Adalat we merhamet...

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Omar ibni Abdulaziz Hazretleri basinji halyfa ve ikinji Omar diyip tanalan, Emeviler dovletinin halyfasy, adalaty we merhameti bilen shohraty yayran bir ynsandy. Takwa sahybydy, ozi hem takwanyn miwesi diyilse yalnysh bolmazmyka diyyan. Cunki onun kakasy Abdulaziz ibni Mervan hem adalatly, ynsap eyesi we dindar bir adamdy. Ejesi Hz. Omaryn ogly Asymyn gyzydy.
Hz. Omar halifelik dowrunde bir gije Medine saherine aylanyp yorka bir oyden ejesinin gyzyna "suyde suw gosh" diyenini eshitdi. Gyzy ejesine "Eje, emirul-mu'minin bize suyde suw goshmagy gadagan etdi" diyyar. Ejesi bolsa "emirul-mu'minin nirden bilsin" diyende gyzy "emirul-mu'minin bilmese Allah bilyar" diyyar. Bu gurruni eshiden hz. Omar o takwa gyzy gozlap tapyp ogly Asyma nikahlayar. Olardan bolsa bir gyz dunya inyar. Ol gyzdan hem Omar ibni Abdulaziz dunya inyar.
Omar ibni Abdulazizin adalaty sheyle bir dogrydy we merhameti seyle bir cunnurdy welin hatda onun adalaty we merhameti haywanlara-da tasirini yetiripdi. Ol wepat eden guni colde copanlaryn surulerine gurtlar cozyar we goyunlary parcalayar. Shonda copanlar "bu gun halyfa Omar wepat eden bolsa gerek" diyip aglashyarlar. Diyishleri yaly hem az wagtdan halyfanyn wepaty hakyndaky habar gelyar.
Ol olum dusheginde yatyrka halk onun penjiresinin yanynda yygnanypdy. Herkim ony gormek isleyardi we sheyle doga edyardiler: "Allahym, Omaryn omruni uzalt! Allahym, Omaryn omruni uzalt!". Halyfanyn ozi bolsa dusheginde sheyle doga edip yatyrdy: "Allahym, kelime-i shahadatdan basga sermayasy bolmadyk meni bagyshla!". Ol butin eden yagshylyklaryny hije sayypdy we yeke kelime-i shahadata tutunypdy.
Bizin parahatcylykdan mahrum bolan shu asrymyzda Omar ibni Abdulaziz yaly adalatly, merhametli, takwa ynsanlara mataclik bar. Emma bu zamanyn derdi, musybaty her zamanynkydan gat-gat beter bolanlygy sebapli, shahsy manawi bolan jemgyyete, adalaty, merhameti hatda haywanlara-da tasir etjek bir jemgyyete matacligimiz bar. Yerin yuzunde adamlaryn biri-birini ezmesi, parcalamasy, birek-biregin hakyny iymegi yaly hassalyklaryn sony gelen gununde haywanlarynam bir-birini parcalamagynyn sonunyn geljekdigine ynanyan. Bir obada sozi dinlenilyan bir ymam etmesiz bir ish edeni gorulse "bu sheyle edyan bolsa, biz naderis" diyilshi yaly, haywanlaryn hem yer yuzunin halyfasy bolan ynsanyn eden-etdiligini gorup hal dili bilen, bir-birini parcalamasy bilen "siz sheytseniz, biz naderis" diyyan bolmagy hikmetden we mantykdan uzak daldir.

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

ynsan butin barlyk bilen munasebetdardyr

Howwa, ynsanoglunyn edip-eyleyan ishlerinden beyleki janly-jandarlar hem muteessir bolup bilerler. Muna delalat eden yuzlerce hadyslar we ayatlar bardyr. Mysal ucin bir hadysa dykgatynyzy cekeyin: "Ylym owrenene we owredene melekler, yer we gok ahli, hatda garynjalar we balyklar hem istigfar we doga ederler"... Howwa, ynsan butin barlyk bilen munasebetdardyr. Bu yuzden ynsanyn bozgunlygy dunyanin bozulmagyna sebap bolup biler we tersine ynsanyn dunyadaki tertip-duzguni goramasy we intizama gozegcilik etmesi dunyade parahatcylygyn dowam etmesine sebap bolar.