Täzeden başlamak

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Agzalarymyz bilen gyzykly gürrüňler edýärdik. Hemme zat gül ýalydy welin irden tursam sahypanyň işini gaýtarypdyrlar. Bize hüjüm edipdirler, diýmek bu ýerdäkileri halamaýanlar bar.
Kimiň hüjüm edenligini biljek däl şu wagt. Beýle kän gyzyklandyranok dogrysy. Gynanýan zadym, öňki ýazgylary ýitirdik. Bu köp kişini gynandyrdy we höweslerini gaçyrdy.
Men şu ýerde öňki gynanýan agzalara seslenmek isleýän. Hawa, ýitirdik! Her kimiň keýpi gaçdy, ýöne keýpimiz ýok diýip hemme zady taşlap otursak, hüjüm edenleriň arzuwyna ýetdigi bolar. Jaýymyz ýykyldy diýip gynanyp oturmaly däl, täzesini has gowy edip gurubermeli. Gowy sapak boldy, indikimize has berk bolarys.
Onsoň hem, biz bu ýerde keýp alýanymyz üçin ýazýardyk. Gyzykly bolany üçin ýazýardyk.
Ýenede, ýazanlarymyz ýadygärlik galsa gowy bolardy, başga täze gelenler hem okar ýaly. Biz bir ullakan žurnala makala ýazamzokdyk, siziň aýtmak isleýäniňizi okamasyny isleýän kişileriňiz eýýäm okapdy, öwrenmeli zatlaryny öwrendilerem.
Gadyrly agzalar! Ýitirenlerimize gynanyp oturmalyňda täze zatlar, täze mowzuklar tapyberelin. Indikimize has berk bolarysda.
Hüjüm etdiler, ýatmalyňda alyp çykalyn!

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

muna doly care gorup

muna doly care gorup bolanokmy? ya beyle zada garashmayadynyzmy? yene sheyle yagday bolup bilermi?

gunde backup

garyp wrote:

muna doly care gorup bolanokmy? ya beyle zada garashmayadynyzmy? yene sheyle yagday bolup bilermi?

Bolmaz diyip biljek dal. Yone indi gunde backup alarys bolayandada 1-2 sagatdan edil onkisi yali bolar nesip bolsa