"Lokomotiw" Ýaraslawl we "Ýak-42"

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

7-nji sentýabrda Kontinental hokkeý ligasynyň 1-njy turynyň oýuny üçin Minsk şäheriniň Dinamosy bilen duşuşmaga ýola düşen, düzüminde ýaraslawlyň Lokomatiwiniň esasy düzümi bolan Ýak-42 uçary ýaraslawlyň Tunoşna aeraportyndan uçup ugranyndan tehniki sebäplere görä ýykyldy. Bortda 45 adam – 37 passažir we 8sany ekipažyň çleni bardy (şonuň 11-si daşary ýurtly).
Şolardan diňe iki adam diri galdy. Uçary dolandyryjylardan biri we hokkeýçi Aleksandr Galimow. Öň hem şular ýaly waka 1975-nji ýyllarda daşkendiň “Pahtakor” futbol komandasy sezewar bolupdy, esasy düzümiň barysy wepat bolupdy.
Bizem şol uçarda heläk bolanlaryň ýakynlaryna öz gynanjymyzy bildirýäris.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu yazgi ucin

  • kab 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Orsyetde sh.m. yagday köp

Orsyetde sh.m. massowiy ölim yitim köp bolya sonky yyllarda. Podwodniy lodka "kursk", beslan, nord ost, aradada bir zatlar bolup yördi. Indem hokkey komandasy.

Busby babez

1957-58 Ýewropa Çempion klublar kubogynda Manchester United birinji turda Shamrock Roversi, ikinji turda Dukla Pragy geçýär. Çärýek finalda bolsa Gyzylýyldyz çykýar. MU öz öýündäki oýuny 2-1 utýar. 1958-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda bolsa myhmançylykdaky oýuny 3-3 deňme-deň oýnap ýarym finala ýetýärler. Ol ýyllarda Belgraddan Manchestere göni uçuş bolmany üçin Münihiň üstünden tranzit geçmeli bolýarlar.
Münihe gonýarlar. Uçar benzinini doldurýar. Ýöne iki gezek uçjak bolanlarynda uçup bilmeýärler. Gaty erbet gar ýagyp duransoň uçarman uçary ýeterlik beýiklige çykaryp bilmändir. Käbir ýolagçylar Münihde ýatmaly diýen karara gelýär. Emma Busbynyň topary Angliýa gaýdaýmalydy. Uçarman James Thain ýene bir gezek synanyşmakçy bolýar. United toparynda Liam Whelan, Johnny Berry ýaly uçardan gorkýan oýunçylaram bar eken.
Uçaryň ganaty bir öýe degipdir we uçar başga bir öýi süsüp ýanyp başlapdyr. 21 adam ölüpdir. Uçardan gorkýan Liam Whelan bilen bilelikde 8 oýunçysy ölen MU şol ýyl ligada ýekeje oýuny utup bilipdir.

Düýn Abdullah Gül bilen

Düýn Abdullah Gül bilen Medwedew Ýaroslawlda hokkeýçileriň türgenleşýän ýerine gül goýdular https://p.twimg.com/AY6SOrhCMAAScX4.jpg

https://p.twimg.com/AY6TbA4CE

Alla sowsun! Uly ýitgi!

Alla sowsun! Uly ýitgi!