Real Madrid - Espanyol oýunyndan öň

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Şu gün agşam (04.03.12) Real Madrid Santiago Bernabeu stadionynda Espanyoly kabul eder. Real Madrid 64 bal bilen birinji ýerde, Callejonyň öňki kluby Espanyol bolsa 33 bal bilen dokuzynjy ýerde barýar. La Liganyň soňky bäş hepdesinde Espanyol 5 bal, Real Madrid bolsa 15 bal aldy. Şol oýunlarda Espanyol garşydaşynyň toruna 6 gol salyp, öz toruna 8 gol saldyrdy. Real Madrid bolsa 13 gol salyp, 3 gol saldyrdy. Toparlaryň soňky bäş hepdede geçiren oýunlary aşakdakylardan ybarat:

ESPANYOL
29.01.12 - Espanyol 1 - 0 Mallorca
05.02.12 - A. Bilbao 3 - 3 Espanyol
12.02.12 - Espanyol 0 - 2 Zaragoza
19.02.12 - Getafe 1 - 1 Espanyol
26.02.12 - Espanyol 1 - 2 Levante
REAL MADRID
29.01.12 - Real Madrid 3 - 1 Zaragoza
05.02.12 - Getafe 0 - 1 Real Madrid
13.02.12 - Real Madrid 4 - 2 Levante
19.02.12 - Real Madrid 4 - 0 Racing Santander
26.02.12 - Rayo Vallecano 0 - 1 Real Madrid
Toparlaryň öz aralarynda oýnan soňky bäş oýunynda bolsa Real Madridiň üstünligi bar:
12.09.09 - Espanyol 0 - 3 Real Madrid
07.02.10 - Real Madrid 3 - 0 Espanyol
21.09.10 - Real Madrid 3 - 0 Espanyol
13.02.11 - Espanyol 0 - 1 Real Madrid
02.10.11 - Espanyol 0 - 4 Real Madrid
Agşamky oýunda Espanyolyň iň howply ýaragy 18 oýunda 4 gol salan Alvaro bolup durýar. Real Madridden bolsa Espanyola köp gol salanlygy bilen tanalýan Higuain ýene-de üns merkezinde. Mourinhonyň kömekçilerinden Faria, Rayo Vallecano oýunynda emine nägilelik bildirenligi üçin agşamky oýunda tälimçiň ýanynda bolup bilmez. Faria, öňem Sporting Gijon hem-de Malaga oýunlarynda tribuna iberilipdi.

Ýene-de sary kart jezalysy Pepe, şikesli Benzema, Di Maria we Coentrao bu oýunda oýnamaz.
Real Madrid La Ligada bir aýdan uzyn wagtlap hemme oýunlary utan ýeke-täk topar hökmünde, oktýabr, noýabr, ýanwar we fewral aýlaryndaky bütin La Liga oýunlarynda ýeňiji bolan tarap bolupdy.
Jose Mourinho, Türk oýunçy Nuri Şahin barada bolsa has köp taýýarlanmalydygyny, şu wagtlykça Lass, Xabi, Khedira we Granero bilen dowam etjekdigini aýtdy.
Tälimçi, Rayo Vallecano oýuny barada bolsa, Rayonyň bir bal alyp biljek oýun oýnandygyny, emma Real Madridiň üç bal alandygyny aýtdy. Oýuna 300-e golaý janköýeriň gelmegini bolsa, "Oýun Bilbaoda ýa-da Malagada oýnalmady. Madridde oýnalan oýuna beýle az janköýeriň gelmegi düşnüksiz" diýip tankytlady.