Hekaya

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Adamlaryn birisi oran merhemetlimis. Adamlara gaty hormat goyarmys. Her kimin hak-hukugyna dykgat edermis. Bir zat bolmeli bolanda her kime dusen payy den berermis. Amanada hyyanat etmezmis. Her kim amanat zady bolsa, saklamaga ona ynanarmys. Her kim bolmeli zady bolsa hem ona eltip berermis. Edyan yagsylyklary ucin hem hic kimden hic zat almazmys.
Gunlerde bir gun olaryn mahellesine bir natanys yat adam gelipdir. Gorse oba parahatcylyk, her kim birek birege hormatly, gadyrly. Ol bu zatlary gorup gaty begenipdir. Sonra ol adam birinden sorapdyr: “bu mahellanin yasulysy ya hormat goyyan adamsy kim” diyip. Ol adam: “Pylan yerde yasayan pylany” diyip sol merhemet eyesi adamynyn oyuni salgy beripdir. Sonra yanky natanys adam ony gormage barypdyr, gorse her kim ona bir zatlar ertip oyunde goyup gaydyar. Ol hem getirilen zatlary alyp bir yere yygnap dasyny gulplap goyyar. Ol bu zatlary genirgenip: “Bu adam halkdan oz bahbitleri ucin mal yygnap, basyp goyyar, ol bu ilaty aldap, olaryn baylyklaryny ellerinden alyar, men bolsa bu adam hakynda hormatly, merhemetli bir adam diyip esidipdim. Eger bu halk sunun yaly zalym adama merhemetli diyyan bolsalar, bu adamlar ya akylsyz bolmaly, yada bulary bir zat bilen gorkuzyp saklayandyrlar” diyip pikir edipdir.
Ol birden yanyndan gecip baryan hem-de ol hormatly adama elinde bir zatlar akidip baryan bir adamyny saklap: “dur, nira baryan, ol adam kim, elindakileri name ucin ona alyp baryan, ol zalym sizi aldap malynyzy elinizden alyar, siz aklynyzy yitirdinizmi butin baylygynyzy oz eliniz bilen ona eltip beryaniz.”
Ol adam ol natanysa yuzlenip: “men birnace wagtlayyn bir yere gitmekci, bu zatlary saklamaga oyde adam yok, obamyzda welin su adamdan ynamdar adam yok, ol her kimin malyny yekeje zerresinem kem etman yzyna gaytaryp beryar. Men eyyam onlarca gezek ona malymy amanat goyup gordum. Bu hormatly adam ne senin pikir edisin yaly zalymdyr, ne-de bu goryan adamlaryn akmakdyr. Aklyny yitiren biri bolsa o da sensin, sunun yaly amanata hyyanat etmeyan emin bir adam zalym diyyan bolsan, senin aklynda bir kemcilik bolmaly”
Ol adam eden pikirlerinden we diyen sozlerinden utanypdyr. Gidip o merhemetli adamdan otunc sorapdyr.
Kyssadan gysga:
Alemlerin Serweri Hatemul Enbiya bolan pygamberimiz Muhammed-ul-Emini tanamayanlar (aleyhi elfu elfi salatin we selam); hem maide-i semaviye bolan, hakykatlar magdany, alem kitabynyn terjimesi we tefsiri, kelam-y ezeli bolan hem-de esma-i Ilahiyyenin in a’zam mertebesinden gelen Kurany mugjyzul beyana dusunmeyanler; Yslam dinini we onun getirenlerini we ulumu aliyeyi islamiyeyi bilmeyanler gynansakda aramyzda tapylyp dur. Tanamaynlyklary ucin hem dil yetirmage duryarlar.
Ey Kuranyn getiren hakykatlaryna yat bolan adamlar, ey, hidayat Gunesi Hz. Muhammet Mustafany tanamayan ynsanlar, ey, her durli zulumdan we haksyzlykdan uzak bolan dini mubini Islamy bilmeyan gadyrdanlar, men sizi ilki bilen bulary tanamaklyga cagyryaryn, eger muny-da edip bilmejek bolsanyz, in azyndan olara dil uzatmazlyga cagyryaryn.

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Ýeri Gögu Tutdy Ady!

Kelbuh! Sagbol mowzugyna, Allah bizi Hezreti Muhammet Aleyhiselama gonsy etsin.

Thomas Carlyle:"Adamzat Hemme zatdan beter Hezreti Muhammet Aleyhiselama gulak asmalydyr. Galan butun sozler bolsa Onun garsysynda bosdyr"

Aleksi Lewazon: "Ol Allah tarapyndan iberilen Hak pygamberdir"

G'la Faytt: "Ey Shanly Arap! Sen Adalatyn hut ozune dusupsyn"

Reymons Lorenge : "14 asyr gecsede Hezreti Muhammet Aleyhiselam zamananyn yeketak yol gorkezijisi hemde Resuludur"

Meshur Sasiolog V.D. Eratsen: "Dogrymy Aytsam ozum Hezreti Muhammet Aleyhiselam'yn HAYRANY"

Prof Jules Masserman:"Butun Zamanalaryn in beyik Lideri Hezreti Muhammet Aleyhiselam"

Lew Talstoy: "Hezreti Muhammet Aleyhiselam sylag hormata artykmajy bilen layykdyr"

Gibson: "Hezreti Muhammet Aleyhiselamy soymeyanler Ony tanamayanlardyr"

Dosteyewskiy: "Beyik Yslam Pygamberi Beyik Yardyjynyn huzuryna cykypdy. Men Mag'raja butun kalbym bilen ynanyaryn"

Prens Bismark: "Senin asrynda yasamadygyma cunnur gynanyaryn Ey Muhammet! (Aleyhisselam). Kur'an Allahyn kitabydyr. Adamzat entek senin yaly ukyby bir sapar gordu gaytalabam gormez. Men Senin onunde hormat bilen tagzym edyarin."

Shebol: "Muhammet Aleyhisselam Ynsan bolony ucin, Adamzat owuner."

Bernard Show: "Men bu Hayrana goyyan adamyn omru bilen gyzyklandym. Menin pikirimce Ony Adamzadyn halasgari diyip tanamalydyrys."

Knematirul: "Hemme kisninin aytmaga cekinyanzadyny men diyyarin -Muhammet Aleyhisselam hic bir adam bilen denesdirip bolmojok derejede beyikdir."

Ol Yerde Gokde Owulen Hezreti Muhammet Aleyhisselamy dowrunde-su dowurde, on-son, Tanayan-Tanayanlaryn, Dost-Dusmanlarynyn owgulerinide goyjak bolsam Ence DASITANY GAZALLAR bu yere sygmazdy.

Ýalançyny tutdy ady,
Olardyr yşkyň binýady,
Mejnun Leýli perizady
Söýen dek söýmüşem seni. (Magtymguly Isan)

Aleyhisselati we Ssalam we Ala Alihi we esahabihi ejmaiin