Real Madrid Espanyol 5 - 0

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Real Madridiň soňky iki aýyň dowamynda La Ligadaky hemme oýunyny utandygam, Espanyolyň soňky bäş hepdede diňe bäş bal alandygam, iki toparyň arasyndaky soňky bäş oýuny Madridiň utanlygam bu oýunda kimiň utjagyny görkezýärdi.

Jose, sary kart jezalysy Pepeň ýerine Carvalho bilen başlanam bolsa birinji ýarymda goýberen ýalňyşlyklary sebäpli ikinji ýaryma Varane bilen dowam etdi. Carvalhoň Galatasaraya geçjekdigi hakynda myş-myşlar bardy. Şu ýagdaýdan soň hasam ynandyryjy gelýär. Edil Galatasaraya gitmese-de Real Madridde galmazmyka diýýärin. Indiden soň Joseň Carvalhony oýnatmajagy belli. Şeýlelik bilen iň bolmanda möwsümiň soňuna çenli Ramos sag gyra geçmez, netijede Arbeloaň başlangyç düzümdäki ýerini aljak adam ýok.

Kaka'ňam soňky oýuna garanda has gowy oýnandygyny bellemek gerek. Muňa 90 minut meýdançada galmagy, bir gol salyp iki assist etmegem şaýatlyk edýär.

Espanyola garşy köp gol salandygy bilen tanalýan Higuain ýene-de garaşylşy ýaly iki gol saldy. Ol möwsümiň başyndaky Espanyolyň meýdançasynda oýnalan oýunda-da hat-trick edipdi. Oýunyň heniz 40-njy sekundynda bolsa oýundan daşardaky ýagdaýda topy Özile goýman özi alyp örän amatly pursady puja çykardy. Oýunyň soňlaryna golaý bolsa ýerini Morata berdi.

Ronaldo bolsa liganyň gutarmagyna 13 hepde galanda 30 gola ýetdi. Geçen ýyl jemi 40 gol salyp goýan rekordyny bolsa ýene-de özi täzeläýjek ýaly. Ronaldoňam 58-nji minutda derwezeban bilen bir bire çykyp salyp bilmedik goly lapy keçlik döretdi.

Espanyolyň gol umydy Alvaro bolsa meýdançada 45 minut galdy we ýerini Sergio Garcia bermeli boldy. Umuman aýdanymyzda-da Espanyol, 6-njy minutda Romariciň uzakdan uran urgysyndan başga howp döredip bilmedi.

Gollar: Ronaldo 24' Khedira 38' Higuain 47' 78' Kaka' 67'

Sary kartlar: Carvalho 31' | Romaric 55' Forlin 57' J. R. Baena 83'