Kop sogap gazanmak ucin in kop name etmeli?

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
Kop ybadat etmeli
3% (1 vote)
Kop toba etmeli
3% (1 vote)
Ynsanlara hakykatlary kabul etdirip, erbetliklerden uzaklashdyrmaly
39% (13 votes)
Az uklap, az iyip, az geplemeli
15% (5 votes)
Kop hayir ishler etmeli
39% (13 votes)
Jemi 33 ses berildi

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Parahorlyk blogy ucin ...

Yokarda sogap gazanmagy durli gornushleri bar, jigim Bayram yadyma dushup, 3-nji maddany secsemmikam diydim!?
Siz name diyyaniz?

menin pikrimçe 3nji madda

menin pikrimçe 3nji madda has gereklimyka diyyan..
sebabi bir yerden eşidipdim, birje Adamy dine getirmek üçin hem Alla tagalla pygamber iberenmiş yagny, şeyle pygamber iberiljek derejede yokary, şu hakykatlary kabul etdirip, erbetlikleri uzaklaşdyrmak.

secheneklerde hemishe

secheneklerde hemishe niytini gowy tutmaly diyibem goymaly ekeniniz.

hawa...

Gurhanda we hadyslarda bu babatda ynsanlaryn in hayirlysynyn "emri bil maruf, nehyi anil munker", yagny 3-nji maddany yerine yetirenler diyip aydyar. Galyberse-de, hemmelerin imanyna bu sebap bolyar. Munyn ucin yene 1 hadysda:"Bir adamyn imanyna sebap bolmak, dunya we icindaki hemme zatdan has hayirlydyr!" diyilyar, shol sebapli, bu taraplarda, hristiyan we ateistleri musulman edip, ansat yoldan jenneti garantiya etmek isleyanler hem bar-how:)
Sheyle ynsanlar ucin, yashasyn Jennet!

Mekan jan!

Eysem bolsa, amal bn edilmedik niyetlerin peydasy kan yokmukan diyyan, yene-de bolup bilerdi. Hadyslarda:"Muminin niyeti amalyndan has hayirlydyr" we "amallar niyetlere goradir" diylipdir, elbetde amala ashyrylan amallar ucin, yone bir niyet ucin dal!
Sag bol, Mekan jan!

Niyeti gowy tutmak

Niyeti gowy tutmak yokardakylaryn in ansadyla. Yone yeterlikmika?

Galtaman dostymyzyn yazanini;

Quote:

...Şol asyrlardaky dinde öndebaryjylar, musulmanlaryn Hak ýakynlygynda has hem öne gitmekleri üçin, parzlaryn ýany bilen islege bagly ybadatlara hem uly orun beripdirler. Her ýer metjitler, medreseler bilen dolypdyr, diýenimizden Ahyrzamana çenli gelnipdir.Dinden uzaklaşmanyn, dine we edebe garşy gidilmegin, öz peýdasynyň yzyna düşülýän döwür gelipdir, ybadat bes edilipdir. Bu hapa, zäherli howada nähilidir bir zat bolup täze bir topar ýüze çykypdyr: Ýüregi Päkler. Bular ähli pygamberlere, Hezreti Muhammediň egindeşlerine we on dört asyryn musulmanlaryna garşy gidýän ýolda ýöremäge başlapdyrlar. Bu toparyn agzalary toba gapysyny ýapan ýalylar. Özlerini Alla Tagalla ybadat etmäge çagyrýan musulman doganlaryna beren jogaplary, her gezeginde "Sen meniň ýüregime seret" boldy. Men seniň ýüregine nähili seredeýin?

Dolylygyna shu yerde okap bilersiniz.
http://damjalar.blogspot.com/2006/10/regim-pk-dirler.html

şu ýazgyny Gadyr aga-da

şu ýazgyny Gadyr aga-da goýan bolmaly dogan sahypada :)
Gowy ýazgy/terjime. Linkdäki sahypa-da gowy ekeni, 2 ýyl öň tmolympiaddanam öň gurlan öýdýän?!

Gowy işler edilipdir, sebäpkärlerden Allah razy bolsun!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Men ashakdaky yazilanlary

Men ashakdaky yazilanlary okaman goni in sonka ses berdim. Ay mana in ansat dushyanida...
PS Yone 3nja ses bermekchi hem boldum, takal okamaly diysem menem bardyryn :)

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • shetdaly 1 telpek goyyar we yazyar: "xaxa"

ha-ha, hawa, onsoň haýsy

ha-ha, hawa, onsoň haýsy sogap/haýyr işleri etmekçi we näçe mukdarda?! Olardanam käbirlerini pylçaýmaly ekeniň-ä bärä :)))

Aslynda, sen 3-njini örän oňat amal edýän biri bolarsyň welin, diýşiň ýaly, ýaltalyk etmeseň :))

"Delaware'de dilawar" diýibem at salýarmyşyň onsoň :)))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

ay sholam in ansady yaly hem

ay sholam in ansady yaly hem bolsa in sogaplylaryndan how shu dowrun. 3 bilen bile beylekilerden tapawudy "beyleki adamlar ucin" edyan bolmak. beyleki 3si esasan shashyn ucin edilyan zat.

Bugunler saytin tarihi

Bugunler saytin tarihi akyshy bilen yakindan giziklanyan.. Ortaca hasap bilen hergun 1-2 sagadimi bu ugurda sarp edyan birnace gunden bari.. Taze yazlanlar bilenem onca giziklanip baramok.. Sheyle hazyna elime gowushdi netijede.. Kop makalalar, turkmen dilindaki cheshme edilip gorkezilip bolayjak yazgilar, eserler yignadim.. Hakikatdanam gowja arhiwimiz bar gadyrdan saytdashlar..

PS: BTW, Mena 3njini ysharatladim..:)

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • shetdaly 1 telpek goyyar we yazyar: "tuveleme"

:) men hem 3-njini

:)

men hem 3-njini yşaratladym.

Aý, bulam köne "model" ata-nyň açan ses berlişigi-dä näme-de bolsa:)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Ata gowy tema

Ata gowy tema achdynyz
menin pikirimche ynsan kop ybadat etse ol teba eder yaly ishleri etmez
garaz kop ybadat etsen azam iyersin, az hem yatarsyn
eger ybatdat etmesen onda sheytan senin yanynda elmydama eger sen ybadatda bolsan onda sheytan senden dashda bolar.
sheyle hadys eshitdim doly yadymda dal
"Ynsam namazlyga chykan wagty sheytan shol aralykda ot bolup yanjakdyr" diyilyar

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • shetdaly 1 telpek goyyar we yazyar: "senem tuveleme"

gowy ýazypsyň, Kaýum.

gowy ýazypsyň, Kaýum. Umumy manyda 3-njini edýän, galanlarynam edýändir diýseňem bolarmyka diýýän.

Iň aşakdaky hadysmy ýa däl- takyk biljek däl, indi şeýle hadyslary ýazmakdanam, eşitmekdenem özüm hem gorkup başladym :)

Buşdulaýany ýokmaý :))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

"Bushdulamak" yalnish..

"Bushdulamak" yalnish.. "Bushlamak" dogrusy.. Onrak bir yerde aA aga-da shu meselani yatladipdir size.. Arhiw dorup yorkam gabat geldim..

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "telpek seňki :)"

hawa, şeýle bolmaly. Men

hawa, şeýle bolmaly. Men halys öwrenişipdirin.
indi muňa öwrenişmeli :))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Haýyr iş umumy manyda

Haýyr iş umumy manyda diňe ahyrete degişli hökmünde öz şahsy bähbidiň üçin edilýär diýip bilýäler köp adamlar. A 3-njide bolsa, bu beýle däl, öz daşyňdan beýleki ynsanlara-da dini hakykatlary, haýyr amallary öwretmeli bolýar. Olaryň ahyretini abat etmeklerinä sebäp bolýakalar, şol bir sanda, özleriniňkini hem abat edýäler. Garaz, mugallym diýen ýaly 1 zat-da :)
Şu wezipe başda pygamberlere, soň bolsa olara eýerýänlere Biribar tarapyndan iň uly sowgatmyka diýýän amal taýdan.

A maddy taýdan bolsa Biribaryň iň uly sowgady perzent bolmaly biz ynsanlara! Maňa-da, ýagny, gelnim ikimize-de Özüne we razylygyna sözüň doly manysy bn laýyk boljak, ýagny, şol 3-njidäkini iň oňat ýagdaýda amal etjek birnäçe sowgat/perzent beräýedi, enşallah! Ehh, hemmämize beräýedi, enşallah :))

Garabekli dostuma jaň edenimi unutman-laý, Bursada 1 telefon ankesöründen jaň edipdim, şonda şeýle gepleşik geçdi:

- Alýo, salam! Myrat barmyka?!
- Ýok, ol daşaryk çykypdy.
- Haçan gelerkä?!
- Agşamara geläýmese. Siz kim bolarsyňyz?!
-(Men hoool Atamyrat-da :) diýesim gelip gitdi) Men onuň kursdaşy. Wajyp zat ýokdy, jaňlaşaýjakdym welin, ýok ekeni. Bähbit bolsun! Salam aýdyň oňa!
- Haýyr!
- A näme üçin aýtmakçy däl?!
- Wiý, men aýtjak diýdim-ä?!
- Wiý, şeýlemidi ýa, bagyşlaň, gelneje! Köp sag boluň!

Şonda "Haýyr"-yň "Bolýar!" diýmekdigine göz ýetirip galypdym :)
Men türkçedäki "ýok" manysyndaky "Haýyr"myka öýdüpdirin şol wagt :))
-

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

menem 3.ni belledim. eger

menem 3.ni belledim.
eger janyn-tenin bilen adamlary dogry yola salmak uchin alada etsen, onda yokardaki agzalanlaryn hemmesini diyen yali yerine yetiryan biri bolmagyn gerek. sebabi birinin yuregini gazanmak isleyan bolsan onda ol ilki bilen senin bu yoldaki yagdayina sereder, yagni ybadatyna, edyan hayir ishlerine, iyip-ichishine... elbetde, eger sen ybadatyny egsik edyan bolsan, yada gije oyun oynap, erte hem gich turyan bolsan, okuwlarynda probleman bolsa onda beyle dine iman etmek islemezler. bu yolda beylekilere gorelde bolup, birilerinin iman etmegine sebap bolup bilsen, ine sen in kop sogap gazanyan...
yokarda Ata agan yazanlarina-da goshulyan
_____________________________
cennet cennet dedikleri
bir kaç koşkle, bir kaç huri
isteyene ver onlari
bana seni, gerek seni...

ka zatlar kella geldi-de,

ka zatlar kella geldi-de, son yazaymasam, hazir-a bolmaz :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"