Abdyrahman Jamydan bir hekaýat.

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Bir sopynyň Käbä gidesi geldi,
Oňa “gitme” diýen enesi boldy.

Enesi näsagdy, takwa sopy hem
Enesini togap ederdi her dem.

Ene öldi, sopy satdy öýüni,
Ýene-de ol Käbä berdi küýüni.

Elli dinar boldy öýden düşen pul,
Hasa alyp ýola düşdi bu ogul.

Barýar sähra bilen geýip nagleýin,
Teşnelige boýun, açlyga boýun.

Ýöredi, ýöredi, menziller aşdy,
Bir gün welin, galtamana sataşdy.

Ol diýdi: “Eý, sopy, kisäňde näm bar?
Gapjygyňy ýyrtjak bolýarmy dinar.

Jahankeşde sopy – dogruçyl ogul,
Sopy bu ýerde-de boldy dogruçyl.

“Elli dinarym bar, ýok başga zadym,
Mekge diýip ädip barýaryn ädim”

Galtaman hem diýdi: “Çykarma hokga,
Çykar bar zadyňy kisäňden, takwa”

Takwa gapjygyny talaňça berdi,
Soňra ähli kisesini çöwürdi.

Altyn dinarlary sanan betgylyk,
Diýdi: “Sopy, sen-ä gitdiň beýgelip.

Dogruçyl adam sen, dinarlar elli,
Seniň ýala degirmerin elimi.

Sen gowy adamsyň, men näletkerde,
Sen – awçy, men – aw, tutdyň şu ýerde.

Men duzaga düşen akmajyk keýik,
Men - örän kijijek, sen bolsa – beýik”.

Ýene şeýle diýdi: “Edýän towakga,
Mün meniň atyma, eý, beýik takwa.

Sowulman gidiber şu ýoda bilen,
Bararyn yzyňdan paý – pyýada men.

Ulagyndan düşdi ulag eýýesi,
...Bir ýyldan ýene-de duşdy ikisi.

Galtaman-a mürit, sopy bolsa pir
Boldular. Sowuldy köp agşam – ertir.

Tä ajal kertýänçä söz ýüplügini,
Ýaşadylar berip egne egini.

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Zähmet çekip, genji tapyp

Zähmet çekip, genji tapyp alan ýok
Emma zähmet çekmän gençli bolan ýok.
Gulan tutup bilmez, her bir ylgan är,
Ylgamadyk adama hem gulan ýok.