Eurotrip Yatlamalary

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Ynha menin yene bir gysga ve doly bir syyahatym yenede sonuna geldi, indi ozallar yaly kan howeslenip yazasym gelmeyar olam menin yaltalygymdan yone kabir zatlaryda hakykatdan siz bn paylashasym gelyar sebabi mumkinchiligi bolmayanlar barden azda bolsa bir zat owrenip galsa Turkmenler uchin gowy bolar. Bu gezek men 5 yurda aylanmaga chykdym ve jemi 8 shaherde bolup yzyma gelip durshym, indi sholardan az owlak yatlamalara bashlayin.

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Praga

Praga barda aydypdym ozalky gezeginde yone indi ol hakynda aytman men Kutna-Hora diyen shaherchesi ve Olomouc diyen shaherini aydyp gecheyin. Kutna-Hora, Sedlec diyen rayona degishli bolup diysen oz bolushly bir taryhy bar. Men 6 yil mundan ozal bu barada sci-fi kitap okamda biraz geng galdym emma indi hemme zat yer-yerbe yer otyrdy. Kutna-Horada esasanda bir Church/Chapel bar bu hemmeleri gen galdyryan bir zat sebabi ichining bezegleri adamlaryn skeletlerinden yasalan. Howwa yalnysh okamadynyz ol dogrydan sheyle bolan. Bu 1200-1700 yillary arasyna gidyan bir taryh. Shol yerde yashayan ve Karola gulluk edyan bir pope mukaddes topraklara gidyar. Mukaddes topraklar Palestine topraklary. shol yerden pope bir gysym toprak getirip shol yere sepyar ve shol yer mukaddes boldy diyip halka habar berdiryar. elbette ozal urushdan olenlerin jaylanmagy ve son olenlerinde shol yerde jaylanmak islenmekleri sebapli ol yerede hich yer galmayar, onson 1700'lerde Austriadan birine shol yerde shu chapele bir bezeg et ve shu adamlaryn skeletlerini ullan diyilyar, umumy manada shu chapelde 17000-70000 arasynda skelet ullanylyar ve bu henizem halka achyk. ichine girende ilki freaky emma adamzat hemme zada owrenishenson owreniship ichinde yasalan lyustra/chandelier ichgin seredip beh beyle zatda boljak ekeni diyilyar.

Beyleki shaher bolsa Moravianyn paytagty Olomouc. Ozalda bellap gechishim yaly Chehiya hem moravia hemde bohemia diylip ika ayrylyar. Bohemia Germaniyanyn granisasyna yakyn yer ve ol yerin paytagty Praga a Moravia bolsa Polshanyn granisasyna yakyn ve ol yerin Paytagty hasyp edilyan sherde Olomouc. Diysen kichiden gelen owadan shaher. Kommunistlerin goyup giden yzlary henizem bar. Guran pamyatnikleri ve yasan divar sagatlary.Dine kommunism dowrunde ullanylan ve propaganda edilen zatlary gozun bn gormek bashgacha. Indi demokratianyn beren miwesini yashayar Olomouc, operalar ve klassik muzikalar achyk meydanchalarda arkayin chalynyar, bizde shol gije yerli halk bn otyryp hem opera dinledik hemde klassika dinledik adamyn ruhyny bashga yerlere akidyar.

Slovakia

Bratislava, Pragadan 4 sagat uzaklykda bir kichge shaher. 1993'de Velvet divorce diylip atlandyrylan ayrylyshyk. Chehiya bn Slovakia ozara karar beryarler indi ozbashymyza bolsak has gowy bolar diyip ve hakykatdanda olara peydasy degen. meselem eyyam euro ullanyarlar ve ekonomikasy yzygiderli osush gorkezen. Kichijik shaher, hatta Bratislava mana kone Ashgabady yatlatdy. hany heniz kone jaylar yikilmanka Ashagabda girende renkli jaylar bardy. Shu vagtky Magtymguly shayoly svoboda diylip atlantyrylyardy. Mollanepes teatr, mir kinoteatr, univermag, ya bolmasa howayolarynyn bilet satyan yeri kone bir magazindi, Lenin bag bardy mekan koshgi bardy. Teke bazardan shaherler arasy avtobuslar yolagchylary alyp giderdi ya getirerdi. men sholar yadyma dushdi ve hey gidi gunler diydim. Olar biz yikmaly daldik gaytam kone Ashgabat diyip shonun dashyna taze proyektleri gurmalydyk emma nirede beyle pikirlenmeler. Ine Bratsilava mana shony yatlatdy. Koneje trolleybuslar, henizem sovet dovrunde ullanylyan biletler ve shol biletleri avtobusa munende validate etmek uchin deshyan kichijik mashynkalar, ve kone stilde print edilen biletler. bah haman diyersin ozumi 8 yashly kichge chaga hasap etdim. Bratislavada dagyn edil ustunde bir gala bar ve shol galany Hungarian King yorute Turklerden goranmak uchin sheyle beyik yerde gurdyrypdyr. ondan dashary yene unsuni chekyan taze gurlan kopru bar, UFO sheklinde ve beyleki koprulerin gurlyshy yaly dalde uytgeshik stilde gurnalan.

Polsha

Super power imperiyalaryn oyun oynayan yurdy Polsha. Hich oz teritoriyasyn chyzyp bilmedik yeketak yewropa yurdy bolsa gerek. Bir Fransuzlar, bir nemesler bir ruslar ustunde uly oyun oynan. Adamzadyn yuzu garasy yer. Taryhda hich yatdan chykarlmajak yurt Polsha. Name diysende az, sebabi auschwitz birkenau kamplaryny henizem janly yashayshy Polsha. 2000 000 yewreyi yakan, 600 000 gypsyleri yok eden, yenede 3000 000 toweregi soviet goshunyny yer bn yegsan eden iki sany yatdan chykarylmajak kampyn yurdy Polsha. Elbette olaryn elinde daldi ol vagtlar. 1941-45 Gitlerin dowran suren yerleri. adamlary islan sheklinde yok eden yer. gunde 5000 adamy diri diri yakan kamp auschwitz ya bolmasa gunde 10 000 adamy diri diri yakan birkenau. chaga diyme ayal diyme garry diyme yaramaz diyme sag diyme her gunde shoncha adamy yok eden yewropanyn yuzu garasy adamzadyn omrunde yatdan chykarmajak yeri Polsha. hakyky adam sachlaryny gorup gynanmasan gynanma, olen bendelrin. aynekleri, kowushleri, chemodanlary, ullanan gap chanaklary, garaz sanasan sana ve bir gapdaldada shol zatlaryn eyelerini 1 gunde yok eden himiki gazlaryn bosh tankalry ve 100 ilerisinde shol adamlary yakan pechler. aytmaga soz yetmeyar dine gidip gormek gerek ve taryha yazmak gerek.

Krakow

Ozbashyna owadan ve polshanyn elitlerini hem bagrynda yetishdiren hemde bagrynda saklayan shaher. Karollaryn ve presidentlerin mazarchylygyny ozunde baryndyryan shaher ve shol bir vagtyn ozundede Karollaryn guran galalarynyn eyesi shaher. 2 gun galdym aylanyp chykyp bilmedim yene gelerin diyip gaytdym. Halky gownu pes emma yenede gany sowuk millet. Polsha gidip pirogi iymedik Polsha giden hasap edilmez, menem gelipdiris iyeli diydim ve zakaz edyan otelin yanyndadaky kichijek restoranda. 10 minutdan ichi kartishkaly borek gelyar emma tagamy diysen lezzetli. 200 metr yorap shaherin meydanchasyn gelyan. orta asyrlarda yewropanyn in uly sowda meydanchasy. Arap tujjarlarynyn gitmedik yeri yok emma shu yurt islam bn tanyshmandyr. Tanyshsada yitip gidipdir. ony belki bir gun bileris belki hichde bilmeris emma menin maksadym ol dalde Krakow owadan shaherdigini aydyp gechmek. Gijelerine belki Londonyn kichi gornushine menzeyar, emma gen bir galasy ve gen bir rowayaty bar. Galanyn eyesi ajdarha her gun bir gyz iyyarmish kone asyrlarda insonunda bir oglan chydaman gidip ajdarhany Krakowy ika bolyan deryada olduryarmish ve sheydip halky azatlyga chykaryarmysh. bu yenede inlislerin Robin Good'yna menzedi emma shol ajdarhanyn pamyati henizem bar.

Zakopane

Zakopane Polshanyn gizlin jowheri bolsa gerek. Tatra daglarynda yerleshyan bu dunyanin behishtlerinden biri. Agachlaryn arasyn islesen hiking etde dagyn depesine 40 minut yore yada cable car bn 5 minutda in yokarsyna chyk. Elbette dagyn depesinde arassa howada tokayin ichinde otyryp bir kofiya yada bir chay ichmek adamyn gownuni goteryar. islesen donuz etinden shashlik iy. islesen shol depeden ashaga sliding speedy boat'a munde omrunde gormedik tizligi gor. zakopane sowuk yerdigini yerli halkyn satyan zatlarynda bilsen bolyar. galyn galyn shubalar ve hem ichi hem dashy tuyluleri. yene yoresen Polshanyn medeni muzikasyny live dinleme mumkinchili, ya bolmasa sheyle suyji tagamlay dondurmasy. Agsham ajygan vagtyn Meat Palace/Et koshgu diyilyan restoranda islan etinden naharlanmak. Balyk, towuk, hindi, gush, sygyr, goyun, ordek, ve donuz etleri. ondada shol etlerden yasalan herhili zatlar. Inlische chat pat edip gurleyan bakery;de ishleyan garryja Polyak dayzalar hich hachan goz onunden gitmeyar.

Vengriya ve Horvatiyada bolan shahelerim hakyndada nesip bolsa yazmakchy

Sagboluñ görenleriñizi

Sagboluñ görenleriñizi paylashanyñyz üçin. Tüweleme aylanyañyz, göryäñiz dünyagaraysyñyz, gözyetimiñiz giñelyändir.

Budapest

Central Asia'dan gelen Magyar taypasynyn guran yurdy Vengriya. Bir tarapdan hristiyan turkler diysen yalnysham bolmaz. St Stefan ilkinji karollary ve 10. asyrda Hrsitiyanlygy kabul edyar ve shol vagtky pope tarapyndan Saintlik berilyar. ilki ilkiler belki bizlere menzeyan halk bolup biler yone Vengriyada uly imperiyalaryn mesgen tutan yurdy. bir gapdalda Habsburg ondan son Austria-Hungarian imperiya ve yenede shol dowurlerde Osmanly imperiasy oz hokumlerini surduren. Vengriya turklerin in erbet propaganda edilyan yeri bolsa gerek. Olar meselem Horvatlar yaly taryhlaryny gizlanoklar emma turkleri in erbet yamanlayan yurtda Vengriya bolsa gerek. Buda ve Pest iki ayri shaher emma son birleshdirilen. Buda turklerin shaheri bolan Pest bolsa Austrianyn shaheri bolan. Buda daglyk yer ve shaherin in owadan tarapyda Buda. Pest bolsa onun edil tersi dum duz shaher. ortadan bir nache soweshlere ve birnache taryha shayat bolan Danub deryasy. Vengriya komunistlere garshy in kan ayak galdyran millet bolsa gerek, sebabi 1989'da konumism sonuna gelende Mcdonalds'yn onunde 2-3 sagat burger aljak bolup ochura durlan yurtlaryn biri. Oylan sagat 4lere Budapeste gelip yetyas, otele zatlary zynyp ilkinji ishimiz Vengriyanyn puluny alyp ondan sonda shahering ichine aylayan avtobusa mundik. 2,5 sagatlyk turdan son zordan gitmeli restoranymyza yetishdik, Gulash diyilyan nahar aydylyshyna gora o diyen kan gowy dalmish, eti nahili etdigini bilmanson ony zakaz berman vegeterian aldym yone iyenler seninki in gowysydy diyip zeyrenip otyrdylar. restorandan yene ylgap chykyp gijesine deryada aylanmak uchin parahoda mundik, diysen owadan shaher, Budanyn in beyik nokadynda urushdan yadan halk bize indi asudalyk gerek diyip 33 meter uzynlykda bir ayalyn eline zeytun agajyny yash shahasyny alyp yokara galdyryp duranyny dikipdirler. agshama otele zordan gelip girip derrew horlamaga bashlapdyryn. ertesi irden yene yola dowam shaherin Pest tarapyny aylanyp zordan ozumi Margaret diylen ada tashladym. bu ada Danubyn ortasynda ol yerde aylanmaga takat galmanson Elektrik mashyn alyp adany aylanyp sonundan bolsa yenede otele ylgap gitdim sebabi daga Caving uchin gitmeli edip goyupdyk. Kowaga girmankak eger olseniz oz isleginiz boyuncha giryansinizdir diyip kontratkta gol chekdirdiler ve ine sana 3 sagat yerin ashagynda gezelen. men uchina hich gezelen daldi emma caving etmani halayanlar uchin gezelench bolup biler.dagyn ichinde 56 meter chunluga gidenson indi yzymyza gaydyas diyenlerinde hakykatdan name uchin gelendigimi soramaga bashladym emma hich netije yok dine caving edipdim diyer yaly bolsa gerek. ol yerden chykyp yene howul hara achyk meydanchada owadan edilip gurnalan spa'ya gitdik. Spa yewropanyn yeke tak achyk meydanchada gurlan spa. 3 sany bassein dasharda onson binanyn ichinde her hili saunalar bar islesn 100 gradus yssylykdaky sauna girsende bolyar. Bir gun onunden eger ertir howa gowy bolsa spada oturan yerimizde yokara seredip parlap duran yildizlaryn ashagynda I beleive I can fly diyen aydymy aytmany niyetlapdik emma ol nesip dal eken belkide menin sesimin gowy chykmajagyny bilip bulutly howa bolandyr shondada halk hich alada edenok hezil edip spada chykman otyr. sagat 11 pm towerekleri ajygyp bashlanymy bilip gaytdym yenede olu yaly yatypdyryn. Ertesi gun yola dushduk Horvatia nirde sen diyip.

3 sagat yoranson Lake

3 sagat yoranson Lake Balatona geldik, yenede yuzelin diyship dushdik avtobusdan son seredip otursak suz sowuk shondada dynch aldyk az owlak otyryp. sagat 2 toweregi granisada garashdyrdylar. zordan gechenson nirdesin Plitvice diyip horvatianyn ve yewropanyn in owadan parkyna gije Camp etmage gitdik. Shol gije belkide in shadyyan gijelerin biri bolsa gerek uyshup alan zatlarymyzy yaltanman BBQ edip bishirip iydik.ertesi gun irden sagat 8'de Plitvice parkyny gapysyndan girdik bu yeri dine gow bn gormek gerek dil bn aytmak kyn. eger biri shol yere girip 500 surata dushurip chykyp bilyan bolsa diymek owadan yerdigini aydyar. 16 sany golun biri-birine baglanyp durshy, iki dagyn arasynda yerleshyar ve tokaylyk. azashyp tokayin ichine girip gitsen yerli halk bar belki olar seni halaman biler belkide ustune topular shon uchin Ayi bar diylen znaklara seredip shol taraplara gitmesen in gowysy. Gollerin yerleshishi biri-birilerine baglanyshy sheyle owadan ichinde balyklar. waterfall/shaglawuk bolyar oydyan turkmenchesi owadan ses beryar ve ussalaryn ussatlyk bn yasan agach kopruleri gollerin ustunde balyklar ve waterfallara yakynlashmaga komek edyar. onson yadanson Parahoda munup uly gollerin birini gechip beyleki tarapyna gelyan ol yerden yenede dagyn in beyik depesine yorap ashaga tarap bolsa elektrik tramvaylara munup chykysh gapysyny gelip yetyan.

ol yerden chykyp heniz yarasy bitmedik Balkan urshynyn muzeyi bolan muzeye, ullanylan tanklar, samalyotlar ve katushalar. Hem Sovietlerin hemde Yewropalylaryn yarag bn upjun eden urshy ganly urush 300 000 musulmany yok eden urush Balkan urshy ve shol adamlary oldurmek uchin ullanylan yaraglar. Bu yerde durup urshy janlandyryp yenede yola dowam

Beauty of beauty, history of history, city of city Split. gezelenjin sonky duragy ve adyndan belli bolshy yaly Split. hem shaher hem bizi biri-birimizden ayiryar. herkim gynanyar emma bir tarapdan begenyar tanyshanlygymyza. herkim oz yoluna dowam. Split Dalmatian city. Ancient greek, venecian king ottoman empire, yugoslav republic ve CROATIA. taryhyn ichinde yoreyan. hemmesinden bir zatlar bar turklerden bashga. olara degishlide kichge meydancha bar olam kone metjidin yeri. Diolectian king 284-305 yillary arasynda karollyk yadap men indi pensiya chykjak diyip ozune koshk gurduryar ve shol yerdede yashayar, indi koshgun beyik minaraty bar ve galan yerleri restoranlar ve shopping centre. gijelerine howa gowy bolanson halk shol yere yignayar ve ichinde biri eline gitarany alyp bashlayar saz chalmaga dandan 3'e chenli otursanda otyryber hich yadawlyk yok.

Sheyle gyzykly ve owadan yerlerden gechip yeneden geldik Bulutly ve yagyshly shaherim bolan Londona