Men Prezident bolsam...

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Salam Agzalar!
Dasyndan seredip ony etmedi muny yalnys etdi diymek oran ansat. Pikir edip gorun duynki saylawda sizi prezident saylan bolsalar TMnin su yagdayinda siz nameler ederdiniz.
Aramyzda geljekki dovlet yolbascylary otyr. Belki peydasy deger...

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

presiden bolsamam etjek

presiden bolsamam etjek zatlarymy su yere yazmazdym:D

oyun edyanlay, bizin ucin bir azajyk ir sorag:) yasy gelenlerden sorasan belki gyzykly gurrun bolar.

Mena Prezident bolan bolsam,

Mena Prezident bolan bolsam, tazeden prezident saylawlary etdirerdim :D
(lol)

Men kiçi wagtym,yany

Men kiçi wagtym,yany sünnetledemde menden ulylar, agalam,kakam, we şmn. -Muhammet hany prezdendini gözkez diyyadiler. Kawagt prezidendt yerine pasportyny ya da Türkmenbashyny gözkez hem diyyadiler:D

wuahahhahahah, merwezi

wuahahhahahah, merwezi yykyanay :D
menem in halamayan zadym!
"myrat, aparat, maskowskiy şokolad!" diyip garyş-garyşlap..
yüzümden aşak ölçeyadiler.. beterem uly gyzlar!!! :|
yere giryardim, utanyp..

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! Guldurip yykdyngay, bizde-de sheyle edyardiler!:):)"

Merwezi garashsizlygymyzy

Merwezi garashsizlygymyzy alanymyzda sen nace yasyndadyn?:D:D:D
Turkmenbashy ady 93 berildi oydyan yas ula, Has dogrusy sen 93'de nace yasyndadyn?:D

Gen gordumlay sol yasynda kakan name ucin barlayardy:D

ha-ha-ha

Guldurip yikdyn-ey, Serdar! Dogru-da, bu yer hemishe ziyarat edilyar, how, hemmeler tarapyndan (oglan, gyz, ayratyn oglanlar we ayratyn gyzlar, ...) shol sebapli hem utancly hem dykgatly bolunsa gowy bolmazmy!?
Ay, ynha, "kemendirini gorkez!" ya-da :"pasport", ay, gyzlar bar, goyayin-la shuny, bagyshlan!

Yok how Serdar aga men

Yok how Serdar aga men görkedemok howw,nattinay. Gözkez diyip yalbaryadylar yçne men namysjang da shol wagdam,görkedemokdym:D

Men bilemok nache yashymda

Men bilemok nache yashymda sunnetledenimi.Yadyma dushenok.

her kime bir taýak

men BAŞ ÇOPAN bolsam heriňize bir çopan taýagy bilen bir süri goýun bererdim. beren goýunlarym tä adam bolýança-da garagumda gara ýanyk ederdim.

---
oýun etdim :-)

Men her bir türkmeni

Men her bir türkmeni arkayyn gayşaryp gezer yaly ederin

shu gun keypim gowy dal.

Men
Bayrami medeniyet ministiri,
Mergeni bilim minisitiri,
Harezmini CIT rektory,
ederin.

Garagum colunin adyny uytgedip (wikipedia etmegim mumkin) Galtaman we Agajanh bererin.

sonra,
Eneshi feministlerin bashlygy etmejek adam barmy shu yerde? elbetde ol hem bolar.

Maysa hem USA gidip gelyan hatlary terjimeci edaymeli ekenim.

waglatyinca shular.

wiy - CIT - Chopanlar Institute of Technologydyr

elbetde degishyanle...
:-)

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • GaraDag 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin. Berekella!"

hmmm

men president bolsam, her ishi shu yerdakilere sala salyp onson ederdim :)
Men hem oyun etdim-le :)

a-how

men hem copandym, meni hem bash copan edip alayin!

ata aga, sizi müftü

ata aga, sizi müftü ederdim :D

Hawa Ata agany mufti etmeli!

Hawa Ata agany mufti etmeli!

goý onda ata aga müfti

goý onda ata aga müfti bolsun!

Harezmi wrote: Meni sheyle

Harezmi wrote:

Meni sheyle Inst of Tech rektory wezipesine layyk gorseler , men hem Atamyrady onun kompyuter injenerligi/bilimi boluminin bashlygy wezipesine bellardim ;)

Seni rektor edip bellan Atamyrat, ol prezident. Sen bolsa ony alyp "kompyuter injenerligi/bilimi boluminin bashlygy wezipesine" belleyan...
Dushnuksiz :D

---------------------------------------------------------
Magtymguly, sözle her ne bileniň,
Özüňe kemlik bil aýtman öleniň,
Taraşlap, şagratgyl köňle geleniň,
Senden soňkulara ýadygär bolar!

Bizi hem tanyslyk bilen

Bizi hem tanyslyk bilen arzanrak inistitutynyza talyp edip alrsynyza !!!
Ay men size nache diyseniz klent taparyn yone bahasy gaty gymmat bolmasyn :-)

Meni medeniyet ministiri bir

Meni medeniyet ministiri bir etmaweri Atashjan, ondan senin, prezidentin Mercedesini suryan shoPyry bolayin! :D
Men medeniyet diyse aydym-saz, sungat yadyma dushya, men bolsa bu temada gomuk! Ay has takyk aytsak "a harpyna shermende"! :D
Men ozumche hinlenen bolyan kawagt, dash toweregimdakiler aglaberya :D

---------------------------------------------------------
Magtymguly, sözle her ne bileniň,
Özüňe kemlik bil aýtman öleniň,
Taraşlap, şagratgyl köňle geleniň,
Senden soňkulara ýadygär bolar!

onda bizde tanyshyng usti

onda bizde tanyshyng usti bilen ish ediljekda,,,,,,,,,,,,,,,gelejekde-de?

gelejegin prezidentlerinin

gelejegin prezidentlerinin pikiri gowy!

önce yurdung rahatlygyny saglamaly!

sonra senagatymyng ösmegini gelişdirmeli.yani özümüz bir zatlar öndürmeli.dünya belli öz markalarymyzy (trade mark) peyda getirmeli.toyota'nyng direktoru diyyar :''haysi ülkaning ösenligi biljek bolsanyz o ülkaning dünya belli markalary barmy ona bakyng ''diyyar. mysal üçin: yaponya-toyota,sony,honda...
onung için bizem türkmenbaşyng diydigi yali : okamaly,öwrenmeli we döretmeli!

Oyun etmani yazmaly bolsa

Oyun etmani yazmaly bolsa şeylerak. Men prezident bolsam:

0) Prezident bolan günüm "şahsyyet kulty we onun zyyanlary" hakda uzyn gürrün ederdim.
1) Aşgabady finans merkezi ederdim
2) Mary we Köneürgenje uniwersitetler we sungat merkezleri guryp şol iki yeri ylym-bilim we sungat merkezleri ederdim.
3) Gurulan uniwersitetlerde esasan daşary yurtdan getirilen professorlary işlederdim.
3,5) Dünyadaki esasy uniwersitetleri aylanyp çykardym. Zehinli okuwçylary yurtda gurulan uniwersitetlere çekmegin aladasyny ederdim.
5) Gurluşuk we infrastruktura işlerini daşary yurtly firmalara dalde öz firmalarymyza etdirjek bolardym. Öz firmalarymyzy hem halkara standartlara uygun işlar yaly etjek bolardym.
6) Türkmenistana telekommunikassiyany ösdürjek bolardym.
7) Bank sistemasyny digitallaşdyrjak bolardym. Dine bank sistemasyny dal yurdun bütün finans işlerini digitallaşdyrjak bolardym.
8) Hususy media karhanalarynyn dörederdim.
9) Adamlaryn pikirlerini arkayynçylyk bilen aydyp bilmegini gazanjak bolardym.
10) Her hepde TW çykyp halka (live) hasap bererdim. Şol wagtyn özünde halkyn telefon arkaly gepleşige baglanyp arkayyn islan soragyny sorama mümkinçiligi dörederdim.
11) Mediada hakymda "obyektiw" yazgy çap etmeyanleri sud ederdim. Muna öwmek we döwmek hem dahyl. Mysal üçin bir jurnalist öwüberse "öwgü arkaly özüne gazanç etmegi arzuw edip halkyn bahbidine zyyan beryanligi sebapli" on bilen hukuk arkaly hasaplaşardym.
12) Syyasy partiyalary döretmage mümkinçilik bererdim.

galanyny prezident bolanson aytjak :)

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Farabi Tuweleme, sena kop

Farabi
Tuweleme, sena kop ish etmekchi ekenin! BIrje sorag, bu ishler uchin puly nireden aljak? Aydan ishlerini bir yildaha edip bolmaz...
Kanuny uytgedip, gowulashdyrmak ol mohum zat, belki pul talap etmez. Emma diyeli uniwersitet gurup, dashary yurtdan professor getirtmek bay kyn bolara...
Ondan Harezmi bilen SerdarH yali oglanlary professor edaymek yenil dusher, sebabi oz watanym diyip gelerler+arzanrak pula ishlarler :)
PS Beylekilerinem kop pul isleyan proyektler :)
---------------------------------------------------------
Magtymguly, sözle her ne bileniň,
Özüňe kemlik bil aýtman öleniň,
Taraşlap, şagratgyl köňle geleniň,
Senden soňkulara ýadygär bolar!

Puly başda tebigi

Puly başda tebigi resurslardan aljak bolardym. Eger 2-nji gezek prezident saylanaysam puly tebigy resurslaryn yanynda, "hususylaşdyrmak" we "salgytdan" almagyn aladasy bilen bolardym.

Elbetde in başynda öz alymlarymyz, zehinlerimizi yurtda işletjek bolmaly. Yöne "quality" diyilyan zat üçin daşardan naçe alym getirsen şonça gowymyka diyyarin.

Menem onda ozumche

Menem onda ozumche yelmayin.
Men prezident bolsam we shol dowur Bezirgen, SerdarH yali oglanlaryn yashy yeten bolsa sholary bilim ministri, tehnologiya bolumunin mudiri yali wezipelere bellardim. Bashga Turkmenistandan ylymda saylanan bar bolsa olary rektor, ya professor ederdim.
Mundan bashga turkmen rayatlarynyn arasyndan eknomikany gowy bilyan barmy serederdim. Kan gowy bilyan yokmyka diyyan. MGUda bile okan Sergey Kondrashow diyen gurpbadashymy, kursdashymy ya ekonomika ministri ederdim, ya men yanymdaky ekonomika ugurdan maslahat beryanim ederdim. Ol oglan gaty guychli oglan, ilki himiyany gutaryp hazir ekonomikany okap yor Orsyedin in gowy WUZlarynyn birinde, ol yerde-de in gowy student.
Mundan son oz tanayan oglanlarymdan arzanrak baha professor bolmaga razy bolanlary chagyryp getirerdim: Wowa Apyari, Dima Kononovich.
Ol oglanlar parahorlyk name bilenoklar, shona garshy oglanlar, hemmesem guychli we ishennir oglanlar.
Mundan son ilki bilen ekonomikanyn reformasyny ederdik Serega bilen maslahatlashyp. "Hususylashdyrmak" ansat ish dal, Orsyetde sheyle process bolanson bir topar milliarder peyda boldy, millionlabam garyp halk. Shu zatlaryn oni alynmaly!
1. Mekdebin programmasyny tazeden goz gechirerdim. SSSR dowrunin programmasyny alyp, shona azazjyk uytgetme girizip shony kabul ederdim!
2. Gulluk barada karar alardym
3. TV we gazetleri adamlaryn okayan, halayan bir zadyna owrer yali hereketlere gecherdim. Ideyaly oglanlar bilen halky hyjuwlandyryp, kop gowy zatlary propaganda eder yali yagdaya getirerdim. Elbetde hususy kanalyn achylmagyna hem rugsat bererdim
we sh.m.

---------------------------------------------------------
Magtymguly, sözle her ne bileniň,
Özüňe kemlik bil aýtman öleniň,
Taraşlap, şagratgyl köňle geleniň,
Senden soňkulara ýadygär bolar!

Rektor

Atamyrat wrote:

Men
Bayrami medeniyet ministiri,
Mergeni bilim minisitiri,
Harezmini CIT rektory,
ederin.

wiy - CIT - Chopanlar Institute of Technologydyr

elbetde degishyanle...
:-)

Meni sheyle Inst of Tech rektory wezipesine layyk gorseler , men hem Atamyrady onun kompyuter injenerligi/bilimi boluminin bashlygy wezipesine bellardim ;)

Dogry

Bayram wrote:
Harezmi wrote:

Meni sheyle Inst of Tech rektory wezipesine layyk gorseler , men hem Atamyrady onun kompyuter injenerligi/bilimi boluminin bashlygy wezipesine bellardim ;)

Seni rektor edip bellan Atamyrat, ol prezident. Sen bolsa ony alyp "kompyuter injenerligi/bilimi boluminin bashlygy wezipesine" belleyan...
Dushnuksiz :D

---------------------------------------------------------
Magtymguly, sözle her ne bileniň,
Özüňe kemlik bil aýtman öleniň,
Taraşlap, şagratgyl köňle geleniň,
Senden soňkulara ýadygär bolar!

Dogry aydyan, ola seylerak boldy yone :D
men rektor bolsam Atamyrat hokman, kompyuter injenerligi bolumine bashlyk bolup ishlar.
Shol wagt taze Google yaly bir firma gurup, onun CEO sy bolup ishleyan bolsa hem.
Seyle gerek Atamyrat? ;)

*

duynki saylawda meni saylanam bolsalar men o wezipani kabul etmezdim. sebabi herkim oz goteribiljek yukuni gotermeli; yzynda durubiljek sozuni sozlemeli w.s.m.

hadys

1-men-a prezidentlikden boyun towlaryn bashdan, in onat sebabi talyp jigimiz yazypdyr, sag bolsun!
2- Kim gelse gelsin taze prezident hokmunde, ona tabyn bolmak bizin boynumyzyn borjy, ensalla, ol bize layiklykda prezident we biz shona layiklykda rayat bolarys, sebabi, hadysda sheyle diyilyar:

Siz nahili bolsanyz, bashynyza-da shona layiklykda biri geler!

Shol sebapli-de, kim gelse gelaysin, bize layik biridir, doly tabyn bolmak bolsa bizin hakymyz!

Sag bolun!

ata wrote:2- Kim gelse

ata wrote:

2- Kim gelse gelsin taze prezident hokmunde, ona tabyn bolmak bizin boynumyzyn borjy, ensalla, ol bize layiklykda prezident we biz shona layiklykda rayat bolarys, sebabi, hadysda sheyle diyilyar:

O döwürler indi yokmuka diyyarin. Onson hem barde aydylyan "prezident" dal "patyşa". Yagny döwledin serhedinin içindaki hemme zadyn şol sanda adamlaryn hem eyesi (hojayyny).

Döwrebap syyasatda beyle zat yok. Döwrebap syyasatda döwledin eyesi HALK. Prezident ya-da döwlet işgari halkyn goyan kanunlaryna layyklykda işleyan halkyn hyzmatkari.

Şol sebapli biz prezidente tabyn dal, prezident bize yagny halka tabyn bolmalydyr.

Telpekler (1 kisiden 5 sany)

Bu komment ucin
  • aA 5 telpek goyyar we yazyar: "biz prezidente tabyn dal, prezident bize (halka) tabyn bolmalydyr - diyeni uchin welayatlaryn adyndan 5 telpek."

hmmm

hawa, dogry yazypsyn! Men hem sheyle pikir edyan, yone yokarda yazanym bn gapma-garshy dal-a ol, biz ona ol bolsa bize tabyn bolmaly, yagny biz ol layik diyip secipdiris, diymek, ona tabyn hem bolmaly bolarys. Biz secenimiz ucin bolsa, ol bize tabyn bolmaly bolar!

Ensalla, sheyle-de bolar!

Bir sany uly villa alyp,

Bir sany uly villa alyp, yanyna bir sany Mercedes alyp, 3-4 sany her durli yurtdan gyz tutup adamlara nahili yashamaly daldigini gorkezerdim :D

Bolya, yokardakyny degiship

Bolya, yokardakyny degiship yazdym. Yone dogruda walla, beylede bir sorag bolarmay? Bolsady ekmek gowy zat, yone shol ekip gidip otursan kop bolsady bara:
1. Oyunde kichijik dinozawryn bolsa name ederdin?
2. Uchup bilyan bolsan name ederdin?
3. Zidane bilen dushushsan name ederdin?
4. Biz dunyanin in bay yurdy bolsa nahili bolardy?
5. Wagt mashynyny yasap yza gidip bolsa haysy wagta gidip name ederdin?
6. DUrmushdaky bir yalnyshlygyny duzeldip bilyan bolsan namani duzelderdin?
we sh. m.

Bagysla velin

Bagysla velin men bolup bilmejek zat hakynda soz edemmok. Ertir Bayramyn prezident bolmajagyny bilip bolmaz.
Birem Ata aga vezipeden gacma. Bu gun muny men onarman diysen ertir hic zat dip bilmersiniz. Dogry kici govunli bolmalydyr yone Allah beren ukubynyn ertir hasabyny sorar.
Men taze prezidente bas galdyralyn diymedim. Siz bolsanyz name edersiniz diydim? Mysal ucin dalasgarlen biri okuvy 10 yillik etjek diydi. Menin pikirmice gati yerlikli ideya. Suna menzes name ederdiniz.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • aA 1 telpek goyyar we yazyar: "«ede[b]mm[/b]ok» diyenin uchin 1 telpek"

hmmm

men sheyle onat teklipleri hemishe yuregim bn goldap, elimden gelenini bolsa komek ederin!
Men siyasatdan uzak bir copan oglany, shol sebapli name soz beryanini-ha biljek dal welin, yokarda yazan bilim sozuni goldayaryn, has takygy, 10 yillyk bolmagy wajyp mesele dal, yone asyl wajyp mesele, mekdeplerdali TC manyda "lay-lay-lom" lyklary we bolan, bolyan ya-da boljak durli wejeralyklaryn onunin alynmagy, bilime howeslendirme, sowgat bn, modern tehnologiyany bizin yash TM-lere onat tanatmak, sheyle hem Turkmencilikdaki ynanc we ahlak tarapyndanam onat yetishdirilmegidir. Bu babatda-da Ruhnamanyn 1-nji kitabynyn bashdaky 10 sahypasynda TM gyz-oglanlarynyn nahili bolmalydyklary barada Nuh Pygambere inen sahypara menzeshlikde ayratynlyklar we gylyk-hasiyetler yazylan bolmaly.
Garaz, hem bilim hem ynanc hem-de ekonomika - in esasy zat bolup duryar shu asyrda, hemmeler ucin

bu soragy prezidentlige

bu soragy prezidentlige dalashgarlere berseng gowy bolarmykan diyyan.
yone men sening diygek bolyanynga dushundim.

elbetde bu erdaki oglanlar

elbetde bu erdaki oglanlar prezident bolsa gowy ishler etjek ekeni. yone sizing aydyanlaryngyz siz prezident bolyanchangyz edilmeli ishler. men ozum prezident bolsam, bolmazymdan ong dalashgar hokmunde shonga gatnashan wagtym aydardym. yone eger men edil shu gun, shu wagt prezident bolan bolsam onda bizing taze prezidentimiz Gurbanguly Malikmuhammedowyng aydan sozlerini aydardym, aydan sozumem ederdim,sebabi bizde yetmeyan zatlar shol zatlar, shol aydylan sozler durmusha gechse onda bizing yurdumyz osen dowletlering birisi bolar.
dogrusyny aytsang internetde bizing dowletimiz barada erbet yazylan zatlar kop, belki dogrudyram,yone "bir yalngyshsyz ar bolmaz". biz gecheni tankyt etsek onda biz oz dowletimizi masgaralarys. biz gechening yoluny dowam etmeli we edilmedik ishlerden netije chykaryp, ony duzetmaga chalyshmaly, indikining duzetmedigini ondan songky duzetmeli yone yza galmaly dal.
HEMMANGIZE PREZIDENT BOLMAK ARZUWY BILEN,,,,,,,UNKNOWN
beyle diysem men prezident bolasym gelyar diydigim dal, men dinge yokardaky soraga jogap yazdym,,,,
___________________________________________________
turkmen ogly shir ogludyr, shir balasy, shir bolar.
egning gysyp, yuzung asmak,namys bolar, ar bolar.
geljek uchin ylgana, mydam engish yar bolar.
turkmeni turkmen edip biljek dinge turkmendir!!!!!!!!!

Oglanlar arzuwlarynyz

Oglanlar arzuwlarynyz niyetleriniz gowy, herinizden almaly govja pikirleriniz bar.

Pikirlerinizin hemmesini gosulyan yone ka bir pikirlere yenede goz aylamaly:)

Mysal ucin Farabyn hususy mediasyny %100 dalde %50 edilse hasam yerlikli bolar yagny %50 dowletinki %50 hususy bolmaly oda gozegcilik astynda bolmaly (eger halky agzybir jebis saklanmak niyetimiz bar bolsa).

Bayramam orslardan doldurdy tuweleme:) taze turkmen ekonomistlerem az dal, tanamayanyn yok bolsa bu hic yok diymek dal yaldas president:) hazirem her yil nace oglan ekonomy master okap yor, phd okamagy hem niyetlerinde bar, ors oglanlar guycli bolsalar sularam kem dal.(world bank'de islap yoren oglanlar bar) basgada guycli yerlerde islap yorenenler bar solary yignasagam erbet pikir dal.

Menem 1-2 sany pikirimi aydayin:

Hokumet bilen hususy karhanalar ayry ayry pikir etmeli.
Hokumet oz icindaki aylanysygy brokrasiyady(hat petekleri) has tiz aylanar yaly etmeli, we kontrol guycli bolmaly. Farabyn diyani yali tehnologyalasdyrmaly.
Hokumetin icindaki ka bir yerlerini utgetmeli mysal ucin finas ulgamy nahili isleyar? her bir etrap hakimlige hakimligem Minfin hasap beryan bolsa ilki bilen etraplardaky islap duran ulgamy seretmeli olaryn minfinden alan pullaryny nahili ulanyarlar ve nahili hasap beryarler sony seretmeli we hokumete birnace gornusde hasap bermeli, ministerlik hem berilen utgesik hasaplardan biri birine seretdip hasaplar dogrymy yada ustunde utgesiklik edilipdirmi sony kontrol etmeli.
Hasir etraplar hakimlige beryan hasaplaryny bir taksist bilen ugradyan bolsalar. sol syr bolmaly hasaplary nahili gorag astynda (secure) edip hakimlige hasap berer yaly etmeli seyle her bir ulganmyn ustunde kelle dowup. ilki bilen hokumetin ulgamlaryny guyclendirmeli.

Hokumetin hususy karhanalara yer tayar etmeli has ozgermeleri ucin goldag bolmaly.
hokumetin etmeli isleri, haklyn icjek suwuny, kanalizasiyasyny, elektrik energiyasyny, hapalaryny ayirmaly we yollaryny upjin etmeli, hazirem bar bolsa sony has yokary hili hyzmat bilen upjin etmeli. Kabir zatlary hususulasdyryp bolar ( mysal ucin hapalary dokyanleri, sonam bir yerde hapa gorsen sol serekete jerime tolet)
Saherlerin yerlesim planlaryny duzmeli we adamlaryn gurunjak jaylarynyn proyektini kontrol etmeli, jaylary her bir ussa gurmaly dal lisansy bolan ussalar firmalar gurmaly, Her bir edilen isem hokumet barlamaly.

Gul yaly yollar bolanson saherlerin arasynda gidip gelyan owtobuslary husulasdyryp biler.
Hokumetde kop pudagy husulasdyryp bolar we kontrol yenede hokumet bagly bolmaly we guycli bolmaly. Esasan onumcilik pudaklary, ekin ekerancylygy, gawun garpyz yada tohumlary dasary yurtlara satylsyn, hasir ilki ic bazar dolmaly diyar, icerde 30 mun manada satylyan gawun dasary $30 satan dayhan ac galmaz has kop ondurer.

Okuwa gaty uns berip kontrol etmeli muny ansatlyk bilen hususylasdyrmaly diyip biljek dal yone ozumizde kadirlar yetisenson solar bilen bilelikde bilki etsen bolar yone sona cenli hazir elimizde bar bolan ynama giren pudaklar bilen birlikde islenip hokumetin oz islegleri netijesinde bir zat etsen hasam gowy bolar.

taze Unwersitetler acylmagy has onat pikir we Unversitetlere ayry bir finans komegi berilmeli, teklip edilen proyektler kabul edilse sok ptoyektleri ozgermek ucin durmusa gecirmek ucin finans komek bermeli yada sol ugurda halka hyzmat beryan hususy karkanalara sol proyekti satyp bul gazanmaly yada sponsor bol we peydasyny siz gorun diyip iki tarap ucinem bahbitli isler etmeli.

Halky kop bolegini seyle isler bilen mesgul etsek hazir gorunyan ka bir meselelerin onuni aldygymyz bolar, daysalar Marydan Ashgabada suzme satmaga gelmez, we halk medeni taydan ylymly bilimli osen bolar. Nesip bolsa.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • agajanh 1 telpek goyyar we yazyar: "Sana dalde klawiturana. Shonca gezek ustune basanda gorguli cydapdyr!!!"

univerler welwyatlarda

univerler welwyatlarda achyljak.

Finans Merkezi

Farabi wrote:

Ashgabady finans merkezi ederdim

Bu yerde gurrun nahili finans merkezi barada?
Shu wagt dunyade 3-4 sany uly finans merkezi shaher bar.
Olar New York, London, Tokyo we Hong Kong.
Shu babatda yakyn wagtda Istanbul we Dubai hem bir zatlar etjek bolyar.

Finans merkezi bolmak uchin senagatyn osen bolmaly.
Yagny senin achan birjanda hasap acdyrjak firmalar bolmaly.
Elbetde onincha oz dowletinde bolmaly.
Yone dogry, bizde geljekde uly gaz we nebit firmalary chykar, nesip bolsa.
Ine sho firmalar ulalandan sonra finans merkezi bolmaga dalashgar(kandidat) bolaymasak..

Birja

Harezmi wrote:
Farabi wrote:

Ashgabady finans merkezi ederdim

Bu yerde gurrun nahili finans merkezi barada?
Shu wagt dunyade 3-4 sany uly finans merkezi shaher bar.
Olar New York, London, Tokyo we Hong Kong.
Shu babatda yakyn wagtda Istanbul we Dubai hem bir zatlar etjek bolyar.

Finans merkezi bolmak uchin senagatyn osen bolmaly.
Yagny senin achan birjanda hasap acdyrjak firmalar bolmaly.
Elbetde onincha oz dowletinde bolmaly.
Yone dogry, bizde geljekde uly gaz we nebit firmalary chykar, nesip bolsa.
Ine sho firmalar ulalandan sonra finans merkezi bolmaga dalashgar(kandidat) bolaymasak..

Dunyanin in uly birjalary (stock exchanges), hasap goryan firmalaryn jemi bahasyna gora:
http://en.wikipedia.org/wiki/List_of_stock_exchanges

PS- Gazagystanda(mundan sonraky sanaljaklara gora ulyrak), Ozbegistanda, Azerbeyjanda we Gyrgyzystanda birja bar eken, nesip bolsa biz hem kem galman acharys da birini.

Bizde birja yokdyr oytdunmi?

Bizde birja yokdyr oytdunmi?

471

Harezmi wrote:
Harezmi wrote:
Farabi wrote:

Ashgabady finans merkezi ederdim

Bu yerde gurrun nahili finans merkezi barada?
Shu wagt dunyade 3-4 sany uly finans merkezi shaher bar.
Olar New York, London, Tokyo we Hong Kong.
Shu babatda yakyn wagtda Istanbul we Dubai hem bir zatlar etjek bolyar.

Finans merkezi bolmak uchin senagatyn osen bolmaly.
Yagny senin achan birjanda hasap acdyrjak firmalar bolmaly.
Elbetde onincha oz dowletinde bolmaly.
Yone dogry, bizde geljekde uly gaz we nebit firmalary chykar, nesip bolsa.
Ine sho firmalar ulalandan sonra finans merkezi bolmaga dalashgar(kandidat) bolaymasak..

Dunyanin in uly birjalary (stock exchanges), hasap goryan firmalaryn jemi bahasyna gora:
http://en.wikipedia.org/wiki/List_of_stock_exchanges

PS- Gazagystanda(mundan sonraky sanaljaklara gora ulyrak), Ozbegistanda, Azerbeyjanda we Gyrgyzystanda birja bar eken, nesip bolsa biz hem kem galman acharys da birini.

Bizde de birja bar. Ors bazaryng yanynda bar öza.

Edil bizin birja'myz

Edil bizin birja'myz kichirak oytyan:((

Hajy-el Mubarek

turkmenistan.ru da ine shu

turkmenistan.ru da ine shu gun palancha million usd we palancha manatlyk ish goruldi diyen birjany aydamok.

Dogrydan hem elektrnik birja acdylar bizde?

...

Salam oglanlar men barsyni okamadym ondada.. Men pikirimce Oz prezidentymizdan na shukurmyka diyyan...
We bular yali bloklar achylmagy hayali (mechtali) dunyade yashadya adama ziyan berer oglanlar... Kop zatdan saklar.
Shu dowurin yash oglanlary shular yali problemada kimi gormesen biri diyya 300 000 $ bolsa name ederdin diyip we otylar gunlap Arzuw edip..
Bul menin pikirimce Ziyan beremyka diyyan!

TurkmeN

basyny doly okamansin

bagysla doly okamansin oytyan. men bolmajak zat hakda dal bolup biljek zadyn gurrungunu edyan. birem dine nameler edip bolar diip pikir alyan. ertir su site-yn agzalarynyn birinin eline vezipe gecse bu yerden tejiribe alip biler diyen maksat bilen yazypdym. Yaslaryn pikirini bilmek elmydama peydalydyr diyip piir edyan....

:)

tuweleme, arada gorunyarmin-ay sheydip, kopurak yaz-da onat yazgylaryny, yogsam, shol eje-eje diyip yorun-a men :)

mena

Mena halamayan zadym prezident bolmak,bolasym gelenok,zorlaymasalar bolmazmykam diyyan...:)
Yöne egerde bardy geldi bolmaly bolaysa daşary yurtlara okamak üçin talyp ibererdim we olara gözegçilik ederdim,gelibem TM üçin hyzmat etmegini ündardip...
...gulluk meselesini pullu ederdim...egerde görmedik bar bolsa şu kinony görsün,gyzlar görmese gowy bolar,sögünç kan:full metal jacket...

“Türkmenistanyň

“Türkmenistanyň ýolbaşçysy bolsaňyz näme ederdiňiz”, ine menin hem şu mowzuga jogabym:

Iň birinji edilmeli zat, mafiýany ýok etmeli! Ýok, ýok men ol, hemme yurtlardaky ýaly mafiýanyň sözüni edemok! Başda Türkmenistanyň başyndaky mafiýany, ýagny häkimlerden başlap, ministerler we Prezidente çenli! Näme üçinmi? Sebäbi Türkmenistanyň ady “Demokratik” döwlet diýip geçýär. Demo sözi Grek sözi bolup, “halk” diýmek “kratiýa” bolsa “dolandyrma” ýagny ikisini bir ýerik jemlesen halkyň dolandyrmasy bolýar. Halkyň dolandyrmasy üçin “mejlis” diýilip Türkmenistanda bilinýän zadyň dogry şekilde, yagny:
1. Diňe ýaşulylar maslahatyna daýanman
2. Herkim Prezident bolmaga haky bolmaly, ýagny mejlise özleriniň beýannamasyny berip, halkyň bu adamlary saýlamagyna rugsat berilmeli.
3. Mejlise täze kanunlar girizmeli, ýa-da düýpden täzelemeli! Meselem, ömürlük prezidentdiýen zadyň özi demokratiýa diýilen adalga garşy gelýär.
Şu wagtky Türkmenistanyň dolandyryş şekli näme? Bolsa bolsa “demokratiýaň” aşagynda gizli ýatan diktatorlyk! Meň bilen razy dälmi? Gel onda diktatorlygyň namedigine seredeliň! Diktatorlykda bir dolandyryjy (bizde Prezidentiň özi), başgalardan garaşsyz kararlary bermäge we çäksiz güýje eýe bolan kişi! Indi Türkmenistana ýene-de bir sapar serediň we näme görýäniňizi aýdyň!
Araňyzdan “Bolýa dost” prezidenti düşündik, mejlisi düşündik, ýöne ministrlaryň näme günasi bar diýenler bolar! Howwa, indi geleliň olara! Ministrlar kimler? Ministrlar nämä daýanýar? Ministrlar mejlise daýanýar. Ýokarda sözi geçen we ýalňyş işleýän mejlisiň bir bölegi ministrlar! Mundan başga-da ministrlaryň özi mafiýa! Ýene-de maňa garşy çykanlar bolar, şonuň üçin şuna bir mysal getirmek isleýän. Eger Türkmenistan demokratik döwlet bolan bolsa, ilkinji bilen ministrlary halkyň özi saýlamaly! Bizde bolsa muny ýene-de president edýär!
Başgada, meselem, eger “gornmak ministriniň” çagasynyň bir ýerini operasiýa etmeli bolsa, onda onyň ilkinji ýüz tutjak adamy, siziň ýa-da meniň ýaly ýönekeý adamlaryň ýüz tutýan doktorlar däl! Elbette “saglyk ministry”! Bu ministrlaryň arasynda “dostlyk” ýa-da tanyşlygyň aşgynda öz bähbitleri bar! Bu bir ýonekeý mysal, ýöne şu wagtky bu adamlaryň arasynda edilýän işler bulardan has çynlakaý!

Indi iň başda soralan “Ýolbaşçy bolan bolsaň näme ederdiň?” soragyna şu jogaby bermek isleýärin:

- Ýokardaky dolandyryş sistemasyny täzelärdim! Men öňki we şu wagtky diktator bolmazdym! Başda özümden (ýolbaşçydan başlap) soňuna çenli bu düzgünleri şu wagtky boluşy ýaly däl, bolmalysy ýaly ederdim!
Bilemok, haçan beýle pikirli, düşünjeli yolbaşçy gelerkä Türkmenistanyň başyna, sebabi yaşlaryň kellsi okuwda, agzybirlikde, milletçilikde däl! Şu wagtky yaşlaryň aýagynyň aşagyna maşyn, agzybirlik ýerine rap-de boluşy ýaly urş, milletçilikden geçip, hemme ýerde öz ganlaryny “şat”, “teke” we “ýomut” diýip sylamaýalar! Öňki açylan şuňa menzeş mowzuga girdim welin, yaşlar ýa kellesi işlänok şulara, ýa-da dogrydanam olar üçin marynyň paýtagt bolmasy bu ýazanlarymdan has-da wajyp! Haçan bir bolarys? Haçan Türkmenistany düzeltjek ýaşlar bolarys? Haçan Türkmenistan – ata babalarymyzyň arzuw edip geçen ýeke-täk we agzybir Türkmenistany bolar?

Telpekler (1 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Mitnick 2 telpek goyyar we yazyar: "haklisin"

true

dogru aytyanyz millechi-yas
emma ...............

Haklısın kardeş,ama

Haklısın kardeş,ama demokrasi pahalı zat,yani hacen Türkmenistanda milli gelir ne ? Adam başı 4000$ ,demokrasi üçün min 10000$ gerek.Demokrasi üçün daha vakit var.

Men prezident bolsam,devlet karhanelerini ,zavotları,sövda merkezlerini, hepsini ,ors pazarını bi adama ,teke pazarını bi adama yada birlik olup firmaya,şeherdeki owtobüsleri bi adama ,yaş ,kelleli,gow bilim almış adamlara veririm.Sonra 2 yıl beklerim.Bakarım hansi adamlar başarılı,hansi adamlar gow işlediptir zavotları ,onlara kömek ederim önünü açarım,gow işşletemeyenlerin yerine tazeden adamlara veririm ,bunyalı devletin her zatını ulumaşinleri her şeherde 5 adama ,cranları başkaca adamlara,cement zavotlarını 5-10 adam tolayıp firma kurdurup firmalara veririm.Bun yalı Türkmenistan granisyası içinde 1000 adama her zatı ,hatta iki türkmen firma kurdurup 10 samalotuda onlara veririm.Men eminim 5 yıla çenli en az 500-600 bay adam ,yada bay firma bolur.Belkide 5 yılda 10 tane Çalık çıkar.

Orslar yalı ,orslar 1 gecede 1000 bay adam türetti, abramowits de bunyalı.Businessman a ,yani iş adamlarına ihtiyaç var.Bu mevzu buğday kadar pahta kadar,gaz kadar önemli.İş adamı olmayan memleket kalkınamaz.Ama iş adamının mektebi yok.

mena entemage giderdim her

mena entemage giderdim her döwlete her yere-gezilmedik yer goymayadym,iyilmedik naharam:)

mende belkide przident

mende belkide przident bolsam beyik serdarymyzyn sözlerini aydardym,SEN BEYİK BOL SEBAP HALKYN BEYİKDİR, TÜRKMENİN PES OGLY BOLMAK AYIPDIR,bu sözler gaty gymmatly sözler kimin-kimdigini zaman görkezer,minnetdar!!!