DÜNÝÄ NURMÄMMEDOWA yaş sazanda dörediji

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Dünýä hakda käbir aýdylanlardan:

“Dünýä ýerine ýetirijiliginde tebigy bir talantdyr, ol pianinony guýmagursak zehini bilen ussat, tehniki derejesi ösen, tebigy mukamly, çadylaýyjy kämillik bilen çalýar. Ol biziň köpçülige hödürleýän günortan we agşamky konsertlerimizde bütin okuwynyň dowamynda hem iki bolup, hem ýeke özi, hem käte çykyş edýän ansablymyza goşulyp, hemişe aýratyn bir öwüşginli, ussatlyk bilen saz çaldy. Ol bu okuwa giren wagtyndan, 2002-nji ýyldan bäri ýerine ýetirijilik ussatlygyny örän kämilleşdirdi. ”

Dr. Mark Bellis, Bournemouth and Poole lisesiniň saz
bölüminiň direktory, Poole-Angliýa. 2004-nji ýylyň 23-nji iýuny.

“Dünýäniň ozal Türkiýede beren konsertiniň wideo kasetasyny uly bir höwes bilen diňledim. Dünýä, onsoňam Poole’da günortanky konsertlerimizde birnäçe gezek pianino çaldy. Ol öz sazlary bolsun, türk sazy bolsun, klassik kompozitorlaryň eserleri bolsun, hemişe inçe bir ussatlyk bilen mukamlar hödürleýär. Mukaddes Cecilia (Sisiliýa) konsertinde bir türk sazyny we Şopenden Nocturne çaldy. Olaryň ikisini-de adatdan daşary ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.”

Dr. Mark Bellis, Bournemouth and Poole lisesiniň saz
bölüminiň direktory, Poole-Angliýa. 2002-nji ýylyň 6-njy dekabry.

“Men ýaş talant Dünýäni ilkinji gezek 2000-nji ýylyň 23-nji maýyndaky pianino konsertinde diňledim, ol meni bir pianist hökmünde edil çalan sazlaryny ýerine ýetirişindäki ýaly, bir kompozitor hökmünde-de örän haýran galdyrdy.”

Mine Çalışal,TRT Saz bölüminiň müdiri.

“Hakyky zehiniň ala-ýazlygyna, Dünýäniň baý repertuaryna we tehniki tarapdan ýerine ýetirijiligine guwandym. Dünýä bizi geljekde-de taňry beren zehininiň öwüşginleri bilen, gürrüňsiz, jadylamagyny dowam eder.”
Prof.Dr. V.V.Anisimov, Ukraina.

2000-nji ýylyň 6-njy iýuny.
“Öz döreden sazlaryny çalanda zehini açylýar, onuň has köp kompozitorlyk ýolundan gitmeginiň dogry boljagyna ynanýarsyň, onda bu ugurdan güýçli we manyly şineler bar.”

Prof.Dr.Ali Uçan, Gazi uniwersitetiniň tälim fakulteti,
saz bölümi. Ankara. 2000-nji ýylyň 6-njy iýuly.

“Türkmenistanda we ýurdumyzda saz işlerini yzygiderli alyp barandygyny görkezýän maglumatlary we saz ussatlarynyň ol hakdaky häsiýetnamalaryny göz öňünde tutup, iki ýurduň arasyndaky guralan dostluk köprüsinde ähmiýetli bir medeni gatnaşyk häsiýetini döredip biljekdigi üçin Dünýägözel Nurmämmedowanyň 2000-2001-nji okuw ýylynda uniwersitetimiziň döwlet konserwatoriýasynyň saz bölüminde okamagy üçin 2000-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda boljak giriş synagyna alynmagy uniwersitetimiz tarapyndan maksada laýyk görüldi.

Prof.Dr.Tunçalp Özgen, Hajattepe uniwersitetiniň
rektory. Ankara. 2000-nji ýylyň 19-njy iýyly.

“Dünýä zehinli, ukyply sazanda.”
Rejep Rejebow, kompozitor. Türkmenistan.
2000-nji ýylyň 20-nji iýuny.

“Zehinli pianist gyzymyz Dünýä Nurmämmedowa Türkmenistanyň Idil Biretidir.”
Köksal Toptan,Türkiýäniň Bilim ministri.
Ankara. 2001-nji ýylyň 4-nji iýuny.

“Dünýä entek 17 ýaşynda bolmagyna garamazdan, onuň saz çalyşy göýä pianinonyň klawiýeleriniň üstünde barmaklary gaýyp ýören kebelekleriň uçuşyny ýadyňa salýar. Hudaý ony gözden-dilden gorasyn, bu zehini bilen geljekde, dogrudan-da, has öňdäki sepgitlerde örän uly umytlary wada ediýär. Onsoňam döreden sazlarynyň atlaryna seretdim. Ine, “Ýagyş damjajyklary” ýaly, “Öçmeýän uçgun” ýaly, ýa-da “Erkin atlar” ýaly edil öz ruhunyň nepisligini beýan edýän sözler bilen eserlerine at goýupdyr, onuň hem özboluşly manysy bar.”
Dosent Dr.Hüseýin Çelik, Türkiýäniň Medeniýet ministri,
Ankara, 2002-nji ýylyň 28-nji dekabry.

“Dünýä Nurmämmedowa biraz wagt Türkmenistanda, biraz wagt Türkiýede ýetişdi diýip bolar, elbetde, onuň ýetişmesinde Ýewropa tarapy-da bar. O bir türkmen gyzy, türkmen ýaýlasyndan geldi, ýöne pianinonyň klawiýalary bilen bize dünýäni gezdirýär, içki dünýämizde gezdirýär. Türkmen ýaýlasynyň iki kirişli dutaryny çalan eller pianina ýetip, bütin dünýä derejesine çykýar.”

Ýahýa Akengin, şahyr, Türk dünýäsiniň ýazyjylary we sungat
işgärleri bileleşiginiň başlygy, Ankara, 2002-nji ýylyň 28-nji dekabry.

“Men Dünýäni gaty kiçijik ýaşlaryndan bäri bilýärin. Baryp 1993-nji ýylda, entek 7-8 ýaşyndaka görüpdim. Şol wagt bu çaganyň zehininiň bardygyny duýupdym. Dünýäniň sazlarynda ähliumumy ýa-da Günbatar klassik sazy bilen türk-türkmen sazynyň bütewiligini, dünýä derejesindäkini milli, milli sazlary bolsa, dünýä derejesine çykarýandygyny görýärin. Bu tarapdan kompozitor örän uly umyt döredýär.”

Prof.Dr.Mehman Musaogly, Azerbaýjan,
2002-nji ýylyň 28-nji dekabry.

“Sazandamyz Dünýä, birinjiden-ä hem Türk dünýäsini, hem dünýäni gaty gowy bilýän, hem dünýä klassikleriniň eserlerini, hem öz sazlaryny iň gowy derejede çalýan bir senetçi. Ol diňe Türkmenistanyň däl, Türk dünýäsiniň dünýädäki owazydyr, edil ady ýaly Türk dünýäsini dünýäde tanadyp ýören, bu dünýäniň özi ýaly gözel bir senetçidir.”

Ensar Kylyç, Türkiýäniň Medeniýet ministrliginiň döwlet
teatrlarynyň artisti, Ankara, 2002-nji ýylyň 28-nji dekabry.

“Dünýäniň Türkiýedäki bu (2002-nji ýylyň 28-nji dekabryndaky) klassik saz konserti bize örän ajaýyp öwüşgin berdi. O ýerde aýratyn üns bermeli bir ýagdaý bardy, diňleýjileriň hemmesi gaty ýokary derejede saza düşünýän adamlardy. Men bu konserte bir öwrenjäniň konserti bolar diýen pikir bilen gitdim. Ýöne ol ýerde gaty tolgundym, ol hakyky ussatdy. Ony diňlän wagtym, edil öz gyzyma nähili guwanmaly bolsa, şonuň ýaly buýsandym.”

Hatije Gürsöz, Türkiýäniň Çeperçilik sungaty uçurymlary
akademiýasynyň başlygy, hudojnik. Ankara. 2003-nji ýylyň 5-nji ýanwary.

“Dünýä Nurmämmedowa bize gaty uly buýsanç berdi. Dogrudan-da, örän ajaýyp sazlar döredipdir. Bütin zal doludy. Şeýlelikde türkmenleriň arasyndan çykan perzendiň şeýle belentlige ýetmegi, hakykatdan-da, bizi gaty bagtyýar etdi.”

Dosent.Dr.Rasim Özýürek,Bilkent uniwersiteti,
Ankara, 2002-nji ýylyň 28-nji dekabry.

“Dünýäniň ýerine ýetiriş ussatlygy, ajaýyp saz beýany adamda durmuşa söýgüni, doganlygy we dostlugy kemala getirýär. Iň ähmiýetlisi-de, türkmen doganlarymyzyň arasyndan şeýle bir zehinli ýaş gyzyň ýetişmegi, meni gaty begendirdi. Dünýä ýaly ýaşlarymyz bu gün biziň medeniýetimizi bütin dünýä tanadýar, tanatmagyny-da dowam eder.”

Elham Aleskerow,Azerbaýjan diplomaty.
Ankara. 2002-nji ýylyň 28-nji dekabry.

“Türkmenistanly ýaş senetçi Dünýä Nurmämmedowa konserti bilen ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk köprüsiniň binýatlarynyň sagdynlaşdyrylmagyna goşant goşdy. Onuň zehinli bir kompozitor we ýerine ýetiriji hökmünde, diňleýjileriň hem söýgüsini gazanandygyny arkaýyn aýdyp bilerin. Diňe öz ýurdunyň däl, onuň üstünliklerine bütin Türk dünýäsiniň guwanýandygyna ynanýaryn, üstünlikleriniň dowam etmegini isleýärin.”

Dosent Dr. Hüseýin Çelik,Türkiýäniň Medeniýet ministri.
2002-nji ýylyň 28-nji dekabry. (Türkiýäniň Medeniýet
ministrligi tarapyndan Dünýä için berlen sylag ýazgysyndan.)

Dünýä, 1985-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Aşgabatda dünýä inýär.
Ol 1992-nji ýylda diplomat gyzy hökmünde maşgalasy bilen bilelikde Ankara ýaşamaga gelýär. Şol ýyl Ankaranyň Dr.Reşit Galip başlangyç mekdebine okuwa gidip başlaýar we soňra okuwyny Orta Gündogar Tehniki uniwersitetiniň lisesinde dowam edýär.
Saza bolan aýratyn höwesi, tebigy zehini entek kiçijik ýaşyndaka, onuň ilhalar sazlary döretmegine alyp barýar. 12 ýaşyndan bäri, ähli konsertlerinde klassik saz ägirtleriniň eserleri bilen bilelikde öz döreden sazlaryny, türkmen we türk kompozitorlarynyň eserlerini ýerine ýetirip gelýär.
2000-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkiýäniň Medeniýet ministrligi, Türk döwlet radio we telewideniýe guramasynyň baş müdirligi, Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasy tarapyndan fertopiano konserti gurnalanda Dünýä 15 ýaşyndady. Entek hiç bir ýerde saz ugrundan ýörite okuwda okamandy. Bu konsertiň üstünlikli geçmegi netijesinde saz äleminiň ussatlary oňa bu senedi hakyky hünärine öwürmegi maslahat berýärler.
Dünýä 2000-nji ýylda Türkiýäniň Hajattepe uniwersitetiniň Döwlet Konserwatoriýasynyň giriş ekzanlerini üstünlikli tabşyryp, iki klasy bökdürip, pianino bölümine girýär. Ol bu konserwatoriýadaky ýaş türk sazandalary we aýdymçylaryndan ybarat “Dünýä Topary” atly ansamblyny döredýär. Türk aýdymçylaryna dürli halklaryň aýdymlary bilen bilelikde türkmen aýdymlaryny aýtdyryp, tansçylaryna türkmen halk oýunlaryny ýerine ýetirdiýär. Ankarada, Bursada, Antaliýada, Ýozgatda, Kyrşäherde öz topary bilen konsertler berýär. Şeýle hem ol Türkiýäniň birnäçe belli telewideniýe kanallarynda yzygiderli pianino konserti bilen çykyş edýär.
Ol 2002-nji ýylda Angliýanyň Bournemouth we Poole saz lisesine girip, ony 2004-nji ýylda öz ugry fertopianodan ýokary dereje bilen gutarýar. Onuň Angliýada halkara derejesinde ýörite saz tälimini almagy döredijiligine aýratyn täsir edýär. Dünýäniň ors hem Günbatar pianino medeniýetini gowy bilýänligi, oňa türkmen-türk äheňlerini goşmagy başarýanlygy özboluşly döredijiliginiň esasy öwüşgini hasaplanýar. Ýerine ýetirijiligindäki hyjuw we joşgun ony saz äleminde Bah pianisti hökmünde tapawutlandyrýar. Ol Bournemouth we Poole saz lisesinde Ian Davies, Martin Outhwaite we Dr. Mark Bellis ýaly tejribeli saz mugallymlaryndan sapak aldy.
Dünýä 2004-nji ýylyň 3-nji aprelinde Londonyň iň meşhur saz okuwlarynyň biri bolan Guildhall Konserwatoriýasynda ýörite konsert berip, ussat pianistiň şahadatnamasyna eýe bolýar.
Ol 2004-nji ýylda London Konserwatoriýasynyň fertopiano we kompozitorlyk fakultetine okuwa girýär. Hem pianino, hem kompozitorlyk bölümine girip okamak Dünýäniň iň uly arzuwlarynyň biridir. Ol häzir bu konservatoriýanyň mugallymy, ussat iňlis konsert pianisti Jill Crosslanddan saz tälimini alýar.
Ol Angliýada dürli şäherlerde konsertler berýär. “Ýagyş damjajyklary”, “Öçmeýän uçgun”, “Erkin atlar”, “Bir damja gözýaş we hasrat”, “Iň owadan gülälek”, “Ümsümlik içinde ýalňyz güýz”, “Ýer aglanda” ýaly onuň öz döreden sazlaryny Londonyň The Lycdas Trio sazandalar topary we başga birnäçe iňlis hem türk sazandalary ýerine ýetirýärler. Dünýaniň ýene bir aýratynlygy, ol düzýän sazlaryna türk hem iňlis dillerinde aýdym sözlerini ýazýar. Onuň şeýle aýdymlaryndan ejesine bagyşlap ýazan “Söýgi jenneti” atly hüwdi äheňindäki aýdymyny ýaş iňlis aýdymçysy Lisa Baileý bilen ýaş nemes aýdymçysy Mary Louise Batz iňlis we türk dillerinde aýdýarlar.
Iňlis saz ussatlary Dünýäniň ýerine ýetirijiligine tebigy zehin bilen badaşan sazanda hökmünde baha berýärler, Türkiýede bolsa ony bütin Türk dünýäsiniň dünýädäki owazy hökmünde tanaýarlar.
2003-nji ýylda Türkiýäniň Medeniýet ministrliginiň ýolbaşçylygynda “Üstünligiň ilkinji ädimleri” ady bilen pianist we kompozitor Dünýä Nurmämmedowa hakda ýaş, zehinli sazandalara görelde bolmak maksady bilen iňlis we türk dillerinde ýörite kitap neşir edilýär.
Ol türkmen, türk we iňlis dillerini bilýär.

Käbir konsertleri:
1999-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Ankarada TRT Ýewraziýa telewideniýesinde öz döreden sazlarynyň konserti;

2000-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkiýe Medeniýet ministrligi, TRT we Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasy tarapyndan gurnalan konserti;

2001-nji ýylyň 4-nji iýunynda “Türkiýäm” gaznasy tarapyndan gurnalan Ankaranyň Türk Ojagy taryhy binasyndaky konserti;

2001-nji ýylyň 10-njy iýunynda Ankarada TW8 Türk telewideniýesindäki konserti;

2001-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkiýe Beýik Millet Mejlisi tarapyndan gurnalan Ankarada Türk Beýik Millet Mejlisiniň binasyndaky konserti;

2002-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türk-gazak halkara Ahmet Ýasawy uniwersiteti tarapyndan gurnalan Ankaranyň Türk Ojagy taryhy binasyndaky öz topary bilen bilelikdäki konserti;

2002-nji ýylyň 24-nji maýynda Türkiýäniň milli magaryf ministrligi, Bursa welaýaty we Uludag uniwersiteti tarapyndan gurnalan Bursa şäherinde öz topary bilen bilelikdäki konserti;

2002-nji ýylyň 19-20-nji iýulynda Türkiýäniň döwlet ministrligi, Antalýa welaýaty tarapyndan gurnalan Antalýa EXPO CENTER-de öz topary bilen bilelikdäki konserti;

2002-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Türkiýe Medeniýet ministrligi tarapyndan gurnalan Ankaranyň Türk Ojagy taryhy binasyndaky konserti;

2004-nji ýylyň 3-nji aprelinde Londonyň Guildhall Konserwatoriýasy tarapyndan gurnalan we bu konserwatoriýadaky konserti;

2004-nji ýylyň 15-nji maýynda Angliýanyň Albans saglyk merkeziniň dostlary jemgiýeti tarapyndan gurnalan Bournemouth şäherinde Dorset polisiýa orkestra bilen bilelikdäki konserti;

2004-nji ýylyň 23-nji iýunynda Bournemouth we Poole saz okuwy tarapyndan gurnalan Poole we Southborne şäherlerindäki hoşlaşyk konsertleri;

2004-nji ýylda 13-nji dekabrda London Konserwatoriýasy tarapyndan gurnalan iňlis, ors pianistleri bilen bilelikdäki konserti.

Dünýäniň fertopiano konsertlerinde çalan käbir sazlary
Saz klassik ägirtlerinden çalan käbir eserleri:

1.“FurElise”
Ludwig Van Beethoven

2.“Solfeggietto”
Carl Philip Emanuel Bach

3.“Marcia Alla Turcia Sonata K.331”
Wolfwang Amadeus Mozart

4.“B Major BWV 866 TAPE I”
J.S.Bach
5.“Solfeggietto” Ph. E. Bach

6.“Valse Op. 69,No2”
F. Chopin

7.“Etude” Moscowski

8.“Sonata Op. 31 No2"
L.v. Beethoven

9.“Nocturne C# Minor”
F. Chopin

10.“Impromptu No. 2 in Eb Major,D899,I.Allegro”
F. Schubert

11. “Op. 299 No: 38 Carl Czherny GMajor”

12.“Prealiduim – Fughetta”
Johann Sebastian Bach

Türk saz eserlerinden pianinoda çalan käbir sazlary:

1.“Horon” Ahmet Adnan Saygun

2. “Duyuşlar No.1”
Ulvi Cemal Erkin

3.“Oýun” Ulvi Cemal Erkin

4.“Gul Pembe ”
Baryş Manço

5.“Yunus” Türk halk sazy

Türkmen saz eserlerinden pianinoda çalan käbir sazlary:
1.“Hatyra” Nury Halmämmedow

2.“Nar Agajy”
Nury Halmämmedow

3.“Haýrana galar”
Nury Halmämmedow

Öz döreden eserlerinden pianinoda çalan käbir sazlary:
1.“Ýagyş damjajagazlary”
Dünýä Nurmämmedowa

2.“Öçmeýän uçgun”
Dünýä Nurmämmedowa

3.“Iň owadan gülälek”
Dünýä Nurmämmedowa

4.“Erkin atlar”
Dünýä Nurmämmedowa

5.”Bir damja gözýaş we hasrat”
Dünýä Nurmämmedowa

6.“Erkinlik mukamy”
Dünýä Nurmämmedowa

7. “Ýer aglanda”
Dünýä Nurmämmedowa

8.”Ümsümlik içinde ýalňyz güýz”
Dünýä Nurmämmedowa

Öz döreden “Dünýä topary” atly ansambly bilen ýerine ýetiren käbir eserleri:

1.“Gel Mamajan habar ber” (“Görogly” türkmen halk dessanyndan)

2. “Haýrana galar” (Sazy: Nury Halmämmedow)

3. “Küştdepdi” (Türkmen halk aýdymy)

4. “Öweleme döweleme” (Türkmen halk oýuny)

5. “Läle”

6. “Aýterek-günterek” (Türkmen halk oýuny)

7. “Beräý oglan bilezigimi” (Türkmen halk aýdymy)

8. “Ýar-ýar, ýar aldy” (Türkmen halk aýdymy)

9. “Ak-gök geýdirme” (Türkmen halk oýuny)

10. “Hüwdi-ninni” (Türkmen-türk bilelikdäki hüwdüsi)

11. “Türkmen gelini” (Türk halk aýdymy)

12. “Türkmen gyzy” (Türk aýdymy)

13. “Üsküdar”(Türk halk aýdymy)

14. “Memleketim”(Türk halk aýdymy)

15. “Anlyýorsun degil mi?” (Kompozitor: Baryş Manço)

16. “Daglar” (Kompozitor: Barış Manço)

17. “Kattýuşa” (Ors aýdymy)

18. “Gammalina” (Ors aýdymy)

19. “Oçi çerniýe”(Ors halk aýdymy)

20. “Jan Watan Türkmenistan” (Türkmen aýdymy)

Ýerine ýetirenler; pianino we gopuzda: Dünýä Nurmämmedowa; aýdymçylar: Sinem Baddal, Serap Demirhan, Duýgu Jinemre, Burak Gülşen, Metehan Öztürk; kemanda: Gözde Joşkun, Yasin Hanönü, Sinem Baddal, Welihan Agdaç; klarnetde: Ömer Taşbaş, Yasin Hanönü, Gizem Sarp, Ibrahim Özbaskyn; çelloda: Alişen Seýhan; violada: Ozan Ýylmaz; obuada: Ömer Taşbaş; bas gitar we gopuzda: Yasin Hanönü; deprek we tebilde: Metehan Öztürk we halk oýunlarynda folklar toparlary.

Dünýäniň öz döreden käbir sazlarynyň başga sazandalar tarapyndan ýerine ýetirilmegi:

1.Onuň “Ýagyş damjajyklary” we “Ýer aglanda” sazlary. 2000-nji ýylyň 23-nji maýy. Türkiýe Medeniýet ministrligi we TRT tarapyndan taýýarlanan pianino konserti. Ankara. Ýerine ýetirenler: Dünýä Nurmämmedowa pianinoda, Ankaranyň Çeperçilik sungaty liseýiniň sazandalary Gözde Joşkun kemanda, Mine Ýenije klarnetde.

2. Onuň “Öçmeýän uçgun” sazy. 2002-nji ýylyň 28-nji dekabry, Türkiýe Medeniýet ministrligi, Ankara. Ýerine ýetirenler: Hajattepe uniwersitetiniň döwlet konserwatoriýasynyň sazandalary Alişen Seýsan çelloda, Ozan Ýylmaz violada, Welihan Agdaç kemanda.

3. Onuň “Ümsümlik içinde ýalňyz güýz” sazy. 2003-nji ýylyň 13-nji noýabry. Lichthouse Poole sungat merkezi. Poole-Angliýa. Ýerine ýetirenler The Lycdas Trio toparynyň sazandalary: Laura Haarala kemanda, Caroline Adams çelloda, Alex Ander Szram pianinoda.

4. Onuň “Ýagyş damjajyklary”, “Bir damja gözýaş we hasrat” sazlary. 2003-nji ýyl. St.Andrew’s Hall, Dorset-Angliýa. Iňlis sazandalar, Mike Law kemanda, Steve Skidmore klarnetde.

5. “Söwgi jenneti” (Türkçe aýdym)
Sözi, sazy we pianino: Dünýä Nurmämmedowa
Solistler: Lisa Bailey, Mary Louise Batz.
“Love of heaven” (“Söýgi jenneti” aýdymynyň iňlisçe nusgasy)
Solist: Lisa Bailey.
(2004-nji ýylyň 15-nji marty. Poole şehri, Angliýa)

Dünýäniň alan käbir sylaglary:

Londonyň Guildhall Konserwatoriýasynyň ussat pianistiň şahadatnamasy derejesi – 2004-nji ýylyň 3-nji aprelinde Guildhall Konserwatoriýasyndaky konserti üçin – Londonyň Guildhall konserwatoriýasynyň rektory Genista Mcintosh we şol konserwatoriýanyň başlangyç okuwlar direktory Eric Hollis tarapyndan berildi.

Türkiýäniň Medeniýet ministrliginiň sylagy - 2002-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Ankaranyň Türk Ojagy taryhy binasyndaky konserti üçin – Türkiýäniň Medeniýet ministri Hüseýin Çelik tarapyndan berildi.

Türkiýe Beýik Millet Mejlisiniň sylagy – 2001-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Ankarada Türkiýe Beýik Millet Mejlisiniň binasyndaky koserti üçin - Türkiýe Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Ömer Izginiň aýaly Aýsel Izgi tarapyndan berildi.

“Türkiýäm” gaznasynyň sylagy – 2001-nji ýylyň 4-nji iýunynda Ankaranyň Türk Ojagy taryhy binasyndaky konserti üçin – Türkiýäniň Milli magaryf ministri Köksal Toptan tarapyndan berildi.

videosy: http://www.youtube.com/watch?v=8u1hvNzUjEA
yazyn: http://www.facebook.com/nurmammedova

Dunya yaly talantlaryn yetişyandigine hemmeler guwanmaly!!!
merka

Telpekler (4 kisiden 4 sany)

Bu yazgi ucin

  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • yhlas 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • azik 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Yakynda

yakynda taze videolary bilen.

tuweleme, gaty gowy habar.

tuweleme, gaty gowy habar. beyle ussat sazandalarymyzdan habarym yokdygna gynanyan dogrysy, hazir youtube'den sazlaryny alaryn.

nemele agam, eger teswirlerde agza bolsanyz bu mowzugy anyryk hem gechirayin gyzyklanjak belki chykar ...

paylashanynyz un kop kop sag bolung
____________________________
Hakydañda bolsun Hakyñ barlygy.
Ady dilde bolsun, hyýaly serde,
Biribardan gaýry sende hem mende,
Pena boljak yokdur ulaşsañ derde.

Berekella, tuweleme! sheyle

Berekella, tuweleme! sheyle talantlar kop bolsun!
indi eshitsem (habarly boljak bolaryn) Turkmenistanda konsertlerine howes bilen gatnashardym!