Dashary yurtda bilim almak yada yokarlatmak barada

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Dasary yurtda bilim almak yada yokarlatmak isleyanlere maslahatlar yazmak isledim.
Ozumem entak yany diyen yaly yokarlatmaga dasary yurda cykdym. Emma goz yetiren zadym, amerikada esasanam hytaylylar we hindistanlylar kop. Name ucinka diyip seretsem, fakultetdaki ylym isgarlerinin hem esasan sol dowletlerdendigine goz yetirdim. Biri birini goldayarlar. Bizinem az hem bolsa dasary yurtlarda doktoranturasyny yada ondan sonky islerini edip yoren ylym isgarlerimizin bardygyny bilyarin. Emma olardan hic ses cykmayar? Name ucinka? Oz oglan gyzlarymyza ynanmayarlarmyka? Garassyz baky bitarap dowletimize dunyanin in abrayly yokary okuw mekdeplerinde bilim alyp ata watanyna yurekden hyzmat etjek oglan-gyzlar kop kop gerekmika diyyan!

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Ehmm... nirinden bashlap

Ehmm... nirinden bashlap nirinde gutarmaly belli dal.
Yazsan yazybermeli, shu wagtlykcha yazmayin :)
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Tayagyn 1 ujynyn sana

Tayagyn 1 ujynyn sana degjegi ucin yazanokmy? :D

Dogrymy aýtsam, Guwanjyň

Dogrymy aýtsam, Guwanjyň gaty görjegi üçin ýazamok. Aý onsoňam özem şu wagta çenli kän ýazmansoň, birden ýazyş stilime ters düşüner diýýän.

Ýöne bir zady aýdaýyn. Şu ýazgy şu ýerde dursyn we ýene 4-5 ýyldan, ine haçanda Guwanç PhD'sini tamamlaberende, täzeden seretsin şu ýazga we pikiriniň gaty üýtgändigini görer. Bu bir ýüzleý, first impression ýaly düşünjelere meňzeýär. Aýdýana, nirinden başlajagymy bilemok ýazmaga. Bir kritiki gözden geçirip, ýazyp başlasam, onsoň Guwanç ýalňyş düşünip gaty görermikä diýýän.

Şoň üçin men ýazmaýyn :D
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • j_shaga 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Olaryn sesi cykmagy ucin olar profesor bolmaly

Quote:

Bizinem az hem bolsa dasary yurtlarda doktoranturasyny yada ondan sonky islerini edip yoren ylym isgarlerimizin bardygyny bilyarin. Emma olardan hic ses cykmayar? Name ucinka? Oz oglan gyzlarymyza ynanmayarlarmyka?

Olaryn sesi cykmagy ucin olar profesor bolmaly, phd yada post-doc edyanlerin kan edip biljek komegi yokmyka diyyan. Olar hickimi bir yere yerlesdirip bilmeya.
Birem phd girmek ucin belli bir kriteryalar bar: GPA, GRE, tejribe... Sol kriteryalara den gelmesen bir yere girmek kyn we kabir abrayly universitedlere profesor islese-de girip bolmaya.

Sonam bizin neslimiz entak yash, hemme zat bolar yuwas-yuwasdan.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Ine bularyn gowy jogaplar.

Ine bularyn gowy jogaplar. GRE'si we TOEFL'y yok, GPA'sy pes turkmeni na yuzun bilen aljak? Name, beyleki professorlar tormozmy sen edyanini gorman?

Onsonam gowy yazypsyn, turkmen PhD we PostDoc hich zadam edip bilmeyar, hany nache sany turkmen professor bar? Men bilyanima 1 sanyjagy hem yok. Professor bolsan, yene goldaw berip, GRE we TOEFL almaga gonukdirsen, gayrat etsen boljak. PhD edip yoren ya birinin PostDogy name etsin?

Yazgydaky uchunji ters zadam, hindilere we hytaylara seredilip turkmenler barada sorag soramak. Bu statistiki nadogry. Dunyade nache sany hindi bar? Nache sany hytay bar? Nache sanysynyn yokary bilimi bar we nache sanysynyn GPA'y, GRE'si we TOEFL'i yerinde? Hytaylary dine hytaylar alanok, ya hindileri dine hindiler alanok. PhD etmage 15 yer bar bolsa 300-600 application bar, olarynam 300-400'i Hytay we Hindistandan we uniwersitetin kriteriyalaryna gabat gelyaler. Hytayda yorite GRE tayinlanmak uchin kurslar bar, inglische zordan gurleselerem, GRE'leri 1400+ (menkidenem kop!), TOEFL'lary 100 toweregi. Olaryn bu PhD'lik ishi sistemalashdyrylan, gerek zatlaryn baryny almagyn, dokumentleri toplamagyn yollary tertiplenen. Professorlar Hytaylaryn GRE we TOEFL'laryna kan ynananoklar, sebabi GRE'sine seredyan 1500, TOEFL'yna seredyan 110, yone gurlande hich kim dushunenok, ya ol pahyr hich amerikana dushunenok. Yone okuwyn kriteriyalary bar, eger turkmenin GRE'si 900 bolsa, TOEFL'y 65-75 bolsa, onson nache Hytaylaryn ekzamenlerine ynanmasalaram, olary almaly bolyar.

PostDoc uchin PhD bolmaly, Hytaylylaram, Hindilerem bizden esse-esse kan (deneshdirmek gulkunch-how). PostDoc uchin arzan baha kop ishleyan adam gerek. Turkmenler shon yaly diyip at gazanmagy uchin entak kop chorek iymeli bolarys. Hindiler we Hytaylaryn ilat sany sebapli sanawa goshmasan, bir bashga goze gornup duran halkam yok Amerikada. Her yurtdan birnache adam bar.

We in sonunda ses chykmak meselesi. Guwanjyn ilki gozune shu hytaylar bilen hindilerden ses kan chykyan yaly gornen bolup biler, yone umumy manyda, olarynam sesi kan chykanok. In kan ses amerikanlaryn ozunden chykya. Gelmisheklerin arasynda gaty sesin sholardan chykyan bolmagy mumkin.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Hich zat angsat dal, emma elyetmesiz hem dal!

Bu yazgyma birazrak ters dusundiler oydyan! Men olardan hichkime turkmen oglan-gyzlary oz yanyngyza alyng diyip yuzlenmedim. Men olara turkmen oglan-gyzlara yol gorkezsin, owut-undew bersin diyip yuzlendim.
Meselem ozuming gelish hekayamy gysgacha beyan etsem: Ilki bashdalar amerika manga gaty garangky gorunyardi. Bardaki yagdaylary dolylygyna yazyp shol tumligi agartdylar. Toefl-Gre ing uly pasgelchilik diyip pikir etmeli dalmika diyyan. Belki iki-uch gezek girer. Emma shol ishing ustesinden gelibiljek yashlarymyz gaty kop...
Gaty gorushmek, meselesine geleling. Barde hich kim hich kiming gownune degjek yazgylary yazmagyna rugsat bermeli daldiris. Gowne degmek iting angsady, emma gowun gazanmak belki oran kyn.

Ýok, maksat göwne degmek

Ýok, maksat göwne degmek dälle. Meniň ýöne ýazyş stilim bar, öwrenişmedik ters düşünip gaty görýär, gödek görýäler. Senem gaty görersiň diýdim. Çaý başynda şu zatlar gürleşilse aýdýanlarymy gatam görmezler welin, internetde gödek görünýärmişin.

Men seň ýazgyňy özüme çekemok, ýöne dogrymy aýdaýyn, türkmenleriň ilatynyň azlygy we aglabasynyn okuw derejesiniň gaty pesligi uly päsgel. Arzuwymyzda biziňem atly-abraýly türkmen alymlaryny görmek. Boljak zatmy? Aý entäk garaşmaly bolaýmasa.

Men ine PhD-imi, nesip bolsa, tamamlap barýan we maňa türkmen oglanlar "PhD edeýinmi?" diýip sorasalar ikijiňlenmän "hawa" diýip biljek däl. Hytaýlylar, esasan hindiler we ýene köp ýurtlar üçin, PhD okuwçynyň güni, PostDogyň güni gowy ýaly. Ýöne men Türkmenistana gidip gördüm, aýdaýyn durmuşyň keýpi tarapyndan ol ýerdäki durmuş has gowy we has aňsat. Näçe nalasalaram. Amerikada PhD-ni almak saňa aňsat durmuşy garantiýa berenok. PhD-ni gowy aljak bolsaň eşek ýaly işlemeli, özüňi subut edip durmaly. Wagtyň köp bölegi iş bilen geçýär, şahsy durmuşyň gowy ejizleýär, Türkmenistandaky ýaly aladasyz (relatively) durmuş ýok. Gel aldyň-da, yzy aňsatmy? Ýok, yzy PostDoc, ýyllyk 35000$ (uniwersitetde bolsa), Amerikada hiç zat. Ýene professor boljak bolsaň, üstünlikli boljak bolsaň, öler ýaly işlemeli. Şahsy we maşgala durmuşyň gaty ejizleýär.

Onsoň aňsatmy? Ýok, ýalňyş. Onsoň tenure-track process bar, olam 6 ýyl ýaly. Munda hem öler ýaly stressiň aşagynda işlemeli. "Publish or perish" diýen kanuna laýyklykda. Şu stress sebäpli hol mundan 4-5 aý öň University of Alabama'daky professor 4-5 sany professory öldürdi, tenure-track'den geçip bilmän. Ine şu 5 ýyl PhD, 2-5 ýyl PostDoc, onsoňam 5-7 ýyl tenure-track process'den üstünlikle geçäýen ýagdaýyňda (hasabyny et 15 ýyla golaý wagt), sen hormatly Associate Professor bolýaň. Alýan aýlygyňam... ýylda 60-70 000$ bolýa, Amerika üçin ýene-de pes san.

Meň diýjek bolýanym näme? Ine meň aýtjak bolýan zadym, ylymda Amerikada hem pul ýok. Hol kir ýuwýan firmajyk açsaň (laundry) ýa maşyn bejerýän mehanik bolsaňam professorlaryň köpüsinden has kän pul gazanýaň. Ýa mermer, daş kesýän, ýa kraska çalýan. Pulyň kän bolmaýa, wagtyň hiç bolmaýa, kelläňde deadline doly, işiň stress doly. Şu ýagdaýy saýlamak üçin hakyky ylymy söýýän, şundan keýp alýan adam gerek. Men Türkmenistandaky obadaşlarymy görýän. aýlyklary 1000$ töwerek (ýa okuwly ýa okuwsyz), wagtlary dolup dur, keýp içinde. Onsoň nädip bu adamlaryň şu kynçylykly ýollary saýlamagyna garaşyp bileris bilmedim. Biziň ýagdaýymyz hindileriňki ýalam däl...

Men öz ýagdaýyma şükür edýän, nalynamok, ýokarky ýazanlaryma ters düşünmäň. Ýöne türkmenleriň nakyly bara "alym bolmak aňsat, adam bolmak kyn", şol ýalňyş bolup çykdy. "Alymam bolmak kyn, adamam bolmak kyn" has dogrusy bolaýmasa...
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Ine şu tema bilen

Ine şu tema bilen sähel-mähel baglanyşykly şahsy täzeliklerimem bar. Men nesip bolsa Dekabrda gutarýan, enşalla. Onsoň meň eýýäm 2-3 uniwersitetden, şol sanda Northwestern University'den hem PostDoc teklibim bar, şükür Allajana. Ol uniwersitet Amerikanyň top 8-10'ynda, gaty abraýly. Esasanam Inorganic Chemistry (Organiki däl himiýa) ugrunda. Beýlekileriňem biri Ýewropada, birem University of Houston.

Ýöne bilýäňizmi näme, men olary göz öňünde hem tutamok. Allajan ýol berse, men ýa milli lablarda, ýa başga ýurtda işlemekçi we ol interwýularym hem bar. Sebäbi näme? Sebäbi akademiýada PostDoc etseň, Northwestern bolsun, Stanford bolsun, alýan ýyllyk pulyň 35-40 000$ arasynda. Gelniňem işlemeýän bolsa, çagaňam bolsa, Amerika üçin gülkünç pul. Şunça okuwdan, şunça azapdan soň. Şoň üçin, indiki ädimimi aýlyga görä saýlamakçy. Men özümi ylyma doly bermäge taýynmy 100% bilemok. Sebäbi professorlyk ugruna çyksaň, hol öleňde-de maddy ýagdaýyň düzüw bolmaýar. Bir ýerde oturyp jaý satyn al, göni 500 000$ çykar. Pul barmy? Ýok. Näme etmeli? Ýa mortgage, ýa ölýänçaň rent...

Şoň üçin aýdýan, eger menden türkmen ýaşlary sorasalar "Amerikada PhD etmegi maslahat berýäňizmi?", men şonda hemme + we - taraplaryny sanap, aňsat durmuşyň garaşmaýandygyny aýdyp, diňe we diňe maksadaokgunly ylmy söýýän bolsalar şol ýola düşsinler diýerdim. Durmuş näme, 60-80 sany makala ýazmakdan ybaratmy?!

PS Inetde seretdim, organiki däl himiýada Northwestern 3-nji ýerde ekeni Amerikada.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Adam ulaldykca, mashgala

Adam ulaldykca, mashgala gurup, yeke ozune dalde, yene-de birnache adama jogap bermeli boldukcha dunya garayshy duybinden uytgeyan ekeni...Beytmek dogry dalmi? Dogry dal bolayanda-da, kimin bey diymage haky bar? Hichkimin, sebabi bu eyyam shahsy mesele dal "janyma dozerinlay" diyenin bilen cozulyan.
Meninem shu bilim karyerasyny saylamakda kynchylyk chekyanimin asyl sebabi shu: Shoncha hassle'e degyami? Mende hemme zada chydap, shol yoldan yoremek islegi barmy? Sonky dovur "Yok" tarapy gaty agyr bolup bashlady, howesem son bilen den proporsiada..

Men bir topar adamy

Men bir topar adamy bilýän, özüne agram salman PhD edip ýörler. Ýöne netijesi näme? Netijesi PhD alansoňlaram, iş teklibi alyp bilenoklar, sebäbi edil häzir krizis ýagdaýy dowam edip dur we gaty öňe çykyp duran adam bolmasaň, daşary ýurtly gelmişeklere iş ýok.
Onsoň PhD döwründe saýlanjak bolsaň näme etmeli? Aý öz şahsy durmuşyňy ýatdan çykaryp kän işlemeli. Men ine özümi işledim hasap edýän we soňky 4 ýylyň içinde, hemme ýadyma düşýän wakalar diňe laboratoriýada bolup geçdi. Degýärmi durmuşyňy şeýdip harjamak? Men doly bilemok. Beýle ýaşabersem, ýene 15-20 ýyl lab'dan çykman işlemeli. Bir görseň ýaşlygam geçipdir, durmuşam. Isleýänmi? Kän islämok.
Ýöne topardan biri bolup PhD edeýin, soňam bir pes derejeli pes aýlykly işe girip arrygymy gynaman işläýin diýseň bolýar, ýöne ony isleýän barmy? Men islämok. Amerikada 40-50 000$ aýlykly işlemekden Türkmenistanda galyp ol-bul iş etmek HAS gowy we wakaly durmuşa getirýär diýen pikirim bar. Kän pul toplap bilmersiň ikisinde-de, ýöne garyndaşlaryň, dostlaryň arasynda, şahsy durmuşyň baý şekilde ýaşarsyň, stress peseler.

Men ine şu wagt PhD'li bolmaly biri ýene 4-5 ýyldan, enşalla. Näme şahsy zadym bar? Öýüm ýok, pulym ýok. Obadaky ýokary okuw jaýy ýok klasdaşlarymyň köpüsiniň eýýäm öýem bar, çagasam bar, maşynam bar, hiç zady kellesine getirenoklaram, aladalar we stressem kän ýok. Men olardan 10-15 ýyl köp okap, ýene şolaryň arkaýyn durmuşyna ýetip bilemok. Onsoň nädip türkmen ýaşlary şu ylmy ugry saýlasyn?

PS Men käwagt pikir edýän, edil şu PhD-ini alyp Türkmenistana gaýdyp barsam, obadakylary gülermikä diýýän üstümden. Şunça ýyl okap, şunça ýurtlarda gezip, jübisinde kör-köpüksiz yzyma barsam...
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Sona mana-da diyyaler how

Sona mana-da diyyaler how :)
Bardygyn goni sorayandyr kabirleri "Suysurip bildinmi birzatlar?" diyip, menem "Ozumden artyp yatan kan zada yok" diysem "Turk'de isleyanler yilda nace mun iberyaler, blah, blah, blah...". Hamala biz barde dine pul uchin yashayan yaly. Bar maksadymyz oturyp pul gazanmak bolsa, okuw-sokuw bilen meshgul bolmak in manysyz zat.

Şu wagt kino gördüm ine,

Şu wagt kino gördüm ine, The Good Shepherd (2006), şonda aktýerlaryň kellesinde "why am I doing this?" diýip kän gelýän ýaly göwnüme bolmasa. Ýöne PhD edýärkäňem, eger professoryň gygyryp kän işledýän bolsa, şol sorag kellä gelýär. Ol gygyrmasa, onda biz arkaýyn, öz keýpimize görä PhD etjek, a beýtsem meň beýle iş teklibimem bolmazdy. Men iş teklipsiz kynçylyk çekip ýören PhDli hytaýlaram görüp otyryn, amerikanlaram.

Men professoryň özüne diýdim, "obadaky okuwsyz dostlarym üzüm satyp meňki ýaly Camry alypdyr, öýi bar, çagasy bar, a men PhDli, günde-günaşa deadline'ly, seň bilen gykylykly, hiç zatsyz..." diýip. "Näme üçin men şu akademiýany saýlaýyn?" diýdim. Olam "dostuň adyny google'a ýaz, oň barlygyny dünýäde bilýänem ýok, a sen öz adyňy ýaz, bilýän kän, hormat goýýan kän, adyň we abraýyň bar", soňam inetden "I won't complain about my job never again" diýip ýazylan bir prikol suradam iberdi email bilen. Men complain edemok, ýöne eger motiwasiýa biriniň seni tanamagy bolsa, şohrat we at-abraý bolsa, şoň üçin şu ýollara düşmelimi bilemok, dogrymy aýdaýyn. Biz eger şu PhD'ini etmänem, akademiýa girmänem, Türkmenistanda şuň ýaly işlesek hor bolmazdy, adamlaryňam hormat goýany bolardy. Biziň ýagdaýymyz Hindistandaky ýaly dälä, meň üçin şu diňe bir çykalga bolup durar ýaly?!

Garaz, ýaman filosofiki sorag bu. Eger adam şekilli PhD etjek bolsaň, adam şekilli PostDok etjek bolsaň, belli alym boljak bolsaň, güniň kyn. A belli bolaňsoň aňsat, ýöne belli bolýançaň 10, 20, 30 ýyl wagt gerek bolup biler, a belki ölýänçäňem bolmarsyň?!
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Goruşin ýaly sen o

Goruşin ýaly sen o professoryn motivation'y "Meshhur bolmak, google'da adyny yazanynda cykmak". Meniňä topugyma-da çykanok şular ýaly zatlar. Hiýem bir adam omrunin maksady edinermi "meshur bolmagy" ? Ol bir bonus netije bolmaly, yagny, birgiden gowy is etdin, we adamlar seni tanady. Oňa soz yok. Yone barde asyl mesele senin sol gowulygy etmegi maksat edinmegin, meshur bolmak dal. Garaz, professoryna ayt, durmusynyn manysy 2, 100, 100.000 adamyn hormatyny gazanmak bolsa, biderejik yasapdyr :)

Professor bolmak maksat dalde, netije bolmaly, maksadyn profesorlyk yolunda wagtynam, professor bolansanam etjek haýyr işlerin bolmaly. Beýle maksat ýok bolsa, onda butin omrun gury gep/hormat/zähmet. IMHO!

P.s. Ol surat pilin nemesine girip duran adammy ? :D

Hawalaý :D Meň professorym

Hawalaý :D
Meň professorym hem aslynda şu wagt maslahat berýär, maňa gelen teklipleriň biri pully teklip, şony saýla diýýär. Sebäbi ol aýdýar, şunça ýyl işden soň, aýlygym saňa hödürleýänlerinden ýene 2 esse pes diýýär. Günde bir topar zat kellede diýýär. Ýagny olam 100% razymy, täzeden saýlamak ýaly mümkinçilik bolsa, ýene şu ýoly saýlarmy bilmedim. Professorlyk zat daşyndan gowy görünýär. Menem professor bolup görmedim, ýöne ine ýakyndan tejribäm bar, şu makala ýazmakdan, ylym etmekden we bir topar dokument doldurmakdan ýaýdanmasaň, şolardan keýp alsaň, erbet işem däl.

Aý umuman, men PhD edenime puşman edemok. Köp zat öwrendim, dünýägaraýşym giňedi we okuw derejäm ýokarlandy. Emma akademiýada mundan beýläk galasym gelenok.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Professoryn aylygynyn 2

Professoryn aylygynyn 2 essesi dagy bolsa, akademiyadanam yadan bolsan, onda arkayin gitda industriada islemage?! Son-sonlar Turkmenistanda-da gerek bolar is tejribesi bolan, abrayly yerlerde islan adamlar..

oglanlar bilimini dasary

oglanlar bilimini dasary yurtda yokarlandyrmak barada gurrun etselera gowyla welin, ynha gyzlar meselesini hic gozgayan yokda. name ucin gyzlara seyle mumkincilikleri sany azaldylyarka...
Chynar K.

Hiç kim azaldanoga,

Hiç kim azaldanoga, gözlemeli. Daşary ýurtlarda, Ýewropada we Demirgazyk Amerikada, ilki bilen aýal haklary, soň ýaňky haýwan haklary we iň soňunda erkek haklary gelýär edil şu wagtlar :D

Türkmenistanda gyzlara bat berýän ýokdur daşary ýurtlara gidip alym bolmaklary üçin. Ýöne özüň isleseň, haklaryň oglanlaryňkydan hijem pes däl.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Chynar, US'daki oglanlaryn

Chynar, US'daki oglanlaryn hic haysysyna-da shol yerde okama mumkinchiligini dovlet doredenok, dovletin asla $ berip okadyan yeri yok, dovletlerin ozleri "plancha okuwchy okadyp bereli" dagy diyyaler(Turk,Ors dagy..), a ol yerlere oglanlar bilen denje gyzlaram gidyaler. Yagny, mena su wagt oglanlara goldav berilyan yer goremok, t.e. gyzlaryn gysganara sebabi yok :) Herkim ozuni onarmasak..

dogry! Mergeninem Bayramynam

dogry! Mergeninem Bayramynam aydyanlary dogry. Yone siz TMda okamayan bolmaly. Bardaki yagdaydan kan bir habarynyz yok bolmaga cemeli. Zeyrensema yalnys bolar welin... Nahilem bolsa gyzlar babatynda az kem gysylma bar!
Chynar K.

Bah, kim sizi name diyip

Bah, kim sizi name diyip gysyaka? Hany ayt, bizem olary gysaly sizin arynyzy aljak bolup :D