Türkmen diliniň ewolýusiýasy ýa-da täze lingwistiki modalar barada

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Iki mesele kelläme geldi şu gün.

Birinjisi:
Men käwagt oturyp pikirlenýän, eger göwnüme bolmasa, köne sözler ýitip barýan ýaly, bir hili türkmen dili ýönekeýleşýän ýaly. Umumy manyda diliň has çylşyrymly, has kämilleşmegine garaşýan menä, sebäbi iň azyndan täze tehnologiki sözler girip dur. Emma ýok, ýaşuly adamlar bilen birlikde köne sözlerem ýitip barýan ýaly. Men şu alym ýaşlar duşuşygyndaky çykyş eden Yusuf Azmun aganyň gürrüňini diýseň halapdym, eger dogry ýadyma düşýän bolsa, häzirem uly türkmen sözlügi ýok. Özem aýdypdy, "şeýle sözlükde dialektiki sözlerem bolaýmaly, olary aýyrmaly däl, olar dil baýlygydyr" diýip.

Kitaplar çykmaly, mekdeplerde we başga hat-petuwly(?) ýerlerde hem edebi sözleri ulanmagy, diliň mümkinçiliklerini doly ulanmagy öwretmeli ýa talap etmeli. Şu belli manyda türk ýa rus sözleriniň çenden aşa ulanylmagynyň öňüni almagy hem mümkin.

Telpekler (2 kisiden 8 sany)

Bu yazgi ucin

  • akgül 5 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • fcb 3 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Ikinjisi: Men internetde ýa

Ikinjisi:
Men internetde ýa asyl ýöne durmuşda hem bir topar türkmen ýaşlarynyň (şol sanda özüm) ýazyşyny görüp, edebi sözlerde ejizdiklerini, käbir klassiki eserlere düşünmeýändiklerini görýän. Bu ýokarky ýazanyma degişli. Meniň gülkimi tutdyrýan zat ýöne dilimiziň haýsy tarapa üýtgeýşi, ýa belki "ewolýusiýasy", ýa-da ýöne häzirki wagt modasy.

Meselem "bet" sözi indi "cool", ýa "kruto" sözi ýaly bolup barýar. Men özümem ulanýadym, moda bolmazyndan öňem şeýle manyda ulanýadym (aý dowam ediberip, "özüm şony moda etdimow" hem diýesim gelýär, ýöne tormoza basaýyn :D ). Ýöne häzirki wagt ýaşlaryň ulanýan "jana", "bala" ýaly sözleri meniň jynymy atlandyrýar, näme üçindir. Belki meň häsiýedime gapma-garşy bolansoňlar, bilmedim. Göwnüme bolmasa, gün saýyn türkmen ýaşlarynyň dili suwjyklanyp barýan ýaly. Menä-how, ýaşulyraklardan eräp-akyp, suwjaryşyp oturanlaryny görmändirin, özümem şeýle däl. Gel bolaýaňda-da, ýapyk gapyň aňarsynda, öz maşgalaň bilen bolmaly dälmi? Umumy Günbatar medeniýetiniň täsirimi, häzir dilimiz suwjyk bolan ýaly. Girýän wagtym bolanda, indi bärde kän zat ýazylmansoň, teswirler diýdi, talyplar diýdi, seredip çykýan. "Meň janam", "men söýýän, köýýän, hemme zadam ederdim söýgim üçin", onsoň başga bir topar gürrüňler. Aý bolýa, gyz maşgala her haçanam has bir duýguly bolupdyr diýsegem, şuň ýaly türkmenlere bir hili gelişdiremoklaý. Esasanam oglanlara. Ýa özüme gelişdirmänim sebäpli ters gelýämikä?

Siz nähili pikir edýäňiz? Ýa olar suwjyk gürrüňleri edenokda, men bir doňýürekmikäýin? :D "Biziň söýgimiz öçmejek söýgidir, janam"... tuf-tuf "keýwany çaý gaýnatsana" :D
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Aýdyshyn yaly,

Aýdyshyn yaly, "bolaýandada ýapyk gapyn anyrsynda" bolmaly. Menä bu problemalary "edep"den görýän. Adamlaryn kopcilikde ozuni nadip alyp barylmalydygy hakda dushunjeleri ýok bolaýmasa.. Dine dilde, gurleyshinde dal, hereketler hem sheyle. Aýyp hasaplamaly aslynda welin, tersine bu hereketleri bn owunjenlik edyanler hem bar. Gelshiksizdigini hem dushundirip bolanok, goni yalnysh tarapa chekjek bolup durlar.

Adamlara nahili

Adamlara nahili yashamalydygyny owretmelidirin oydemok mena, her kimin oz durmushy, oz karary. Yone shu suwjuklanmagy norma gorup bashlasan, bir adim beylesi ene-atan yanynda hem sheydip bashlayjagyn yaly. Goz onune getir oz ene-atan yanynda oz gelnin bilen suwjaryshyp dursan?! :D Bilemok welin, turkmenlerde beyle zada bolmaly dalhow.

Onun bir adim anarsam el-tutushyp yoremek, onson yene anarragam yanky bilinden gujaklashyp yoremek ene-atan yanynda. Son yanky soyyanligini bildirip durmaly her sekuntda/minutda/sagatda, yagny ogshapjyk durmaly. "Ezizim, men janym, eylemi?"

Bular bir erbet zadam dal welin, bir hili gelishenok yaly gownume bolmasa.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Bayram, kabir zatlaryn

Bayram, kabir zatlaryn "şahsy mesele" diýip atlandyrylmagyna menä duýbinden garşy. Koçede, ya-da diyeli park'da, men 5 yasly oglym bilen aylanyp yorkam, 2 sany yas "soyguli" onumize gelip, polniy sypalasyp, ogshashyp dursa bolyamy? A men, çagamyn ol edepsiz hasap edyan hereketimizi gormek islemeyandigimiz hiç kimi gyzyklandyrmaly dalmi? Yagny, moral prinsiplerin bir minimumy bolmalydyra? Sahsy mesele olaryn yatyan jaylarynda, eger koça çykyp, uly ilin ortasynda beydip dursalar, eyyam ol mana-da, menin kiçi çagama-da tasir edyar, we bu şahsylykdan çykyar eyyam! Edil men yanyma gelip, çilim çeken yaly bu, ozi-ozi, menem zaherleyar.
Dil meselesi hem seyle. Sahsy gurrunlerini name dilde edibersinler, yone TM'de, hasap ayraport'da mana-ha turkmen biri orsça bir zat diyse depe saçym hujjeryar. Men name, orsa menzeyamikam? Ya ol turkmençe bilenokmy? Ya men on dostymy aramyzdaky gurruni şahsy hasap edip, islan dilinde eder yaly?
Gepin tummek yeri, dile hormat goymak islemeyan adamlaram ol diye hormat goyyanlaryn yanynda hormatly bolaymaly, yogsa bu men dilim bilen çaklenman, men ozume-de hormat goyulmayanlygyny gorkezyar! "Sen dusun, dusunme, mana bildirip duranok, sen yaly "kolhoz", orsça/turkçe bilmeyan diyip gurleysimi uytgeder yaly sen kim bolupsyn beyle?!" diyyan yaly bir zat.

Moral prinsipleri

Moral prinsipleri meselesinde dogry aýdýaň. Elbetde, biziň ýurtlardaky däp-dessurlaram jemgyýediň özi gorap saklap geldi. Ýagny "il-gün näme diýer? adamlar näme diýer?" diýen düşünjä görä, adamlaryň ýazgarmagyndan çekinilip gezildi. Seň aýdyşyň dogry we senem şol ýazgarýanlardan biri bolmaga hakyň bar. Emma döwlet moral priniplara görä däl, kanunlara görä işleýär. Seň aýdan ýagdaýyň, parkda oturan ýaşlaryň beýtmegi kanuna garşy däl, we olaryň şeýtmäge kanuny haklary bar. Moral prinsipler her kimde üýtgeşik, sende bir hili, mende bir hili, a döwlet kanuna görä.

Ýöne ýaňky aýdanym ýaly, köpçülik bir herekedi ýazgarsa, kanun näme diýse hem, nämä rugsat berse hem, adamlar köpçüligiň pikirine görä bolýalar. Köpüsi şeýle. Şoň üçin sen ýazgarmaga dowam et, emma kanun gadagan etmeýän bolsa, ýaşlaryň näme edesi gelse, etmäge kanuny haklary bolýar.

PS Kanuny we moral temasynda, şu günler New York'da metjit gurmak dawasy gidip dur. Bir topar amerikan muny amoral görýär, ýöne olar näme diýse-de, musulmanlaryň konstitusiýon, ýagny kanuny haklary bar. Amerikada islän adamyň dinini erkin ýaşamaga haky bar. Amerikanlaryň moral prinsiplerine görä bu ters, emma kanun kanun bolýar. Olaryň moral prinsipi bir, biziňki bir. Edil şoň ýalam, seň üçin ol ýaşlaryň herekedi amoral bolup biler, emma ol doly kanuny we ol ýaşlaryň haklary.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Ýa bolmasa Türkmenistanda

Ýa bolmasa Türkmenistanda Türkiýä gidenleriň konsentrasiýasy şeýle bir ýokarlanyp, şolar indi dilimiziň modasyna hem täsir edýärmikä, ýoldaşlar? Şu türklerde barow "aşkym" zat diýip ýüzlenibermek adamlaryň arasynda. Tekiz bolamokda :D

Gidip hindi kino göreýinlaý, belki menem dogry ýoly ahyr taparyn :D

PS Käwagt dagy ýazylýan zatlary okap gülkim tutýar, esasanam käbir ýazgylara nähilijek jogabyň gowja boljagyny göz öňüne getirip özüm däli ýaly gülýän. Onsoň meň gelnimem "nämä gülýäň?" diýip sorap başlasa, düşündirmek kynlaşýa. "Ýazgy ýok, göz öňüme getirip gülýän" diýmeli bolýar :D

Aý umuman, ýaşlar ýazybersinler. Döwür şeýle, döwür... :D
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

1

Gaty dogry meselä degipsiñ-aý, Baýram. Dilimiz bilen bile ýashlañ özlerem beter suwjuk bolup barýa. Aý, aýdyp otursañ zat köp (tel-den girýän, ýazmaga ýaltanýan :) )... gynanýan, özlerine aýdanynam peýdasy ýok, gaýtam özüñ ýaman bolup galýañ.

Ýaman bolup galmakdanam

Ýaman bolup galmakdanam beter, sen "yzagalak", a olar bolsa "sowremenniý" bolýalar :) A beýle bolmagyn standart'y, gorelde hokmunde alynyp biljek adam turkmenlerin içinde barmy? Olara gora yok! Sowremenniy diydirjek bolsa ol adam ya daşyndan seredeniňde geýiniş, özüni alyp baryş şekili boýunça ýewropala(orsa) meňzemeli, ýa-da türkçe, orsça, iňlisçe gürlemeli we ş.m. Şu kriterialaryň hiç haýsysyna-da eýe bolmadyk adama "bet", ýa-da döwrebap diýenlerini menä görmedim, gören bar bolsa meniňem göresim gelerdi "Döwrebap Türkmen nähili bolmalyka?!" diýen soraga az-da kemde jogap berip bilmek uçin!

Guych mun yaly zatlara

Guych mun yaly zatlara illere aytmaly dal. Menin temam sheyle gurleyanlere aytmak ya ustlerinden gulmek uchin achylan dal, yonekey pikirler. Men ozumche pikir edyan, shu sada turkmenem zasos ogshashyp durarlarmyka yashulylaryn onunde yakyn geljekde?! Ay shu wagt jogap "hawa" baryan yaly.

Shol barada kelleden gechyan zatlary yazyan, bolmasa gidip birine "sen beydyan" diymek bolanok. Her kimin oz durmushy bar, "hakym bar" diyse bir jogap yetik. Adam oz durmushyny sen islesenem, islemesenem ozuche yashayar.

-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Köp sözun manysyna

Köp sözun manysyna dushunenoklar, ustesine dushunesleri hem gelenok. We bu yagday name ucindir "yashlar"da kan gabat gelya. Menin den dushlarymyn kopusi taze soz eshtse, owrenyaler. Yone ýashlaryn kopusi beyle dal. Beyle bolmagynyn sebapleri hakda pikirlerim:
1. Ýaltachylyk we äsgermezlik. (namame gerek, shu bilyancham mana yetya pikri)
2. Yashulylardan dashlashma. Olary yzygalak diyip kabul etmek.
3. Edebi eser okalmazlyk. Onun yerine chatda wagt gecirenlerini has peýdalydyr öýdýäler.

Dile hormat goýmazlyk

Dile hormat goýmazlyk meselesi biziň özumizde-de bardy ahyry...3-4 ýyl onki mowzuklary dagy okasam, öz-özumden utanyan mena. Nadaýipdirinä ne gozel dilimizi? Orsça, turkçe, inlisçe...Eňňere'den başga zat dal. Ýone bu ýagdaýy şol dowur içinde ýaşan atmosferam bilen doly dusundirip biljek. Bolsa-da 1 ýyl ýaly gysga wagtyn içinde ýalňyşymyzy duzedip, arassa turkmen dilinde gurlemage jan edip, dilimize bolan hormaty azda-kemde ýokarlandyryp bildikmikak diýýan. Şu sahypa bolmadyk bolsa, mena yazgylarymyn 40% turkçe, 20% dagy orsça-inlisçe, galanjasynam patdyk-sutdyk edip, turkmençe yazyp yorerdim.

Bizde edil beýle

Bizde edil beýle hormatsyzlyk ýokdy ahyr. Biz kan bir turkmen dilinde arassa gurlemelidirsem oydemzokdyk yada shu sayda hem gelen wagtyk "turkmenche yazmaga gayrat et" diyilen wagty, "sen kimaý, islan dilimde yazaryn" diyenim yadyma dushenok. Yone hazirkilerin kopusine aydylyarama, yone tasir edenok.. Muny, teswirlerde hem görýäs..nache gezek aýdylsa hem täsir edenok.

Biz hormatsyzlygymyzy soz

Biz hormatsyzlygymyzy soz bilen belli edemzokdyk akgul, yone sonda-da edyan zadymyz, yagny ene dilimizi adam sekilli bilmezligimiz bizin ona doly hormat goymayanlygymyzy gorkezyadi. Birisi aydanda "sen kimay?" diymanligimiz terbiyamiz sebaplidir, we elbetde ol adamyn aydyanynda jan bar diyip hasap edisimiz. Garaz, biz belli 1 derejede hormat goymasagam, ynsabymyz bardy, yalnysymyza dusunen wagtymyz garbap aldyk yzyna ne gozel dilimizi :)

P.S. Entagem "Mom, please..." diyyanmay? :D

Yokarki 3 sebapden basga sebaplerem bar

Yokarki 3 sebapden basga sebaplerem bar belki-de bu uchunden mohum hem bolaymasa:
1. TV we radio programmalarinin hili pes
Mysal uchin Lebapda dagy gaty kop kisi ozbek kanalini gorya sebabi hem olarin ozbek ya kabirlerinin diyshi yali (...) bolshi dal. Arsarylaram we beylekiler bilen den hatarda diyen yali gorya elbetde ozbek kanalini tutsa. Ozbek kanallarini gorshunun sebabi ol kanallarda govi seriallar beryarler dine lachin mamedova pirlanip duranok. (radio programmasi entagem bar bolsa onda-da pirlanip bolmasa-da hirlanyan bardir ;))
2. Dilde edilyan uytgeshiklikler.
Siyasatdan boldugicha uzak durup esasi meselani beyan etjek boljak (elbetde bu-da bir siyasat ;)) Mysal uchin kop kishi şetdaly diyyar yone yalnishmasam 1950-lerin sonundaki rusça-turkmençe sozlukde şepdaly diyilip yazilyar. Elbetde p boldi name t boldi name kan bir tapavut hem yok diyip. Yone sozun aslina seretsen parscha oydyan sebabi bu soz turklerde şeftali we azerilerde şaftalı. Kone turkmen dilinde f harpi bolmanson biz p edip gechiripdiris we dogrusy hem şepdaly-myka diyyan. Bu kichi zatlar yone mysal uchin yakinda 'bestseller' bolan kitap bar 'Ata arzuwyny ...agtyk' atly. Indi muna lebapli hokmunde seretsen 'Ata arzuwyny ... ogul' bolmaly dalmay ol diyyan. Sebabi lebapda ata sozi kaka sozunin yerine ulanilya. Kasi diyip biler sen lebapli hokmunde dalde turkmenistanli hokmunde seret, chunki ata diyip kakan kakasina aydilya diyip biler. Edebi dilde hemise beyle dal mysal uchin 'ene-atalar yignagi' 'eje-kakalar yignagi' dal we basga-da birnache misal bar sunun yali. Shonun uchin hem yadima dushya onler toran-mi poran-mi bir ministr bardi niyazova 'hormatli atamiz' diyende obada kop kishi 'bah ishi gaydan indi prezidente 'ata' diymeli vagti hem geldi diyip. Diymek isleyan zadim yonekeyce zatda hem karar berip bilemzok we hakimiyetde haysi shiwanin agzalari kop bolsa onda sholarin shiwesi has aktiw bolya. Mysal uchin aslinda 'dade Gorkut' ekeni yone shol wagtlar bize 'Gorkut ata' diyip owretdiler sebabi hem standartlashdirmakmish (gulakdan duyma bolanson mish diyaydim). Dade sozi esasanam dashowuz tarapda ulanilya oydyan. Standartlashdirmak hokman gerek yone siyasatchilar burnunu sokmali dal bu ishe. Misal uchin natanish biri telefonda 'My father is 50 years old' diyse nadip terjime etjek 'Menin atam 50 yasinda' diyjekmi ya-da 'Menin kakam 50 yasinda'. Edil su zatlar 'ene' we 'eje' sozleri uchin we basga-da birnache soz uchin hem gecherli. Isin erbet tarapi hachanda TM-de bir zat moda bolsa onda izini alip goteryaler onun derrew. Asgabat'da islap gelenler ya-da nirde bolsa-da TM-in bir yerinde gulluk edip gelenlerin kasi 'onat' yerin 'govi', 'bolar/bolyo/bole/bolye' yerine 'bor' ulansa birhili gulkunch bolya esasanam olarin kasi dashowuzda gulluk edenem bolsa gullukdan gelenson 1-2 ay 'tekeche' geplemek moda bolya.
3. Gizikli kitaplar basga dillerden terjime edilmeya (yagni etmeyaris onun uchinem govi dil bilya kopimiz gunali).
4. Taze okar yali romanlar, sygyrlar (garaz eserler) yazilmaya Name uchin sebabi gaty ansat: chunki yazilanlar hem chap edilmeyar chap edilenler hem alinmaya onun uchinem yazilmaya.
Meselani aytmak in ansadi yone chozgutleri aytmak ona gora kinrak yone bu chozgutleri ulanip meselani chozmek hasam kin. Ilkibaslarda seylerak planlarin ustunde islenilip biliner:
1. Turkmen dili beyleki dillerden yzda (biz seyle inanyas we olam netijede seyle bolya) mysal uchin biz dasary yurtlardan has kop soz aldik, dogry yone biz kop soz hem berdik.
2. Turkmenlerin kabir milletlere gora an derejesi we kuwwaty pesrak (muna inanyanlarin kopusi turkmenler yone yalnish). Mysal uchin fakt: orslar has guycli olar tarihinda hich hachan yenilmandir. Yalnis gokdepede yenildi (ondan onem gokdepa yetyancha hem has kop yenildi) basga-da birnache yerlerde yenildi.
3. Ozumize goyyan hormatimiz basga milletler goyyan hormatimizdan pes (kabir yagdaylarda bu dasary yurtlinin puli uchin bolup biler, yone ol ayri mesele chunki ol eyyam biznese girya ;) )
... Birinji shu ve shuna menzesh bolar-bolmaz inanchlarimizi uytgetmeli sonra-da asakdaki yali yeniljek islerden baslamali:
1. In ansat etmeli zat kone yone gunumizde hem peydali boljak eserleri kirillisadan latin harplarina gechirmek we kitaplarin nirhini pesrak tutmak.
2. Inlis, rus, turk we beyleki dillerden birinji gaty mohum bolan eserleri sonra bestseller bolanlari terjime etmek (professional terjime bolmali yone)
3. In esasisi erkin makala chap etmage rugsat berilmeli, yogsa hemme zat 'merhemetli/mertebeli ...' bolup dur. (yazmasi agyr dushen setir ;) )
.... Dowamini senem bilyan menem yone ikimizem bu barada agzymyzy yarmaris ansat-ansat :(. Chunki ... (onam bilyan shonun uchin yazjak hem dal).

Telpekler (4 kisiden 6 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • tuana 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • akgül 3 telpek goyyar we yazyar: "Maña ýazmaga zadam galmandyr :)"
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Hachanda ozbek kanalini gorup bilmeseler

bgeldi wrote:

Yokarki 3 sebapden basga sebaplerem bar belki-de bu uchunden mohum hem bolaymasa:
1. TV we radio programmalarinin hili pes
Mysal uchin Lebapda dagy gaty kop kisi ozbek kanalini gorya sebabi hem olarin ozbek ya kabirlerinin diyshi yali (...) bolshi dal. Arsarylaram we beylekiler bilen den hatarda diyen yali gorya elbetde ozbek kanalini tutsa. Ozbek kanallarini gorshunun sebabi ol kanallarda govi seriallar beryarler dine lachin mamedova pirlanip duranok. (radio programmasi entagem bar bolsa onda-da pirlanip bolmasa-da hirlanyan bardir ;))

Yatdan chikipdir. Hachanda ozbek kanalini gorup bilmeseler we ruscha-da bilmeseler (ya onat gormeseler) onda turkleri gorayyaler. Hazir dushunmesegem 6 ay son dash ederis diyip. Son bize yakin dillerde TV gorseler onda garishdirmak gaty ansat bolya ka sozi ozbekche, ya turkche ya turkmenche. We isin gen tarapi hem onun basga dilden soz ulanyanini ol oban adamlari hem kan saygarip bilmeya sebabi olaram shonun yali seriallar gorya-de :(. We seydip hem bu gun sozunin kopusi turkmen kasi hem ozbek, turk bolanlar tizden basga dilden has kop soz ulanip baslaya. Bu esasanam cagalar ucin howpli.
Goschmaca bir zat aytmak isleyan sozler barada. Her dowur bir dowur diylisi yali ol dowurlerde egin-esik uytgeya ol bul garaz kop zat uytgeya. Shol bir wagtda sozlerem uytgetya. Bir gezek 'watan' programmasini goryadim welin sonunda 'Ruhuniz belent bolsun! (kopeltmek 3) diyip aytdi alip-bariji. Yanimda oturan adam ulurak biri bolanson gaty sinchi adam bolanson 'mundan 10-15 yil on ruh sozuni bilyanem yokdi velin indi yone hemme yerimiz ruh bolaydi diydi. Sabir et biraz hemme yerin bir ruh bolmasin entak diyaymek galdi mana-da. ;).
SSSR dowrunde-de bolandir elbetde beyle meshur sozler: pagta, dayhan, kompartiya we ... Onda name indi 'jana'-lar dowrune hos geldik diyaymek galya bize 'eziz/mahriban/mertebeli/merhemetli we s.m' janalar :D

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: ":))"

Wah ýagdaýlar sheýle,

Wah ýagdaýlar sheýle, yone owrenmage mumkincilik bar wagty bir owrenaymela. "Natjek, men sheyledä" diýmek chözgut dal.. Shu pikri owrenmeli ýashlar.
Ýashlar ýashlar diýýäs welin, käbir ýashulylarada dushuner ýaly däl. Ejesi özi arassa turkmenche gurleýä, turkmen edebine gelishyan shekilde hem geýinýa ýöne oglynyn gyzynyn "sowremennyý" bolmagyny goldaýa, hatda munun bn öwunýa :((

Uniwersitetde okaýan

Uniwersitetde okaýan dowrumiz "Automatic and formal languages"(Awtomatiki we resmi diller) we "Emeli akyl" diýip boljak "Artificial Intelligence" sapaklarymyz bardy. Şonda "Emeli akyl" döretmek uçin, birnaçe soraga jogap bermelidi. 1-njisi hem "Nadip adam bilen kompyuter gurlesip biler?" soragy. Elbetde, dilin usti bilen. Yone, haysy dil? Islan dilin! Diymek, kompyutere 1 dil owretmeli, we her bir sozlemi ayry-ayry owretmez yaly, ona sozlemleri ozi guryp biljek derejede owretmeli! Muny nadip edip bolyar? Dilin grammatikasyny owredip! Yagny "Turkmen dilinde sypat atdan onde gelyar, hal pylan bolyar.." we ş.m. Şonda 1 sorag emele gelipdi we prof bizden sorapdy "Grammatika diylen zat adamlaryn gurleyisinden emele gelmelimi, ya-da adamlar 1'ilerinin doreden grammatikasyna gora gurlemelimi?" diyip. Kabirleri "dogry gurlemek" dusunjesinin "Grammatika boyunça gurlemekdigini" aytsa-da, asyl grammatika halk'yn 1000 ýyldyr ulanyp yoren dilininden emele gelen, hiç kimin "grammatika gora gurlemage" borçly dal bolan zady bolup çykdy. T.e. men Kakaly oglan hokmunde, "Gelýarin" diymegin yerine, "Gelýen" diýmage doly hakym bar, sebabi ol menin dialekt'im, we hiç bir dialekt beýlekiden ýokarda daldir!! Gepin tummek yeri, menin ulanyan dilim, menin dialektim, medeniyetim, mentalitetim bilen doly baglanysyklydyr. Eger men yasayan yerim suwjyklaryn, omrunde 1 edebi kitabam okamadyklaryn yasayan yeri bolsa, onda menin dilim hem sona gora bolar, ulanyan sozlerim hem.

Munça wala-wala bilen name diyjek bolyan? Dili suwjyk edyan adamyn sozleri saylap ulanysy dalde, ol adamyn hasiyeti! Diymek, bizde asyl mesele dil'denem on, yaşlaryň "mährem" hasaplanylýan zatlary mähremlikden çykaryp, uly orta-da, islän şeklinde aýdyp bilmekligi. Öňler beýle zatlar uly orta aýdylmansoň, eşidemzokdygam, zadam diýemzokdyk, herkim suwjyk bolsa oyunde, ayaly bilen bolyady. Indi bolsa uly ilin ortasynda "aýtsa bolýar" diýilyan soz toparlary emele gelyar, "janam", "balym" dagy ýaly. We, hawa, bu sozlerin türklerden/orslardan tasirlenip ulanylýany 2 uçsyz!

Dogry her kimin oz dialektini ulanmaga haky bar

Dogry her kimin oz dialektini ulanmaga haky bar hatda TV-de hem ulanilmasina kan garshi chikilip durulmali dalmika diyyan. In azindan habarlarda zatda her kim oz dialektinde aydibermeli.

Dialekt dal shiwe bolmali

Dialekt dal shiwe bolmali ;).

Turkmen dilinde-de

Turkmen dilinde-de ulanilyarmy sol soz? Turkçe'den goni almadyn gerek? :)

Dogry gaty az ulanylyar oydyan

Dogry gaty az ulanylyar oydyan (eger ulanylyan bolsa)

gödekmişin... :D

Bayram aga gaty dogry bellap geçipsiniz! Berekella!
Men turkmen saytlaryna ilkinji girip başlan wagtlarymda türkmen dili kadalaryny doly dürüst yazyardym, gramatikanyn hemme kadalaryna hem üns berip yazyardym.
Menin şeyle dogry yazmagymyn netijesinde mana gödek diydiler. İndi bolsa men hem il bilen den gideyin diyip ilinka menzeş yazyp başladym.
Nesip bolsa mundan beylak gödek hasaplansam hem doly türkmençe yazjak.

Telpekler (3 kisiden 3 sany)

Bu komment ucin
  • akgül 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Mergen 1 telpek goyyar we yazyar: ""sowremenniy"-lerin aýdýany topugyňa-da çykmasyn!"

Gowy netije. Eger bir zadyn

Gowy netije. Eger bir zadyn dogrudygyny bilyan bolsan, we shona layik yashap bilyan bolsan, yetesi zat yok.

Kabir oba oglanlarda dushunje pesligi bar. Ine meselem men dynch almaga tomusda gidenimde Amerika barada, dunya barada, ya ylmy ishim barada gurrun chykanda sahel-mahel gurrun beryan welin, dinlap oturanlaryn arasynda kabir oglanlar dushunjek bolyalar, pikir yoretjek bolyalar we kawagt pikirlerini hem orta atyalar welin, "eeeyy muny... eeyyy seni bilip yorusa, bilyan kishi bolma zat" diyip bashlayalar :D Okan okasyn, bilen bilsin, we arkayin pikir yoretsin. Basharsan shony et, basharmasan etyane pasgel berme. Dogry dalmi?

-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Dine grammatika gora

Dine grammatika gora yazyanyn ucin godek hasaplanmak nahili zatka? :) t.e. "Sen name "Bilemok" diyip yazyan, "Bilmiymen" diymeli, kolhoz" diyenler barmydy ? :D
Oyun bir yana, yone gurleysini illerin cykaran kada-kanunyna gora uytgediberjek bolsan, ýaz şemaly ýaly, 2 ýana osup durmaly bolarsyn, içiňde-de oz gurleýşiňi depelap, illerin sana biçen donyny geýjek bolýanlygyň sebäpli rahat dal wyjdan...Nama gerek? 2 sany samsyga sypaýy gorunmek uçinmi? Paheyt...

Telpekler uchin sagbolun

Telpekler uchin sagbolun telpeklije-de boldum.

Gurrun dine yalnish ulanylmak barada gidya welin

Gurrun dine yalnish ulanylmak barada gidya welin turkmen dilini bilmeyanlerin sani hem az dal oydyan. Ashakda bizin turkmenStat-a gora has takikrak maglumatlar sebabi cia factbook-dan aldim (https://www.cia.gov/library/publications/the-world-factbook/geos/tx.html):



Population (ilaty):
4,884,887 (July 2010 est.)
country comparison to the world: 115
Ethnic groups (milletler ya-da etnik toparlar):
Field info displayed for all countries in alpha order.
Turkmen 85%, Uzbek 5%, Russian 4%, other 6% (2003)

Languages (Dili):
Field info displayed for all countries in alpha order.
Turkmen (official) 72%, Russian 12%, Uzbek 9%, other 7%

Literacy (Sowatlylyk):
Field info displayed for all countries in alpha order.
definition: age 15 and over can read and write
total population: 98.8%
male: 99.3%
female: 98.3% (1999 est.)



Yokardan gornushi yali ilatin 85%-i (gosmak-ayirmak 3% ya 5%) turkmen yone turkmen dilini bilyanlerin sani bolsa 72% (yene-de anri gitse gosmak-ayirmak 3% ya 5%). Diymek kop kisi entak turkmen dilini hem doli derejede bilmeyar. Bu sowatsizlik sebapli hem dal, chunki sowatlilik TM-de (turkmenistanda) has yokari. Bu maglumatlar dogry dal diyjeklere dogry takik bolman biler yone in takik habar shularinkimika diyyan. In azindan bizin turkmen statistika institutininkidana has dogry. Mysal sssr yikilanda turkmenistanin ilati 4 milyona yakinrakdi 2006-a chenli 7 milyona yetiberipdi turkmenStat-a inansan. Tovshanmi na biz eydip 15 yilda karip 2 esse kopeler yali. Shonun hazirki turkmen statistiki maglumatlari dogra has yakinrakmika diyyan 5.5 milyon toveregi ilati bar diyilyar oydyan hazir turkmen cheshmelerine gora. Dine oydyan oydyan bolup dur :( sebabi anik maglumat aljak yer bilemok men-a TM-de.

Salam, arkadashlar. Onler bu

Salam, arkadashlar.
Onler bu mesele bilen gyzyklanamokdym. Chynymy aytsam ors dilini ene dilinden gowy bilyarin, ona buysanomok, yone yagday shular yaly.

Dilimiz hakda. Dile ylyma yaly bakmaly, ony ogrenmeli we doretmeli. Dialektler bolmaly, yone dili umumalashdyrmaly(tertipleshdirmeli). Bizin orta alyp oylanyp oturan soragymyzyn chozulen meselesi bar.

Men onem eshdipdip, Franciyanyn kardinaly Rishelye fransuz dilini osdurmek uchin Akademiya doredipdi. (Кардинал своей жалованной грамотой от 29 января 1635 года основал знаменитую Французскую Академию, существующую до сих пор и имеющую 40 членов — «бессмертных». Как указывалось в грамоте, Академия создана, «чтобы сделать французский язык не только элегантным, но и способным трактовать все искусства и науки».)
(orscha dushunyansiniz - uns berin, name uchin Akademiyany doredendigi sebaplendiryar)
Bu name hakda - hich bir dowlet kamil dili eneden dogup miras alanok.

Hokumet derejesinde dil bilen meshgurlanmaly, yone bu aytdygym mekdeplerde turkmen dilini galdyryp ors dilini yatdan chykarmaly daldir. her bir dil baylykdyr.

arassa turkmen dilinde

arassa turkmen dilinde gurlemekde onkimden kan gowshadym diysem boljak, gaygyrman garyp gatyan wagtym kop. cheper eser okalanok, turkmen TV'de seredilenok. oz den dushlamyn arasynda-da oz yomut shiwe dilimiz, olaryn kopsem menden beter ya-da ors ya-da turk hasam inlis garyp gatyalar. koplench ishimizde inlis ya ors dilde gurlenyar, turkmenlerinem kopsi ors dilde gurleyan. ozum ilki "turkmen-a siz" diyip turkmende gurlesemem son yene onkisine gelyaler, sebabi owrenshenoklar ya ansat haysy bolsa shonda. oyde hezil. name-de bolsa oyde turkmen dilinde sayrayas.