Dynç günleri gyzykly geçirmek

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Salamwaleýkim gadyrly tmolympiýadyň okyjylary we ýazyjylary! :-) Gyzyklanyp okaryn diýseňiz dynç günlerini gyzykly geçirmek barada ýazasym geldi. :)

Köp adamlar dynç günlerine sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar, şol güne ýetenlerinden soňam köplenç iki zat bilen meşgul bolýarlar, ýagny uky bilen telewizoryň öňünde ýatmak ýa-da oturmak. Ýok! Geliň üýtgeşiklik girizeliň :)

Ýagdaýa görä kiçiräjik (bir günlik) gezelenç etmek, ýagny, başga şäherlere ýa-da etraplara, taryhy ýerleri bilen, ýaşaýjylary bilen tanyşmak.

Dogan-garyndaşlaryňyzda myhmançylykda bolmak ýa-da ýegendir-jigileriňiz bilen zooparka, parka aýlanmak. Ýa-da olar bilen köpçülik bolup (bar bolsa proektor ýa-da uly ekranda, kompýuterde) gyzykly film görmek. Ýene bir mysal, garyndaşlaryňyz bilen ping-pong oýnamak, tennis ýa-da adam sanyna görä futbol ýaryşyny guramak. :) Üýşüp şaşlyk bişirmek hem wagtyň has gyzykly geçýär. :)

Eginjigiňe rýukzagyňy atyp dostlaryň bilen daga gitmek (alpinizm). Ýa-da, buzly köşkde gyzykly wagtyňy geçirmek.

Fotoapparat bar bolsa, şäherde gezelenç edip ýörkäň gyzykly pursatlary surata düşürmek we ol pursatlary biz bilen paýlaşmak :)

Sebäpsiz, ýöne keýpine dostlaryňy myhmançylyga çagyrmak.

Şular ýaly mysallar bilen durmuşyňda pozitiw döretmek, begenmek, pursatdan peýdalanyp taze iş gününe başlamak we özüňi pozitiw duýmak hasam gyzykly bolsa gerek.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu yazgi ucin

  • akgül 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Bu biraz adamalryn

Bu biraz adamalryn hasiyetine baglymyka diyyan. Yagny, adamyn sociable bolmagy bu "gyzykly gechirmek"de tasirli.. Eger adam asylam kan obshitelnyy bolmasa, garasoymezek bolsa onun uchin in idealnyysy oyunde otyrmagy bolmagy mumkin we beyle senin agzan charelerin ona dynch almakdan beter mucheniye yaly gelermika diyyan..

Ýagdaýa görä özümem

Ýagdaýa görä özümem käbir dynç günlerini çaý-peçenýe bilen filmleriň başynda geçirýän.

Hemem goshmacha aydasym

Hemem goshmacha aydasym gelyani, oglan bolsan ansadrak beyle dynch almak. Gyz bolsan we ishleyan bolsan otduh gunini mumkin boldugycha oyun ishleri bn gechirmeli bolyan. Eger yashayysh shertlerin kynyrak bolsa hem ishin shoncha kop bolya. Yagny kir yuwmak yaly..
Yone yenede adamlar bn gatnahsykda bolmak adamyn psihologiyasy uchinem peydalymyka diyyan, adam yeke kop galmasa gowy. Shonun uchin hemme ishlerini 6njy gun agshamdan gutarmak bir chozgut bolup biler..

Öýüň işlerini diňe

Öýüň işlerini diňe dynç günlerini ýetirip durman, beýleki günlerde ediberseňem bolarmyka diýýän. Dynç gününe sabyrsyzlyk bilen kir ýuwmak üçin garaşýan ýaly bolup ýörmän :-)

Olam bir chozgut :)

Olam bir chozgut :)

Wah, men çaga zooparkada,

Wah, men çaga zooparkada, kinoteatrada, buzly köshgede gitjekle welin, Maryda beýle zatlar ýokda :-(

a tak gowy teklip. Maryda nirä gidip bolar: Soltan-Sanjar mawzoleyine, köne yadygärliklere aý ýöne men-ä olañ taryhynam ýat tutdum eýýäm :-)
taaak ýene nirä gidip bolar hä Maryñ parkyna gidäýmeseñ, sho taýda derýada aýlanar ýaly katamaranlar bar, parkyñ içinde tennisnyý kort bar, wiý parkda ýene bashgada karuseller bar. Ýöne oña jiglen, ýegenleñ bilen gitsen bolar. A tak bashga bashga hmm bashga zat ýok.

Bazar guni dynch almak uchin

Bazar guni dynch almak uchin 6 gun ishlenyar, pensiya chykanson dynch almak uchin chagalary terbiyelap ishlap pul, mal, jay diyp 60 yashyna chenli ishlenyar aslynda dynch almak uchin ishlamizok ishlemek uchin yashayas. Yashamak name? Adamdan adama uytgeyar yashamagyn manysy, kabirlerine ishlemek, kabirleri uchin hezillik edip aylanmak, kabirleri bir onum miywe yz goymak kitap yazmak, mekdep gurmak, adamlara millete hyzmat etmek, kabirleri ybadat etmek. Dushunjeler kino,tw,internet yoly bilen dashardan import edilyar. Dushunjeler esasynda da yashayysha many berilyar. Birileri kariyera birileri mashgala birileri soygi. Bizin milletimiz bazar gunine ayratyn bir kultura yuklemandir. Bosh duran yeri birileri doldurar. Muny ozumiz import edilmedik zatlar bilen doldurmaly. Shonda 25 yyl sonky nesiller bazar gunini tefekkur, ybadat , ryyazat, itikaf, rabitayi mewt, nasyhat, rahmet, magfiret esasly medeni chareler gechirerler. Meselem bir muzey pikir edin ichinde kosmosyn harytasy kicheldilip 3D we bir panoramic shekilde adamlara gorjezilse, sadakalar jemgyyetde , dogan garyndashlary zyyarat bolsa shahsy durmushda bereket getirer. Mezarlyklara hassahanalara gidilse rabitayi mewt yagny olumi yatladar, in uly nasyhat olumi yatlamakdyr diylishi yaly. Itikaf, ryyazat nebsi terbiyelar.geljekki nesillere begenyan

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • selbishkam 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

ine munyň başga gürrüň

Iň aňsady ýanyňa ir-iýmiş alýaň we niredesiň klasdaşlar, kursdaşlar we gullukdaşlar diýip ýola düşýäň.

Türkmenistanyň görülmedik ýerlerine gitmegem gyzykly ýöne oňa gowja taýýarlanmaly bolar. 2 günläp däl-de 10 günläp gidäýseň şu Köýtendag taraplaryna gitmeli bir gün.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Kennedy 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"