Malayziyada Okamak isleyanlere

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Salam doganlar!
Shu gun size Malayziyada okuw barada yazmakcy.
Malaysia barada
Malaysia Gunorta Gundogar Aziya yerlesyan osyan dowletlerin biridir. Klimaty subtropical bolup, yilda iki pasyl bardir. (Yagishli we yagishsiz). Ekwatora yakinligi sebapli butin koplench yssy we nemli gecyar. Ilat sany takminan 28 million bolup, munyn 60%-i malaylar, 30%-e yakini hitaylar, yene-de 8%-i de hindilerdir. Malayziya inlislerden garashsyzlygyny 1948de alyalar. Ol wagtlar Singapuram Malayziyan icindedi. 1957-nji yilda Singapur ayrilip ozbashdak dowlet bolyar. Ekonomikasy boyuncha taze senagatlashan dowlet hasaplanilyar. 2007-inin maglumatlarina gora Malayziya Gunorta Gundogar Aziyanin 3-nji in uly we dunyanin 29-njy in uly ekonomikasydyr. Bir wagtlar dunyade kauchuk, palma yagi, we galayi ondurmekde birinji dowletdi. Ekonomikasy esasan dashary sowda, senagat, we servis hizmatlarindan duryar.

Malayziyada okuw
Malayziyada okuw beyleki ASEAN (Association of Southeast Asian Nations) dowletleri arasynda in gowularin biri hasaplanyar. 2020-a cenli Gunorta Gundogar Aziya regioninda educational hub (bilim merkezi) bolmak isleyar. Chindanam sony yillarda dashary yurtdan gelip okayanlarin sany juda kopeldi. Bir topar taze kollejlerdir, uniwersitetler achildi.
Menin pikirimche Malayziya bilim almak ucin turkmenlere in bir amatly yerlerin biridir. Bilim sistemasy Inlis bilim sistemasyna gaty menzeshdir. Yokari okuw jaylarinin 80-85%e yakini inlis dilinde bilim beryar. Kop sanli hususy uniwersitetler Angliya we Awstraliya diplomlarini beryar. 2+1, yada 1+2 sheklinde okuwchy alish chalish programmalary hem bar.
Malayziyada in meshur uniwersitetler:
- University Of Malaya (http://www.um.edu.my/)
- National University of Malaysia(www.ukm.my)
- Universiti Putra Malaysia (www.upm.edu.my)
- Universiti Teknologi Malaysia (www.utm.my)
- International Islamic University Malaysia (www.iiu.edu.my)
- Univeriti Teknologi MARA (www.uitm.edu.my)

Hususy uniwersitetler
- Universiti Teknologi PETRONAS (www.utp.edu.my)
- Management and Science University (www.msu.edu.my)
- Universiti Tenaga Nasional (www.uniten.edu.my)
- Universiti Tun Razak (www.unirazak.edu.my)

Collegeler (Meshurlar)
Mundan bashga da bir topar universitet derejesinde bachelor degree beryan college bar.
- Limkokwing University College of Creative Technology
- International Medical University
- MAHSA College
- APIIT
- KDU College
- KBU College
- Sunway university college
- Twintech College
- Beylekiler

OKUW CIKDAJILARY
Okuw tolegleri dowlet uniwersitetlerinde has yenilleshdirilendir. Berlen web sahipalarindan barlap bolar. Hususy uniwersitetler hem Angliya, Awstraliya seredende arzandir. Meselem misal bereyin. Bir tanishim Universiti Malaya da Bachelor of Business Administration okayar. Chikdajilar sheylerak:
Yillik okuw tolegi (Max): USD 1500
Umumy yashayish jayi tolegi: USD 65 * 12 = USD 780
Umumy yashayish jayinda 3 wagtlik nahar = USD 129 * 12 = USD 1548
Beyleki chikdajilar: USD 60 * 12 = USD 720
Sheylelikde bir yillik chikdaji jemi = USD 4548
Hususy uniwersitetlerde hem ortacha 5000-6000 arasy uytgeyar.
Okuw mohleti inlische tayyarlik bilen bilelikde 4-6 yil bolyar.

Nadip girmeli:
- Kop uniwersitetler ilki bilen internetin usti bilen dokumenlerin tabshirilmagini isleyar.
- Sonam hard copy (kagyz sheklinde) pochta bilen ibermeli.
- Gerekli dokumentler koplench shulardan ibarat: ()
o Attestatin kopyasi
o Application formi doldurmali
o Inlische bilyanligini tassiklayan document
 IELTS 6.0
 TOEFL 530
 Eger yokardakilar yok bolsa 6 ay – 1 yil yil inlische tayyarlik kurs okamali.
• ELS
• British Council
• Ya da kabir uniwersitetler kabul edilenson ozi 6 aylik kurs okadya. Meselem UM, UTP, IIU, UTM
o Orta mekdebi gutaranligin barada dokument
o Pasportin kopyasi
o Passport olceginde 4 sany surat
o Bashga da elinden name gelyan bolsa, name okan bolsan butin sertifikatlar, ish tejribesi (Kop plyuslari bar)
o Bu dokumentler ahlisi inlis diline terjime edilip noterden mohur basilmali.

STIPENDIYA
Bachelor uchin
UTP (Universiti Teknologi PETRONAS) ucin ayra bir mumkincilik
Turkmen hokumeti we PETRONAS arasynda shertnama layiklikda her yil 10 okuwchi UTPde okamaga gelyar. Bularin ahli tolegleri PETRONAS tarapyndan tolenyar. Ustune de sowalga berilyar. Uniwersitet yokari hilli bolup, Malayziyada dine ayratin zehinlileri (top scorers) alyar. Uniwersitetde mumkincilikler gaty gowy, yone uniwersitete in yakin shaher 20km. Stresli durmusha tayin bolun 

Beyleki uniwersitetler ucin
Bachelor’s Degree ucin stipendiya.
http://www.bursabeasiswa.com/scholarship-1004
Stipendiya ucin 1 yil onunden tabsirilsa gowy bolar. Sebabi 1 yil son stpendiya chikya.

Master/PhD ucin mumkincilikler
Eger Master/PhD ucin gowja proposal yazilsa stpendiya alip bolyar. Kop gelinyan yerler:
- Mass communication
- Computer Science/IT
- Economics / Finance
- MBA
- Bashgalar

Malaysia we Islamic Finance
Malaysia Islamic Finance boyunca in osen yerdir. Bu ulgam dunyade gaty chalt depgin bilen osup baryar. Shu wagtdan Yslamy Finance bazarynyn bahasy 1trln US dollara golayladi. Malayziyanyn merkezi banki bu ulgami osdurmek we ylmy ishgarlerdir spesialistler yetishdir mek ucin oz ashagynda INCEIF (International Center for Education in Islamic Finance) diylen uniwersiteti achdy. Bu yerde ashakdaky wuzlar bar:
- Chartered Islamic Finance Professional (CIFP)
o 1yil + 6ay praktika
- Master of Islamic Finance
- PhD in Islamic Finance
CIFP Full Scholarship bar. Bu gaty meshur stipendiyadir. TMden gelyan az bolanson girmek ansat. Isleg bildiryanler men bilen habarlassinlar. Stpendiyanin icindakiler:
- Oz dowletinden Malayziya bilet puly
- 1 yil boyuncha okuw puly
- Aylik RM 2200 (USD 700)e yakin
- Okuw we praktika gutarandan son oz dowletine gaytmak ucin bilet puly.
- Isleg bildiryanler habarlassinlar.

Hawa yigitler we gyzlar! Size peydasy bolar diyip umyt edyan. Doslariniza da habar berip bilersiniz. Orta Aziyadan in az TMden gelyaler barik. In kop KZ, KGden bar. KG gitmek yerine barik gelsinler. Men Malayziyada 5 yil bolup bir zada goz yetirdim: Hich okamaz diylen okuwcham bir zatlar alip gidyar. Okamasan yikyalar. Para ishe yaranok 
Eger isleg bildiryanler bar bolsa men bilen habarlassinlar. Master/PhD ucin bachelor degree’nin in sonki yilinda yuz tutsaniz gowy bolar.

Eziz Rejepov

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu yazgi ucin

  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • halachly.agam 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

UTP okuw binalaryny,

UTP okuw binalaryny, campus-yny görüp :O hayran galdym. Özbashyna bir shaherçe.