Turkmenistanda aspirantura mumkinchilikleri

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Salam
Asmoth agzanyn yazanlaryny gorup menem joshayynla :)
Turkmenistandaky asperantura hakda yazayyn diydim.
Bilyansinizdir, Turkmenistanda entek gechen yyl asperantura achyldy, yone onun birnace sherti bar. Esasysy 5 yyl ish tejriban bolmaly we aspirant bolanson ishden chykmaly, talyp yaly gunde diyen yaly okuwa gatnap okamaly. Yone yene bir mumkinchilik hem doredilipdir, ol hem "dalashgar" bolmak. Yagny 5 yyl ish tejribe we ishden chykmak zerur dal, ishlap yorkak zaochniy yaly asperantura okap bolya, yone statusyn aspirant dalde dalashgar bolya :)

Telpekler (3 kisiden 3 sany)

Bu yazgi ucin

  • Zemmi 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Belle 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Bizinkiler yok zady

Bizinkiler yok zady tapyalaray. Eger aspirantura achjak bolsan, "tekeri tazeden oylap tapmak" nama gerek? Ya Yewropa, ya Amerikan, ay olam bolmasa, ors sistemasyna gora hereket etda. Yok shertleri, yok krtieriyalary tapyalar.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

hakykat

Entek hemme zat yany hemme zat yanyja doredilda nesip bolsa maksimum 4-5 yylda normallashar hemme zat ol ors ya-da amerika diyip oturmak hokman da bizin ozimizem hemme zady onaryp bilyasa ozimize bagly hemme zat. Bilseniz Orslar nadip turkmeni boyun etdi ilki Turkmenistana gelende?
Bizi biri-birimize garshy goyup bu hem shonun yaly yagday dashary yurtlaryn (orslan amerikanlan)turkmenler hich zat onarmaya diyen pikirleri orta atyp yoren ideyalary bolmaly sizem shol nadogry informassiyalara ynanyany bizin ozimiz hemme zady edip bilyasa dine jemgyetimiz bolup ona ynanaymaly yurdumyzy osdurmane chalyshmaly bosh gurrunlere gulak asman, name amrikanlar name shu dereja yetmek ucin pochti 3 asyr gezipdirler biz hali yurdumyzy doredenimize 20 yyl toweregi bolda name beyleki biz bn den Garashsyzlyk bolap yurtlara garanynda osush derejamiz yokarda haysysy bizden onde hich birem men shu vagtky yash watandashlarymyzyn kopusinin yalnysh pikir edyanine gynanyan. Bu bizin yurdumyz haysdyr bir orsun ya-da amerikanlan yurdy dal olarynam bizinka garanda minuslary kopa yone siz barde bolup goremizak ynanmasanyz dashary yurtda okayanlardan sorap horun nahili shertlerinin bardygyny (platnydykylardan)bizinka garanynda pes ahyry
Aspiranturalara gelende aytsak eger sen oz saylan hunarine ukyply bolsan hemme zatlar norm senin ucin ahli shertler doredip beryaler Mysal ucin bizin uniwersitetimizde sheyle saylanyp okasan hemme shetler bar yone kop studentlen ozleri yalta yone yatyp iymane owrenshen

Pirmyrat

Yoo, Pirmyrat, sen kabir

Yoo, Pirmyrat, sen kabir yerlerde yalnyshyanmyka diyyan. Menem ozumi watansoyer bilyan, yone dunya standardlary bar, gurrun shol barada. Ideal sistemany orslar ya amerikanlar doredyar diyen zat yok, emma bu yurtlarda aspirantura zat asyrlap yorap dur, sistema ishlap dur, hunarmenler doredip dur, bir topar ylmy ashychlar edilip dur, esasanam Amerikada.

Bu mesela sheyle seret, ine Turkmenistanyn pasporty bardy. Ilde yok pasport, ichinde expiration date, yagny gutardysh wagtam yok. Bu pasport hana ile menzemejek bolup, "turkmenin onaran" pasporty boldy, dashary yurda gitsen dine kelle agyry. Son name etdiler? Taze pasport chykarmaly boldylar. Sebabi bu pasportly giden diplomatdyr ilchihanan ishgarlerem kynchylyk chekdiler.

Birbada gaty akyllymykam diymeli dal. Ilki bir ornashan, durnukly sistemany almaly, Amerikan sistema yaly. Wagtyn gechmegi bilen sahel uytgeshme girizsen hem bolyar. A bizinkiler hazirki wagtda aspiranturan namedigini bilenoga-how, dunyade yok aspirantura oylap tapyalar. Bashga yurda baryp, alan derejanin namedigini aydybam bilmersin.

Onsonam biri tankydy bir zat yazsa mydama Turkmenistana ataka edilyan yaly gorme. Obyektiw tankyt we skeptisizm, eger alym bolasyn gelyan bolsa, ylmy one yoredyan zatlardyr. Alymlar hazir butin dunya boyuncha tejribe alysh-chalysh ichinde. Ol bash yil on yilli gurrun bilen edilyan aspiranturada ylym neylesin.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • busa 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • akgül 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

hymm

stipendiya yagday nahili berilyamyka.
asmoth aydyşy yaly ösen döwletlerinde ösen problemalary bar.
Bayram sen aydyşyn yaly pasportda geçen hepde kynçylygyny gördüm pasportda haçana çenli geçyanligi hakynda bolmasan eslije wagtymy aldylar.

stependiya 2.5 mln kone

stependiya 2.5 mln kone pulda.

Yokardakylara

Yokardakylara goshmacha:
shugun aspirant biri bn tanyshdym welin, onun aydyshyna gora asperantura 3 yyl. Girmek uchin rekomendasiya (okan/ishlan yerinden), oz ugrundan exam. Okamaly wagt 3 yyl. 1nji yylynda oz ishinden hem chykyan, okuwa hem gatnayan. Yone gatnamaly sapaklaryn dine kompyutor, ikinji dashary yurt dili. Charelere hem hokman gatnashmaly. Asperanturana degishli sapaklary gatnap okap bolanok, chunki olary okadar yaly mugallym yok :( yone sana goldaw beryan, yolbashchylyk edyna mugallymlaryn bolya.. 2 we 3nji yyllarda tazeden ishe hem durup bilyan, chunku esasy etmelin oz ylmy ishin, sapak yok. Stependiya hem yokarda yazyshym yaly 2.5 mln kone pulda.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Zemmi 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Beh... kop uytgeshmeler

Beh... kop uytgeshmeler girizmeli boljak, yone shu wagtlykcha gaty erbedem dal. Emma bu aspiranturany haysy yurt kabul ederka? We esasy zat, bulary gutaran adam Turkmenistana has peydaly bolarmyka? Ish taparmyka? Dowlet edaralaryndamy, ya ylmy ish eder yaly bashga yer barmy? Dashary yurt firmalary-ha muny kabul etmaymese diyyana.

Ozun girmekchimi? Obshejit beryalermi? 2.5 milliona Ashgabatda aspirant bolup yashap bolyamy?
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Bizde aspirant gaty az we

Bizde aspirant gaty az we shol sebapli hem gadyrly. Hazirlikche men chaklayshym boyuncha gutaranlar mugallym bolup galyp bilerler, sebabi aspirantlary okatjak mugallym yok. Edil kop uniwersitetin oz gowy okaya talyplaryndan ishe alyp galshy yaly, aspirantlary hem sheyle bolar. Dashary yurdyn kabul edip etmejegini bilemok, yone shona degishli bashga bir maglumat aydasym gelya:
Mana HTTUda sylayan mugallymlarymyn dushundirishine gora, yewropada her yyl rektorlar yygnagy, ylmy maslahaty gechirilyamish, Oxford University hem sholaryn ichinde. HTTUnyn rektory hem 2009dan (belkem 2008) bari gatnashyp bashlapdyr we olary TM chagyrypdyr, olaram gelipdir. 2010da gechirilen maslahatda, rektor "HTTUny gorduniz, sapaklaryn alyp barshyny okadylyshyny gorduniz" diyip HTTUa Europian Quality Certificate'yn berilmegini sorapdyr. Maslahatlashyp, shol sertifikat berilipdir, yany bn Europian Quality Award hem berilipdir. Men shol sertifikatam, awardam gordum. Yone indi shol sertifikat bar diyip, diplom yewropada kabul edilip bashlarmyka? Bilemok. Shuna gora, aspiranturasyny HTTUda goran kishi yene diplomyn ozi yaly nabelli yagdayda diyip pikir edyan.

Ozum hazirlikche girmekchi

Ozum hazirlikche girmekchi dal. Chunku men zaochniy Hindistana apply etdim, kabul edildim. Indem shul ay okap bashlamaly, 2 yyllyk, EFLU. Ol diplomymy alsam we dowlet ishinde ishlemage dowam edip, 5 yyl ish tejribam bolandan son belki girmek uchin synanshmagym mumkin. Chunki TM hazirlikche dashary yurt aspiranturasyny kabul edenok (Dowlet tarapyndan gidenleri kabul edya yone). Yone yene 5 yyldan namelerin boljagy belli dalda.. Dalashgarlik islamok, chunku shuwagt bir mugallym dalashgarlikde welin, stependiya ha yok, ish hem dowam edya.. Sapaklaryny hem okatmaly, charelere hem gatnahsmaly. Onson oz ylmy ishini etmek uchin ozuni ishe berip bilenok. Shol sebapli hem gyssaga galyp, yarym yarty, etsem boldy diyip hereket etmegin mumkin. Men bolsa muny islamok, chunku entek oz ishimde hem indi indi tejribe gazanyan we sapaklaryma tayynlanmak uchin kan wagtym gidya.

Ikinji soragyn bolsa, stependiya yetmez. Menin tanyshan adamymyn iki sany yash chagasy bar, yone gelni ishleya, shonun uchin kyn bolsada birbiri bn arkalashyandyrlar. Obshitdan hem habarym yok, chunku aspirantlaryn hemmesi mashgalaly adamlar.

Beh... aý sen dowam et

Beh... aý sen dowam et onda, Hindistan gutarýança belki akly ýerinde adam gelip, şu işiň başyna geçerdä nesip bolsa...

Ýöne men ber zada düşünmedim

Quote:

Chunki TM hazirlikche dashary yurt aspiranturasyny kabul edenok (Dowlet tarapyndan gidenleri kabul edya yone).

Şu näme manyda? Türkmenistan näme döwlet tarapyndan aspirantura iberýärmi? Nirelere? Haýsy ugurlardan? Näme üçin oňa synanşaňok?

Sebäbi başga ýurt muň ýaly dinduk kanunlary goýup durýan däldir, olara synanşaýmaly, ýa olara hem para berip girmelimi?

Soragdan doldurdym welin, Türkmenistan ol nähili "başga ýurdyň aspiranturasyny kabul edenok"? Eger diplom ýaly bolsa, "Ruhnamadan ekzamen geçmeli" bolaýmasyn? Bolmasa görä bu, paradoks, aspirantlary okadara mugallym ýok, ýurtda spesialist, hünärmen, doktor we professorlar ýok, emma başga ösen ýurtlarda bulary alana hem ýer ýok :D Ine Türkmenistanda... :D Onsoň ýokary hilli aspirantura nireden bolsun, okuw nireden bolsun Türkmenistanda?!

Men ine Amerikada görüp ýörün, Arap ýurtlary, Hytaý, Koreýa we ş. m. baram şu Amerika (esasan) we Ýewropada bir ýere ýeten öz milletinden adam tapsa professorlyk hödürläp durlar. Ýagdaý şeýle welin, şol ýurtlarda galyp özünde PhD edýänler nalynýaram, "aý bizä bärde aspiranturada okan bolýas welin, işem diňe Amerikada ýa Ýewropada PhD alanlara hödürleýäler" diýip. Mundan 2.5 ýyl öň biziň laboratoriýadaky hytaý PostDoga göni Full Professorship berdiler Hytaýdan, bolmasa adaty prosedurada ilki 5-7 ýyl Assistant Professor bolmaly, soň komissiýadan geçseň, Associate Profesor bolmaly ýene 5-6 ýyl töweregi, we diňe ondan soň Full Professorlyk berilýär. A oňa Amerikadaky üstünlikleri üçin göni Full Professorlyk berdiler. HYTAÝ!

Şu geçen Awgustda laboratoriýadaky koreý PostDoga hem Koreýaň uniwersitedi Professorlyk teklip etdi. Ýöne Türkmenistan elbetde Ýewropa ýa Hytaý ýa Koreýa ýaly yzagalak däl. Ol diňe öz öndüren ýolbaşçysyz aspirantlary bilen öňe gider! :D

Dogrymy aýtsam, bar içimdäki yza aýlanyp barmak arzuwym ölýädä şuň ýaly bisaýhal zatlary eşitsem...
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • dr turkmen 1 telpek goyyar we yazyar: "Ýöne Türkmenistan elbetde Ýewropa ýa Hytaý ýa Koreýa ýaly yzagalak däl:D"

Dashary yurt diplomyny

Dashary yurt diplomyny tassykladyp bolya (tanysh we para elbetde rol oynaya), yone asperanturany tassykladyp bolanok diydiler. Yone men yenede sorashdyryp gorerin.
Dowlet bolsa aslynda her durli programmalar bn dashary yurda ugradya. Men beyleki ugurlary bilemok, yone oz ugrumda, yagny inlis dilinde, koreya, belgiya yaly dowletlere gidenler hakda eshitdim. Yone olar anyrda okaya, zashitasyny bolsa barde edya. Dashary yurda ozun bir yerelrden search edip gidip bolmaya, TMda bu kynyrak. WUZlara plancha kishilik kontenjan bar, rekomendasiya berin diyyaler, rektor dagy hem maslaatlashyp oz uniwerinin mugallymlaryndan bir nache kishini kandidat gorkezyaler. Hemem elbetde, ministerswoda tanshyn bolsa, ol kishi beyle tazelikleri habar berip durup biler :) Yagny ol beylli bir sistema dalde, birdenka teklip gelya. Hemem barde Magtymguly oz talyplaryny dashary yurda (yewropa) (yene de inlis dilinden) ish tejribesi diyip ugradylya (aslynda welin okuw oydyan). 1 yyllyk we spependiya hem bar.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Akgül, gyzykly

Akgül, gyzykly maglumatlaryň üçin sag bol.

Ine men şu gün PhD'ini goradym, indi maňa "Dr. Saparow" diýip ýüzleniň! :D

Degişýän. Ýöne eger aspiranturany ol ýerde tassykladyp bolmaýan bolsa, onda näme diýeýin. Bizä PhD'ini ine şu 2010-ýylyň Nobel baýragyny alan Riçard Hek'iň işlän uniwersitedinde aldyk, ýöne gynansagam, Türkmenistanyň standartlaryna bu ýerler deň gelenok ekeni :D Ol ýerde diňe Ruhnamany okap, öz-özüňe alym bolmaly, a biz bolsa, muny etmändiris.

Bolýa, bu meniň üçin wajyp zat. Bilenim gowy. Mundan 1.5 ýyl öň Türkmenistana gidemde maňa "seni işe alarys, gürrüňi ýok" diýipdirler. Görä muny, ynanyp "watanym" diýip barsam, meniň alan PhD-imi hem kabul etmeseler ýüzüme tüýküren ýaly bordy. Men şu ýerlerde gowusy gezibereýinle...
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • akgül 1 telpek goyyar we yazyar: "Dr. Saparow :)"
  • azik 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Khmm, menem Saparowa welin,

Khmm, menem Saparowa welin, Dr.Saparow okap yuregim birhili bolday, begenyanmi ya buysanyanmy :D Aaarada tmolympiadyn gyzlary bn gurleshenimizde sen gurrunini etdik, shonda olaram men bn bir duygyny yashayan eken. Yagny sheyle realda kan bir tanamzogam, yone alyan bayraklaryny zady eshdenimizde yaman begenyas, buysanyas :)

Barde hem aslynda edil beyle dine Ruhnama dal. Elbetde anyrsy bn deneshdirmegem ayyp bolar :D Yone oz ugurlary boyuncha yene de elinden geldikleriche berjek bolyalarla..

Senin bari gelmegin gowam bolsa, gowy dal taraplaram bar. Barde nadogry zatlar yaman kop bolya, we elinde bolman shol zatlara gozuni yumyan wagtlaryn kan bolya.. Elbetde elinden geldiginche edyan, yone goz yummaly yerlerinde hokman yumaymaly.. Bu bolsa ozune yaman kan ajy chekdirya.. :((

:) barde asperanturany

:) barde asperanturany kanrak agzanym uhcinmika, bugun meni dalashgarlige teklip etdiler :D
Bahana bn elime kandidarutalyk shertleri we bolumler yazylan dokument gechdi. Shol yerde yazylshyna gora, HTTUnyn asperantura boyuncha bar bolan ugurlar:
1. Differensial denlemeler.
2. Turki dilleri
3. a. Deneshdirme-taryhy;
b. Tipologiki we deneshdirme dil bilimleri
c. Terjiman nazaryyeti.
4. a. Syyasatyn nazaryyeti
b. Syyasy ylymlaryn taryhy we usulyyeti.

Arzalar 2010nji yylyn 31nji yanwaryna chenli kabul edilyar.
Zerur bolan resminamalar shu hatyn yanyna goshulyar:
1. WUZyn rektorynyn adyna arza
2. Fotosuratly maglumat, 3 arka garyndashlygy hakda maglumat, ishinda shahsy kartochka.
3. 086/h gornushli lukmanchylyk guwanamasy.
4. 4x6 olchegdaki 4 fotosurat
5. Yokary bilim hakynda diplomynyn gochurme nusgasy we onun goshundysy.
6. Zahmet kitapchasynyn gochurme nusgasy
7. Pasportyn gochurme nusgasy.
8. Hunarine layyklykda saylap alan temasy boyuncha ylmy referat.
9. Goz onunde tutulyan ylmy yolbashchynyn hodurnamasy yada degishli bolumin netijenamasy
10. Chap edilen ylmy ishlerin sanawy (Ishin ady, gornushi, yyly we neshriyatyn ady, gowrumi, awtordashlary)

:)

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! Gutlayan!"
  • azik 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Quote: 2. Fotosuratly

Quote:

2. Fotosuratly maglumat, 3 arka garyndashlygy hakda maglumat, ishinda shahsy kartochka.

Bu namay? Sowet dowrundaki yaly mashgalana we garyndashlaryna seredip sana baha beryalermi??
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Ay dowlet ishine nira girsen

Ay dowlet ishine nira girsen hem soralya shu zat. Enem, atam, mamam, babam, ejem kakam, doganlarym. (Oylenenler uchin plyus: ayalym, ayalymyn ejesi, ayalymyn kakasy, ayalymyn doganlary).

ne aspirant bolmaga

ne aspirant bolmaga mümkünçülük beryaler nede aspirant bolanlara yol beryaler. yöne yenede hazirki edip bilyan zadymyz in gowsyny etjek bolaymasak başka çykalgada yok.

Akgül şu dalaşgarligi

Akgül şu dalaşgarligi düşündürsene. Nahili zat bolyar. Eger ylymy iş yazyp , onu hem kabul etdirip bilsen ylymlaryn kandidaty diyen ady beryalermi? Hem ona girmek kynmy? Daşary yurtdaky okuw jaylaryny gutaranlary hem kabul etyalermi?

Men aydyan dalashgarligim

Men aydyan dalashgarligim asperantura, ol dine WUZda ishleyan yash we 5 yyl ish tejribesi (stajy) bolmadyklara berilyan mumkinchilik. Birem asperanturan ozuni okap bolya, yene hem shol yokarda yazan ugurlardan, yone onun uchin in esasy zat 5 yyl staj gerek.
Ylymlaryn kandidaty ady entekler berilenokla. Hazirlikche barde ylymlara kandidatlyk akademiyadakylara berilyan bolaymasa, yada butun omrune shu ylmy ishler alyp baran birine teklip edilyan bolmagy mumkin.
Men ozum dashary yurt uniwersitetinde okadym, barde hem bir WUZda ishleyan, mana hem shu asperantura teklip edildi. Yagny diyjek bolyanym, hazir edil onki dowur yaly dine icherdakilere uns berilenok, dashary icheri kan tapawudy bolman ylmyna gora baha berilip bahslandy azajygam bolsa.

Yazgynyn adyny

Yazgynyn adyny Turkmenistanda aspirantura mumkinsizlikleri diymeli eken.:) Indi bilim bilen meshgul bolyan adamyn onunde iki sorag chykya Watana hyzmat my ? Ylyma, bilime goshant goshmak, yagny dunya medeniyetine hyzmat my?
Birinji soraga howa diyene:Watana,millete hyzmat etmek niyetinde bolan adama "makam,mansyp,sylag,hormat" meselem "kandidat" diyp ad almak kan ahemmiyetli dal bolsa gerek.Injenerlerin,Alymlaryn wezipesi mumkinchilik garashmak dal "doretmek" dal mi? Taryha seretsek uly alymlaryn durmushyna seretsek kopisinde mumkinchilik yokdy.Laboratoriyalary yokdy ozleri guryady, yikyalar yene guryady,yakyalar yene guryady.Menin pikrimche ylym owrenmek islese adam hemme yerde owrener. Ylym owrenmek uchin Harvardda okamak MIT nin laboratoriyalarynda ishlemek hokman dal."Baylygy kime islesem shona, Ylmy kim islese shona bererin" diypdir Allah. Bugun Turkmenistanyn dunya standartlaryna eye dal wagty "bahanalaryn arkasynda" gachyp gezyanler birgun watanymyz gullap osen wagty utanarlar. Yone Turkmenistany osdurjek adamlar nam nyshan,pul,sylag,hormat garashman milletine hyzmat edenler bolar.
Ikinji sorag yagny dunya medeniyetine hyzmat etjek diyyanlere diyjek zadym yok.

I am Free because I am slave of Allah

Bir tarapdan dogry. Eger bir

Bir tarapdan dogry. Eger bir adamyň idealy Türkmenistany ösdürmek bolsa, şertlere çydap, başga has gowy we peýdaly karýeralary itip özüni şol işe beren bolsa, diňe hormat goýup biljek.

Emma başga tarapdanam ýalňyş. Adam ýetip biljek derejesine nädip ýetmelem bolsa ýetmeli. Eger obasyndan çykyp şähere gitmeli bolsa, şäherinden çykyp paýtagta gitmeli bolsa, paýtagtdan çykyp, başga ýurtlara gitmelem bolsa gitmeli, aljak bilimini almaly. Men beýle bolaryn diýemok, emma ertirki gün, diýeli Kakajan Kömür, bir rak keseline garşy derman tapyp Nobel baýragyny alsa

Quote:

Bugun Turkmenistanyn dunya standartlaryna eye dal wagty "bahanalaryn arkasynda" gachyp gezyanler birgun watanymyz gullap osen wagty utanarlar.

diýersiňmi? Ýa buýsanyp tanyş-bilişleriň ýanynda "dünýä belli alym Kakajan Kömürem Türkmenistanly, özem Mary şäherli, meniň şäherdeşim (sen şol ýerdenmi bilemok)" diýermiň? Ýa "olam bir musulman doganymyz" diýermiň? Ýa ýokardaky "utanmaly adam" diýip taryp edermiň? Özüň erkekçe aýt jogabyny?

"Ylym Hytaýda bolsa-da gidip al" diýen manyda Hadys barmyşyn (berk Hadys däl diýýäler). Bu bugün bolan zat däl. Yslamyň altyn asyrynda Farabidir Merwezi, Jabir bin Hayyandyr Ibn Sina hem ylym merkezi nire bolsa, şol ýere gidipdirler. Din ylmynyň alymlary Medinä, Bagdada gidipdirler. Adam ýetip bilen derejesine ýetmeli. Jabir bin Hayyanyň işine tas 1000 ýyl geçdi, häzirem bütin Musulman äleminiň guwanjy, bütin adamzat taryhynyň iň beýik alymlarynyň biri.

Ýagdaý şeýleräk. Emma umuman ylalaşamok däl. Pikiri, arzuwy, ideýasy watanyny ösdürmek bolan, öz karýerasyny şu ugra pida eden adamlara uly hormatym bar.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • akgül 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Kakajan Komur yaly adamlar

Kakajan Komur yaly adamlar uchin ikinji soragda "olara diyp biljek zadym yok" diyp not dushtum o tayina uns bermansin oydyan

I am Free because I am slave of Allah

Men watanyma hyzmat etsem

Men watanyma hyzmat etsem bolany, status gerek dal diymegi dogry hasaplamok. Has uly mochberde hyzmat etmek uchin status hokman gerekli. Howwa, TMnin hazirki yagdayynda asperanturany okanyn okamadygyn bilimine kan bir tasir edneok, yone ol hem adama status gazandyrya. Hazir WUZlarda meselem yolbashchy wezipesindaki mugallymlaryn (meselem bolum mudir, dekan) hemmesinde ylmy status bolmaly diyildi. Bir adam hyzmat etjek bolsa dekan bolmak hokmanmy? Yok, yone dekan bolan biri dineje bir bolum mudir yaly oz bolumine dal, birnache bolume hyzmat edeni bolya. Mena dekanymyn watanym, milletim diyip oturan adam bolmagyny saylardym we shol adam dineje shu ylmy statusy bolmanlygy uchin shol wezipa gelip bilmeyan bolsa gynanardym.

Men sizler aydan zatlara

Men sizler aydan zatlara garshy dal.Yone bu zatlar ikinji etap, ilki bilen watana millete hyzmat duygysy bermeli ondan son davayte bu hyzmady gowy etmek uchin ylmy status alyn diymeli. Gowy niyet bilen etsen pul,status hemmesi gowy yone shu wagtky yagdayda adamlaryn kopusinde bu zatlar goni maksat bolyp dur. Uly maksatlar uchin pul we status islemek bashga yone status we puly ozi uchin islemek bashga. haysy adam chykyp bu temada ozune gownu yetip men yhlasly diyp bilya? we bir taryhy ysharata seredip aydyan "insan nankor, insan unutkan" uly ideallar bilen status we pula erishen son ozuni unudyp biler.shon uchin tak bashtan watana millete hyzmat duygysyny gowy edip iydirmeli ichirmeli doydurmaly.
Bir kinoda aydylyshy yaly : "Vse my nachinaem chesno i chisto no beda v tom chto my ploho znaem samih sebya."

I am Free because I am slave of Allah

öňem ýazylan setirler

gysgaça mäne-çäçe däl soçi

Göz öňünde artyk söze daýanma,
Söýgä göz gerek däl, gerekdir ynam.
Söýme Watanyňy gursagňa guýup,
Eneňi söýşüň dek söýüber onam

akgul sen pikirini haladym.

akgul sen pikirini haladym. dasharda asperanturanam doktoranturanam okap gelmeli. Turkmenistanyn shu wagtky aspirantlyk okuwynyn beylekilerden uytgeshik daldigi ikucsyz. sonam gacyp gitjek yeri yok. geleninden son tazeden okaymaly. statussyz ish yok diyseler. bilaymedim yone dowledin aylykly ishine girjek bolup status almak muna degermika. birje sorag: sen eyyam dashardan aspirant statusyn bar eken seni okuwa alyp bilmeyas diyip pridiratsa edelermika?

------познай себя------

Ay yok, pridiratsya

Ay yok, pridiratsya etmezler.
Barde shuwagt muna yaman uns berilya, gechende rektor nir ugura yekeje kishi tabshyryan bolsa bolmaya diydi, sebabi her bolume bir nache kishi tabshyrsyn, sholaryn arasyndan saylap alynmaly diydi.. Bu hem, konkurensiya bn hili arttyrjak bolmagymyka diyip pikir edyan.

yada berjek otchetlary

yada berjek otchetlaryny pikir edyandir, bir wagtky "pagta planyny doldyrysh" diylen zada menzesh bolaymasa, plany doldyrmadyk welayatlar pul bilen pagta satyn alyadylar dashary yurttan, otchetda doly gorkezmeli sebabi :)

I am Free because I am slave of Allah

Gechen HTTU bardym,

Gechen HTTU bardym, aspirantura barada hich kim zat bilenok?? pro-rektoryn yanyna giraymesen diydiler men gerek dal diyp gayttym, hocalar bilmeyan bolsa nahili aspirantura

I am Free because I am slave of Allah

Pro-rektor bilya hemme zady

Pro-rektor bilya hemme zady :) we gelen herkimi goni yanyna kabul edip dur, onson mugallymlar zat diyman, goni birinji shahysdan doly we dogry maglumat al diyyandirlerda :)

Bu zatlar barde yazylmaly

Bu zatlar barde yazylmaly daldirem welin shu gun diplomymy tassyklatmak uchin ruhnama ekzamene girdim sosiyal ylymlaryn professory filosofiyanyn doktory ekzamen aldy , mana watanchylyk barada leksiya okady ekzamenden son yone ilki bashda "ozun yazjak my yada komek edeyin mi" diydi dushunen dushunewersin. Mana 5 em gerek dal 4 em oz guyjim bilen 3 bolsa shona da razy diydim gahary geldi. Beyle professor bolyp yashlara etika,watanperwerlik barada edebiyat edip, sapak berip yanyndan "gedaychylyk" edip yoreninden, garyp we namy nyshany statusy yok yone watanperwer bolanyn gowy diydirya da.
"komek" alanlar yada berenler 4 bilen gechtiler men 3 bilen gechtim

I am Free because I am slave of Allah

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • akgül 1 telpek goyyar we yazyar: "Gutlayan!"

Name sorag soradylar...? 3

Name sorag soradylar...? 3 bilen geçsenem bolyarmy?

Ruhnama bitewilik baradaky

Ruhnama bitewilik baradaky kitapdyr, Ruhnamada watanchylyk ruhy, Turkmenistanyn garashsyzlygy baradaky konstitusion kanuny barada. 3 bilen gechse bolya. We sonynda berilyan shahadatnamada nache baha alanyn yazylmaya! okan karin,ugurun boyuncha hemme edaralarda diplom gecherlidir, tassyklandy diyp yazyp berya bolany.

I am Free because I am slave of Allah

Salam dDovle, diplom

Salam dDovle, diplom tassyklatmak ucin egzamenler hacan bolya? We diplomy tassyklatmak ucin onurti nirelerik dokument bermeli? Egzamenin esasy wagtlaryny hem aytsanyz? menem tassyklatmaly welin shuwagt nameler etmeli hakynda hic hili maglumatym yok.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • se7en 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella :)!"

Gitmeli yerler Turkiyanin

Gitmeli yerler
Turkiyanin elciligine degisli Egitim musavirligi (Shevchenko kochesi mesjitin yany) diplomyn hakykattan okap alanyny tassyklap diploma,transkript (yada diploma goshumchasyna) pechat goyyalar
Dashary Ishler Ministrliginde diplomyn we bahalaryny legalizasiya ettirmeli
TCS okanlar Bilim ministrliginden dowlet tarapyndan okuwa ugradylandygy barada kepilnama almaly
TCS daller, yada bashka dowletde okanlar oz universitetinden "universitetin dowlet universiteti we shu talyp hakykatdan shu universitetde okap dynandygy" barada kepilnama
Diplomyny we bahalaryny turkmen diline terjime ettirmeli
Terjimelerini Notariusdan tassyklatmaly
Turkmen Turk universitetinde transkriptindaki bahalry turkmenistandaky baha sistemasyna owurip beryaler
Sonynda Maglumatnama, 3 Arkan, Diplomyn kopiyasy (2 sany), Transkript kopiyasy (2 sany), Diplomyn terjimesi (2 sany), Transkript terjimesi (2 sany), Pasportyn kopiyasy, Bilim ministrliginden alan gorkezme, HTTU dan alan bahalarynyn terjimesi bilen Milli Bilim Institutya barmaly (Azatlyk etrap hakimligin yanynda) tabshyran son hacan ekzamen boljagy belli dal (2,3 ay garashmaly) her kim oz ugrundan bir instituta iberyaler (jan edip aytyalar palan instituta bar diyp). ekzamenden sonam shahadatnamany almak uchinem 2 ay dagy garashmaly
Ekzamenlerin belli wagtlary yok komissiya yygnalya, yeterli adam tabshyrya on son edyaler.

Kop sagbol dowlet, etmeli

Kop sagbol dowlet, etmeli isha kan eken. Bu ishleri 2 yada 3 gunde dynsa bolyamy? we nacerak pul cykya hemmesini duzeltmek ucin? Gayry resmi pul sorayan daldirlere, bermesen etjek dal diyip?

azyndan 3 hepdeni alar pul

azyndan 3 hepdeni alar pul 70-100 dollar toweregi chykar gayry resmi pul soramayalar