Ýowuz günleň güllesinden halas bolan güller

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Gerçek yigit aňda galar eden her bir işi bile,
Diňe aň däl töwerekde duýup bolar yhlasyny.
Bu watanyň gök asmany, yraň atýan maýsalary,
Beýan eder ýüreginde beýik arzuw beslänini.

Watan,nesil, ar namysy öňde goýup ähli zatdan,
Duşmanyna ýowuz darap,aman bermän hilesine.
Gar ýagýarka garym gazyp bagryn berip sowuk ýere,
Geljek üçin çydandyr ol gara gyşyn çillesine.

Faşist ýygnyn derbi dagyn edip barýar Atilla deý,
Özlerini Gunlar diýip hasap edýän Nemesleri.
Çyn Gunlaryň kimdigini görkezendir türkmen ýigdi,
Gerçek ýigdi görenleriň kesilendir nepesleri.

Ýeňiş üçin diydi halkyň tylda galan naçarlary,
Ýygyp pagta, dokap haly çokaý örüp ugratdylar.
Şolaň zaryn çeken yigit bir ah bilen tarsa galyp,
Nemeslere hüjüm edip bir zarbada dargatdylar.

Bugün ýatlap ýowuz geçen şol uruşyň yzasyny,
Pederleriň watan üçin başyn goýan günlerini.
Gadryn bilip şu günleriň, pena çykyp ýaşatmaly.
Ýowuz günleň güllesinden halas bolan güllerini.

Hazar Rejepow 04/05/2012