uns berman, jogap hem yazman!

mana balonda namey dost yazjak my dogry zat yazjak dalmi hic yazma bormy asgabat bir welayatyn icinde saher ok dine ssaher diyip bolar

urmasan bolyar...

In asaky komende GAN GEREK DAL goydum welin hic zat cykmady :(
Yene bir gezek GAN GEREK DAL!!!
saglygynyz!

mena maru sahu jahandan.oyun

mena maru sahu jahandan.oyun edyanlay marydan.

Ashgabat bilen Ahal birlesip

Ashgabat bilen Ahal birlesip Maryny gecaymese tuweleme Maryny gecer yaly dal:)

Mary eyyam nace wagt bari

Mary eyyam nace wagt bari shol bir yerde dur, 18. Beylekiler kopelyar.
Yenede azajyk garashyp goreli, bu Mary bolmalysyndan kop diymek dal.
p-value shu wagt 0.013

p.s. Copan dilinde dusundirip yazjak sonra
p.s.2. taze Gan-gerek-dal ishleyar.

HMMM

men maru şahu jahandan welin asyl pasyl we nesil yaly sözleri yzlasan hemmesem aşgabat welayatyna yada ahal welayatyna baryar:)

Hemmaniz Maru shahu

Hemmaniz Maru shahu jahan'dan diyyaniz velin, siz shol shehir'de yashayanizmi ?? Shu vagtky Maryda kone Merv'den nacherak "nyshan" galdyka ?? Shu vagtky mary tekelerinin kopusi Ahalyn Ashgabada golay yerlerinden giden dalmi name ?? Diymek olar duybinden "Mervli" dalda, sebabi olar "gelmishek" bolyalar ve "men merv'li" diymeli dalmikaler diyyan !! Kone Merv, shu vagtky Mary shaher'inin yerleshen yerinde yerleshenmi name ???

mende köne merv'den (bayramali)

geçmişde merv dünya tarihine nahili yz goyan bolsa,gelejekde de ylymda,bilimde tehnologiya we söwda da dünya tarihine yz goyacakdyr!

maru şahu asly mekanym
köp döwran sürdüm sening üstünde...

Menem Maryly welin, gan

Menem Maryly welin, gan gerek dal oglanlar :D

Köne Merw, şu wagtky Bayramaly şaherinin çaklerinde, Mary şaheri degişli dal. Yöne soralyan zat "siz haysy welayatdan?". Jogap Mary bolsa Marydyr we Mary diyilende ilki bilen akla MERW gelyar, tak çto bazar gerek dal :D
(Aslynda Tejenem önler Mara degişlidi welin, son Ahala goşdular :D)

Tekelere gelsek, olar Ahaldan gaytmadylar, Mary-Ahal ikisinde hem yaşapdyrlar. Gökdepe urşunda gaçyp gaytdy diyjek bolsanyz (gan gerek dal diyersiniz, bilyan :D), yalan. Uruşda Gökdepelilerin baştutan bolmak isleyişleri we Marylylarynam olara "uymak" islemeyşi Marylylaryn şol söweşden "gaçyp gaytmagyna" sebap boldy.. Koroçe Marylylar şol uruşda "başlyk" bolmak islediler, Ahallylar kabul etmediler, bizinkilerem gaytdy.. Başga-da sebapler bolup biler, menin bilyanima dine şul.

P.S. Seyitnazar Seydi naçinji yillarda yaşap geçdi, bilyan barmy?

Asyl temany men acdym velin

Asyl temany men acdym velin erbet zat diymek islemedim:)
Marylylar tuweleme tm'nin hereketini has caltlasdyryarlar,

Bir ylmy adam diyar: Yewreyler bolmadyk bolsady dunyadaki adamlar, kop zatdan habarlary bolmazdy diyar, yewreylere doz geljek bolup ozlerini yetisdiryarler diyyar. Olaram adamlara berilen bir nygmat diyar:)

Marlylaram turkmenlere berilen bir nygmat how:)
Biz bu yerli siz o yerli diymek uly bir yalnyslyk, taryhymyz gorkezdi ony!!!

Bize gerek zat dine biri birimize hormat goymaly, Marylylaram dunyade geljekdede yz goyarys diyip ozlerini basga bir millet basga bir dowletdir oytmesinler, hemmamiz turkmen, bir masgaladaky caglaram den bolanok!

JOGAPKARCHILIK

anketany gorup shu mesele yene bashlarmyka diydim, (gynansagam) diyshim yalam boldy...

name uchin shu tire-taypa, welayat-etrap-oba-yenegor meselesinin gereksizdigini hemme kishi bilse-de yene shu mesele hemme yerde manlayymyzdan chykyp dur?!

mydama sho bir zat...
biri yok yerden bir bahana tapyp-tapman tireparazlyk/welayatparazlyk edip bashlaya onson beylekilenem (shu yerdaki yaly)sho damary gabaryp bashlaya...
Al sana gyrlyshara ULY BAHANA
hamala halkyn bashga derdi gapyshan yaly...

gowy goryan bolsan tiranem, taypanam, welayatynam, beyleki zatlarynam gowy goruber yone her zadyn bir usuly bar, cheni bar....

hazirki yaGdayda shu meselani chozmek uchin ilkinji yol sho meselani duybunden gozgamazlyk!

yersiz yere gozgamag-a beylede dursun, yagdayy bolsa, yeterlik sebap doran yagdayynda-da GOZGAMAZLYK...

sebabi halk(biz) bu meselani maslahatlashara/chozere TAYAR DAL

Azajyk garashalyn, halkda oz yurduna, milletine, tuguna... bolan soygi hasam guyjar nesip bolsa
shonda tireparazlyk oz-ozunden ayrylar, bolayanda-da zyyansyz bolup galar
shona chenli dishimizi gysalyn!

Tagan sen tamamen yalnysh

Tagan sen tamamen yalnysh yazdyng:D Adamlaryng gep gurrunine kan ynanmaly dal,taryhy faktlar yatyr ortada.

Maryly tekeler songyndan geldi Mara.Men muny 100½ güwa geçip bilyan. Name taryh yadynyzdan chykdymay? Bashkentde he Batyr mollym bar tuweleme:)

Maryly Tekeler Saragt urşyndan (Hywang Mademin hany bilen)song,Saragtdan Mara göçyaler.

Song otayda da Eyranlylar bilen garpyşyalar we olaryng işini göryaler,Ahaldan hem 10mung töwerek kömek gelyar, Nurberdi han bilen bile. Ana şol wagt türkmenlering agzybir bolan wagtlary, Eyrany Hywany yengen wagtlary.

Orslary hem yense yenerdiler,yöne arman Nurberdi han bilen Gowşut hany içalylar zaherleyaler. Gowşut hanyn köwşüne zaher guyyalar,ayagynda uly gangren bolyar öytyan. Şonda aytyar ayagymy kesing diyip. Yöne kesenoklar, hanyng ayagyny kesmane hiç kim het edip bilenok.

Gökdepe Söweşinde

Gökdepe Söweşinde marylylar çyndanam gaytyalar.Gökdepede 5 müng maryly şehit bolyar. Yöne ol adamlar biderek ölyaler. Gije gylyçly ataka edyaler yeke. Şondan song Marydan baran adamlar indi gaydayaly diyip gaytyalar. Sonyndan birgiden spekulaciya edildi, barsam boş, türkmenin agzyny alartmak üçin edilen zatlar.

Yene bir zat aydasym geldi.

Yene bir zat aydasym geldi. Merw şaheri 2500 yil bari yaşayar. Isle tekeler gelsin,isle saryklar şotayda belli bir yerli adamlar yaşapdyrlar,söwda etyan, we şmn etyan. Şonyng üçin hem Maryda allawçy,sokyjy, adamlar bar. Bu uly,taryhy şaherlerin manlayinda bar.Yssambyl, Tahran, Samarkand wşm. Ibn Haldunyn (Yslamyng ilkinji sosyology öytyan)kitabyny okak görün.

PS: Menem Marymy gowy göryan,adymdan görnişi yaly:)

Mary tekelerı mara 1950den

Mary tekelerı mara 1950den son gelyaler .Yone ahal tekelerınden gopyp gaydandyklary bellı.Mara gelmankaler jazırkı sargtyn we tejen deryasynyn boyunda yasayalar .
Mademın hany yenmekleının esasynda bolsa Mademın hanyn esasy nokerlerı bolan demırgazykdakı turkmenler yagny yomutlaryn Gowsut hana gosulmaklary .
maryda bolsa Saryklar oturan .

Asyl biziň tireler haçan

Asyl biziň tireler haçan peýda boldularka?! Meň bilşime görä, tireler barada ilkinji taryhy maglumat Abulgazynyň "Şejerei Teräkime" atly eserinde bar, olam 17-nji asyryň önümi. Ondan öň zat ýazylmandyr öýdýän...
---------------------------------------------------------
Magtymguly, sözle her ne bileniň,
Özüňe kemlik bil aýtman öleniň,
Taraşlap, şaglatgyl köňle geleniň,
Senden soňkulara ýadygär bolar!

T-shirtler we bashgalar

Eger oz welayatyngyz yada TM bilen baglanshykly eshik(futbolka,kepka,hoodies)aljak bolsangyz shu linkden gorup yada alyp bilersingiz:
amazon.com
Dunyang hemme yerine iyberip bilyarler.

Ay gymmat ekeni Blkanjan

Ay gymmat ekeni Blkanjan :)
---------------------------------------------------------
Magtymguly, sözle her ne bileniň,
Özüňe kemlik bil aýtman öleniň,
Taraşlap, şaglatgyl köňle geleniň,
Senden soňkulara ýadygär bolar!

Tagan

Seyitnazar Seydi, Magtymgulynyn yegeni Zelilinin dosty bolany uchin 18nji asyryn ikinji yarimindan 19njy asyryn bashlary aralygy oydyan(takmynan).

Türkmen Sejeresi.

Gyzyklanýanlar üçin türkmen sejeresi.
Eýranly türkmenler tarapyndan taýýarlanan.
http://rapidshare.com/files/19543807/Turkmen_Secere.rar

paid the cost to be da bo$$

Telpekler (1 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 2 telpek goyyar we yazyar: "Na dereje dogry bilmedim, yone gaty gyzykly zat!"

Maryly şeyle kanmay:)Mena

Maryly şeyle kanmay:)Mena Maryly diyseng şol Gökbazar(zelunni:)) yadyma dushyar. Şotaydaky adamlaryng dashary yurtda gezip yörmegini geng göryan.

PS: Men Nuryshkang oglyny tapdym,gökde gözlanimi yerde tapdym. Kakasynyng arhieini görjekdim. Meng yashayan yerimde işleyamiş,entek yüzünü görmedim,düyn yanyna bardym tapyp bilmedim.

:)

Ashgabatlam az dal-a, Lebap, Dashoguz, Balkan azyrak gorunyar oydyan, ay, gynanmasynlar, "san koplugi dal-de, hil beyikligi" boyunca teselli onat bolar :)

UK-daky TM talyplaryn %80 toweregi MR, %15 ASB, galan %5 toweregi beylekiler oydyan :)

US-da nahili biljek dal :)

Özüm tekeleriň haçan

Özüm tekeleriň haçan Mara geleninden habarsyz, ýöne olaryň Ahaldan gelenlerini birinji gezek eşidýän... Haçan Ahaldan Mara gaydypdyrlar?!
---------------------------------------------------------
Magtymguly, sözle her ne bileniň,
Özüňe kemlik bil aýtman öleniň,
Taraşlap, şaglatgyl köňle geleniň,
Senden soňkulara ýadygär bolar!

Natdinay Jemal menem sol

Natdinay Jemal menem sol yerden !! sen haysy etrabyndan bolarsyn??Garabekewul meninki ynanjygyma begenc yok!!!

Orslary ýeňmezdik biz

Orslary ýeňmezdik biz hijem, olaryň diňe goşun sany biziň ilat sanymyzdan köpdä...
---------------------------------------------------------
Magtymguly, sözle her ne bileniň,
Özüňe kemlik bil aýtman öleniň,
Taraşlap, şaglatgyl köňle geleniň,
Senden soňkulara ýadygär bolar!

menem goshuldym:P

menem goshuldym:P

wiki

Seyitnazar Sydi barada wikide bolmalydy ol, jyklap goyberin, men yaltanaydym :)

Mara gezelençde bolanymyzda

Mara gezelençde bolanymyzda şol Gökbazary görüpdim. Önünde atly heykel bar dalmi şol bazaryn?

Menem yilini ve nacherak

Menem yilini ve nacherak adamyn ol yere gochup baranyny bilemok, yone Gokdepe tarapdan gidenlerini bilyan, Kaka'da-da 1 obajyga yerleshipdirler shol yolagchylaryn 1 bolegi ...
Yone kone Merv'in shu vagtky Marynyn yerinde bolandygy bir bellimi ?? mende kan info yok ol yerler hakynda...

Türkmening sany az bolyp

Türkmening sany az bolyp biler. Yöne Saragt urshynda da Eyran(gajar) urshynda da sany azdy türkmening. Türkmenler urshamny onaryar. Eger hemmesi bir bolan bolsady. Yeke maryly we ahal tekeleri Eyranyng hotdesinden gelipdir. Eger teke yomut göklen yazyr alili arsary saryk salyr bile nolan bolsady.Orslara garşy yeke Ahal tekeleri we azajyk maryly tekeler urshypdyr. Mary şol wagtlaram ilat sany boyuncha beylekilering iki essesi eken.(Türkmen taryhy diyen kitapdan aldym fakty), we eyran urshyndan olja alynan toplar tüpenler bar eken Maryda,Gowşut han galasynda.
Magtymguly

Türkmenler baglasa bir yere bili
Gurydar gulzumy deryayi Nili.
Teke yomut gokleng yazyr alili
Arsary hem saryk hem salyr ili
Bir dowlede gulluk etsek barymyz.

Hawa.Şol bazar gaty

Hawa.Şol bazar gaty meşhur. Ol Marynyng simwoly. Nache asyrlykdygyny bilemok yöne taryhy. Song ona gümmez goydylar,gök gümmez,1995nji yilda. Köp taryhçylar aytyar, şol bazar barada. Otayda 1900den hem öngki jaylar bar,orslaryun guran jayi.

Men bilýänjämi

Men bilýänjämi aýdaýyn.
Mary döwründe uly şäher bolan, Merweziniň temasyna sereday. Beyle uly şäher häzirki Mary şäheriniňem bir bölegini içine alandygyna ynanýan. Ýöne "köne Merw" diýilýän ýeri Baýramalynyň töwereginde bar, Soltan Sanjar mawzoleýi zady öz içine alýar.
Ikinji soragyňa gelsek welin, Maryly tekeleriň Ahaldan göçüp gaýdanyny eşitmedim. Maryly tekeler 18-nji asyrda eýýäm Maryda ekenler. A 18-nji asyrdan öň bolsa... teke diýen zadam ýok ekeni! Ýagny bardyr welin, tire-taypa aýrylyşyk, taryhy maglumatlara görä diňe 17 asyrda başlaýar. Onsoň ondan soň haçan tekeler Ahaldan Mara gaýtdylarka?!
---------------------------------------------------------
Magtymguly, sözle her ne bileniň,
Özüňe kemlik bil aýtman öleniň,
Taraşlap, şaglatgyl köňle geleniň,
Senden soňkulara ýadygär bolar!

Orslar köp adam

Orslar köp adam ýitirerdiler, ýöne faktlara dogry seretmeli. Ol döwürler eýýäm Ozbekler ýeňilen, orslar çar tarapdan demir ýol gurup söweş tehnikasyny daşaýalar. Orslaryň goşunynda eýýäm köp döwletden uruşçy bar. Mümkin bizi basyp almakdan boýun gaçyryp goý bolun ederdiler, emma olar şol döwür dünýäniň iň güýçli Imperiýalarynyň hatarynda ekeni, türkleri, Osmanlylary hem birnäçe gezek ýeňýälerä...
Garaz, biz Owganystan ýaly ýaşamyzok häzir, şoňa-da şükür!
---------------------------------------------------------
Magtymguly, sözle her ne bileniň,
Özüňe kemlik bil aýtman öleniň,
Taraşlap, şaglatgyl köňle geleniň,
Senden soňkulara ýadygär bolar!

Quote: Mary döwründe uly

Quote:

Mary döwründe uly şäher bolan,

Mary dowrunde "dunyade in uly" shaher bolan.

Hawa belki yenilmezligimizem

Hawa belki yenilmezligimizem mumkin. Gökdepe bashlamaka bizing yashoklarymyz aytyar - Biz Hywan Buharang gorkak nökerleri yaly dal. diyyaler.

slm

slm ata bu maglumatlary name gora beryan elinde delil barmy ya salayan my?

Dashoguza

PM hem jogapladym oydyan, yone haysy yazanym barada soranyna, cynym, dushunip bilmedim!

shu waka name bolday PS

shu waka name bolday PS ahkynda sorayan?

asgabat diyip welayat

asgabat diyip welayat yokmyka diyyardim kim cykaran hem bolsa

Merwezi 2 gun on iberipdim

Merwezi 2 gun on iberipdir men yani gordum.
Ashgabady bolsa menin ozum goshdum.

barbossa,
Turkmencilikde tire/taypa/oba bilen niredendigini tanayarlar.
Politiki/dolandyrmak sebapler ucin bolsa boleklere bolyarler, Ahal, Mary diyip.

Bilmeyan bolsan shulari oka
http://en.wikipedia.org/wiki/Provinces_of_Turkmenistan
http://en.wikipedia.org/wiki/Turkmenistan
Turkmenistan is divided into 5 provinces or welayatlar (singular - welayat) and one independent city.

Ashagbady goshmasan poll-in manysy galanok.

Ashgabat welayat dal, yone

Ashgabat welayat dal, yone welayat statusy bar. hic welayata degishli dal

Yenede statistika. Sonky 5

Yenede statistika.

Sonky 5 poll-in netijelerine gora, ortalama gunde 17 ses alyarys. Shu poll 1 hepde acik dursa 119 sese garashyaryn.
TM-de Population distribution ashakdaky yali.

Population

%

expected votes

Aşgabat

604000

12.1

14

Aşgabat

722800

14.48

17

Balkanabat 

424700

8.51

10

Daşoguz

1059800

21.23

25

Turkmenabat

1034700

20.72

25

Mary

1146800

22.97

27

Jemi

4992800

100

119

Gorelin, den gelyarmika?!

1adam 2ses

yone bir adam 2 gezek ses berip bilya
login etmakan, birem login edenson ses berip bolya
sho yagdaylan hayasam bolsa dine birinde(meselem loginden son) ses berip bolar yaly edilse maglumatlar has takyk bolar

indi berip bilenok, dine

indi berip bilenok, dine memberler ses berip bilyarlar.

Statistikadan bashy

Statistikadan bashy cykyanlara.

Ses bermeler uytgan wagty p-value hem uytgeyar. Shu wagt 0.06.
Level of significance (a) bolsa ozun saylamali.

Hacanda p a-dan kici bolan wagty,
men sheyle diyip bilyan
"99% garantiya beryan, tmolympiada den gatnashykda girilenok"
Egerde p-value a-dan uly bolsa onda hic zat diyip bolanok,
yagni garashylshy yali netije alyndy diymek bolyar.
Shu wagt hem sheyle...

99% nireden cikyar? a-ni 0.01 edip saylanimiz ucin. Egerde size 99.99% garantiya gerek bolsa
a-ni has kici etmeli, 0.001

p-value bolsa, bizin garashyan netijamize gora berilen seslerin bolma ahtimali.
Shu wagt 0.06 diymek, 6% bolup biler diymek, bu bolsa gaty uly, yagni mumkin.
Egerde p-value 0.005 cikan bolsa, bu yagday uytgeshik we gen bolardy sebabi 0.005 ahtimallik gaty kici.

Chi Square statisitika bolsa r x c tablisadan p-value hasaplamagyn yoli.

Ashakdaky sheeti ses berdiginizce update edip duraryn.


Tmolympiad-a Turkmenistandan den gatnashykda giryarlermi?!

Aşgabat

Ahal Province

Balkan Province

Daşoguz Province

Lebap Province

Mary Province

Jemi

observed population

604000

722800

424700

1059800

1034700

1146800

4992800

observed votes

4

3

3

1

0

3

14

sums

604004

722803

424703

1059801

1034700

1146803

4992814

expected population

604002.31

722800.97

424701.81

1059798.03

1034697.1

1146799.78

expected votes

1.69

2.03

1.19

2.97

2.9

3.22

Chi Square ( (o-e)²/e )

0.00

0.00

0.00

0.00

0.00

0.00

3.14

0.47

2.75

1.31

2.90

0.01

Ch Square Sum

10.58

Degrees of freedom

5

p-value

0.06

level of significance (α)

0.01

Shu wagtlykca hawa!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Orazdurdy 1 telpek goyyar we yazyar: "Birzatlar-a diyishdirdin.. garaz agzym achyk galdy! al sana telpek!"

update: Fri Mar 2, 1:34 AM

update: Fri Mar 2, 1:34 AM SGT
Total votes: 16
p-value: 0.17

update: Fri Mar 2, 1:43 AM

update: Fri Mar 2, 1:43 AM SGT
Total votes: 18
p-value: 0.30!!!

Nuryshka

onun oglam Istanbulda okayan ekenmi, olam kamahal toylara gelip, bileje gulduryadiler, ulalyp gidendir ol, cagady shol dowurlerde.
Etrapdash welin, begensemmikam diyip gitdim, begenmeli tarapy bolsa "guk!" diyin, begenerisem :)

Diymek Türkmengaladan?

Diymek Türkmengaladan? Nuryshkang prikoly bara: Adrssim Turkmengla etrap swetoforyng arkasy. Turkmengalada yekeje swetofor bamysh:D

:)

Men shol etrabymyzdaky yekeje swetaforyn yanyndan kop gecipdim :)

Gok bazaryn onune atly heykel hacan goyup yetishdileray, ya bashga Gok bazar barada sorayan bolayma-how, Farabi!?

Adyny bilemok. Maryda

Adyny bilemok. Maryda gupbaly bir bazar bara. Kabir yerler bilen garyşdyryan bolaymagym hem mümkin. Men 1999-njy yylyn baharynda barypdym Mara.

Nuryşkaň aýdyşy ýaly,

Nuryşkaň aýdyşy ýaly, ol heýkel "yşk mülküniň şasy" Mollanepesiňki
________________________________________________
Maru Şahu Jahan

Menem gok bazara barypdym

Menem gok bazara barypdym 2-3 gezek, anyrsy Turkiyanin mysyr charshysy yalila, yone taryhy eser dal :))) Ichinde eshik zat kop ekeni yone....

dogry, seniň gören

dogry, seniň gören ymaratyň taryhy däl, 1995-nji ýylda gurulypdy. ýöne şol ýer gaty öňden bäri bazar bolan, Ata-Köpek Mergen ýaly köp belli şahsyýetler hem şol bazaryň içindäki "Ýolbarsly" çaýhanasyna köp barýan ekeniler. "Ýolbarsly" çaýhanasy, bazaryň içinden geçip arka gapysyndan çykanyňda çepiňde(lüle kebaby we balygy lezzetlidir, Mara barsaňyz dadyp görüň :)
________________________________________________
Maru Şahu Jahan

menem baryan shol yere chay

menem baryan shol yere chay ichmaga, :):):)
**********************
ViVa MeRw FoReVeR

Menin klasdashym Nuryshkanyn

Menin klasdashym Nuryshkanyn yakyn garyndashy! Yone name uchinem bolsa hich Nuryshkadan soz achmayady, ozuniz dushunayin sebabine...
---------------------------------------------------------
Magtymguly, sözle her ne bileniň,
Özüňe kemlik bil aýtman öleniň,
Taraşlap, şaglatgyl köňle geleniň,
Senden soňkulara ýadygär bolar!

Anekdot

Bazaryň öňündäki parkyň ve atlyň ady Mollanepes.

Bir gün iki alkaş ýagdaýy gowulap Mollanepesyň heýkeline ýalbarýarlar:
- Mollanepes atyňy bersene, gaýrat et bir krug gezeýin.
beýlekisi:
- Eý borlaý kän ýalbarma, Titovda boşy dur, ýör şony mineli.

PS: Nuryşka Türkmengala göçmankä garşy köçede ýaşaýardy.
paid the cost to be da bo$$

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • aslymarly 1 telpek goyyar we yazyar: "hahahaha"

Mary Mary diyip yykdynyzay

Mary Mary diyip yykdynyzay azajyk Aşgabadam diyin-da how Dünyani Mary tutupdyr-a! (gowy manysda menem aslym Maryly:)) Men taze geldim ONATmy yagdaylarynyz! İşikleri yapyn yogsa Sowuk! :))

hosh geldin!

Hosh geldin, M.Delgado!

Aslynda, sen oran akylly biri gorunyan, hem zyoma(welayatdash), goni telpek beraymeli welin, onatja post(comment) yazmagyna garashmakcy, hany yazyp goyber, howeslendirmek ucin sana tazeje telpek bereyin :)

PS: Oyundyr-how, gele-gelmashe mana sowup oturma, yene 1 gezek , hosh geldin!

sen Beshiktashyn

sen Beshiktashyn fanatymay?

Kakyp gorun,belki biri sizi gazyp chykarar.

Beşiktaş, Çarşı :)))

Beşiktaş, Çarşı :)))

dogry

Mr. Delgado wrote:

Mary Mary diyip yykdynyzay azajyk Aşgabadam diyin-da how Dünyani Mary tutupdyr-a! (gowy manysda menem aslym Maryly:)) Men taze geldim ONATmy yagdaylarynyz! İşikleri yapyn yogsa Sowuk! :))

ASHGABAT,ASHGABAT,ASHGABAT -yorite sen uchin. Dogry aydyan, arasynda Ashgabadam yatlalyn-da.

merw dogry aytanyz arasynda

merw
dogry aytanyz arasynda ashgabadam yatlalyn
MARY MARY MARY MARY ASHGABAT MARY MARY MARY ASHGABAT
oyun etdimlay

bah

arasynda beyleki welayatlaryn adyny yatlajak hic yok-may, yone, "eje-eje" diylip dur-la :)

Gadymy Mary bazarynda

Gadymy Mary bazarynda söwdagar.

Image Hosted by ImageShack.us

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ceriumoxide 1 telpek goyyar we yazyar: "gowy surat"

hmmm

surata gaty üytgeşik ekeni welin on name satyanyny bilip bilmedimda...

salamlar

men tazeje geldim ?! habariniz bolsun ! :)

hoşgeldin

hoşgeldin dayhan :)

utan !!!

bu name milletciligi one cikaryan bir yermey oglanlar ? menem lebaply bashgasyny tanamok ! yada mary mary mary bu name how ???

Anketa garaýyş.

Anketalara objektif garasak has dogry bolar. Netijeleriň nä dereje dogrylygyny bilip bolmaz. Haýsy welaýatdan gatnaşýan az bolsa, şony köpeltjek bol (taze agzalary çagyr).
Blogyň başlarynda statistika barada edilen gürrüňler bar, edil meni gyzyklandyrýan şolar.

paid tha cost to be da Bo$$

Milletchiligi dal, Turkmen

Milletchiligi dal, Turkmen Medeniyetine ve Turkmenistana bolan soygi yali, halky boleklere bolman, olaryn duygularyny/yashayishlaryny/pikirlrini one chykaryan sayt bul.

merw ey dostlarmen o yerde

merw
ey dostlarmen o yerde mary mary diyip oyun üçin yazypdym how men milletçilik etjek bolamok.yokardaky bloga oyun uçin yazypdym

Yok dost yalnysh

Yok dost yalnysh dushunding,gaytam shol milletçiligi yok etyan yer. Aslynda sen diyjek bolanyng tireparazlykdyr? Barymyzam türkmen milletinden.

yagday

Dayhan, 1-nji bn hoshgeldin!
Barde, yokarda yazyshlary yaly, ne tireparazlyk, ne-de erbet manyda milletparazlyk bar, milletparazlyk diyip "Turkmencilik" barada aydyan bolsan welin, elbetde, her bir Turkmen oz milletini we watanyny soymeli we olary beyleki ulkedir milletlerin hormat goyjagy yagdaya getirmelidir!
Welayatlar arasy ayrymcylyk welin, barde yok, hemme welayatlardaky agzalar bizin dogan we jigilerimiz bolyar, bu babatda kop yerde okap bilersin, men ikije link berjek:
1- http://tmolympiad.org/index.php?q=node/567
2- http://tmolympiad.org/index.php?q=node/992

Birem, bu sahypada agzalar 1-den kan ses berip bilenok, 2 ya-da has kan agzalyk bu babatda netija, elbetde, tasir eder, yone beyle edilyandir oydemok, hem-de nama gerek bu yagday, bize welayatlar dal, Turkmenler we Turkmencilik mohum.

Mc_Merw-in aydyshy yaly, oz welayatynyzdan nace tanyshynyzy welin bu sahypa getirmeginizi, elbetde, hemme agzalar islar! Hatda, sheyle onat bolar, olaram bu sahypadan peydalanarlar!

Men Aşgabatdan.

Men Aşgabatdan.

merw menem Marydan

merw
menem Marydan

Her ýerde, tüweleme, merw

Her ýerde, tüweleme, merw diýip ýörşüňe, sen aýtmasaňam bilerdiklaý... :D
---------------------------------------------------------
Magtymguly, sözle her ne bileniň,
Özüňe kemlik bil aýtman öleniň,
Taraşlap, şaglatgyl köňle geleniň,
Senden soňkulara ýadygär bolar!

merw bir başka welayatly

merw
bir başka welayatly turkmen merw şaherine buysanyp yazyp bilmezmi

Edil beýlede däldä... Sen

Edil beýlede däldä...
Sen ony gol hökmünde goýupsyň, ýagny her gezeginde buýsanýaň! :D
Başga ýerli Aşgabat diýer, Seýdi diýer, Lebapbeg diýer, Köneürgenç diýer... :)
PS Garyp täzeden geldiň öýdýän :)
---------------------------------------------------------
Magtymguly, sözle her ne bileniň,
Özüňe kemlik bil aýtman öleniň,
Taraşlap, şaglatgyl köňle geleniň,
Senden soňkulara ýadygär bolar!

hm

Garyp tazeden geldin oydyan diyip nama esaslanyp yazdyn-a!?
Gelmegini hemmeler hem islar welin, bolsa-da oran kejir eken-ay, men yaly derrew oykleap, derrewem ylalashmalydyr welin. Galyberse-de ol kop zady menden onat bilse-de, oykelemek, sabyr,..., tutanyerlilik yaly ayratynlyklaryn beyle kici-girim zatlar ucin dal-de, haz wajyp mesele we yagdaylar ucin ulanmalydygyny bilebem beyle etmegine oran gen galyaryn, dogrusy!

PS: Bu dash garyba, gorsen, hokman jogaplagyn :)
Ya dostlary, tanyshlary muny gorse, shona yetirsinler, hayish!

Elbette yazyp biler!!!

Bir turkmen vatandashy Ulkamizin islendik yeri barada guwanyp yazyp bilmelimika diyip pikir edyan. Sheyle etsek bizi hich kim ansat ansat ayirip bilmese gerek. Eger tersine "sen Maryly", "Sen Balkan", "Men pylan", "ol pysmydan" diysek ayralik tohumyny oz elimiz bilen ekdigimiz bolar. Ynha shonun ucin biz birlik bolmaly. Welayatdan welayata tapawutlarymyz bolsa bizin Turkmen medeniyetimizin bayligi hasap edyarin. Shonun ucin Mary, Balkan, Dashoguz, Lebap we Ahal'a guwanalyn!!!!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! Basga soz yok, telpek sana!"

Türkmenler baglasa bir yere

Türkmenler baglasa bir yere bili
Gurydar gulzumy deryayi Nili.
Teke yomut gokleng yazyr alili
Arsary hem saryk hem salyr ili
Bir dowlede gulluk etsek barymyz

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • dr turkmen 1 telpek goyyar we yazyar: "sag bol"

ola dowleding budjedi eken

ola dowleding budjedi eken bir yere bil baglasak Nil-i hem guradyp biljek ekenik:)
**********************
ViVa MeRw FoReVeR

MARY

Mary 12-nji Asyryn in uly shaheri bolan.Orta asyrlarda Constantinople,Baghdad,Rome yaly sheherler bilen ululykda basleshyar ekeni we 12-nji asyryn in uly we kamil shaheridi(Mongolllar gelip yumurtga towalaymaly edyancha).Tekelerin Mara gochmegi hakynda aytsak bolsa,Mary tekelerinin asyl mekany Saragt towerekleri bolan.Ol dowurlerde Tekelerin 3 esasy merkezi bolan,olar Saragt,Tejen we Gokdepe.Tekeler Mara 19-njy asyrda gelyar(Gowshut Han dowri).Maryda asyl oturan Saryk turkmenleri bilen bashda parahat yashanam bolsalar sonabaka chykan dawalar sebapli sene-menejik chykyar we saryklar Murgap deryasynyn gozbashlaryna sary gochmeli bolyar.
*Gelmisheklik hakynda kan biri-biriniz bilen dawa edip oturmang,bizin hemmamiz bu topraklarda gelmishek.Ata-babalarymyzyn taryh boyuncha soweship saylan in gowy yerleri ;)

Turkmens in the age of

Turkmens in the age of imperialism atly kitap bar. Shol Turkmenlerin 19 asyrdaky bashdangeçirenlerini gurrung beryar.Okamagy maslahat beryan.

Nirede bar? Inetde tapsa

Nirede bar? Inetde tapsa bormyka?
---------------------------------------------------------
Magtymguly, sözle her ne bileniň,
Özüňe kemlik bil aýtman öleniň,
Taraşlap, şaglatgyl köňle geleniň,
Senden soňkulara ýadygär bolar!

http://e-magaza.ttk.org.tr/sw

e-magaza.ttk.org.tr/switch.php?file=ProductInfo&cat_id=82&product_id=1169 Ine shu yerden alyp bilersiniz. Gaty gymmat hem dal. Aslynda kitap uly 400-500 sahypa. Hemme jikme jikligi biln gurrung beryar. Inglis we Ors arhiwlerinden alypdyr maglumatlary.

Ol yerde Quote: Fiziksel

Ol yerde

Quote:

Fiziksel Özellikleri:
1. Hamur

276 Sayfa

diyyarlay? :D

Taryhy kitaplarda,orslar

Taryhy kitaplarda,orslar gelmezinden öngki yazgylarda Mary ulanilmayar, Merw ulanilyar. Hatda orslaryng geleninden song hem Merw ulanilipdir. Yöne song Mary ady çykypdyr.

Mary adyny näme sebäpli

Mary adyny näme sebäpli goýdylarka! Marynyň manysy näme?
Orslar gelenden soň diýýäň welin, köneden gelýän bir sözem bar, "Maryny Mar(ýylan) alar" diýip, ýa bu sözde Mary başga bir ýeri aňlatýamyka?

__________________________________________________
Maru Şahu Jahan

tuweleme bu site maryly kan

tuweleme bu site maryly kan ekena:) menem maryny beledim, yone Ashgabatda yashasamam maryny soyyan:)

______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

Telpekler (1 kisiden 5 sany)

Bu komment ucin
  • ceriumoxide 5 telpek goyyar we yazyar: ""söýgüli"-ň üçin"

Balkan ilim gözel ülkam...

Bütin jahany getirip serseler önüme üstesine beyleki welayatlaram goşsalar(gaty görmek yok!) şonda-da Balkandan dönmenem begler!

Goja Balkan topragyna, daşyna, howana, suwuna gurban men!

__________________

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

menem Balkandan. gowy goryan

menem Balkandan. gowy goryan doglan onup osen yerim bolanson. Butin jahany serseler welin (eh arzuw yone) Mekke'de yashasym gelerdi, donerdim Balkandan :)

ayy mena haysini saylajagmam

ayy mena haysini saylajagmam bilemok... birini saylasam beylekisi gaty gorjek... :)
____________________________
Hakydañda bolsun Hakyñ barlygy.
Ady dilde bolsun, hyýaly serde,
Biribardan gaýry sende hem mende,
Pena boljak yokdur ulaşsañ derde.

2 sany owadan gyzyn, 2 odun

2 sany owadan gyzyn, 2 odun arasynda galan yaly bolyansyn gorsen :) "Onyna onsy govy, munynam munsy, indi haysysyny saylasamkam Hudayjan ?!" diyip durmyn ? :)