Halkyň Halasgäri-Poyemasy! Baha bermeňizi haýyş edýärin!

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Halkyň Halasgäri
Ot içinde urunýardy watanym,
Suwy zordan ogurtlaýan hassa dek.
Köçelerden ýygnanypdyr adamlar,
Ümsümlikdi öýler hemme ýasda dek.

Käbir guramalar kakýar heşelle,
Käbiri hem uzatýardy elini.
Türkmenistan nädip galkynar aýdyň,
Diýip gam basýardy türkmen ilini.

Watan gar dek erän ýaly gün-günden,
Basym gün nuruna bugarar bir dem.
Türkmen nalasyny hem buýsanjyny,
Zandynda kebşirläp ýugurar merdem.

Diýip köpi gören berýar teselli,
Ýöne çyny gören düşýär howsala.
Bütin ýurtda adam gara ýok ýaly,
Köçeler boşlukda yol imisala.

Daş ýurtda ýaşaýan kowumdaşlaram,
Üns berip garaýardy watana.
İç ýurtda ýaşaýan watandaşlaram,
Olar hem garaşýardy gadama.

Gadam bärde goltgy diýen manyda,
Bassyn indi çyn edermen gadamyn.
Halka hossar çykyp halasgär bolsun,
Bugün geleňsizlik ile gadagan.

Garaşsyz döwlet,Bitarap ýurt ol,
Diýen ady bardyr eziz watanyň.
Uly-uly işler bitirdik diýip,
Aýdyp tolgunup dur bagta ýeteniň.

Yöne käbir ýerde bolýar kynçylyk,
Ösüp barýan döwlet bolar beýle zat.
Mysal edip durup geçeliň diýseň,
Agzap bolar käbirini atma-at.

Galkynyş döwründen öňki döwürde,
Käbir ýagdaýlara bolardyk şaýat.
Halka ýakyn bolup sähel salymlyk,
Diňläp aýdyp bolar edeliň gaýrat.

Gatnamaýar obamyzyň ulagy,
Çet obada agtyklarym ýaşaýar.
Göresim geldide yola çykaýdym,
Diýip ýetmiş ýaşly ata haşlaýar.

Pagtanyň kilesi ujypsyz baha,
Şonda-da galyň bende garyň astynda.
Galan körekleri çöpleýar bir-bir,
Biçäräň habary yok sowuk kastynda.

Biri dur diýmeli beýle ýagdaýa,
Özem halka çyn arkadag bolmaly.
Halka görkezende özün gün kibi,
Nury halkyň dünýasine dolmaly.

Hormatly Prezident işe başlanda,
Türkmen halky bir uludan dem aldy.
Heşelle kakýanja bilimsekleriň,
Hinine suw gidip sesi sem boldy.

Gaflat ukysyndan oýandy halkym,
Dünýäde türkmenim öz ornun aldy.
İnternet ulgama birikdi ýurdum,
Halkyň hal ýagdaýy has gurgun boldy.

Meňä özüm ähli arzuwma ýetdim,
Sebäp arzuw etýän bolýar ol hasyl.
İrden şeýle bolsa ýagşy bor diýseň,
Agşam ýaýlymlarda şol kanun asyl.

Kömek pullar,pensiýalar köpelyär,
Baştutana alkyş aýtýar garrylar.
Ýaşlar minnetdarlyk sözlerin aýdyp,
On ýyllyk bolan mekdebe barýar.

Ýokary mekdepler baş ýyllyk bolup,
Rahat okamaga şertler döredi.
Halkyň keşigini göterjek ärler,
Ylym ojaklarda mertler döredi.

Sirk jaýynyň ak mermerden binasy,
Ýüregi joşdyryp salýar heýjana.
Atlar depirjikläp görkezýär oýun,
Hereketler öwüşgün çaýýar giň jaýa.

Kinoteatra barýar kino söýýänler,
Opera-baleta aşyklar üýşüp.
Diňläp otyr dünýaň klasikasyn,
Haýran galyp oýna,has öňe süýşüp.

Zamana owadan,ýurdum owadan,
Halkyň goltygyndan galdyrýar çyn är.
Ýurdum ýaşyl öwsüp janlanyp barýar,
İdegi ýetýänje misli bir çynar.

Gymmaty on esse artdy pagtanyň,
İndi her ojagyn bardyr ulagy.
Ýanyp dur ojagy mawy gaz bilen,
Kömürden, odundan dyndy gulagy.

Haýran galýar başyn ýaýkap daşýurtly,
Gazy-togy nädip mugta berip bor.
Gözellikleriň sakasyny açyga,
Tarap çyn ýürekden pugta burup bor.

Ýeriň mugt, gazyň mugt ýakjak togyň mugt,
Gazananyňy bezeneniňe beriber.
Bu döwletä ertekiler dünýasi,
Prezidenti Hatamtaýa barabar.

Öňler pagtaň pulyn durup hatara,
Alardyk ertirden agşama çenli.
Onda-da pul haky ýetse ne yagşy,
Ýetman esli adam almazdy oňly.

Diýen bir yaşulyň gamgyn ýüzünde,
Bagtyň uçgunlary bolýar-da peýda.
İndi banka baryp aly bermeli,
Halky Arkadagdan köp gördi peýda.

Bir okuwçy galdyrdy-da elini,
Şeyle diýdi: “Bir zat aýtjak mugallym,
Ähli film daşary ýurt dilinde,
Türkmençe terjime hiç tapmaz boldym.”

Mugallym galdyrdy-da agras ýüzüni,
Ýylgyrdy sypaýy elin owkalap.
“Dil baýlygyň kämilleşer okuwçym,
Gowy dälmi ýene bir dil gaýtalap.”

“Daşary ýurda gideniňde arkaýyn,
Şolaň özi ýaly gürlärsiň rahat.
Gatnaşyklar ýygjamlaşar ýurt ara,
Onsoň senem rahat,döwlet parahat.”

Okuwçy oýlandy,soňundan bolsa,
Şeýle diýdi:” Dil bilmäge garşy däl,
Ýöne öz yurdumda ene dilimde,
Çeper film görjek bu aýyp zat dal.”

Mugallym oýlandy içinden dymyp:
“Ýaylymlarda filmlerimiz türkmençe,
Ýöne ýazga alyp seretjek bolsaň,
Ýok film bu dilde gözleseň näçe.”

Türkmen dili mugallym geldi-de öýe,
Naharlanmak üçin geçdi saçaga.
“Watanda” diktor okaýar kanun,
Elin uzadanda çemçe-pyçaga.

“Ähli filmleri türkmen diline,
Etmeli terjime” diýýärdi kanun.
“Sagbol Arkadagym,Gahrymanymyz,
Beýgeldi ene dil,düzeldi mazmun.”

Tarypyny ýetirmeli watanyň,
Çünkü watan birdir,in eziz zadyň.
Öz yurduň gadryn bilseň ad alar,
Dünya nusga bolar,yol alar badyň.

Muny ýöne mazamlamak üçin däl,
Söýgin gursagyňda gaýnan çeşmede.
Ol çeşmäň gözi paýhasdan gaýtsyn,
Doýsun ylhamyndan ganyp teşne-de.

Watan arkadagdyr, Arkadag watan,
Olar bir birege aýrylmaz bagly.
Olaň saýasynda türkmen beýgeler,
Ylhamdan joş alýan gursagy çogly.

Türkmenistan bilen dünýäň arasy,
Ýüz göterim köpelipdir gatnaşyk.
Medeniýetiň merkezine öwrülýär,
Diýer türkmen: “Alçy gop altyn aşyk.”

Diýen zady bolup barýar ugruna,
Ata watan basýar oglun bagryna.
Uly işler rowaç aldy sen bilen,
Türkmen aňy ak un,taýýar ýugruma.

Ähli ýollar watan üçin açyldy,
Kötel ýollar kynlyk bilen geçildi.
Pahim parasatly dana Arkadag,
Halka söýgi bolluk bilen eçildi.

03.03.2012
Hazar Rejepow

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu yazgi ucin

  • Mirasymyz 1 telpek goyyar we yazyar: "Lider, tuweleme. Galamyn yiti bolsun. Gaty gowy yazypsyn."

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Sen Beyik Saparmyrat

Sen Beyik Saparmyrat Turkmenbashy hakynda hem goshgy yazypdyngmy?

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Tuweleme.

Lider, tuweleme. Sheydip Watanymyza guwanan adamlaram bolsun-a. Yurek joshgunyny goshga gechiripsin. Galamyn yiti bolsun. Goshga gownum yetdi.

Tuweleme Lider. Oz dilin

Tuweleme Lider. Oz dilin ussady bolmagam gowy zat... Berekella, Alla yardamjyn bolsun

Köp sagbolyn

hemmanize kop sagbolsyn aydyaryn! beren bahanyz menin garypja göwnüme azajygam bolsa teselli berdi

Howwa, Tmbashy hakynda-da

Howwa, Tmbashy hakynda-da shu shekilde bir zatlar yazypdy öydyän yalñyshmasam.

Aýdanyna gosulyan...

Hakyky adam gara ýok ýaly.Nirede bu .....

Elmydama agzybirlik!