Ýunus Emre

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Janym gurban bolsun seniň ýoluňa,
Ady gözel, özi gözel, Muhammet.
Şefagat eýlesin kemter guluna,
Ady gözel, özi gözel, Muhammet.

Mümin bolanlaryň çohdur jefasy,
Ahyretde bolar, zowky-safasy.
On sekiz müň älemniň mustafasy,
Ady gözel, özi gözel, Muhammet.

Ýedi gat gökleri seýran eýleýen,
Kürsiň üstünde jöwlan eýleýen,
Magrajynda ymmatyny dileýen,
Ady gözel, özi gözel, Muhammet.

Dört çaryýar onuň gökçek ýarydyr,
Ony söýen günälerden bäridir.
On sekiz müň älemniň soltanydyr,
Ady gözel, özi gözel, Muhammet.

Sen hak pygambersiň, şeksiz, gümansyz,
Saňa uýmaýanlar gider imansyz.
Aşyk Ýunus neýlär dünýäni sensiz,
Ady gözel, özi gözel, Muhammet.

Ýunus Emre

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu yazgi ucin

  • akgül 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

goşmaça

Men ýörürem ýana-ýana,
Yşk boýady meni gana,
Ne akylam, ne diwana,
Gel, gör, meni yşk neýledi.

Kä öserem ýeller kibi,
Kä tozaram ýollar kibi,
Kä akaram siller kibi,
Gel, gör, meni yşk neýledi.

Akar suwlar deý çaglaryn,
Dertli jigerim daglaryn,
Halymy aňyban aglaryn,
Gel, gör, meni yşk neýledi.

Tut, elimden galdyr meni,
Ýa waslyňdan gandyr meni,
Kän aglatdyň, güldür meni,
Gel, gör, meni yşk neýledi.

Men ýörürem ilden-ile,
Şeýh soraram dilden-dile,
Ýat ilde halym kim bile?!
Gel, gör, meni yşk neýledi.

Mejnun oluban gezirem,
Ol Ýary düýşde görürem,
Oýanyp melul boluram,
Gel, gör, meni yşk neýledi.

Misgin Ýunus biçäreýem,
Başdan-aýaga ýaraýam,
Ýar ilinden awaraýam,
Gel, gör, meni yşk neýledi.

Ýunus Emre

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • akgül 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

2nji gosgy hem Muhammet

2nji gosgy hem Muhammet Pygambere (s.a.w) bagyslananmy?

ikinjisi ylahy yshk barada

ikinjisi ylahy yshk barada

Muhammet baradaky goshgy

Muhammet baradaky goshgy hakykata gabat gelenok. Ol nadip gozel bolup bilyandigine men dushunip bilemok, yaha adamlar ol barada bar bolan hakykatlary bilmeyar, yada yone ruhy korlukde yashayarlar!
Isa Mesihing adyna hem eden ishlerine hem durmushyna hem gozel we ajayyp diyse bolar!...

:)

diplomat wrote:

Muhammet baradaky goshgy hakykata gabat gelenok. Ol nadip gozel bolup bilyandigine men dushunip bilemok, yaha adamlar ol barada bar bolan hakykatlary bilmeyar, yada yone ruhy korlukde yashayarlar!
Isa Mesihing adyna hem eden ishlerine hem durmushyna hem gozel we ajayyp diyse bolar!...

men pikirimche biraz yazyan zadymyza dikkat etsek gowy bolmazmi, her kimin ynanchyna hormat goymali,
belki private soragdyr welin onda da soramak islyan , eger jogap bermek istemesiniz oz ishingiz, shuncha yazyangyz , sheyle bir wagt sarp edyaniz , birini bir hristian edip bildinizmi? :)

Selbishka, mening maksadym

Selbishka, mening maksadym adamlary "hristian" etmek dal, olara adamzadyng Halasgari bolan, her bir ynsanyng gozleyani "Yol, Hakykat we Yashayysh" bolan Isa Mesihi tanyshdyrmak, olaryng gozlerindaki ruhy perdeleri hakykat bilen ayyrmaga yardam etmek. Hakykaty gozleyanler hokman Hakykaty tapar we ajayyp yashaysha Isa Mesihde yeterler. Munga yetyanler bar we bu bolsa gaty begendiriji, chunki Hudayyng yaradanlary guna sebapli we sheytanyng aldawy bilen yoldan azashyp yitipdiler bu wagt bolsa Huday olary tapyp Oz ruhy patyshalygyna alyp gelyar!
Elbetde mening kalbymyng chungur islegi Turkmen iliming ahlsining Hudayyng upjun edyan Hosh Habary yagny Isa Mesihdaki ruhy erkinlige we rowachlyga yetmegidir! Bu bolsa erk-ygtyyarly bolan adamlaryng jogabyna we Hudaya baglydyr!

Ili musulman bolup son

Ili musulman bolup son hristiyan bolan adamlar gaty az, olaram pul,mashin,amerika ewropa gidip rahat standartlarda yashamak uchin dinini uytgeden adamlar. Bulam menim pikrim we goren zatlaryma esaslanyp aydyan. P.s. Men teswirlerdeki Free

O-how Free asyl bu Ddöwlet

O-how Free asyl bu Ddöwlet senmidiň? Sylaba bu ýerdede .... pürküp ugradow.

Yalngyshyarsyng dDowlet. Bu

Yalngyshyarsyng dDowlet. Bu gun Turkmenlering ichinde hem munglerche adam Isa Mesihe hak yuzunde ruhy erkinlik uchin we Hudayyng hak yoludygy uchin Isa Mesihing yzyndan eyerip imanda yashayarlar. Olar Isa Mesihe ynandygy uchin kynchylyklar cheksede imanynda dowam edyarler.
Kimdir biri pul, mashin , amerika yada ewropa uchin Isa Mesihe ynanjak bolsa yada ynanyan bolsa bu duybunden nadogrudyr. Ondan bashgada, kim amerika yada europa Isa Mesihe ynananlary alyp gidip otyr, hich yerde beyle zada men dush gelmedim!

Diplomat zato men dush

Diplomat zato men dush geldim, Norwegiya, Wengriya, Amerika sho Ewangelistlerin sponsorlygy bilen gidenleri bilyan. We pul alyanlaryn san sanagy yok nache sany gonshylar gelip gel senem pul alarsyn diyp meni chagyrdylar, ozleri alyan eken. Anyrda mysal gozlemek nama gerek shu tayda sen ozun nirede yashayan? Giden yerine kim sponsor boldy? Kakan my dayyn my hokumet mi yada birilerinin fondy my

Eger sen kimdir birining

Eger sen kimdir birining nahilidir bir sebap bilen dashary yurda gidenini Isa Mesihing Hosh Habaryny ret etmek uchin ulanyan bolsang onda, musulmanlaryng hem munglerchesi durli yollar bilen we Turk, arap agalarynyng komegi bilen gitmeli yerlerine gidip yorler diyse bolar. Emma gurrungi syyasylashdyrmak gerek dal, sebabi muny durli dinde hem bahana tapsa bolar!
Eger sen sheyle akylly bolsang mening getiren deillilerime Yazgylardan delil bilen gurrung berseng gowy bolar!
Men Amerikada shu wagt yashayan we bu taya okuwa diyip geldim. Okuwa diyip gelen Turkmenler barde gaty kan, hemmeleri din baglanyshykly geldi diyip biljek dal. Hawa bir iki mashgala dush geldim, Turkmenistanda Isa Mesihe ynanandygy uchin yzarlanyp, ezyet berilendigi uchin yurtdan gitmeli bolupdyrlar.
Sheyle gune dushen kabir ildeshlerimiz bar, yone hemmesi dal. Bu gunki yurdyng ichinde munglerche Turkmen ildeshlerimiz Isa Mesihdaki Hakykata dushunip kabul edip yashap yorler. Isa Mesihi wagyz edende hich kim hem pul berenok, bu kabir adamlaryng yalan propogandasydyr!

Men Isa Mesihe pygamber

Men Isa Mesihe pygamber ekenine ynanyan onun getiren Allah baradaky hosh habaryna da ynanyan, kabirlerinin amerika gitmek uchin hristiyan bolup gorunmegi kabul etmek yada kabul etmezligime gramam tasir edenok. Sen shu wagt amerikada okayan bolsan bir fondyn sponsorlygy bilen okayan we onda gayrat et bu tema kop dil aylama sebabi tesirsiz bolyar sozlerin. Yhlas goremok sozlerinde we ynam duyamok. Soralyan soraglar aklyn onumi bolsa shu wagtachenli akylly jogaby hak edenlere berip gelyas yone sen akylly jogap islanok sorag sorayyshynam adamchylyga gabat gelenok. Onsanam bizden akylly jogap garashan bolyan my?? Musulmanlar musulman dowletlere musulmanlaryn fondy bilen gidyan bolsa munyn namesi yanlysh? Asyl musulman bolup hristiyanlaryn fondy bilen dasharyk gidip hristiyan bolanlary aytsana mana, name ish ?

Onsonam

Onsonam metodyn yanlysh adyny diplomat goyupsyn weli diplomatiyadan dushunjen yok yaly, bize bir zat dushundurjek bolsan dushindir sana da soz beriler yone bizin ynanjymyzy we mukaddeslerimizi kemsitsen seni dinlemers. Bu ynsan aragatnashygynda in bashlangych prinsip eger senin okan yerinde we kitaplarynda owredilmedik bolsa ynha owren onda