"HAK-HEŞDEGIŇ NÄHILI?"

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Türkmençilikde täze işe giren adama "Şowly bolsun!" diýlip dileg edilýär. Yzyndanam köplenç "Hak-heşdegi nähili, oňuşarça barmy?" diýlip soralýar. Hak diýýäni düşnükli. Edilen işiň ýa azabyň muzdy, puly. Ýöne heşdek näme?

1962-nji ýylda neşir edilen "Türkmen diliniň sözlüginde" bu söz barada hiç zat ýok. Alym Soltanşa Atanyýazowyň 2004-nji ýylda çykan "Türkmen diliniň sözköki sözlüginde" hem heşdek sözi agzalmandyr.

Ir döwür köp çagaly türkmen maşgalasynda täze dünýä inen 8-nji ogul perzendine Heşdek adynyň dakylandygyny bilýärin. /Indi gynansak-da, 10-12 çaga ösdürip-ýetişdirýän türkmen ýok diýen ýaly/. Ogul perzende dakylýan Heşdek adynyň pars dilinden geçenligi jedelsiz fakt. Parsça häşt - 8, ýek - 1 diýmegi aňladýar. Heşdek sözüniň manysy sekizden bir diýmekdir.

Şeýlelikde "hak-heşdek" söz düzümindäki heşdek hem sekizden bir diýen manyny berýär. Ýöne nämäniň sekizden biri? Näme üçin sekizden biri? Bu ýerde bir baglanyşyk barmyka ýa ýöne hak sözüniň yzyny boş goýmajak bolup, bir agzyboşuň aýdan gürrüňimikä?

Bu barada mende ýekeje çaklama bar. Mal yzynda gezýän adamlara - çopan-çoluga ýyllyk azap haky üçin mal eýesi süriniň sekizden birini berip biler. Ýa-da guzy alynýan möwsümde täze bolan guzularyň sekizden biri bolup biler. Çünki çarwa türkmenleriň durmuşyny mal-garasyz göz öňüne getirmek mümkin däl.

Nähili pikir edýäňiz?

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Kab aga, men-ä näme

Kab aga, men-ä näme diýjegimi bilemok welin deňeşdirme getirşiňiz-ä göwnüm ýetdi. Soňky iki temaňyzy okap özümiň gaty boşdygym-a bildim.

heşdek diylip düyan

heşdek diylip düyan belli yaşa yetenine-de aydylyar(yalnyşmasam 2 yaşyna doldyran erkek düyemika diyyan). yokarda-da bellenilişi yaly türkmenler çarwa halk eken. düye-de çölün esasy baylygy belkem hak yerine düye(heşdek) hem berlen bolup biler. şondan gelyamika diyip çaklayan mena.

Ir döwürler medreselerde

Ir döwürler medreselerde eptek diýip bir kitap okadylypdyr. Eptek diýmek Kuranyň ýediden biri diýmek. Pars dilinde - häft - ýedi, ýek - bir. Türkmen dilindäki hepde diýen söz hem parslaryň häft /7/ sözünden gelip çykandyr.