Raúl González Blanco ÇL-de näme etdi?

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Real Madridiň öňki 7-ligi, Raúl González Blanco, Çempionlar Ligasynyň taryhynda iň köp gol salan oýunçy. 1999-2000 möwsüminde bu ada eýe bolan Raúl, 1997-98 möwsüminden bäri bu ligada oýnaýar. Şu wagt 71 goly bar. Real Madrid köýnekçesi bilen 66 gol salypdy we geçen möwsüm Gelsenkirchende ýene 5 gol saldy. Henizem oýnaýan futbolçulardan iň ýakyny Milanyň Filippo Inzaghisi. 46 goly bar we umumy sanawda 5-nji ýerde. Emma olam edil Raúl ýaly bu ýyl Çempionlar Ligasynda ýok. Palermodan gelen Antonio Nocerinony 25 adamlyk düzüme sygdyrmak üçin Inzaghi çykaryldy.
Messi 37 gol bilen 7-nji. Meň pikirimçe Raúlyň tagtyna geçip biläýjek ýeke-täk adam. Çempionlar Ligasynyň başlan ýyly 1992-93-den 1999-2000-e çenli Alessandro Del Piero tagtdady. Ýöne 2000-nji ýylyň 24-nji maýynda Valencia bilen oýnalan finalda Raúl 21-nji goluny salyp tagta çykdy. Del Piero bu ady Jari Litmanenden alypdy. 1997-98 möwsüminde Çempionlar Ligasynda 10 saldy we 20 gola ýetip Litmanenden 2 gol öňe geçdi. Litmanen bolsa baýdagy Hristo Stoitchkovdan alypdy, onda-da Bolgar oýunçy 1993-94 we 1994-95 möwsümleriniň soňunda birinjidi.
Raúlyň tagta çykan sezony 1999-2000 möwsümi onuň hem iň köp oýun oýnan ýyly hemem iň üstünlikli oýnan ýylydyr. 15 oýunda 10 salypdy. Aşakdaky suratda Çempionlar Ligasynda eden işlerini görüp bilersiňiz.
http://4.bp.blogspot.com/-Ge6n8gtPOYk/TmZGb0xAooI/AAAAAAAAVjs/zh2yydvqG_o/s320/1.jpg

Çeşme: http://sagdancepe.blogspot.com/

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Bäh, Messi ýene şuwagtky

Bäh, Messi ýene şuwagtky salanyçarak salmaly boljakda. Barsa geçen oýunam-a deňe-deň oýnady, öz çempionatynda. Realam mundan peýdalanyp 4-2 utdy, Getafeni.

URL=http://imageshack.us/phot

Uploaded with ImageShack.us

Uploaded with ImageShack.us

Uploaded with ImageShack.us

ImageShack.us

Wah şu ImageShackden goýlan bolsa görüp bilemokda.