ÖZÜNI BILEN WELI (teswirlerden göçürilip goşmaça girizilen).

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Hormatly Agzalar!
Allaha şükür kämil dinimiz bar Adamyň doguluşyndan tä ömrüniň soňuna we ölümden soňky ýaşaýşa çenli Ýoly bize görkezýär, Hudaýa şükür dinimizi öwredýän (düşünmeýän, şübhelenjek bolýan meselelerimizi şolardan öwrenmeli Kapyrdan öwrenmeli däl)ulamalarymyz,ýaşulylarmyz hem bar kyýamata çenli hem boljak. Dinimiz hem kyýamata çenli dowan etjek.
Indi gürrüň internet saýtlaryna çykýan az hem bolsa ZYNDYKLAR(dinden çykyp Kapyr bolana diýilýär)hakynda. Umuman her kim öz ynanjyny Butparaz, Otparaz, Müşrik ýa Ateist bolsun ýaýratjak bolýa. Meselämiz öz adyny Sylap diýip atlandyrýan ZYNDYK ( öň haýsy dinde bolanyny bilemizok)hakynda. Hormatly agzalar Size şol adam sypatly Şeýtanlaşan bilen söhbetdeşlik gurmazlygy maslahat beryarin. Biz Allaha Şükür Hakykatyň içinde ol Şeýtany bizden gaçyp ýör.Agzynyň näme gürleýänini analiz edip bilenok,meselem özüniň "Hakykatdygyna ynanamok" diýýän K.Keriminden we Hadysy şeriflerinden mysal getirýär. Kurany Kerimden tefsirsiz (kommentariýa)many çykarmak günä bolýar,ýagny dogry bolmaýar. Bir harp meselem "BI" harpy on alty(16)manyny berip bilýär. Arap, Ibrany, Fars ýa Latyn dilleri gadymy dillerdigi mälim. K.Kerimi öz başyňa many çykarmak üçin iň azy on bäş (15) kitap okamaly. Ýönekeý dil mugallymlary bäş ýyl okaýarlar. Kim okamak islese öňki alymlaryň ýazan ýüzlerşe tefsiri bar. Ol akmak ŞEÝTAN-Y geçen günlerde "Kuranda aýallary urmak barada" diýip mowzuk açypdyr.(ynanmaýan bolsaň Akmak näme mysal getirýäň?)Ol aýaty şerifde birnäçe pasyllar agzalýar. Erkek maşgalabaşydygyny(howandar we gazanyjylygy üçin), aýal bolsa (ýaradylyşynda ejiz we hemaýata mätäçliginden),(iki goçuň kellesi bir gazanda gaýnamaz) ärine boýun bolup, wepaly bolmaklygy, maşgala ojagynyň ar-namysyny, agzybirligini saklamalydygyny aýdylýar eger bu meselelerde boýun bolmasa (üns beriň! çaý-çorba, çüý-çekiç meselesinde däl!)onda peýda berýänçä öwüt-nesihat bermelidigini ol hem peýda bermese aýry ýatmagy, ondan soň bu ähli çäreler hem peýda bermese urmaklyk hakynda ýazylýar. Urmaklyk hem hil-hil bolýar. Ol Samsygyň pikir edilşi ýaly, Eşşek uran ýa-da It ýenjen ýaly däl. Yüzde we bedende ýara,yz galmaz ýaly çäkli urmak, näme eje çagasyny urmaýarmy!? Döwlet diýenini etmeýän raýatlaryna jeza bermeýärmi!Maşgala hem kiçi döwlet ýaly. Ýa çäresini görmeli ýa-da talagyny bermeli. Ol paňkelle göni terjimesini ýazypdyr şol aýatyň wakasy aşagynda ýene iki aýat bilen jemlenýär. Olary hem ýazmandyr. Ondan başga-da Pygambermiziň (s.a.w) "Siziň iň haýyrlyňyz maşgalaňyza haýyrly bolanyňyzdyr", Aýallaryňyzy ýenjip soň gije nahili goýnuňyza alyp bilersiňiz" diýen ýaly hadyslaryny getirmändir.

Hawa, SYLABY ( hakyky ady Şeýtany, ýagny şeýtanlaşan diýmek) jahyla deňanimiň sebabi her adam öz şahsy pikirini, düsünjesini aydyp biler, emma munuň hem kada-kanuny, edebi, ahlagy bar. Yonekey dunyewi meselelerde hem bir adamyň haksyz göwnüne degseň, töhmet atsaň sud jeza beryär. Emma Adamlaryň ynanjy bilen baglanşykly meselelerde bu esassyz, yalan, töhmetlere bolsa haysy akylly, wyzdanly adam razy bolar? (Allaha şükür bir milliartdan gowrak musulman bar, soňky ýyllar Dünya boýunça has hem Yslam rowaçlanýar, köpelyär, onsoň biziň garşymyza görüpler, duşmanlar hem bolaýmaly-da, Allah (j.j)jezalaryny bersin). Şeýtany hem özüni hristiyan hökmünde görkezsede ylymly, ynsaply, hakyky Hristiyan adamyň etjek gürrüňi däl, sebäbi oz dinini adamlara söydürjek bolup başga dinlere, pygamberlere (a.s.)töhmet atyp, ýalan sözläp, yamanlap özüni ýigrendirmek akyl işi dal. Bizin ynanjymyzda din başga adamlara şeyle düşündirilyär: Eger men öz ynanyan dinimi başga adamlara söýdurjek bolsam, ilki bilen özüm dinimi onat öwrenmeli we nusga bolup ýaşamaly, ondan soň dini kabul etmek adamyň öz aklyna we wyždanyna galyar. Başga zatlar diňe sebap bolup biler. Emma dogry yola salyan diňe Allahdyr. Ýöne başga dinleri yamanlap nähili öz diniňi söýdürjek!? Pikirleniň haryt reklamasynda hem söwda ahlagy bar. Firmalar öz harytlaryny öwýärler, ýöne bäsdeşinin adyny agzamayarlar, ýamanlamaýarlar. Ilki özuň nusga bol, diniň gözelliklerini, ybadatyny, yagsy ahlaklylyk, halal yaşamak bilen görkez. Ýok!!! görkezip bilmersiň, çünki sen ýalňyş ýolda. Ýöne yat tutulan birnäçe yhlassyz, täsirsiz ýalan sözler bilen adamlaryň kalbyna nädip girjek? Oňa halypalary seyle metod öwretdilermika? Pygambere (a.s.) Hudaý diyip muşrik, haja cokunyp hem butparaz bolup ýaşyarlar.Ondan soň sizden näme gowy zada garaşmaly?
Elhamdülillah Allahym bizi şu Yslam dininden aýyrmasyn. ŞEÝTANy jahyllyk bilen ýalan çeşmelerden doýan beynisi bilen öz hetdini tanaman yaşap, duzuny iýen topragyndaky adamlaryň (umuman butin musulmanlaryň) ynanjyna kirli,terrorist dilini uzadandan son haysy dinde bolanda näme!? ("NAMART AÝYP GÖZLÄR, ÖZ DOGAN ILINDEN" M-Guly işan) Öz jahyllygyny, binamyslygyny görkezmekden başga öz ynanýan bozuk dinine näme peýda getirdi?! (Her kimiň dini özüne bolsun). Hudaydan gorkmasa hem kanunlardan gorksyn, kim bilyär döwür-döwran aýlanar olmän gezip yörse jogapkarçilige cekiler! (Kurana, Pygambere s.a.w. dil ýetiren jezasyny hökman çeker, ýöne kyýamatdaky jezasy bilen deňesdirlende bu dünýädäki jezasy hiç zat). Haýsy din hem bolsa adamlaryň dini ynanjy kemsidilmeýär.Dinde zorluk ýok. Ýöne kýyamata çenli Ebu Jehiller, Ebu Lehebler (Jahyllaryn Atasy, Seytandan sapak alan) şolara menzeşler bolaymaly. SYNAG dünýäsiniň gurluşy şeýle. Öňki asyrlarda “HAÇLY ÝÖRÜŞLER” bilen birtopar bigünä ýurtlar tozdurylýardy, talanýardy, gul-ýesir edilýärdi. Indi metodlar üýtgedi, Indi habar beriş serişdelerinde musulmanlary rehimsiz, terrorist görkezip, ýa karikatur çekip, goşgy ýazyp (arasynda käbir ýerleri bombolap) ýa ýalan ýazgylar ýazyp “ÝÖRÜŞ” edýärler. Bularyň bolşy şeýle, şeýle hem dowam eder.
ŞEÝTANyň maglumatlary öňki SSSR döwründe Moskwada çykan Pygambermiz hakynda (s.a.w.) iki tomluk (awtory rus, dinini bilmeýärin) kitaplaryň äheňini ýatlatdy. Ony ýazan hem kinaýaly ýazypdyr. Ýöne şol hem ŞEÝTANI-yň Musulmançylyk hakynda okan toslama kitaplary bilen deňeşdirer ýaly däl, kän hormatly ýazylypdyr. Bular Ýehowa şayatlary bolmagy ähtimal (özlerine Hakyky hristiyan diýýän soň dörän bir akym). Men hem kän yyl öň (1998-2000-nji ýyllar) munuň ýaly meseleler bilen duşupdym. Bularyň taktikasy seyle: Ilki duşuşyklarda (elbetde) süyji dil bilen musulmansyraýarlar. Huday bir diýýärler kyn hem görseler Pygambermizi s.a.w. wagtlaýynça inkär etmeýärler. Ýöne Isa ( a.s)-y köp agzap öňe çykaryp ugraýarlar. Soňky duşuşyklarda(taryhdaky ýaşulularmyz Ymam Agzam (rahm.a),Ymam Serahsi (rhma), Hoja Ýusuf Hamedani (rahmh), Mäne baba, Biruni, Ibn Sina, D.Azady , Magtumguly işanlar, Ak işanlar we ýene...) yasulylarmyzy ylymsyz nadan, bize kän üns bermeýän we “hakyky dini” bilmeýän we bize hem düşündirip bilmeýändiklerini, esasan hem aýallara garşy “adalatsyzdyklaryny” (Ýewropada, Amerikada birtopar ene-ata garrylar öýune zyňylýar, aýallar erkeklere deňelip 5-6 äre barýarlar, ir ýaşda gyzlar jynsy zorluga ýa-da islegi bilen sezewar bolýarlar, ayal-erkek poplar beçebazlyga baş urýarlar, şükür biziňkiler (käbir şolara meňzejek bolýanlar bolaýmasa), dinimiziň saýasynda beýle ahlaksyzlyga düşmeýärler, Allaha şükür biziň enelerimiz başymyzyň täji) aýdyp ugraýarlar, soň aralar berkäp ugransoň, “Hos habar” we Isa (a.s.)-y öň plana çykaryp Pygambermiz s.a.w. hakynda bolsa esasan hem köp ayallylygyny öňe surüp ondan sowadyp ugrayarlar. Soňra (özleriniň ynanmayan Kuranyndan, hadyslaryndan) ynha Kuranda şeyle, hadysda beyle ýazyar diýip (Eger ynsaply bolup, hakykaty kabul edip göwün berip Kurany we hadyslary okasalardy, onda musulman bolardylar. Yewropa we Amerikadaky birtopar ylym, medeniyet we sungat adamlarynyň Islama girişi ýaly, mysal köp) ters düşündirişler getirip has hem ynandyrýarlar. Anha ondan soň özlerine cekjek bolýan adamlary öň musulmancylyk hakynda K.Kerimden we Pygamberimiziň(s.a.w.)durmuşyndan, ahlagyndan bihabar bolsa (näme, SSSR döwründe hakyky musulman çeşmelerinden alynyp yazylan alymlaryň kitaplary barmydy? Okadýardylarmy? Oktýabrýatlykdan başlap kellelermizi Darwinin maýmynçylyk teoriýasy, komunizimiň (Marksyn “din halk üçin tirýekdir”) ateistik ideýalary we din alymlaryna garşy düzülen negatiw kinolar, anekdotlar we hekaýalar bilen doldurmaga çalyşýardylar we netije hem alýardylar. Iki-ýeke obalarda ýaşulylarmyz (olary Allah ýalkasyn) din kitaplaryny okap toýy, ýasy sowaýmasa başga kän gyzyklanyp barýan hem kän ýokdy ) olaryň duzagyna düşýär. Soň olar yhlasly okuwcysyna Aşgabatda kwartira hem wada edyarler. Eger mynasyp bolsa alyp hem berýärler. Daşyndan daşary ýurda gezelenç we daşary ýurtda ŞEÝTANI-yňky ýaly aýlykly wezipe hem garaşýar.
Ynha umuman şeýleräk planda kereplerine çolaýarlar. Onsoň olaryň yzyna dönmäge mümkinçilikleri belki hiç galmaýar. Ýetişdirlen ŞEÝTANY “Sylaplar” olaryň planyna görä binamyslyk bilen aldygyna musulmanlara (belki beýlekilerede) garşy dilleri, pullary bilen terrora başlaýarlar. Dashowuz welayatynda bir aktiw talyplaryna yagy bilen BMW hem alyp beripdirler. Krişnalar hem hereket edýärdiler. Mary welayatynda has hem köp diýýärdiler. Bular bizin bilyanlerimiz. Onson hem bulara hem düşünäýmeli. Ters hem bolsa ynançlaryny ýaýratmalyda. Bular özleriniň aw torlaryna pukararak, dinin gowşagyrak tutulýan ýerlerindäki adamlary, edara, ofislerde işleýän, maşgala durmuşyndan (hakly ya haksyz) narazy, dini bilimi az bolan, köplenç aýal masgalalary düşýärler. (Bulara hekaya, toslama diyip bilerler, emma ŞEÝTAN-Y "Sylabyň" şu haly Size janly şayat dälmi? Isleseňiz wagtyňyzy dözseňiz gyzyklanyp göräýiň) Men ŞEÝTAN-Y“Sylaplar” ýaly musulmançylygyň Hakykatyna ýetmän ýa-da ene-atasy musulman ýaly görünip ateist ya-da dinden habarsyz maşgalada ýetişen we “musulmançylyk şeýlemikä” diýip oňa ýigrenç duýup soň hem kämil dinden çykýan iki-ýeke adamlara gynanýan (emma musulmançylykdan çykýan köp däl, Allaha şükür hristyançylykdan musulmançylyga geçýän köp.) Her naçe kirli dillerini uzatsalar hem ne Kuranyň ne Pygamberleriň (bütin pygamberleriň a.s.) abraýyna we hormatyna zerreçe zýyan yetirip bilmezler (almaza-kömür, kömüre-almaz diýilen ýaly).
Bu azaşan ŞEÝTAN-Y, zyndyklara delil getirjek bolmaň barybir ynanyp bilmezler,sebäbi olarda delil kabul etjek niyet, kalb ýok. Hakykatdan hem öwrenmek isleselerdi onda Sizden soraman hem müňlerçe deliller taparlardy. Onson hem şunça ýyllap bize garşy netijesiz jahyllygyny görkezýän bolsa onuň asyl maksady din hem däl belki....

Garaz ey doganlar nazyr bolunlar,
Yaman yol, fyrkaga hazyr bolunlar!

Dinimizde paýyş söwmek günä bolýar, ýöne bir adama “akmak, jahyl, nadan, biedep ya-da binamys” diyip bolyar. Sebäbi adamda munun yaly kemçilikler bolup bilyär.
Adamyň gadryny bilmeýän iki zady bar, biri jan saglygy, biri hem wagty. Bu meselä (ömür)wagt bermek isrip we jedel bolýar, isrip haram, jedeliň hem peydasy bolmasa ne derkary bar? ŞEÝTAN-Y "Sylabyn" aramyza sokulmasyna üns bermäliň her kimiň öýünde zir-zibil atýan gaby bar ahyry! Goý Şeýtan-y hem biziň şol gabymyz bolsun. Çykmadyk janda umyt bar belki gözi hakykata açylar.
Hormatly Adamlar! Ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryna we türkmençiligimize wepaly bolup, maşgalamyza, il-günimize umuman bütin Adamzada peýdaly ömür ýaşamaga çalyşalyň. Allaha şükür şonuň ýaly ýaşamaga hem gaýrat edýäris. Geliň Lukman Hekimiň nesihatyny tutalyň.Akmagyň hiç mowzugyna üçs bermäliň. (K.Kerimde hem Lukman hekimiň nesihatly kyssalary meshurdyr). LUKMAN HEKIMIŇ ogluna su nesihaty bar:

Nesihat kyldy ferzendige Lukman,
Saňa jahyl kişi bahs etse eý jan
Jogap aýgyl aňa şirinu we ýumşag
Meger bolgaý, jehalet hamrydan sag

Eger nefg etmese kylma iada
Bolar aýdan seri jähli ziýada
Aňa sud etmese aýmak sowaby
Sukut etmekdir andan soň jowaby

…umuman sözme-söz bolmasa-da manysy şu:! Eger bir jahyl (nadan) adam seniň bilen jedel etse, oňa süýjilik we yumşaklyk bilen düşündir, belki jahyllygyndan saplanar, eger kabul etmese oňa 2-nji gezek gaýtalama çünki mundan soň näçe jedellesdigiçe onun jahyllygy artar. Oňa aýtmak, düşündirmek peýda etmese, ondan soň dymmakdyr jogaby.
Jahyla jogap dymmakdyr, dymmakdyr, dymmakdyr.

Peýdasyz işleri taşlamak kişiniň musulmanlygynyň kämilligindendir.

Ýagsy-ýaman jumläni Allaha tabşyrdyk.

Bagyslaň! Gürrüňi köp etdik.

Wesselam.

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu yazgi ucin

  • Halil 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • kab 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Mirasymyz, kiming

Mirasymyz, kiming nadan,kiming sheytanlydyg yazan yazgyndan hem gorunip dur! Mening yazanlarymyng niresinde nadogry yada tohmet atylan zat gordung, birje delil getirsene...Yada gitde "tohmet" diyen sozung manysyny owrenip gel. Eger Kuran "ayalyngygyzy urung diyyan bolsa..." men shol barada yazdym. Bu dushunjaning Hak Mukaddes Yazgylar bolan Towrat, Zebur, Injile gabat gelmeyan dushunjedigini aytdym.
Shol gurrungi syyasylashdyrmak, birining shahsyna yetmek yaly gurrunglere chekyarsing, hakykaty gozleyanleri hem ozung yaly "gapyl, ruhy gozleri kor" gezmegini isleyarsing! Yone Isa Mesihing "kor kori idip bilermi, ikisi hem bir chukura yykylaymazmy..." diyen sozune dushumeyan bolmaly!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Garadamakly 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Mirasymyz, gowy

Mirasymyz, gowy ýazypsyňyz... telpek bermäge hukuk gazanan günüm ýollaryn...

@diplomat, saňada indi düzelmäge wagt boldy... düzelesiň gelmese ol öz ishiň, ýöne ilki özüňizi tanajak boluň!
Mukaddes kitaplar...Töwrat, Injili, Zebur diýip ýazgylaryňy tassyklajak bolmasana, näme bu günki Zebur, Töwrady okaýanlar Isa as - y kabul edýälermi?! ýok... biz musulmanlar hem siziň ähliňizden biziň kitabymyz, pygamberimiz barada gowy söz aýtmajagyňyzy bilýäs... onuň ün bize dinimizi düshündirjek bolup masgara bolup ýörme... gitde özüňkileri halas etmäge çalysh!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Mirasymyz 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Mirasymyz Gahar Gazap Seytandandyr!

"...Eger bir jahyl (nadan) adam seniň bilen jedel etse, oňa süýjilik we yumşaklyk bilen düşündir, belki jahyllygyndan saplanar..." diysenizem. Siz oz duygularynyza bas gelip bilman, OZ AYDAN GOZEL PIKIR WE MOWZUGYNY ol benda Seytan, kapyr yaly sozler sarp Eedip kolegendiryarsin. Sizin aydan Ayat, hadys, we Yslamy dusunjelerinize telpek goydum, yagny oran onat dusundurupsunuz. Yone Agyr sozleriniz bilen mowzugynyza, garsymyzdaki bendanim bogupsynyz. Gahar gazap agzalalyk, seytandandyr. Siz basgalarynyn imanini alada etyaniz oytyan. Iman bermek, imandan ayyrmak, Hadi bolon Allaha mahsusdyr. Subhaneke Ylmalana Illa Maallamtena Inneke Alimul Hakim.

Mirasymyz Gahar Gazap Seytandandyr!

shirturkmen wrote:

"...Eger bir jahyl (nadan) adam seniň bilen jedel etse, oňa süýjilik we yumşaklyk bilen düşündir, belki jahyllygyndan saplanar..." diysenizem. Siz oz duygularynyza bas gelip bilman, OZ AYDAN GOZEL PIKIR WE MOWZUGYNY ol benda Seytan, kapyr yaly sozler sarp Eedip kolegendiryarsin. Sizin aydan Ayat, hadys, we Yslamy dusunjelerinize telpek goydum, yagny oran onat dusundurupsunuz. Yone Agyr sozleriniz bilen mowzugynyza, garsymyzdaki bendanim bogupsynyz. Gahar gazap agzalalyk, seytandandyr. Siz basgalarynyn imanini alada etyaniz oytyan. Iman bermek, imandan ayyrmak, Hadi bolon Allaha mahsusdyr. Subhaneke La Ylmalana Illa Maallamtena Inneke Alimul Hakim.

Kapyr sozunun Yslamda Hokumu!

Pygamberimiz Muhammet Aleyhisselam aytdy: “Egerde biriniz musluman doganyna "Ey Kapyr" diyse ikisinden biri hokman kapyra doner. Eger ol diysi yaly kapyr bolso onda belki halas boldy.Yogsam sozu ozunu urar”(Müslim 1/319)

Mirasymyz, gaty gowy ýazypsyň!

@Mirasymyz:

Tüweleme, Mirasymyz, gaty gowy ýazypsyň. Dinimizi düşündirip ýazýan ýazgylaryň höwri köp bolsun!

@Halil: Tüweleme, manyly teswir ýazypsyň.

Shirturkmen: Dostum, seniň bu şeýtanynyň biziň dinimiz barada ýazýan zatlaryndan kän habaryň ýok öýdýän. Eger-de onuň ýazan zatlaryny biraz okap gören bolsadyň, onuň kafir'mi ýa dälmidigi hakda ikirjiňlenmezdiň. Ony bogmaly däl, adamlaryň ynanjyna pitjiň atýandygy üçin ony zyndanyň düýbünde çüýretmeli.

@Diplomat:, telpek ýalňyşlyk bilen gidendir. Ol telpek SENIŇKI DÄL, Mirasymyzyňky bolmaly.

Telpekden daşary gamçy hem bolsady...

Şu ýerde halanyňa telpek bermek düzgini erbet däl eken, ýöne halamadygyňa-da bir zat (mysal üçin, gamçy, tezek ýa ýene bir zat) berip bolýan bolsady, eddiljek ýerine düşerdi.

ey su mowzuklaardan halys

ey su mowzuklaardan halys boldugay.Yorute edilyarmika diyip pikir gelyar bolyada..

Menem sony aytyanda Doguz!

Menem sony aytyanda Doguz!