Keltegoňurdaky gyrgynçylyk

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Wakany gözi bilen gören adamlar gürrüň berýärler.
Amanmyrat Amanmyradow,Türkmenistanyň YA-nyň Ş.Batyrow adyndaky taryh institutynyň aspiranty.
1992-nji ýylyň mart aýynyň 5-ndäki “Ýaş kommunist” gazedinden alyndy.

Atamyrat Öräýewiň 1991-nji yýlyň 12-nji dekabrynda “Ýaş kommunist” gazetinde çykan “Keltegoňurdaky gyrgynçylyk” atly makalasyny okap, beýle-de wagşylyk, zalymlyk bor oguşýa diýip, gahar-gazap we geňirgenmek duýgusy meni gaplap aldy. Gahar duýgularynyň sebäb-ä düşnüklidi, geňirgenmekligimiň sebäbi bolsa, meniň şu çaka çenli ol waka barada okamag-a beýlede dursun, hatda eşitmändigimdi. Men ol waka barada giňişleýin, anygrak ýazylmadymyka diýip “Türkmenistan SSR-niň taryhy” “Sowet Türkmenistanyň taryhy” ýaly biziň taryhymyzy beýan edýän kitaplarymyzy okap, barlap gördüm. Hiç zat ýazylmandyr. Hatda şol wakanyň bolan döwründe çykan gazetleri öwran-öwran okap gördüm welin, eger-eger şol waka barada ýagşydan-ýamandan ýekeje sözlemem ýazylmandyr. Şeýdip kelebiň ujuny ýitiren wagtym Türkmenistan Ylymlar Akademiýasynyň Ş. Batyrow adyndaky Taryh institutyna Aşgabat şäheriniň Keýmir kör köçesiniň 69-njy jaýynda ýaşaýan Baýly Ata ogly gelip, Keltegoňurdaky gyrgynçylygyň içinde bolup, hemme bolan wakany gözi bilen gören adamlar bilen duşuşdurmaga kömek edip biljekdigini, taryh institutynyň direktorynyň ylym boýunça orunbasary Muhammet Moşşewe we taryh ylymlarynyü doktory K. Muhammetberdiýewe aýdypdyr. K. Muhammetberdiýew meni öz ýanyna çagyryp:
- Amanmyrat, şol Keltegoňurdaky gyrgynçylygyň içinde bolan adamlar bar, sen şol ýerik gidip bilmersiňmi?- diýdi. Men kelebiň ujy bu ýerden çykdy-ow diýip, şol bada razylyk berdim. Soňra Baýly Ata oglynyň öýlerine bardym we onuň bilen şol wakanyň içinde bolan adamynyň ogly Aşgabat raýonynyň “Leninizm ýoly” sowhozynda ýaşaýan Geldi Aba oglynyň öýlerine tarap ýola düşdük Geldi aga ikimiz onuň dogduk mekany bolan Tejeniň Garryçyrla obasyna ugradyk. Baýly aga Aşgabada gaýtdy. Myhman bolup düşlän öýümiziň eýeleri 72 ýaşyndaky Aba aga Ýazmyrat ogly (Geldi aganyň kakasy) we onuň 76 ýaşly agasy Ata aga Ýazmyrat aga dagydy. Ata aga bilen Aba aga keltegoňurdaky gyrgynçylygyň içinde bolup, şol aýylganç wakany gözleri bilen gören adamlardy.Haçan-da men olara şol wakany ýazmaga gelendigimi aýdanymda Aba aga:
. – Şol makalany ýazan senmi? (ol Atamyrat Öräýewi göz öňünde tutýardy.-A.A.)- diýip sorady. Men “ýok” diýenimde, Aba aga:
- Şol ýazan adam är işini bitirdi. Biz şu çaka çenli şol waka baradaky hakykaty dogan-garyndaşlarymyzdan başga hiç kime aýdyp bilmän ýördük. Ýöne ol bolan wakany doly ýazyp bilmändir. Şonuň üçin ol ilki biziň bilen duşuşan bolsa gowy bordy. Şonda ol nätakyklyk goýbermezdi – diýdi.
Ata aga bilen Aba aga maňa uzakly gije we ertesi günorta çenli şol aýylganç wakany başdan-aýak gürrüň berdiler.
Şol waka öňki makalada görkezilişi ýaly, 1932-nji ýylda däl-de, 1931-nji ýylyň 14-nji awgustynda, türkmen aýy boýunça Sapar aýynyň hem 14-ne, hepdäniň anna güni bolup geçipdir. Gör-ä bolýan zatlary, şahyrlaryň wasp eden, aşyklaryň arzuw eden gijesi.
Ata aga şol wagtlar 15 ýaşly (1916-njy ýylda doglan), Aba aga bolsa, 11 ýaşly (1920-nji ýylda doglan) agy-garany saýgarýan oglanlardy. Şonuň üçünem olar bolup geçen aýylganç wakany berk belläpdirler.
Ilki bilen men Keltegoňur gyrgynçylygynyň sebäbini we näme üçin gyzyl esgerleriň Keltegoňur oýuna gelendiklerini beýan etmäge çalşaýyn. Ata aganyň, Aba aganyň we Laçyn ejäniň gürrüň bermeklerine görä, Keltegoňura gyzyl esgerleriň gelmeginiň sebäbi barada iki hili gürrüň bar. Birinji gürrüňi olara Geldi hanyň (ol Keltegoňurda öldürilýär-A.A.) gyzy Aýsoltan ejäniň aýdyp bermegine görä, Tejeniň 30-40 atly galtamany Aşgabat sebitlerindäki dükanlary talaýarlar we gaýralygyna guma, Oýukly diýen obasyna baryp Heşdek Kerti maňlaryň öýlerinde düşleýärler.

Telpekler (2 kisiden 6 sany)

Bu yazgi ucin

  • akgül 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Ddovlet 5 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Şol wagt obanyň üstünden

Şol wagt obanyň üstünden samalýot uçanda galtamanbaşy Saparmyrat ony oka tutýar. Samalýotdakylar özlerine ok atylanyny bilip, şol ýerik partlaýyjy maddalary oklap, şol öýi otlaýarlar. Şondan soň galtamanlar Oýuklydan çykyp gaýralygyna gidýärler. Şol samalýot yzyna gidensoň, täzeden iki sany samalýot gelip, ýene-de partlayjy maddalary oba oklaýarlar. Iki samalýotyň biri galtamanlaryň yzyndan kowup başlaýar. Galtamanlar Keltegoňura ýakynlaşanlarynda samalýot yzyna dolanýar. Onuň ýerine bolsa, gyzyl esgerler galtamanlaryň yzyna düşýärler. Galtamanlar bolsa, Keltegoňura barman gündory syryp Tejene barýarlar. Galtamanlar Keltegoňura bardylar diýip hasap eden gyzyl esgerler Keltegoňura gelýärler.
Ikinji gürrüňi Ata aga bilen Aba aga gürrüň berdi. Atamyrat Öräýewiň makalasynda şeýle setirler bar: “Bu oba bir atly gelen. Onuň basmaçydygy däldigi hiç kime belli däl. Näme, geçip barýan bende sowlanda sen oňa git diýjekmi? Ynha, bir salymdan soňra “gyzyllaryň” uly ordasy obany gabaýarlar. Ýaňky oba gelen atly ýigid-ä gabat gelen komandirleriň birini atyp öldürýär-de, basýar ata gamçyny, şeýdib-ä ol zut gaçyp öz janyny halas edýär. “Gyzyllar” bilen atyşan adamlar kim? Ol basmaçymy ýa-da oba tötänleýin düşen adammy, ýa-da “geçip barýan bendemi?”. Ol adam Gytyk baý. Gytyk baý Aşgabadyň gaýrasynda gum eteklerinde mülki süri-süri goýny we öz adyna kaky bolan gaty baý adam bolan. “Baýlar, kulaklar tutuljakmyş we zatlary hem alynjakmyş” diýen gürrüň ýaýrandan soň, ol gaýralygyna guma gaçýar. Şol gaçyp barşyna hem öňünden çykan obada öz sürüsinden 50-60 goýny obanyň çekenesine goşup ýören. Gaça-gaça ol ahyryn Keltegoňura, şol aýylganç wakanyň öňüsyrasynda gelýär we obanyň gaýrasynda mesgen tutýar. Ol bu ýerde hem 50-60 goýnuny obanyň çekenesine goşýar.
Ata aga bilen Aba aganyň beren gürrüňini hakykata laýyk diýip hasap edýärin. Sebäbi kulaklary synp hökmünde ýok etmek syýasaty BK(b)P MK-nyň 1930-njy ýylyň 5-nji ýanwaryndaky kararynda resmi suratda jar edildi, ony amala aşyrmagyň ýollary bolsa “Uçdantutma kollektiwizasiýalaşdyryş raýonlarynda kulaklaryň hojalyklaryny ýok etmek baradaky çäreler hakynda” MK-nyň Syýasy býurosynyň 1930-njy ýylyň 30-njy ýanwaryndaky kararynda görkezildi.Şeýlelikde, partiýanyň kararlaryna laýyklykda, kulaklary ýok etmeklik başlandy. Mysal üçin: Çärjew okrugynyň käbir raýonlarynda (Dänew, Farap we Saýat raýonlarynda) 1930-njy ýylyň başynda uçdantutma kollektiwizasiýalaşdyrmak geçirildi” kulaklar synp hökmünde ýok edilýärdi, uçdantutma kollektiwizasiýalaşdyrmak entek geçirilmedik beýleki okruklarda bolsa baýlary çäklendirmek we gysyp çykarmak şygary ýöredilýärdi. 1931-nji ýylyň başyndan başlap Aşgabat, Kerki we Çärjew okruklarynyň sekiz raýonynda kulaklar ýok edildi. Şol ýylyň iýulynda bolsa feodal-baý adamlar Daşhowuz okrugynyň raýonlaryndan sürgün edildi.
Tutha-tutlykdan, ýok edilmekden gaçyp ýörenleriň biri hem Gytyk baýdy.
Gumdaky baýlary, kulaklary, galtamanlary ýok etmeli diýip buýruk alansoňlar gyzyl esgerler ýarygijede süyji ukuda ýatan Keltegoňur obasyna ýakynlaşýarlar. Obanyň gyrasynda oturan Gytyk baý hem-de bir ýoldaşy olar bilen atyşýarlar. Şol az salymlyk atyşykda Gytyk baý gyzyl esgerleriň komandiriniň birine ölüm ýarasyny salýar. Ýaralanan ölmänkä janhowlyna obadakylaryň ýarag tutyp biläýjegini ýok ediň diýip buýruk berýär.Gytyk baý gyzyl esgerleri aldap gaçyp gitmek üçin, köne türkmen söweş pirimini ulanýar. “Haý üstümize ýagy çozdy-how! Orazgeldi han, kömek et-how! Öz atlylaryň bilen kapyrlaryň daşyna aýlan-how!” diýip gygyrýar.Onuň Orazgeldi han diýýäni şol wagt Tejende gezip ýördi. Ol şeýdip gyzyl esgerlere al salyp gaçyp gidýär.Şondan soňra gyzyl esgerler oba dökülýärler. Olaryň öňünden “myhman ataňdan uly” diýip obanyň ýaşulysy Ata hoz çykyp, atlylaryň öňüni çekip gelýäne:
-Baýar aga, geliň, atdan düşiň, çaý-suw içip gidiň.
-diýip ýüzlenýär. Ol bolsa:
-Dur, golaýlaşma, ataryn -diýýär.
-Baýar aga munyňyza bolmaz ahyryn, atdan düşüň - diýip, onuň atynyň başyny tutjak bolup ýakynlaşýar welin, ol Ata hozy atýar. Atylan ok Ata hozy böwsüp, arkasyndaky duran aýaly Annagözele degip, oraçada ýatan gyzjagazyň aýagyndan degýär. Ata hoz şol bada ölýär, aýaly Annagözel daňdana ýakyn jan berýär. Ata hozdan atylan ok ilkinji we iň soňkydy, sebäbi, soňra adamlary gyrmak üçin diňe gylyç bilen tüpeňiň naýzasyny ulanýarlar.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • akgül 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Gyzyl esgerler Gytyk baý

Gyzyl esgerler Gytyk baý bilen atyşyp ýörkäler, obanyň adamlary çar-ýana gaçyp başlaýarlar. Olaryň köpüsi Keltegoňurdan gaçyp üç kilometrlik ýol geçip Töwekkel oýuna barýarlar. Gaçyp ýetişmedikleri bolsa, gyzyl esgerler gabap tutýarlar. Gyzyl esgerleriň esasy topary Keltegoňurda galýar, daş-töwerekdäki oýlara bolsa aňtawçy toparlary iberip, olara şol ýerdäki adamlary getirmeklik ýa-da öldürmeklik tabşyrylýar. Bosgunlar Töwekkel oýuna baranlarynda, olaryň öňlerinden ýaşlary bir çene baran Garly uzyn we Alty goşa çykýar.
Garly uzyn şu wakadan 5-10 gün öň:
-Adamlar, Keltegoňurdan gan ysy gelýär, bu ýeri taşlap Töwekkel oýuna göçeliň –diýende, oňa:
-Garly aga, gaýa ýok, gopuz ýok ýerinden howsala düşmäliň –diýip, olar Keltegoňurdan göçmeýärler.Emma Garly uzyn öz maşgalasyny ilki Töwekkel oýuna, soňra bolsa Aşgabada ugradýar.Ugradybam Keltegoňura däl-de, Töwekkele gelýär.
Garly uzyn bilen Alty goşa bosgunlaryň azyk-suwlyklaryny düýelere urup:
-Aşgabada barýançaňyz durman ýöräň, bolmasa bular sizi diri sypdyrmazlar –diýip, bulary ýola salýarlar. Pahyrlar Aşgabatdan haraý gözleýärler, gyzyl esgerleriň Aşgabatdan ýörüte gelenlerinden habarlaram ýok. Garly uzyn bilen Alty goşa, “Biz bir iki sanaç uny artykmaç iýen adamlardyrys” diýip, Töwekkel oýunda galýarlar.
Bosgunlar Töwekgel oýundan çykyp birki depe aşanlaryndan soň ýalançy ýagtylyp ugraýar. Olar ýoldan bir gyra sowulup “Her näme-de bolsa, yza gaýdalyňmy ýa-da Garly uzynyň tabşyryşy ýaly, Aşgabada gideliňmi” diýip maslahat edýärler.
- Biz näme üçin öýmüzi, obamyzy taşlap gaýdýarys. Biziň näme günämiz bar. Biz galtaman ýa-da baý-kulak däl. Hökümete garşy elimize ýarag alyp çykyş edemzok, özbaşymyza gümra bolup ýören çarwa ahyryn. Şeýle hem ýolda çagalary horlarys – diýip, yza dolanmaklygy makul bilip yzlaryna, Töwekgel oýuna gelýärler. Olar ertirki namazlaryny Töwekgel oýunda okaýarlar. Soňra obanyň erkek adamlary aýratyn, aýal-gyzlary, oglan-uşaklary hem aýratyn ýygnanyşyp, çaý-çöreklerini iýip otyrkalar, olaryň üstlerine gyzyl esgerleriň aňtawçy topary dökülipdir.Olar erkek adamlary bir gapdala, aýallary we oglan-uşaklary hem bir gapdala bölüp başlaýarlar. Atamyrat Öräýewiň makalasynda şeýle setirler bar: “Şol yzanda-çuwan ahy-nalalykda ýekeje ýaşoglan boýnuna bir bölejik gyzyl esgini orap, “men pioner” diýip aglansoň, diňe şoňa aman berlen”.Gynansak-da, A. Öräýew azajyk nätakyklyk goýberipdir. Ol obada ol-a pioner guramasy eken, hatda kolhoz hem gurulmandy. Şonuň üçin ol oglan “ pionerligi” üçin däl-de ýaş bolandygy üçin aman galýar. Şol oglanjyk makalamyň başyndaky ady tutylan Ata agadyr. Şol wagt Ata aga 15 ýaşyndady we obanyň çekenesini bakyşyp ýören ýetginjekdi. Ol süňkbaşy iri we uzynak oglan bolany üçin, ululyga ýetişen adam hasap edip, öldürilmeli adamlaryň arasyna goşupdyrlar, soňra ony ýaş hasaplap, aýallaryň arasyna geçiripdirler, soňra ýene-de öldürilmeli adamlaryň arasyna geçiripdirler, ahyryn ýamaşgandan aýallaryň arasyna geçiripdirler. Her gezek eýläk-beýläk geçirenlerinde Ata aganyň arkasyna gylyç bilen dürtüp geçiripdirler. Ine şeýdip Ata aga ölmän galýar. Şondan soňra öldürilmeli adamlary Keltegoňura tarap sürüp başlaýarlar. Aýal-gyzlary, oglan-uşagy, barysyny bir öýe salyp daşyndan gulplap, öýüň aşagyndan-ýokarsyndan selin gysdyryp, nebit guýup otlaýarlar. Şol öýüň içinde Ata aga, onuň inisi Aba aga bolsa daşynda galýar. Öýüň içindäki yzan-çuwanlyk, ahy-nala, çagalaryň otdan gorkup gygyryşýan sesleri dik asmana galýardy. Öýüň içindäki adamlar janhowlyna ikiýana urnup, ahyryn gapyny döwip çykýarlar.Ýöne daşaram durşuna ot-ýalyn bolup durdy. Sebäbi gyzyl esgerler gidenlerinde türkmeniň iň mukaddes görýän zady bolan gara öýleri, ot-bedeleri, goş-golamlary, mahlasy, derde ýarajak zatlaryň baryny otlap gidipdirler.Ýanyp duran öýden çykanlar ilki bilen suw içmek üçin guýa topulýarlar. Suw özlerini dürsemek üçin, hemem ot-ýalyndan, ahy-naladan gorkan çagajyklary köşeşdirmek üçin gerekdi. Emma guýudan suw almak üçin ýüpem ýokdy, gowa-da ýokdy.
“Şol wagt oýuň günbatar tarapynda çopan goşunyň bardygy ýadyma düşdi” diýip, Ata aga gürrüň berýär:
- Men ýanyma birki sany ýoldaş alyp, çopan goşundan ýüp bilen gowany alyp geldim. Alyp gelen gowam gurap daşa dönüp gidipdir. Şol sebäpli gowa bilen suw az mukdarda çykýardy.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • akgül 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Suwy nowa guýup adamlary

Suwy nowa guýup adamlary suwdan gandyrdyk. Soňra kimdigi ýadyma düşenok, aýallaryň biri: “ Sen oglanlaryň ekabyrragy, hemem ýola beletsiň. Bar, görüp gel, sürlip äkidilen adamlardan näme habar bar” diýip, meni ugratdylar. Men adamlaryň aýak yzlaryndan yz çalyp, Keltegoňura tarap ýola düşdüm. Töwekgel oýundan çykmankam, öňümden şor çykdy, onuň üstünde bolsa Annanur aga öldürilipdir. Taýak atym aňyrsynda Alty goşa, Begli Geldimyrat, Gara Baýram, Agaly dagy öldürilipdirler. Olary görenimde depe saçym üýşdi. Sebäbi olaryň öldürilişi örän wagşydy. Olaryň garynlaryny dikligine ýarypdyrlar, iç-goşlary daşyna çogup durdy. Beýle wagşylygy hatda ýyrtyjy haýwanlaram biri-birlerine etmezler. Olaryň 50 ädim aňyrsynda bir çerkeziň düýbinde iki adam gana boýalyp ýatyrdy. Men gorka-gorka ýanlaryna barsam, olaryň bir-ä Gurbansähet Geldimyrat ogly, beýlekisi bolsa... öz kakam Ýazmyratdy. Kakamyň barmaklary gara-gandy, maňlaýy çapylyp süňki görnüp durdy. Kakamyň başujynda tükge düşip aglap ýatyrkam, gapdalymdan bir iňňildi çykdy. Başymy galdyryp seretsem, Gurbansähet aga diri eken. Onuň bolup ýatyşy örän gözgynydy. Onuň garnyndan, bokurdagyndan we kellesinden gan akýardy. Baryp emaý bilen kellesini galdyrdym welin, ol “Sen kim?” diýip sorady.
-Men Ýazmyradyň ogly Ata - diýdim.
Gurbansähet aga:
- Köşek kakaň-a ölendir – diýdi.
Şol wagt biziň ýanymyza Welleň haryň ogly Sähet geldi. Gurbansähet aga bizden içmek üçin suw sorady. Edil şol wagtam ýokarymyzdan samalýot uçup geçdi. Sähet gaçyp gizlendi. Samalýot uçup geçensoň, men suw getirmek üçin yzyma ugradym. Ýolda Annanur aganyň aýaly Jahan ejä gabat geldim. Onuň ýanynda suw bar eken. Maňa uly gara tüňçäni dolduryp suw berdi. Suwy derrew Gurbansähet aganyň ýanyna äkitdim we onuň kellesini galdyryp suw içirip başladym. Ol elten suwymyň hemmesini içip gutardy. Asyl onuň içen suwy ýaralaryndan akyp dur eken. Suw üçin taňyrýalkasyn aýdyp menden aýaly Ogulnabat ejä we onuň eltisi Altynnyýaz ikisine şeýle sargyt etdi: - Biziň bir Tumar atly düýämiz bardyr, şony tutup üstüne ýürek çalyp (palasy ýa-da halyny howudyň daşyndan aýlamak – A. A. ) gelsinler, bolmasa men ölüp galjak – diýdi. Men onuň sargydyny bitirdim we az salymdan ony ýygnap alyp gitdiler. Gurbansähet agany Töwekgelden Büzmeýine, daýysynyň öýüne, belli tebip Bogganyň öýüne eltýärler. Gurbansähet aga özüni ýagşy bejerdenden soňra yzyna gaýdýar. Öldürmek üçin äkidilen adamlaryň içinden diňe Gurbansähet aga diri galýar. Ol 1965-nji ýylyň sentýabr aýynda ýogalýar. Ol ýogalmanka, şeýle gürriň beripdir: “ Bizi şol Töwekgel oýundan sürip äkidip başlanlarynda birki adam gaçmaga synanyşdy. Olaryň yzyndan ýetip, duran ýerlerinde çapdylar. Soňra aramyzdan dört adamy çykaryp, depeden aşyryp öldürdiler. Şonda Ýazmyrat aga:
- Adamlar, biziň boljagymyz-a belli, kelemäňizi çöwüriberiň! – diýdi. Şol ýerden 200 metr ýöredip gyzyl esgerler bizi öldürmek üçin sakladylar. Şonda Ýazmyrat aga:
- Kapyra jan çekeniň özem kapyrdyr! – diýip, eline çerkeziň çybygyny alyp olaryň üstüne topuldy. Gyzyl esgerleriň biri Ýazmyrada gylyç saldy. Ýazmyrat janhowlyna gylyjy eli bilen tutdy welin elleri gara-gana boýaldy. Gyzyl esger ikinji gezek gylyjy bilen Ýazmyradyň çat-maňlaýyndan salyp ony öldürdim edýär. Soňra çapyşlyk başlandy. Şonda meniňem kellämden gylyç salyp ýaraladylar. Şonda gyzyl esgerler köpümizi öldürdiler, ölmän galanlary bolsa, ikinji gezek aýlanyp öldürip gitdiler. Ýazmyrat ikimiz bir çerkeziň düýbünde ýatyrdyk. Gyzyl esgerler ikinji gezek aýlanyp, çapylanlaryň ölendiklerini yada ölmändiklerini barlap ýörkäler biziň üstümizden geldiler. Şonda Ýazmyrat entek diridi. Gyzyl esgerleriň biri Ýazmyradyň diridigini bilip, oňa ýene-de.... gylyç saldy. Men ýatan ýerimden ony görüp, bir gobsundym welin, ol meniň ýanyma gelip meniň diridigimi bildi. Ol elindäki tüpeňiniň ujundaky naýzasy bilen meniň garnymdan sünçdi welin, naýza garnymdan geçip ýere çümdi. Şondada ölmedigimi görüp, naýzasy bilen bokurdagymdan çümdürdi. Ol naýzasyny yzyna çykaranda göni çykarman, towlap-towlap çekdi. Şonda boýnum bir şakyrt etdi welin, agyra çydaman özümden gidipdirin. Ýazmyradyň ogly Ata gelende özüme geldim. Meniň aňyrragymda Ýazmyradyň inisi Sopy, Orus goňak dagy dem-düýtsiz ýatyrdy. Olaryň gündogarysynda Seýitli, Nurmämmet, Oraz, Ata, Ýagdy tapyl dagy öldürilipdir. Olardan aňyrrakda Kiçik gul aga öldürildi”.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • akgül 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Şol sürlip

Şol sürlip äkidilen adamlardan diňe Gurbansähet aga diri galypdyr. Diri galdy, ýöne, pahyryň aňyna welin, güýçli zeper ýetipdir. Şol gyrgynçylygy gözüň bilen görüp, özünem ejir baryny çekip, diri galanyna şükür etmeli. Hawa, Gurbansähet aganyň “çöregi bitin” eken.
Gyzyl esgerleriň aňtawçy toparlary oýlara gidip, adamlary Keltegoňura getirip öldüripdirler, gaçjak bolanlary bolsa, yzyndan ýetip çapypdyrlar. Mysal üçin, Garabaldyr oýundaky Osman mollany Keltegoňura getirip öldüripdirler. Garabaldyrly Sapar Garany bolsa gaçjak bolanda öldüripdirler. Ýaşy bir çene baran näsag Geldi han emedekläp 50-60 metr gaçanda yzyndan ýetip öldüripdirler.
Gyzyl esgerler ertesi ikindinara Keltegoňurdan gidýärler. Ýöne olar gitmänkäler Tapyl aga öz atlaryna seretdirip, suw daşadyp öldürýärler.
“Gyzyl esgerler gidensoňlar ekabyrrak oglanlar, aýallar, gaçyp ölmän galan adamlar, şehit ölenleri ýerläp başladyk. Olary musulmançylygyň däp-dessury bilen jaýlap bilmän şol ganly eşikleri bilen, ýanman galan ýorgan-düşege, dona dolap gömdük. Käbirlerini bolsa asla ýerinden gozgaman üstlerine gum sürdük. Sebäbi olary çapym-çapym edilensoň, ýerinden gozgap boljak däldi. Gyzyl esgerler olary diňe öldürenleri bilen oňman, eýsem olaryň käbirlerini aýaklaryndan tutup eýläk-beýläk pytradypdyrlar, köpüsini bolsa, biri-biriniň üstüne münderläp goýupdyrlar. Biz olary iki gijäniň dowamynda ýerledik.Gyzyl esgerleriň ýene-de gelmeginden gorkup biz gündiz gizlenýärdik. Şehit bolanlary Sähet Welleň, ejem Oguljeren, Agageldi aganyň aýaly Hesel eje, Annanur aganyň aýaly Jahan daýza we ekabyrrak oglanlar bolup ýerledik” diýip. Ata aga bilen Aba aga gürrüň berdiler.
Şehit bolanlaryň hemmesini ýerläp bolansoňlar, adamlar Töwekgel oýunda üýşip otyrkalar, Keltegoňur tarapdan bir atly görnüpdir. “Waý, bula-ra ýene-de gelýärler” diýip, yzan-çuwanlyk başlanypdyr. Gömme çörek bişirip oturan Çary Hydyryň aýaly Ogulgurban aç oturan çagalaryna bişiren çöregini gizlejek bolup ýakasyndan goýberýär. Çöregiň gyzgynyna çydaman, pahyr, iki ýana çabalanyp başlaýar.
Ol gelýän atly bolsa, gyzyl esgerleriň ýolbeledi Sytdyh Baba eken. Ol gele-gelmäne öz maşgalasyny sorapdyr. Onuň öýi hem beýleki öýler bilen ýanyp küle öwrülipdi. “ Aýalyň çagalaryny alyp garyndaşlaryna gitdi” diýip, oňa jogap beripdirler. Sytdyhyň daşyny gurşap alan aýallaryň biri ondan: “ Indi biz näme işlemeli” diýip sorapdyr. Sytdyh olara:
- Diňe Aşgabada, durman gidiň! Size bu ýerde hossar çykjak ýokdur. Otrýad öňünden çykanyny gyryp gelýär.-diýipdir. Adamlar haýdan-haý bar bolan goş-golamlaryny ýygnap ýola düşüp ugrapdyrlar. Keltegoňur oýunda bolsa Ata aganyň ejesi Oguljeren eje, garry enesi Akjagül daýza, gelnejeleri Annasoltan, Bibijemal we Kiçik gul aganyň aýaly Güller eje dagy mal-garany ýygnaşdyrmak üçin galypdyrlar.
Bosgunlar Töwekgel oýundan çykyp, yzanda-çuwan bolşup Bäşkak oyuna tarap ugrapdyrlar. Olar Bäşkak oýuna baryp, olarda düşlejek bolanlarynda, olaryň yzyndan kowgy gelýändir öýdüp, olary kabul etmändirler. Şondan soňra olar Kelleli diýen oba tarap ugraýarlar. Bosgunlaryň arasynda oglan-uşak köp bolansoň, olar orta ýolda düşläp, ýatmaly bolupdyrlar. Ata aga şol ýerden yzyna öwrülip: “ Ejem dagydan näme habar barka?” diýip, Keltegoňura gelipdir. Ata aga Keltegoňur oýuna ýakynlaşanda, oýda 10-20 atly bardygyny görüpdir. Ata aga “ Gyzyl esgerler ýene-de gelipdirler-ow” diýip gizlenipdir. Ýöne atlylar uzak eglenmän, oýdan çykyp gaýralygyna gidipdirler. Olaryň gidendiklerine doly göz ýetirip Ata aga oýa barypdyr. Ata aga ejesinden gelip-giden atlylaryň kimdigini sorapdyr. Oguljeren ejäniň gürrüň bermegine görä, ol atlylar Keltegoňurdaky gyrgynçylygy eşidip “ Nähili kömek gerek, gorag kömegi gerekmi?” diýip gelipdirler. Aýallar olara:
-Bize hiç hili kömek gerek däl, öz başymyzy özümiz çararys. Bizi goramagam gerek däl. “Biz halky baýlardan, kulaklardan, galtamanlardan gorarys” diýip ýörenlerem bizi gyryp, gan çaýkap gitdiler, diýip, jogap beripdirler. Şondan soňra atlylar oýdan çykyp gidipdirler.
Gyrgynçylykdan iki gün geçenden soň, Keltegoňur oýuna , gyzyl esgerler bilen atyşyp, gaçyp giden Gytyk baý gelipdir. Ol Oguljeren ejäniň ýanyna baryp:
- Siziň süriňizde meniň 50 sany goýnum bolmaly. Şol goýunlar size ene süýdünden halal bolsun. Şony siz alyň, diýipdir. Oguljeren eje Gytyk baýa:
- Ilki bilen-ä şu gyrgynçylygy hudaýdan görýän, galyberse-de senden görýärin. Bize seniň goýnuň gerek däl – diýip, 50 sany goýny sürüden çykaryp, Gytyk baýa gaýtaryp beripdir. Soňra sürüdäki goýunlary eýelerine, eýesi bolmasa olaryň hossarlaryna paýlap, sürüni dagydypdyrlar. Dogry, mallaryň başy tükel däldi. Sebäbi gyzyl esgerler 60-dan gowrak goýny parçalap, iýenlerini iýip, iýmediklerini bolsa zaýalapdyrlar.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • akgül 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Şol wakadan uzak wagt

Şol wakadan uzak wagt geçmänkä, Aşgabat tarapdan Ata aganyň we Aba aganyň daýylary Keltegoňurdaky gyrgynçylygy eşidip, hossarlaryny ýygnamak üçin üç adam bolup gelipdirler. Olar Çary Hallybeg (Gurtly obasyndan), Myratguly Hekaja (Herrikgala obasyndan) we Söýün Güjüm dagydy. Olaryň kömegi bilen Ata aga dagy Hajyguly oýuna göçüp barypdyrlar. Olar bu ýerde üç aý töweregi ýaşanlaryndan soň, şehit bolan Garly uzynyň ogly Amandan habar gelipdir. Aman olary Töwekgel oýuna çagyrypdyr. Aman näme üçin gaçyp gidenleri yzyna çagyrdyka? Sebäbi kolhoz gurmalydy. Gaçyp, gidenlerem näme, gözleri gorkan adamlar, şol badyna yzyna dolanypdyrlar. Birki aýyň içinde, takmynan 1931-nji ýylyň noýabr- dekabr aýlarynda kolhoz gurupdyrlar. Kolhozyň adyna Türkmenistanyň Merkezi Ispolnitel komitetiniň başlygy N. Aýtakowyň ady dakylypdyr. Ata agalar kolhoza özleriniň 350 sany goýunlary we 20-ä golaý düýelerini goşupdyrlar. Ine, şeýdibem kolhoz gurulýar, ýöne bu kolhoz gurluşygy keltegoňurlylar üçin örän gymmada düşýär. Kolhoz gurluşygy diňe bir keltegoňurlylara däl-de, eýsem bütin türkmen halkyna gymmat düşdi.
Men Ata aga bilen Aba agadan gyrgynçylyk edip giden atlylar hakykatdanam gyzyl esgerlermi ýa-da olaryň eşiklerini geýen galtamanlar bolaýmasyn diýip soranymda, olar:
- Ýok, ýok. Olaryň gyzyl esgerlerdigine biziň hiç-hili şübhämiz ýok. Sebäbi olaryň kellelerinde ýyldyzly çüri papaklary ( “budýonowka” – A.A.) bardy. Şeýle hem olaryň içinde diňe üç-dört sanysy türkiçe gepleýärdi. Biz olaryň gürrüňlerine çalarak düşünýärdik. Olaryň ýolbeledi bolsa, obadaşymyz Sytdyh Babady. Ol galtamanlaryň öňüne düşüp gelipdi.
Gyzyl esgerler Aşgabatdan gaýtmankalar, ýolbeledi edip doganlar Gabyş we Hydyr Mämişi alyp gaýtjak bolupdyrlar. Doganlar öň Garryçyrlada oturypdyrlar. Ýöne olar gyzyl esgerleriň päliniň düzüw däldigini bilip, gaýtmakdan ýüz dönderipdirler. Olar soňra ýolbeledi edip, zorluk bilen Sytdyh Babany alyp gaýdypdyrlar. Sytdyh Babanyň maşgalasy hem Töwekgel oýundady we olaram soňra öýüň içine salnyp otlananlaryň arasynda galypdyrlar.
Keltegoňurdaky gyrgynçylygy hökümet eşitdimikä? Hökümet bu wakany eşidipdir diýmäge esas bar. 14-nji awgustda ikindinara gyzyl esgerleriň aňtawçy topary Keltegoňura Garabaldyrdan üç adamy - Hany, doganlar Kertik we Çary Welnepesi öldürmek üçin getiripdirler. Olary atjak bolup durkalar ýokardan samalýot gelip hat taşlapdyr. Şol hatda näme ýazylandygy bize mälim däl, ýöne şol hatdan soň atylmaly adamlaryň üçüsinem boşadyp goýberipdirler.
Keltegoňur gyrgynçylygynda jemi 56 adamdan gowrak adam gyrlypdyr. Şolaryň içinden 50-siniň atlaryny Ata aga bilen Aba aga aýdyp berdi. Keltegoňur oýunda öldürilenler:
Geldi han, Agageldi, Wepa, Eýeberdi, Akmämmet, Çary Hydyr, Baý Oraz, Mämmet Baba, Daňatar Gurt, Tapyl aga, Ýagdy goýunçy, Ata hoz we aýaly Annagözel, Welleň har, Annadurdy aga, Ata şarak we ogly Seýitnepes, Amansähet Welleň, Ata çal we ogullary Jepbar, Söýeg, Pirli Höweli, Güýç Seýitnepes, Osman molla, Hammat. Şeýle hem Şarlama oýdan düýe gözläp baran bir adam we Keltegoňur oýuna azaşyp gelen Aktelpek Hoja – Tejen etrapynyň adamy bolmaly.
Töwekgel oýunda öldürilenler:
Ýazmyrat Esenaman we onuň inisi Sopy, Garly uzyn, Kiçik gul we ogly Nurmämmet, Ýagdy Tapyl, Annanur aga, Oraz Ata, Begli Geldimyrat, Alty goşa, Agaly, Gara Baýram, Seýitli Annadurdy, Orua gonak.
Bagt oýunda öldürilenler:
Ataberdi Durdy we ogullary – Narly, Küle, Esenaman, Nazarmyrat, Gurt. Şeýle hem Welbeg we onuň ogly Gapbar.
Garabaldyr oýunda Sapar Gara öldürilipdir.
Bular bolşewizmiň pidalarynyň iň bärkijesi. “ Kolhoz gurmaga garşy bolýarsyňyz” diýip nije adamlary ýok etdiler. Bolşewizme garşylyk görkezjek bolup adamlar ata çykdylar ýa-da ata watany terk etmäge mejbur boldular. “ Bagtly durmuş gurmaga päsgel berýärsiňiz” diýip, nije-nije işan-mollalary ýok etdiler ýa-da ýat ýurtlara sürgün etdiler.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • akgül 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Ata aga 1936-njy ýyla

Ata aga 1936-njy ýyla çenli kolhozda işleýär we şol ýyl 6 aýlyk zooweterinariýa ugurdan okap gutarypdyr. Gutaryp gelensoň, tä 1943-nji ýyla çenli kolhozda ferma müdiri bolup işleýär. 1943-nji ýylyň mart aýynda Beýik Watançylyk urşuna gidip 1946-njy ýylda sag-aman dolanyp gelipdir. Ata aga şöhratly söweş ýoly geçip Berline barypdyr. Ol birnäçe söweş orden-medallary bilen sylaglanan we Beýik Watançylyk urşunyň 11-nji derejeli inwalidi. Uruşdan soňra, ýagny 1946-1985-nji ýyllarda kolhozyň ferma müdüri bolup işläpdir. Şu wagt Ata aga hormatly dynç alyşda.
Aba aga oba mekdebini tamamlap, kolhozda zähmet çekip başlaýar. 1940-njy ýylda goşun gullugyna alynýar. Gulluk edip ýören ýerinden Aba aga urşa gidýär. Ol birnäçe gezek aldym-berdimli söweşe gatnaşypdyr. 1943-nji ýylyň 23-nji fewralynda Harkow şäheriniň 18 kilometrliginde bolan söweşde Aba aga agyr ýaralanýar. Dokuz aýlap harby gospitalda ýaralaryny bejerdenden soňra, ony uruşmaga ýarawsyz diýip, öýüne ugradypdyrlar. Aba aga Beýik Watançylyk urşunyň 111-nji derejeli inwalidi. Aba aga 1944-1947-nji ýyllarda oba mekdeplerinde okuwçylara harby tälim beriji bolup işläpdir. 1947-1980-nji ýyllarda Aba aga kolhozda dürli kärlerde uly abraý bilen işläpdir.
- Biz uruşda gaty köp weýrançylygy, zaýaçylygy gördük. Nije gyzyl ýüzli ýigitler wepat boldular. Urşuň gutaranyna kyrk bäş ýyldan gowrak wagt geçdi. Köp wakalar ýatdan çykyşdy, emma Keltegoňurdaky gyrgynçylyk welin... hiç haçan ýadymyzdan çykmaz – diýip, Ata aga bilen Aba aga gürrüň berdiler.
Häzirki wagtda şehit bolan Ýazmyrat aganyň nebereleri Tejeniň Garryçyrla obasynda ýaşaýarlar. Ýazmyrat aganyň şehit bolan inisiniň, ýagny Sopynyň gyzy Aknur eje Aşgabat raýonynyň “Mir” kolhozynda ýaşaýar. Şehit Garly uzynyň agtygy Mämmet Aman ogly “ Mätäji” adyndaky kolhozyň Gurtly obasynda ýaşaýar. Şehit Geldi hanyň agtygy Hudaýberdi aga Aşgabadyň gündogarynda ýerleşýän Gysy obasynda ýaşaýar.
Men Keltegoňur gyrgynçylygyny ilkinji bolup halka ýetiren Atamyrat Öräýewe we informatorlar Baýly Ata ogluna, Geldimyrat Aba ogluna tüýs ýürekden taňryýalkasyn aýdýaryn. Bolşewistik syýasatyň pidalary bolan diňe bir keltegoňurlylar däl. Onuň pidasy biziň bütin türkmen halkymyz.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • akgül 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

berekella mirasymyz bu oz

berekella mirasymyz bu oz makalan my yada bir yerden alynan my

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • akgül 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Meninem kellame gelen sorag."

Sagboluň okanyňyza.

Sagboluň okanyňyza. Ýokarda-da belläp geçipdim, bu ýazgyny "Ýaş kommunist" gazedinden göçürdim.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Gudrat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Men muny teswirlerde

Men muny teswirlerde ýazaňda doly okapdym. Şol zatlary gürrüň beren ýaşulylaryň özi bilen söhbetdeş bolaýsaň gaty gowy bolaraý

Ey Hudayjan beyle zatlaram

Ey Hudayjan beyle zatlaram bolupdyr. Entegem täsirinden çykyp bilemok. Her gezek öñki döwürde yashap geçen adamlaryñ durmushyna, adamlaryna hayran galyan. Okap otyrkam hemme zady gözüm bilen gören yaly boldum. Pahyrjyklar.
Adamlar shol derejede nädip rehimsiz bolup bilyälerkä.
Sag bol paylashanyñ üçin. "yash komunist" gazedinde rugsat edäypdirler entegem bu makalany.

Mirasymyz, bu yazgyny

Mirasymyz, bu yazgyny paylaşanyñ uçin köp sagbol!
Elhenç waka, gynanmaz ýaly däl. nähak ýere gan dökülenine janyñ ýanýar.. Allajan, yatan yerlerini yagty etsinda!..ol ýaşulylaryñ ýatlamalarynda şeyle wakanyñ barlygyna hem gynandym. Üstünden näçe ýyl geçsede beyle zatlar ansat ýatdan çykmayar..her haçanam bolsa waka yerinde bolanlaryn dilinden hakykaty eşidäýmeseñ biljegem däl nahili bolanyny.. wakany gözi bilen görenlerinem her ýatlanlarynda ýarany täzeden gozgan ýaly bolýandyr şonda-da içinde saklanyndan has kyn bolaymasa..