Ateýist we aýy

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Bir gün ateýistiň biri tebigatyň gözelligini synlamak üçin tokaýa aýlanmaga gidipdir. Ýaradyjynyň ýaradan gözelliklerine seredip:
-Tebigat nähili gözel ýaradypdyr bu baglary, otlary we reňkleri - diýeni hem şol eken weli bir ýerden arlap elhenç bir aýy peýda bolupdyr. Ýaňky ateýist aýyny görüp aýagaldygyna gaçyp başlapdyr. Aýy bolsa kowalap ateýisti tutup aşagyna alyp penjesini ýokaryk galdyryp urjak bolup durka janhowluna şeýle dileg edipdir:
-Allahym özüň kömek et!
Edil şol wagt hemme zat doňup galdy. Derýa akmasyny goýdy, şemal esmesini, ýapraklaram gymyldamasyny, aýynyň hem penjesi ýokarda galdy. Gapdalyndanam bir yşyk peýda boldy we şeýle ses eşidildi:
-Hany sen Ýaradyjyňy tanamazdyň, indi saňa näme boldy.
Ateýist utanyp ýüzüni aşak saldy. Ses ýene dowam etdi:
-Hany bolýa, isle nähili islegiň bolsa.
Ateýist:
-Indi men iman etjek diýmäge ýüzüm ýok, muny islemäge hakymam ýok. Gowsy şu aýy iman etsin, belki meň halas bolma umydym ýerine düşer. Men aýyň iman etmegini isleýän!
Ýaňky yşykdaky ses: -dilegiň kabul boldy- diýip gaýyp boldy.
Ondan soň derýa akmaga, şemal esmäge, ýapraklaram gymyldamaga başlady we aýy ateýistiň depesinden inderjek bolup duran penjesini ýere sallap, soň hem iki elini asmana galdyryp şeýle dileg etdi:
-Eý Allahym, seniň ryzaň üçin agyz bekledim, saňa ynandym, seniň beren ryzkyň bilenem agzymy açýaryn!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu yazgi ucin

  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "ayy imana gelse :-) "

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Sagja bol, mirasymyz. On hem

Sagja bol, mirasymyz. On hem OKan bolsamam, doly yadyma dushman durdy shu degishme.

Men hem big degishmejikgoyayjakdym welin, tab-den gocurip, bu here yerleshdirme ishini edip bilmamson onaydym :-)

Ertirlerdaki in Sonky mowzugymda degishli degishmelerden birnacesi bardyr. Islan shol yere seredip, gulup biler :-)

--------------------------------------------------------------------------------------------------
"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Okapdym.

Sagbol Ata aga. Ol goydum diyyan degishmelennizi okadym. Sagbolun Sizem.

diymek ol adam ozi uchin

diymek ol adam ozi uchin dileg eden bolsa halas bolardy? ya-da ozun uchin dileg edip toba gelmek gich dal manyny beryarmi? garaz ol adam hakym yok diyip hakyny aya gidiripdirda.

Bu bir toslama

Gyzyklyja gorup paylashaydym. Bunun yaly waka bolupmy, bolmanmy habarym yok.

Manysyz hekaya

Munyn yaly hekaya dinini we hudayyny yatdan çykaran teist adamlar üçin bolup biler yöne ateistler üçin gülkünjirak bolya.