Türkmenistandaky materializm barada

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Men dünýäniň birnäçe ýurdundan geçdim, birnäçe ýurdunda azajyk bolup gördüm, ýene birnäçesinde ep-eslije ýaşap gördüm. Emma şularyň arasynda Türkmenistandaky ýaly materialistligi görmedim. Belki ýalňyşýandyryn, belki Orsýedem şeýledir.

Emma bu temany Türkmenistan barada açmakçy. Sebäbi bärde türkmenleriň üýşen sahypasy. Men Türkmenistandaky häzirki zaman çenden aşa materializmiň sebäbi hökmünde birnäçe düşündirişler hem gurdum. Bularyň biri we easasysy, bu täze sosializm we kommunizmden çykan jemgiýet üçin adaty we tebigy ýagdaý. Sebäbi kommunizmde ýatanam şol bir aýlygy alýar, işlänem, sebäbi baýlyk halka deň paýlanlar. A kommuzm dargan badyna, gün güýçliňki, gowurga dişliňki. Indi kapitalizm gelýär, adamlar bir bada kapitalizme we materializme şeýle bir girýärler welin, aşa materialist bolaýýarlar. Indi adamlaryň kellesinde "men azap etdim, gazandym. A bu işlemedi, şonuň üçinem pulsyz we garyp" ýaly pikirde bolýar. Bu olar üçin öz husytlygyny, materialistligini we gysyklygyny gizlemek üçin bahana bolup galaýýarlar. Beýle jemgyýetde kimiň bäş manat puly bar bolsa, şol ýokarda, şol gürleýär. Bäş manatly özünden ejiz göreniniň üstünden gülesi gelýär. "Udaçnik-neudaçnik" ýa-da "winner-loser" ýaly iki sany kategoriýajyk bolýar. Pulsyz elbetde "neudaçnik=loser" bolýar.

Bu ýagdaý dünýäniň köp ýurdunda bar. Ýöne Türkmenistanda şu ýagdaý has hem ötä geçen ýaly. Ýalňyşýanmy? Men käbir Türkmenistanly adamlar bilen gürleşenimde, bir hili özüniň pulludygyny, we şol sebäpli hem üstündigini nygtajak bolýandyklaryny duýýanym ýaly. Olaryň elbetde pikiri sen pulsyz we pes. Aslynda ýagdaý beýlemi, özlerem bilenoklar. Eger bardy-geldi sen has baý bolýanyňy subut etjek bolsaň, siýdik çüwdürim ýaryşyna girmeli bolýar. Ýogsam görüp otursaň, bir öwünere bitiren işi ýa bar ýa ýok. Emma onuň gözünde kisesinde bäş manady bolanlygy, onuň eýýäm uly işi bitirenliginiň manysyny berýär. Siziň pikirleriňiz?

Telpekler (3 kisiden 3 sany)

Bu yazgi ucin

  • akgül 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • poahf 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • viola 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Amerika bir kapitalizmiň

Amerika bir kapitalizmiň iň ösen ýerlerinden biridir welin, her hili haýyr-sahawat işleri üçin pul berýänleriň, her hili ýöne gowulyk üçin, Hudaý üçin gowy iş edýänleriň sany hem diýseň kän. Türkmenistanda şeýle ýagdaýy men, gynansamam görüp bilemok. Ene-atasy çagasy bilen algy-bergi depderiniň üsti bilen habarlaşýan ýaly. Taksilere münseň, içindäki adamlaryň we daýzalaryň gürrüňi depe saçyňy hüjjerdýär. Bir gezek bir daýza obadaş taksistine öz doganlary, jigileri we olaryň gelinleri we ärleri bilen bolýan gürrüňleri, uruşlary gürrüň berip barýar, men haýran galdym. Aralarynda iň abraýlysy, elbetde, iň pullusy. Pullusy kömek etse, bary halaýar, kömek etmese, bary ýigrenýär Biri-birine kömek etmek ýaly pikir kellelerinden geçenok.

Men düşünýän, biri ýalta bolsa, öz başyny çaramasa, onda puly bolmasa geň zat däl. Ony haçana çenli dogan-garyndaşy süýresin?! Ýöne başga gep beýle bolmasa, emma bir sebäp bilen wajyp kömege mätäç bolsa, az salymdan şol puly berip biljek bolsa? Men eşitdim, obada birinden kakasy karz sorasa, prosente berip biljegini aýdanmyşyn. Prosende öz kakasyna pul karz bermek. Amerikanlaram şeýle edýändir öýdemok, dogrusy, arasynda ýek-tük bar bolmagy ahmal ýöne. Ýene biri eşitdim, obada öý gurup ýördüler. Gyzyklandym näçe pul çykanyny, oba üçin kän çykypdyr. Şonuň üçin gurluşyk diýseň haýal. A doganlaryňdan soraýmaly ekeniň, işläp ýörsüňä, bererdiňdä? diýsem, soradym, bankdan karz alaý diýdi diýýär. Bankam elbetde prosentli berýär.

Men indi pikir edýän, Türkmenistanda birinji ýerde pul bar diýsem ýalňyşmy? Ýa wezipemi? Arasynda gowy adamlaram kändir welin, ýöne adamlaryň arasyndaky aragatnaşyklar şeýle bir materialist, menä haýran galdym.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • akgül 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Shuwagt gordunmi

Bayram sen name Turkmenistanda yagdaylaryn seyledigini indi indi goryanmi. Icinde uzynrak yasap basla hasam gorersin. Hatta ozun owrensibem gidersin. Gynansagam sen aydyan zatlaryn dogry. Men firmada isleyan diyip on kan salamymy almayan garyndaslar salam berip basladylar. Men uchin edyan zadym prostoyja zat yaly, gonshy golam uchin beyle dal.

Polat, bu ýerlere entägem

Polat, bu ýerlere entägem girýäňmaý? :)

Türkmenistany diňe tankytlaýanym ýalydyr, emma beýle etmek islegim ýok. Aýdyşlaryna görä ýewreýlerem materialistmiş, hytaýlaram ýenelerem. Ýöne bizdäkiler bir hili ony gizlemänem bilenoklar, aç-açan materialistçilik.

Meň ýene gaharymy getirýän zat "eşşi etmek" diýen düşünjesi. Biri beýlekini aldasa, sokup puluny alsa, ýa ýene bir hilegärlik etse, utanmakdan geçen, "eşşi etdim" diýip gürrüň berýär, agzyndan köpük döküp. Beýlekisi aldansa, puluny ýitirse ýa umuman başga bir duzaga düşse, onuň üstündenem gülýärler "aý ony eşşi edip gidipdirler". Orslaryň hem şu ýollardan geçendiklerini bilýän "loh" we "lohotron" ponýatiýeleri (düşünjeleri) bilen. Şolar bizde ýok diýip begenip ýördüm welin, indi doly gelipdir.

Dogrusy, beýle ýurtda ýaşaberseň, şoň ugruna bolup gidiberýäň. Başga alaç hem ýok ýaly.

-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

gynansakda sheyle yagday

gynansakda sheyle yagday oran yayran. wezipa we maddy yagdayina gora baha kesilya.
eger jubin dolyja bolsa, toya ya da sadaka baraninda tore geciryaler we gowja stola oturtyalar.
eger ishler yolinda bolman kin yagdaya dushsen, elinden tutjak we komek etjek adam tapmak oran kin.
gaytam gybatini ederler we onki silap yoren adamlari towereginde gormersinem.
silag hormat,yzzat ikram we shuna menzesh zatlar senin maddy statusuna we wezipana baglylykda gorkezilya.

Materializm aslynda dine

Materializm aslynda dine pula seretmek dal , materializm goren zadyna ynanyp gormeyan zadyna ynanmazlykdan gelip chykyar. Turkmenistanyn sheyle yagdayda bolmagy iman guychsizliginden, sebabi gormedik zadyna ynanman bashladylar, bu bolsa bize komunizmin getiren keselligi.
Komunizm kapitalizmden az materialist daldir belki hasam gechyandir, Karl Marks jemgyyetin osmeginde materia esasdyr, din adamzada zyyandyr diya. Amerikanlaryn ruslara seredende has dindar bolmagynyn sebaplerinden biri shol. Kapitalizm sistemasy bolsa liberalizmyn tasiri bilen we demokratiya bilen bilelikde bolany uchin komunizmden koprak yashady. Netijede turkmenler kapitalizmden son dal komunizm dowrunde eyyam materialist terbiye alyadylar, yone o wagtky sistema adamlaryn ichindeki bu zadyn yuze chykmagyna many bolyardy. Many bolany uchinem dowam edip bilmedi. Komunizm oz ozi bilen chekishyan, ozuni batyryan sistemanyn ady boldy.
Materializm esasan evropadan dunya yayrady. Yone meselem grekler, rim imperiyasy, vavilon, egipet sanasan sanabermeli taryhyn haysy dowrune seretsen materializm bardy. Yone shu wagt globalizm dushunjesi, tehnologiyanyn osushi, internet, tv media, hollywood kinolary bilen dunyanin her nokadyna baryp yetdi.
"Winner-loser" diyen zat Amerikadan chykdy we shu wagt edil olardaky yaly derejede dal Turkmenistanda. Amerikanlaryn pul komek etmesi bashgalaryn gozunde "winner" bolmak uchin. Gepin gysgasy materializm hemme yerde

Ene-atalaryň özleri

Ene-atalaryň özleri çagalaryny materialist edip ýetişdirýä. Nesil yzarlaýan prokletyý terbiýe ýaly dowam edip gidip otyr. "Seni okatdym...seni şu ýaşa getirýänçäk edilen çykdajylary hasaplasaň...dogulman geçen...iň köp harajat saňa edildi..." ýaly minnetli sözler. Dogry. Ene-ata başymyzyň täji. Näme etselerem biziň ýagşylygymyz üçin. Bir tarapdanam çyndanam şeýlediginden şüphelenip başlaýaň. Kä wagt diňe mejburiýetlikden ybarat ýaly görýäň öziňi. Başga kanallardan edinen terbiýelemiz saýasynda olaryňkyň täsirinde galman-da bileris. Olaram şeýle terbiýe görendir-dä.

Hemme zady garşylykly etmek. Doguryp ulaldan çagaňa garşy bir hantamaçylyk içinde bolmak. Pul seçip duran bolmagyny adam bolmagynyň ýüzi hökminde görmek. Soň yzam şeýle hasaba baglanyp gidiberýä-dä. "Meni şu ýaşa çenli getirmek üçin eden çykdajylary şunçarak bolsa olara bolan borjym-da munçarakdyr onda" pikirini gögertýäler çagalarynda. Öz elleri bilen materialist pikirli edip ýetişdirýäler.

Hiç hili ene-atasynyň goltgysy bolman aýaga galan doganlarynyň hem ondan üýtgeşik terbiýesi bolanok. Diňe ene-atasy oň ýüzüne gelip gürlemekden çekinýä diýäýmeseň. Minnet edere köp zat tapyp bilmänsoň boýun egik ýöne şonda-da hantama... Nähili nebsiagyrç ýagdaý !! Eliň bilen edeniňi egniň bilen çekmek !! Dogry niýet, Ýalňyş terbiýe !!

Garşylyksyz terbiýe, adama mätäçsiz hereket etmek, hantamaçylyksyz terbiýe çagalardaky duýgylary gözelleşdirýä. Kämil gözel duýgyly çaga hijem ene-atasyny kyn günde goýan däldir.

SSSR günäkärmi başga bir sebäpdenmi kim bilýä. Mesele nireden geldi-galdy-ýokaşdy däl-de. Terbiýäni üýtgetmek. Her täze ene-ata özünden başlap biler mysal üçin.

------познай себя------