Durmus barada oylanma!

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Men bir zada uns berdim welin her kim oylanma barada(Create) acilan bloglara gatnasyk az da mesai(tans ya-da nahar etc.) gurrunler barada acilan temalarda gatnasyk gaty uly!

Gelin durmuşyň kyn meseleleri barada bilýan zatlarymyzy paýlaşalyň.

Sonky dowurde özüni asýanlar köpelipdir,sebäp name bolup biler kä? ýa-da olara göterip bilmejek yük ýükle(n)dilermika?

Bilemmok welin bizde psihologiýa ugrundan okap gelen talyplar barmy,bar bolsa şolar öz ugurlarindan işlemäge mümkinçilikleri barmyka? Halka psikologiki hyzmat berilýärmi ka?

Lets Create somethink!

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Hawa, soňky döwür özüni

Hawa, soňky döwür özüni öldürýän känelen ýaly. Gowy statistika bolmansoň, pylan diýmegem kyn.

Ýöne dogrymy aýtsaň, Ýewropalaşaňda Ýewropaň diňe gowy zatlaryny alyp, ýamanyny goýmak kyn. Bize başardanok öýdýän. Plýusy bilen minusam gelip otyr. A bilşimiz ýaly, Günbatar medeniýetlerinde, özüni öldürýän adamlaryň sany biziňkilerden has has kän.

Bilmedim özlerini ýalňyş duýýalarmy içlerinde. Ýa durmuşdan keýp alanokmy, diňe - taraplary köpelýän ýalymy, muňa bolsa sabyrlary çatanokmy. Beý diýseň, biziň adamlarymyz kyn sowet döwürlerinem geçdi, ikinji jahan urşy döwürlerem geçdi, şolaram sabyr edenler, bu gün çydanok...
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Tm'de kopeldimi ozuni

Tm'de kopeldimi ozuni asyanlar? Menina habarymam yok...
O tarapa ynanman, "olsem yitip giderin, bolany" diysedim, onda meninem ozumi asyp dynjak bolan wagtlarym tapylardy...A name ucin beytjek dal? Alkashlaryn 1 gunlik, edyan "pikir etmezlik, dert bilmezlik" isini duybinden chozup bolsa, nama gerek ishlap, alada baryny edip, yashap...Sonam gara yer boljak bolsan, shu wagtdan bolubermeli, omur basym gechip gidyar, 20 yashadyn name, 70 name...
Halk'yn elinden dinini alsan, mundan beter zatlaram ginden yayrar...

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • lewlion 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

turkmence yazmak yaman kyn

turkmence yazmak yaman kyn gelyalay...

adamyng durmushundaky kynchylygy muna hic sebap bolanokmyka diyyan mena. bir bay adam bankrot bolanda hem bizing narkoman gonshymyzdan has gowy gunde yashar. ertesi goryan velin bay ozuni asypdyr... mening pikirimce ha hayal kyryklygy(?) munga sebap bolya
____________________________
Hakydañda bolsun Hakyñ barlygy.
Ady dilde bolsun, hyýaly serde,
Biribardan gaýry sende hem mende,
Pena boljak yokdur ulaşsañ derde.

Has gerekli maslahat!

Meniň pikirimçe bular ýaly zatlar elmydama da bolar durar ýöne name uçindir şular ýali zatlaryň öňüni almak ýali meselelera çynlakaý garalanok.

Psihologiýa ugruny gutaran birini tanaýan firmalar da işlap ýör.elbette o ýerde psiholog bolup işlanok..

Garaz ýagdaý şeýle,her kim öz eklenjiniň ugrunda..

LOL

Ozuni asyanlar hakda ha men

Ozuni asyanlar hakda ha men eshtmedim, yone sonky dowur gyzlaryn alynyp gachmagy hakda kop eshdyan. Hatda edil duynjek dayzamlarda otyrkak yene shu gurrun achyldy, we shol yerde dayzamyn "gyz alynyp gachyldym diyip razy bolup otyrmaly dal, haysy jaya salsada hokman razetka bardyr, edil shol yerde namysyna degdirman elini razetka sokup ozuni oldurmeli" diydi.. mena name diyjegimi bilman otyrdym, sonam kellame gelyan pikir, hakykatdanam oz namysyny goramak ucin ozuni oldurmek dogrymyka?

Aslynda bu meselede ish

Aslynda bu meselede ish dovlede dushyar. T.e. sen alyp gachylyp, zor bilen ayal edilyan gyzlaryn yagdayini, kochede tutup gyz mashgalany zorlan bilen des den edip goysan, 2'sine-de shol bir jezany bersen, erkek bolsa ellesinda gyzy nikadan on...Menem kop gordum gyz alynyp gachylanyny, yone bu koplench gyzyn razychylygy bilen bolyar, ya-da gyz oye getirilip, oyune-de towella gidilyar "Gyzynyzy getiripdir bizin oglumyz, yashlar durmush gursynlar" dagy diyip. Beydip, guych bilen zorlap alynan gelin sana gelin bolarmy? Mena gyz bolan bolsam burnundan getirerdim :D

musulmanchylykda ozuni

musulmanchylykda ozuni oldurmek guna hasaplanyar, yone dogrudanam gyz-oz namysyny goramak u.n olen bolsa iller nahili pikir ederdiler? yokuch degya yone bolyan zat!

Oz namysyny goramak ucin

Oz namysyny goramak ucin olen bolsa ayry, ozuni olduren bolsa ayry. T.e. urusyp baslady, kellesine 1 zat degdi, oldi, onda shehit hasaplanilyar, a ozuni oldurse, on uje gitjek yeri belli. Her name bolayanda-da, ozuni oldurmeli dal.

wii, bolany

wii, boljany bolayypdyr-diyibem yashap bilmez gyz,eger sho temalardan dushunjeli bolmasa..

Bagyşla welin, gülkim

Bagyşla welin, gülkim tutýa, şuny aýdan gyz hamala uklap, oýanyp soň bilen ýaly
-wii, boljany bolayypdyr

Wiii... hamala haýran galýan ýaly. Nämehow, ol zorlananda şeýle bolýan däldirä?! :D

Gülmek aýyp welin, şol ýazgy gülkünç geldi.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

aslynda diyjek bolyan zadyma

aslynda diyjek bolyan zadyma dushunyanizmi??gyz men name etsemkam indi diyip yormez edil sho wagt goldaw berjek adam bolmasa

Ýo, düşünýänle, ýöne

Ýo, düşünýänle, ýöne aýdyş şekliň prikol geldi :D

-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Her nähili ýagdaýda bolsa

Her nähili ýagdaýda bolsa hem özüňi öldürmek dogry dälmikä diýýän. Hudaýdan ölümiňi dilemek bolýan bolmagy mümkin, ony bilemok, ýöne öz kysmatyň diýmek galýandyr.

Onsoňam razetka nädip eliňi sokjagaý? "Gelseň elimi sokaryn" diýip gorkuzsaň näderkä?

-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • brave 1 telpek goyyar we yazyar: "Hahaha :D Mena gorkardym! :)"

Razetka adam oldurenok

Razetka adam oldurenok Bayram :D Amper'i pes onun...Dine goluny ysmaz edip bilyar, gaty gitse has kop yerini, yone oldurmez ansat ansat ulyja adamy.

A olum dilemek haram, yone 1 jogapkarchiligi dovam etdirip bilmejek yagdayda bolup, olam olyanchan ustunde bolsa, onda dilenen yagdaylary bar, oda ozun ucin dalde, shol ishin dovamy ucin. Ozun uchin, shahsy problema sebapli islemek, haram.
Anyways, gurrun bu dal. A namysyna degdirmejek bolmaly elbetde, yone edil bu dereje, ozuni dagy oldurip, dinde yeri yokdyr beyle zadyn.
Olyanchan urush, aynany dov, kes oglany...Bir zat et, yone ozuni oldurmeda..

Ozunu oldurmeklerini ol

Ozunu oldurmeklerini ol dunyanin barlygyndan, Allahyn barlygyndan habary bolmayanlar yada bolupda duypli bilmeyanler bolup cykya. Ayatlardan, hadyslardan we dinimiz basga maglumatlaryndan habary bolmayan adam uly bir boshluk icinde. Problema cyksa name etjegini bilenok, basha gelen zadyn Allahdan dygyny, taleye razy bolmak we s.m ler hakynda hic hili dusunjesi we pikirleri yok. Onson ol problemaly adamlara gelip towella yada "teselli" beryanem yok. Olaram onson careni ozunu oldurmek bilen cozyaler.

2 hepde on, bizin

2 hepde on, bizin mekdebimizi 2 yil on gutaran bir ex-okuwçymyz ozuni asdy. Mekdebimizden uçurym bolup, ozuni olduren 2-nji çaga. 1-nji bir gyzdy, 7 yil soyushen oglany taslany uçin oldurdi ozuni. A bu oglanyn oyi bar, surse BMW'si bar, a ol...Bar bolan zat, durmushdan yadanlygy, onda many gorman, hergun "indi name bok iysemkam" diyip, her zat edip gormeginem belli bir yerden son manysynyn galmayanlygy. Ana gitdi ne gozel çaga.. Bizem gaty gynandyk 4 yil elimizde okan okuwça idili terbiye berip, durmusyn gadryny owredip bilmanimize. Yone elden geljek zat yok. Ene-atasy hem nuclear energia expertleri, yeketak chagalary gidenson otursynlar indi "Biz butin omrumiz boyuncha gazanan pulumyzy indi kime galdyrarys? Olary kim ucin gazandyk?" diyip... Chagana oy-mashyn alyp, jubisini pulsyz galdyrmanyn bilen bagtly bolayanokdygyna indi dusunendirler, yone eyyam caga gara yerin astynda.

Adama durmyshda yashayan

Adama durmyshda yashayan yekeje zat umyt. Umydy bolmasa ozunem asar, durmyshdanam tiz doyar. Musylman yurtlarynda yene de azdy sheyle wakalar. Sebabi biz jennete gitmage umy edip yashayas. Ynanchsyz adamda bolsa beyle duygylar bolmansong material hokmunde yapyshara zat galmansong gaydyberyaler.

Ps: azrak teswir yazylan tema bolmasa uzynlara girip bolanok :(
Tel'den.

Mestana ýorinçäň gaýry ýurdunda,
Önüp ösen ýurduňdan aýrylma.
Magrur käkilik deý nebsiň ugrunda
Dama düşüp ganadyňdan aýrylma.

düypgöter çözüm...

mençe bu we beyleki dünyewi hat-da dünyewi bolmayan meseleri çözmekde iki zat uly rol oynap biler. Hat-da baryny kökden çözer.
İlki bilim, ikinjisem akyl we bilime yugrulan iman. Şu iki zadyng öni açyldymy janyna kast eden, ojak söndüren, ene atasyna, ayalyna el galdyran, zynahor, alkaş, ogry, mugthor, ganhor, parahor hat-da çilimkeş we ş.m lerin yerine başga adamlar yetişer. Jogapsyz soragam galmaz. İn esasysy-da wagtyny biperway öldüren azalar. Adamlaryng any üytgap, yurt özgerer.

__________________

Ozuni oldurmek koplenc

Ozuni oldurmek koplenc psihologicheski doly sagdyn dal, harakteri zayif adamlarda gorulyan zat. Esasanam sonky dowurlerde terbiye sistemamyzyn funksiyasyny doly yerine yetirilip bilinmeyanligi sebapli we israf,ihtiyaclarin kopelmesi,sosyalniy durmushtan uzaklashmak,stres,yalnyzlyk duygysy,paranoia yaly zatlaryn hemmesi jemlenip dowrumizin ynsanynda gaty tesir edya, moral taydan guychsuz dushya we sheytanyn elinde gurjak yaly yagdaya dushyan ynsanlar in sonky chare diyp ozuni oldurya. Sebabi belli dermanam belli yone praktikada buny yashaman son oturyp barde dine internette yazyp aramyzda gurleshsegem peydasy yok onu durmushta gorkezmeli

I am Free because I am slave of Allah