"OMRUME PENT"

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

OMRUME PENT
Şahyr! Şahyrlygyň çyn bolýan bolsa,

Sönüp, ýanyp, ýene sönüp, ýanyp git.

Ynsanlyk ýazgydyň çuň bolýan bolsa,

Gara ýere çümüp,

çykyp,

çümüp git.

Hem akyl ber, hem iliňden akyl al.

Kitapdan däl, gara ýerden nakyl al.

Alan zadyň demiň bilen ýakyp al,

Soň ýene-de ýeriň süýdün emip git.

Dag ýoluna, çöl ýoluna belet bol,

Dag ýlounda—çat açmaýan polat bol.

Çöl ýolunda—tirkeş-tirkeş bulut bol.

Teşne görseň, dodagyna damyp git.

Ýol agyrdyr:müň ýanylar öçüler.

Bagtly ýollar kynlyk bilen geçiler.

Ýel ygyna şaglap gitse geçiler,

Sen öküz dek

ýele garşy yňyp git.

Bagt paýlansa üç baýlygy ilki al:

Ylgap baryp saglyk bilen erki al.

Ýany bilen çuwal-çuwal gülki al

Soň tapylar, galan zady zyňyp git.

Dost paýlansa „Äber!” diýip gyssanma,

Alaňdan soň—gysgaltma hem gysgalma,

Dileg etse–

gözlerňi hem gysganma,

Birin ber-de,

biri bilen oňup git.

Ha çaryk geý,

Ha çokaý geý,

Telpek geý—

Parhy ýokdur: geýseň bolar erkek deý.

Ýöne welin şypbyldama çepek deý.

Aýna gonçly ädik ýaly doňup git.

Gözelligi

sor bagryňa, öýkenňe.

Söýülseň söý, söýülmeseň süýkenme.

Söýgi hem goşgudyr! Kişä öýkünme,

Öz möhrüňi, öz közüňi goýup git.

Ýeňip ýaşa: ahyrda ýeň, başda ýeň,

Tomusda ýeň, ýazda, güýzde, gyşda ýeň.

Söýgiňde ýeň, gaýgyňda ýeň, işde ýeň—

Bir

oguldan

ýeňilip hem ýeňip git.

Ýeňsin ogul

dil bilen däl, iş bilen,

Seňkä görä has ýitiräk huş bilen.

Aýak däl-de, parasatly baş bilen

Ýeňse ogul—

gözüň rahat ýumup git.

Gözüň sürtüp merhum enäň alnyna,

Bir aglapdyň. Indi beri aglama:

Öz balaňy eliň bilen jaýlama,

Nobatyňda mele ýere sümüp git.

Dünýä gelmegiň-de

nobaty ýagşy,

Ýene ölmegiň-de

nobaty ýagşy.

Men diňe bir zatda nobata garşy:

Dost öýüňde islän çagyň gonup git.

Başarsaň –köplügiň içine garyş,

Tanyşdan dost tutun, ýatlardan—tanyş.

„Žiguliň“ içinden gözleme durmuş,

Köplük bilen awtobusa münüp git.

Köpelsin öýüňde ýürekdeş myhman—

Ýary işçi bolsun, ýarysy daýhan.

Elbetde, alymam, şahyram hökman.

Üýşüp, çaşyp,

çar tarapa eňip git.

Şeýle dostlar bilen gezseň birsellem—

Ýetersiň iň uly matlaba çenlem.

Gadamyň giňden ur!

Entekler ellem

Hol öňde-le. . . Ýaş hakynda dymyp git.

Haly wagtyň meňzemegin kilime,

Diri wagtyň gyssanmagyn ölüme.

Öçen wagtyň öýkünmegin çilime—

Içi közli ojar ýaly sönüp git.

Ýene bir söz (magtanmak däl, öwüt däl):

Mazaryma daş oturtmak sargyt däl.

Mele ýeriň astynda-da daş gyt däl,

Bakylyk şol:

Şol daşlara siňip git

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Howlukma!

Howlukma!

Ey adam...
Dunyade gerekdir bize her zadam.
Dunya ilki gezek basypsyn gadam
Ilki hem belki-de in sonky gezek.
Pikirlenme bu bir gurulan duzak.
Duzak dal, bir synag, bir saylaw yeri,
Ynsan bolmak ucin synagam gerek.
Durmusda umytdan dusmage derek,
Gores! Emma bu nahili gores?
Sabyr et, cyda hem sonuna garas,
Ozuni yenyancan, ozunden bir garys
Daslassan baslandyr beklenen yenis.

Dowamy bar...

Sabyrsyzlyk bilen dowamyna garasyas.

Sabyrsyzlyk bilen dowamyna garasyas.

Soz ussady Kerim aga yaan yerin yagty bolsun!

Yazanyn pent bolup kalbyma dusdu.