"Hayyrly gurle, ya-da gurleme"

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Yene-de bir zatlar aytmak islegi pespallik duygusyndan one gecdi, gecdi-de barmaklarym su mowzuga esas boljak zatlary yazmaga baslady, ellerim ikisem asak tarapa, oykeli halda barmaklarym haydayar, goya menin yuzume arkasyny owurmek bilen mana "sen bu zatlary yazmak isleyanligin barada cunnur oylandynmy, ozuni gorkezmek niyetin bilen yazmayanyna eminmisin?" diyip sorayan yaly. Gozlerimem yadaw, yarym acyk bir monitoryn yuzune, bir klawiatura seredyar, maksady barmaklara komek etmek, ellerimi we barmaklarymy yeke goymasyzlyk, basga maksady yok, goya yadawlygy bilen menin dusunjelerimden elli bizardygyny aytmak isleyar. Aklyma-da su wagt hic zat gelenok, name yazjagymy bilemok, goya dusunjelerim menden bizar bolup, hic zat aytmak islemeyar. Dusunjelerim menden bizarmy, ya men dusunjelerimden bizarmy? Kellam bulasdy. Uzakly gun su agzalarym bilen ursup gecyan. Bir zady tutjak bolsam, suny tutayynmy diyyar (edil kompyuterin bir zady pozjak bolsan, ya uytgetjek bolsan, ya yapjak bolsan OK-mi, Cancel-mi diyip sorap dursy yaly). Gozlerim her seredende basga zat tapmadynmy diyyar, ayaklarym atjek bolsam adeyinmi diyyar, bir zat gurlejek bolsam dilim dodaklaryn acyldymy? meni ulanjak bolsan ilki solary ac diyyar, dodaklarymy acandan sonam dislerinem acylmasa men gurlejek dal diyyar, bir zat diyyancan 2 gezek oylandyryar. Magsarda agzalaryn sana garsy sayat bolup gurlarler diyilya welin, sular oz hal-hereketleri bilen su dunyade hem gurlejekler, bu gun men olaryn adyndan gurleyan, ertir bolsa olar menin adymdan gurlarler. Bagyslarsynyz, temanyn dasyna cykyp gitdim, tema baslanymdan butin agzalarym hujume gecdi.
Howwa, asylky niyetima doly bilemok welin, su gunler, su aylar, su yyllar yurek gysyar, dunyam daralyp baryar we gunlerde bir gun dolup dasyan-da pure-pur bolan kasanin suw dokusi yaly, icimdaki duygulary dasyma dokuberyan. Maksadym belki jahanda beyle hasrat ceken yeke men daldirin, belki yene biri sergezdan gezip yorendir, belki duygularyma dusunen tapylar diyen umyt bilen dusunjelerimin dasyna dokulenje mukdaryny hem dusnuklirak dilde yazmaga calysayyn diyip haydap otyryn. "Syryny pas edene ygtybar yok" diyyarler, bu dogry, emma men ozumi syr halkyndan hasap etmeyarin ahyry. Mende syr name ishlesin. Yekeje syrym bar, ol hem ozumin cirkinligimi gizlemage calysyanlygym. Howwa, cirkinligim bir syr bolsy yaly, gizlemage calysmagymy hem syr diyip saklap yordum. Ynha indem aytdym oturyberdim. Gizlemage calysyardym. Gizleyanimi hem gizlemage calysyardym. Gizleysimden anarlar diydim, gizleysimden syzarlar diydim. Gorsuniz yaly bu kopek pynhanlyk eyesi dal. Ey kopek, senin duygularyn kime gerek, senin pikirlerin kime gerek?
Men yalnyz diysem eziz dostlarymyn wepasyna garsy haksyzlyk bolar, olary ynjytdygym bolar. Emma duygy we dusunjelerimde yalnyz diysem yalnysmazmykam diyyan. Su yalnys duygylarymdan we garanky dusunjelerimden elli dal elli mun bizar. Menem basgalar yaly dusunsedim, ki basgalaryn arasynda gezer yaly, dost-yarlarymyn dusunjelerini paylashsadym, dine ozuminkini dogrydyr diyip yorman. Oz derdimi unutsadym, milletimin derdini paylasar yaly. Emma gel gor ki, ozumden halas bolmagy basaryp bilmeyarin.
Yene-de bir gezek bagyslarsynyz. "GURLEJEK BOLSAN HAYYRLY ZAT GURLE, HIC KIME PEYDASY DEGMEJEK ZATLARYN BILEN BASGALARYNYN WAGTYNY ISRAF ETME, AYTJAK ZATLARYN HAYYRDAN MAHRUM BOLSA, YA OZUN SHER OGLY SHER BOLSAN ONDA SOZLERINI YUWDUP GEZ". Howwa, bir sarpygyn ucin sarpyk iyen adam ertirki gun dawa acmasy yaly, senin biderek sozlerini dinlan gulak, okan goz sana garsy dawa acyp biler. Oz agzalaryn dawasynyn onunde durup biljek halyn yokka, yuzlerce we munlerce gozlerin we gulaklaryn dawasynyn asagyna girme.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu yazgi ucin

  • akgül 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

...

Dost name hakynda yazanyngy sorasam ayyp bolmaza.

Bashlyk dost! Men ozumden basgany ayyp bilmeyarin.

Bashlyk dost! Muny soramagyn ayyp dal, aslynda bu menin garasyan soragymdy. Sebabi kop adamyn mana dusunmeyandiginden habarym yok dal, oz pikirlerimi acyk we dusnukli beyan edip bilmeyandigimi hem bilyarin.
Bir hakykata durli tarapdan bakyp bolyar, durli tarapdan sol bir hakykata baryp bolyar. Men "Hayyrly gurle, yogsa dymyp gez" diyen gowherlere gaplamaly bir sozun ustunde durup gecmek isledim. Bu hakykata, biderek gurlemegin zyyanlary hakynda, beryan menfi netijeleri hakynda aytmak yaly; ya-da oz wagtyn hem-de basgalaryn wagtynyn azlygy we bos gurlap wagty zayalamak tarapyny gorkezmek yaly; ya-da hayyrly gurlemek name, serli gurlemek name dusundirmek yaly taraplardan yakynlasyp bilerdim belki. Emma bu mowzukda bu hakykata beden agzalarynyn haklaryny ele almak arkaly yakynlasmaga cemelesdim. Mende basarjanlyk diyen zat yok, dusundirmek islan zadymy basarandyryn hem oytmeyarin. Emma islesen sen dine mowzugyn adyny hem-de in sonky abzasyny okap bilersin. Seytsen dusnuklirak bolar we arasyndaky menin dusnuksiz duygularym we artykmac sozlerim seni bulasdyrmaz diyip umyt edyarin.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • akgül 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"