Türkmenistanyň bag-bakja ösümlikleriniň önümlerini dünýä bazarlaryna çykarmakda daşary ýurt film we mahabat kompanýalarynyň orny

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Ýurdumuzyň klimat şertlerine görä dünýäde ykdysady we strategiki tarapdan möhüm orna mynasyp bolan bag-bakja ösümlikleriniň ösdürilip ýetişdirilmegi üçin ähli mümkinçilikleri bardyr.Ygal mukdarynyň esasan hem gyş-ýaz pasyllarynda köp bolmagy bu möwsimiň 4-5 aý ýaly dowam etmegi esasan hem yumşak gabykly we gaty gabykly bag-bakja ösümliklerine oňaýly tärini ýetirýär.Gawun,garpyz,kädi,hyýar ýaly bakja ösümlikleri bolsa esasan fizýologiki ömürleriniň ilkinji aýlarynda suwy köp talap edyändikleri üçin ýaz paslyndaky ygal mukdarynyň ady agzalan ösümlikleriň suw üpjünçiligini doly derejede üpjün edip bilýär.
Ýurdumuzyň toprak aýratynlyklary hem bag-bakja ösümliklerini ösdürip ýetişdirmäge oňaýlydyr.Gumly,toýunsow,gumly-toyunly,çägesöw topraklaryň arasynda esasan hem gumly-toýunly topraklar bag-bakja ösümliklerini ösdürmek üçin ýeterlik derejede şertler döretýän toprak görnüşleriniň biridir.Esasan hem bag ösümlikleri toprak aýratynlyklaryny saýlap durmazdan islendik toprak görnüşünde ýetişýär.Bu tarapdan seredemizde ýurdumyzyň howa şertleri,suw üpjünçiligi we toprak aýratynlyklary babatynda dünýa ýurtlary bilen bäsleşige doly mynasypdygy görlüp duran hakykatdyr.
Elbetde käbir tropiki tokaý miweleri üçin howa şertleri oňaýly bolmasa-da ýokarda ady agzalan miweleriň ykdysady gymmaty ýokary bolanlygy sebäpli ýurdumuzda käbir tropiki ösümlikleriň tebigy ýagdaýda ösdürilip ýetişdirilmezligi bag-bakja ösümliklerinden gazanyljak girdeýjä täsir ýetirip bilmez diýip bolar.Pomidor, ýer almasy, badamjan, sogan, sarymsak ýaly gök bakja ekinleriniň ýurdumyzyň strategiki ösümlikleriniň sanawyna goşulmagy ýurdumyzyň diwersifikasiýa ugry boýunça ösmegine öz önjeýli goşandyny goşyp biler.Bu ösümlikleriň önümlerini daşary ýurtlara taýýar önüm görnüşinde ýada çig mal görnüşinde eksport edilmegi ýurdumyzyň potensiýalynyň resurslaryndan diňe biriniň ulanylylmagy diysek ýalňyş bolmaz.
Türkiýe döwleti diňe nar miwesiniň eksportyndan üç ýüz müň dollar gazanýarka ýurdumyzyň bag-bakja önümlerinde bar bolan potensiýaly ulanmak bilen dünýäde bu ugurda öz ornymyzy tapjagymyz ikiuçsyzdyr.
Elbetde önümleri dünýa bazarlaryna çykarmak üçin berk we ygtyrbarly ýol we mahabat wajyp bolup durýar.Türkmenistanda mahabat pudagyny ösdürmek we bu pudaga ýerli we daşary ýurt film kompaniýalaryny çekmek bilen Türkmenistanyň obahojalyk pudagyny beýleki pudaklarda bolşy ýaly ösdürmek bolar.
Bazar şertlerini döretmek üçin bolsa ilki ýurduň içinden başlama pikirine uýulsa has ýerliklidir.Daşary ýurtdan gelýän obahojalyk önümlerine taýýar önüm ýada çig mal görnüşinde ýurdumuzyň çägine getirilen halatynda döwlet tarapyndan ýokary derejede salgyt salynsa dünýäde adygan bag-bakja ösümlikleriniň önümini öndürýän firmalaryň önümleriniň türkmenistana getirilmeginde belli bir derejede azalma bolup biler.Bu bolsa ýurdumuzda daşary ýurt önümleriniň gymmatlamagyna elter,şeýlelikde içki bazaryň ýagny ýerli bag bakja önümlerine islegi artdyrar.Ýurdumyzyň bag-bakja ösümlikleriniň önümlerini daşary ýurtlara çykarylmagynda telekeçilere döwlet tarapyndan höweslendiriji hemaýat edilýär.Bu bolsa ýurdumuzyň önümlerini dünýa bazarynda uly isleg bilen alynýan harytlara öwürjegi gümansyzdyr.
Türkmenistanyň öndürýän bag-bakja ösümlikleriniň önümlerinden; pomidor goýultmagy,duza ýatyrlan hyýar we pomidor,pagtanyň,künjiniň,kädiniň,garpyzyň,gawunyň ýaglarydyr.Ady agzalan önümler “Türkmenistanda öndürilen“ ýazgyly önümlerden diňe birnäçesidir.Bu önümlerden käbiri daşary ýurt bazaryna çykarylan hem bolsa bu diňe edilmeli işleriň yüzden biri diýsek hakykatdan daş düşmeris.
Eýsem türkmen önümlerini daşary ýurtda nädip tanatmaly we nahili bolanda önümlerimiziň dünyä bazarynda alyjysy köpeler? Bu sorag meseläniň oňurgasyny emele getirýän esasy faktordyr.Munyň üçin ilkinji nobatda daşary ýurt film we mahabat kompanýalary bilen işleşmek ýerlikli bolar. Dünýäde ýüzi tanalýan film aktýorlarydyr aktrisilaryny Türkmenistany we türkmen önümlerini dünýäde tanatmak üçin bu işe çekip bolar.Bollywoodyň hindi aktýory Şahrukh Khanyň ýada Hollywoodyň amerikan aktrisasy Anjelina Jolieniň türkmen pomidor goýaltmagyny ýada türkmen gawunyny iýip durka tomaşaçylara ýylgyryp: “Nähili tagamly! Siz heniz hem dadyp görmediňizmi?” diymegini göz öňune getirip görüň! Bu halkymyz üçin hem önümlerimiz üçin hem bahasyna ýetip bolmajak uly öwrülişik bolardy.Önümlerimizi daşary ýurt raýatlaryna tanatmak,olarda türkmen önümlerine bolan islegi oýandyrmak,mundan başga-da türkmen bag bakja önümlerine daşary ýurt halkyny öwrenişdirmek esasy meseleler bolup durýar.Elbetde dünýäde bu ugurda ýagny bag-bakja önümlerini öndürmekde ägirt uly kompanýalaryň bolmagy biziň bu höwesimizi ýarpy ýolda kesmegi mümkin.Muňa diňe wagtlaýyn höwes ýitirme diýip bolar.Her bir edilýän uly iş üçin sabyr,iş,maya goýum we iň esasysy hem ynam hökmany suratda gereklidir.Dünýäde münlerçe kompaniýanyň bardygyny nazarda tutsak we olaryň biriniň batyp beýlekisiniň ýokary galmagyna şaýat bolup duran wagtymyz, Türkmenistan ýaly agzybir,bir agza jem bolan halkly,öz watanyna,halkyna hormatly prezidentine sarpa goýýan ýurt bu işiň hötdesinden gürrüňsiz geljekdigi mesaňa mälimdir.
Käbir ýewropa ýurtlary esasan hem obahojalyk pudagy bilen özüni dünýa tanadan ýewropa döwletleri öz önümlerini dünýa halklarynyň aňyna şeýle bir gazapdyrlar welin indi dünýä halklary şol önümlere diňe önümleri öndüren ýurdyň beren söwda markasy bilen tanaýarlar.Käbir söwda markalary dünýäde önüm hökmünde tanalýar.Bu ýagdaýy şol ýurtlaryň köp işlemegi,işlerinde düzgün tertibi (işiň disiplinasyny) goramagy,edýän işine ynanmagy bilen düşündirmek bolar.Yagyn yagmyrly ýewropa döwletleri şeýle öňde barýan sistemalary,tehnologiýalary, iň esasy hem önümleri dünýä tanadan bolsa güneşli diýarymyz bu işiň hötdesinden aňyry ýany bilen geler diýmek örän ýerliklidir.
Elbetde bu iş uly maýa goýum we çykdaýjy talap edýär.Türkmenistanyň gurluşyk desgalary üçin goýýan maýa goýumlary we çykdaýjylary dünýäniň käbir döwletleriniň öz ýurdyny goramak maksatly çykarýan çykdaýjysyndan has ýokarydyr.Bu bolsa halkyň sylaýan halk gahrymany we arkadagy hormatly prezidentimiziň halkyň geljegi üçin ähli güýjini gaýgyrman işleýändiginiň subutnamasydyr.Türkmenistan diňe bir gurluşyk üçin maýa goýum goýman eýsem beýleki pudaklary hem nazarda tutýar.Bu ugurlary sanap geçmeli bolsa; saglygy goraýyş,ylym-bilim,tehnika,sport we syýahatçylyk we elbetde obahojalygydyr.Obahojalygynda esasy orun maldarçylyga degişlidir.Şeýle-de bolsa gallanyň,pagtanyň yany bilen bag-bakja ösümlikleriniň döwletimiz üçin gymmaty ýokarydyr diyip pikir etmek bolar.
Türkmenistanyň hormatly prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow ýurdumuzyň daşary ýurtda tanalmagy we mahabatlandyrylmagy üçin uly işler amala aşyrýar.Muňa mysal edip dakar-rallisiniň bir şahasynyň Türkmenistandan geçmegini bu işiň taryhy başlangyjy hökmünde görmek bolar.Şeýle-de 2017-nji ýylda Aziýa oýunlarynyň ýapyk görnüşli desgalarda geçirilýän sport yaryşlarynyň Türkmenistanda geçiriljekdigi diyseň uly şanly wakadyr.Bu hormatly prezidentimiziň Türkmenistany dünýäde tanatmaga saldamly goşandynyň subutnamasydyr.Bu uly pursatdyr.Şu şanly senä bagyşlap şugünlerden başlap Türkmenistanyň daşary ýurtlarda mahabatlarda ýagny; daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde mahabatlandyrylmagy we mahabat tagtalarynda afişalarynyň asylmagy Türkmenistana gelme arzuwyny körükläp biler.Bu mahabatlarda bolsa şeýle ýazgylar ulanmak bolar:”Türkmenistanda aziýa oýunlaryna az wagt galdy.Eýsem sen Türkmenistana gelmek we onyň bal ýaly gawunlaryndan datmak islemeýärmiň? Tebigy we organiki önümlerini datmak isleseň onda Türkmenistanda geçiriljek aziýa oýunlaryna howlugyň!”
Bu ýaryşlarda ýurdumyza geljek daşary ýurt raýatlarynyň hem Türkmenistany tanamagyna pursat dörär hem-de biz öz önümlerimizi daşary ýurtlylara tanadyp bileris. Agzap geçilen mahabatlandyrmalary diňe bir obahojalyk pudagy üçin däl eýsem beyleki pudaklarda hem peýdalanyp bolar.Hormatly prezidentimize berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň abadan ýaşamagy üçin alyp barýan işlerinde uly-uly üstünlikleriň hemra bolmagyny,bize ylmy bilimi öwrenmäge ýol açandygy we öz şahsy goşandyny goşandygy üçin tüýs yürekden sagbolsyn aýdýaryn! Goý onyň mydama jany sag, başy dik bolsun!

Hazar Rejepow
Obahojalyk inžineri.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu yazgi ucin

  • Gadyr 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

kime gurrung beryang bulary

kime gurrung beryang bulary

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • brave 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

kimin okasy gelse shona

kimin okasy gelse shona gurrun beryan!

Berekella! Bu hem shol

Berekella!

Bu hem shol jurnalda cap edilmeli makalamy?

Tuweleme..

Yadaman yazipsin dostum bulary welin Gazetlerde de kan su we suna menzes makalalar.. Arasynda okar yali anekdotjagaz, zat goymaly ekeninda.. :))

Elmydama agzybirlik!