Zehin we ukyp

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Salam tmolympiad.org saýtynyñ agzalary!

Men bärde täzeligimi aýdyp oturmagyñ zerurlygy ýokmyka diýýän. Men Üljegül, bu ýazjagym hem bu saýtdaky birinji mowzugym bolar.

Geleliñ onda asyl tema.
Türkmençilikde köplenç bir adama "zehinli" ýa-da "zehini dash ýarýar" diýilmegini eshidýänsiñiz. Bu haçan diýilýär, haçanda dogrudanam bir adamyñ zehiniñ güýçliligne göz ýetireñsoñ diýilýärmikä diýýän.

Ýöne ýene bir zat: adam ukyplam bolup bilýär. Köplenç shu ukyp bilen zehiniñ ýerini çalyshýarlar.

Ukyp-bolanda, haçanda adam hemmetaraplaýyn köp zady basharmagyna diýilýärmikä diýýän.
Zehin-bolsa, Alla taraplaýyn berilýärmikä diýýän.

Geliñ shular hakda ashakda pikir alyshalyñ.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu yazgi ucin

  • kab 1 telpek goyyar we yazyar: "Pikirlendirýär!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

teoriýa we praktika

Ine, meselem, bir adam teoriýa ökde bolýar we praktika gezek gelende başarnygy pes. Beýleki biri bolsa tersine, teoriýadan oňat baş çykaryp bilenok, ýöne praktiki tarapdan saýlanyp dur. Sen şuny aýtjak bolduňmy?

Hmm...

Zehinli adam logiçeskiý pikir edýär, ukyply adam tejribesine görä ukyply bolaýmasa :-)

Ukyp diylen zadyn arkasynda

Ukyp diylen zadyn arkasynda emeli zehin bolyar. Zehin durli durlidir. Matematik zehin, muzykal zehin, edebi zehin, suratkesh zehni, praktik zehin yagny emeli zehin..sosiyal zehin. Bu zehinlerin her biri adamda bir tarapdan ukyp gazandyryar. Yone halkyn dilindeki ukyply diylen wagty emeli zehin esasynda bilgilerini emele ashyryan adam nazarda tutylyar.

To yest

Ýagny, zehin bilen ukyp bir zatda?

Yok

shamick wrote:

Ýagny, zehin bilen ukyp bir zatda?

yok bir zat dal, zehin bir agach diysen ukyp shonun miwesi

Başdaky kesgitlemeler bilen

Başdaky kesgitlemeler bilen ylalaşmak kyn. Dogrymy aýtsam, türkmen diliniň saýhally şekilde ylmy alynmagy gerek. Bolmasa hakykatdanam kyn, men iňlis diline terjime edesim gelip dur şulary, tapawudyna düşünmek üçin. Ýogsam ene dilim türkmen dili.

Zehin=talent bolýarmy intelligence? Ýagny zehinli diýmek talantlymy? Ýa talantly diýeniň ukyply bolýarmy?

Men öz düşünişimi aýdaýyn. Zehinli çagalar mekdebiniň orsça terjimesi Şkola odarennyh deteý bolýar öýdýän, diýmek, eger orsça terjimesine ynansak, Hudaý tarapyndan berlen bir talant, belli bir ugurdaky güýçlilik. Bu hem praktiki hem teoretiki bolup bilýär, tapawudy ýok.

Ukyply diýleniň bolsa umelyý, ýa-da iňlisçe able ýa-da potent (derrew ters düşünmäliň ;) ) bolýan ýaly. Ýagny bir azajyk praktiki tarapa gidýän, şol bir wagtda hem tejribe bilen, işläp gazanylyp bolunjak bir ökdelik ýaly belli bir ugurda.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Menin tema dushunishime

Menin tema dushunishime gora,
Zehin = intelligence
Ukyp = talent
bolmaly.

Menin uchina ikisi hem gerekli. Yone ikisni tereza goyanda men pikirimche zehin has gerekli, sebabi ukybyny has peydaly shekilde ulanmak uchin zehin hokman gerekli.

söz manysy boyunça zehin

söz manysy boyunça zehin beyin bilen baglanyşykly, ukyp bolsa bir işi etmane bolan ukybyn yagny el ayak bilen baglanyşykly yagdaymyka diyyan. elbetde ikisininem praktikada bir-birine tasiri bar.

ýaman meňzeş

Zehin bolsa kelläň beýniň güýji bolýan bolmagy mümkin. Ukyp bolsa eýýäm zehin goşmak bedeniň başarýan zatlary bolaýmasa.

Eger Hudaýtarapyn diýen gürrüňe gelmeli bolsa, onda hemme zat Hudaýtarapyndyr. Sebäbi zehiniňem (nerw öýjükleriniň) we ukybyňam (beden dokumalary, muskullar) aňyrsynda biologiýa ýatyr. Dine ynanýan adam munuň ikisiniňem owalbaşda adamyň ýaradylyşyndan gaýdýandygyna ynanmaly. Hudaý eger bir zady ýaradan bolsa onda hemme zadam ýaradandyr. Bir zad-a Hudaýtarapyn döräp galan zatlaram öz-özünden dörän bolup bilmez.

Hudaý tarapyn diýilse

Hudaý tarapyn diýilse hökman beýleki zatlar başga biri tarapyndan berilen diýmek däl. Meselem aýdaly men dil öwrenjek bolýan diýeli, senem dil öwrenjek bolýan. Indi sen Hudaý tarapyn dil öwrenmäge ukyply bolsaň menem däl bolsam onda şol ukyby Hudaý maňa azrak beripdir diýmek. Elbetde hemme zat Hudaý tarapyn. Ýagny diýiljek bolýan sen Hudaý tarapyn ukyply, men bolsa Hudaý tarapyn ukypsyz/az ukyply.

Hudaý haçan az ukyp beripdir?

Hudaý haçan az ukyp beripdir? Sen doglaňdamy ýa orta mekdebi gutaraňdamy haçan?

Başdan, dogulanymdan

Başdan, dogulanymdan diýeli

dogulanda haçan

Meselem A adama Hudaý ukyp beripdir diýeli, şony doglanda beripdirmi (ene garnyndan çykanda) ýa-da çaga ene-atadan tohum alyp dörände (ýagny tohumlanma bolanda=çaga galanda) ýa-da her ene-atanyň içindäki tohumlyk öýjük (ýumurtga we sperma) dörände beripdirmi?

Şularyň haýsysy?

Aslynda zehinin gornusunin

Aslynda zehinin gornusunin bolsy yaly ukybynam gornusleri barmyka oytyan sebabi saz duzmek ukybyny bilyan kisinin tikin tikmekden basy cykmayan bolup biler.Yone ikisem ukyply.Muna name diyjek?
Menin pikrimce beyin taydan bir zada "tiz-calt" an yetirmek ukybyna "zehin".Beylekisine de "ukyp" diyilyarmyka diyyan.

Edil özi, birine

Edil özi, birine Hudaýtarapyn saz düzmek ukyby, beýlekisine bolsa tikin tikmek ukyby berilipdir.

Kabir ylymlar adamyn goni

Kabir ylymlar adamyn goni kalbyna dogyar, muna wehbi,ledunni ylym diyilyar we Allah islan guluna nesip edyar, mun yyl uniwersitet we kitaphanadan chykman okasanam yetip bolmayan ylymdyr. Kabir ylymlar bolsa okamak ylmy barlag we tejribe bilen edinilyar. Wagt hem Allahyn yaradan zady we tejribe hem. Birine takdyr birine kesp diyilyar. Kesb ana sho tejribe bilen edinilyan zatdyr. We yanlysh dushinilyar kawagt. Sebabi tejribe bilen gazanylan zatda Allahyn lutf we yhsanyny yatdan chykaryar ynsan. Ukyp hem sheyle kabir adamlar doglanda ukyply dogulyar Mozart yaly 4 yashynda saz chalmana bashlar, kabirleri Bethowen yaly tejribe bilen owrenyar. Hemmesini hem Allah beryar yone birini sebapsiz birini sebaplere baglanshykly, hikmetler we sebapler dunyasinde yashayas.( aslynda kabir adamlaryn doglanda talant bilen doglyp 4,5 yashynda saz chalmana bashlamagy kabirlerinin bolsa kop yyllardan son tejribe bilen owrenmegi Allahyn barlygyna ysharat we subutdyr. Sebabi tebigat kanuny hemme yerde we hemme wagt bir ishleyar, iki tapawutly ahmaldan birini saylap yaradanyny gorkezyar. Iki adam ikisinde de iki gulak, bir burny, iki goz, iki el, iki ayagy bar yone harakterler uytgeshik, ukyplar, talantlary, zehni uytgeshik... Subhanallah)

Zehin bu Hemmä Deňlikdir

Men mydamada öňem şu wagtam şol pikirde.Meň pikirimçe hemme adamyň zehin taýdan deň bolýandyr ilki başda ýagny çagalykdan başlap ýöne ol zehini türgenleşdirmeseň ondan saňa hiç haçan peýda gelmez zehini oýandyrmaly DIŇE OKAMALY WE GÖRMELIDIR.ANa ondan soň zehiniň açylar. Kä-kişi aýtýar aý meniň zehinim ýok diýip, bolman ol zehini okap ulaltmaly, güýçlendirmeli.Eýsem bu dogrydyr, hemmä kişä Allatagalla berende deň berýändir, ýöne onuň üstünde işemeli

...

Edil berende deng beryandir oydemok,yone berishine gora talab edyandir.

...

Meng pikirmiche zehin ukybyng bir gornushi.

Kellangi ulanmak ukyby.

Her bir adamda birzada bolan

Her bir adamda birzada bolan ukyp bardyr buny hem yaşlykdan ene atasy çagalaryndaky ol zehinli görüp bilmeli we ona göra urykdyrmaly.Yöne adamdaky zehin özündaki ukybyna bagly.ugyr tapyjylygy bilen zehini ulanyp bilmeli.