“ BIZNI AÝRA SALGAN ÝOLLAR”…

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

“ BIZNI AÝRA SALGAN ÝOLLAR”…

Bu ýazgy şahyr Italmaz Nury hakynda.
Ömür iki gezek berilmez bize,
Bagtymyz getirdi—berlipdir biri.
Hany, saklan, biraz söhbet açaly,
Mydam ýeteşiksiz,Italmaz Nury.

Ýatlaly geçeni, gelsene bäri,
Entek köne dostlaň hemmesi diri.
Ýadyňa düşýärmi Twer bulwary?
Ýadyňa düşýärmi,Italmaz Nury?

Nirede aşnalar,oýlan, pikir et,
Basym olar bolar daglaryň şiri.
Altaýdan S.Pasleý, Bakuwdan Fikret,
Ýegre dostlarmyzdy,Italmaz Nyry.

Dünýe düýş bolarmyş diňe keýtige,
Garramyzok, ýiti heniz göz nury.
Ýör, salam bereli Anna Paýtyga,
Hem çaýyn içeli,Italmaz Nury.

Keşt edeli gözel baglaň käsini,
Keşt edip joşmakdyr şahyryň käri.
Ysgap görmän ter gülleriň ysyny,
Nirä tasap barýaň, Italmaz Nury!?
Bu degişme biziň student ýyllarymyzda Italmaza ýazan hatymyz bolmaly.
Italmaz Nury diýilýän guýmagursak şahyr sadadan mylaýym,ulumsylygy, gedemligi bilmeýän adamdy.Şonuň üçinem onuň duşmany az,dosty köpdi.Şonuň üçinem ol hakda degişmelerem,anekdotlaram döräberýärdi.Aramyzda Italmaz bolmasa, oturyluşyk gyzyksyz,toý şagalaňsyz ýalydy.Oňa käte juda gödek hem degýärdiler.Emma ol degişmäni göterýärdi. Käte çydamasa-da,öýkesi uzaga çekmeýärdi.Öýkeläp gidensoň,bäş-on minutdan yzyna dolanyp: “Içiňiz ýansa-da gelendirin” diýýärdi-de,ýene bizi gyzyl-gyran güldürýärdi.Garaz,onuň baran ýeri ala- ýazdy.Men onuň pespälligini has-da nygtamak isleýärin.Hatda ol jaň edende-de: “ Kim gepleýär?” diýen sowala: “Aý,men-laý, Italmaz-laý” diýip, özüni pes tutup jogap gaýtarýardy. Oňa garamazdan,hiç kim ony kemsitjek bolmaýardy, kemsidibem bilmeýärdi.Çünki ol talantly şahyrdy, wepaly dostdy, mert ýoldaşdy, şahandaz söhbetçidi.Beýle adam durmuşda seýrek gabat gelýär.Ony şonuň üçinem halaýardylar,hormat goýýardylar. Uzak raýonlara, tanyş ýerlere komandirowka baranymyzda, aramyzda Italmaz Nury bolmasa, biz ýürekden kabul edilmeýän ýalydyk. “Aý,Italmaz Nurynam alyp gaýtmaly ekeniňiz-dä!” diýip, nägilelik bildirýärdiler.
Italmaz Nurynyň aramyzdan juda ir gitmegi ony tanan,ýakyndan gatnaşan
adamlaryň keýpine döwek goşdy.Onuň gaýtmagy bilen biziň belent ýaňlanýan gülkimiziň arasy üzüldi. Çünki ol özüniň çepiksi göwresi bilen dünýäniň täze döremeli degişmelerini, entek ýazylmadyk, özünden gaýry hiç kimiň ýazyp hem bilmejek goşgularyny-da alyp gitdi.
Men onuň bilen bir institutda okadym.Biz örän gowy görüşýärdik.Ol bir gezek
täze çykan kitabyny maňa sowgat iberende,onuň iç ýüzüne: “Moskwadaky ýeke-täk türkmen, Türkmenistandaky ýeke-täk ýewreý,emma iň gowy dostum Atajan Tagana” diýen ýazgy edipdi.
Käte bir aýlap,iki aýlap özi hakda täze anekdot döremese, ol gabat gelende: “Men hakda täze zat döredeňzokmaý?” diýip gyzyklanýardy.
Men şu ýazgymda Italmaz Nury baradaky degişmelerden,bolup geçen durmuş wakalaryndan hem käbirini gaýtalamakçy.Emma ol Italmaz Nuryny kemsitmek, onuň üstünden gülmek däldir-de, gaýtam, söwer dostumyzyň,şahandaz adamyň, uly şahyryň ruhuna hormat goýmakdyr,ony edil diriligindäki bolşy ýaly edip görkezmäge synanyşykdyr.
*
Italmaz Nury Moskwanyň Edebiýat institutynyň dördünji kursunda okaýarka, Aşgabatda “Edebiýat we sungat” gazetiniň redaksiýasynda praktika geçýärdi. Şol ýyl Berdi Kerbabaýewiň 70 ýaşynyň dolýandygy mynasybetli hem kitabynyň çykýandygy sebäpli, Italmaz Pribaltika respublikalarynyň birine (haýsydygyny ýadymdan çykarypdyryn) redaksiýa tarapyndan komandirowka iberilýär.Italmaz ol ýerde okyjylar bilen duşuşyp, B.Kerbabaýew hakynda oçerk ýazmaly eken.
Italmaz komandirowkadan gelýärkä, Edebiýat institutynyň ýatakhanasynda,biziň ýanymyzda düşledi.Ol eýýäm biz ýaly student däldi-de, wagtlaýynça-da bolsa, respublikada şol mahallar söýlüp okalýan gazetin komandirowka dagy iberilip ýören jogapkär işgäri bolansoň,hörpi-de birneme ýokarydy,ýany-da pulludy.Şonuň üçinem ol dükana gidip,iýip- içmäge bir topar zat alyp geldi.Ol ertir agşam ugraýan samolýot bilen Aşgabada uçmalydy.Agşamlyk ol biz bilen oturyp, keýpini mazaly köklänsoň, konserwaroriýada okaýan türkmen oglanlarynyň ýanyna gezmäge gitdi.
Şol agşam Italmaz biziň ýatakhanamyza dolanmady.Biz ony konserwatoriýada-
ky oglanlaryň ýanynda ýatmaga galandyr, ertir aeroporta gitmezinden ozal hoşlaşmak üçin geler öýtdük.Emma ol ertir agşamam biziň ýanymyza dolanmady,biz bilen hoşlaşman,Aşgabada uçan bolmalydy.Biz çalarak gatyrgansagam, “Aý,Italmazdyr-da!” diýip,derrewem öýkämizden ýazyldyk.
Ertesi irden Ýokary edebiýat kursunyň diňleýjisi ýazyjy Arap Gurbanow türkmenistanly studentleriň hemmesini öz otagyna ýygnady.Ol biziň ýaşulymyzdy. Arabyň ýüzi salykdy.Asyl ol aglaýardam.Biz bir ýakymsyz wakanyň bolandygyny aňdyk.
--Mydam üstünden güldüňiz.Mydam o neresse hakda bolgusyz anekdot döretdiňiz—diýip,Arap Gurbanow möňňürip goýberdi.
Biz zöwwe-zöwwe galşyp, Araba golaý bardyk.Ol gözýaşyny süpürip, zordan gepledi.
--Öten agşamky Moskwadan uçan samolýot Aşgabada ýetip barýarka,al-asmanda kül bolupdyr.Iki motory hem birden sandan çykypdyr. Italmaz neresse-de…
Barymyz ýas tutduk.Emma iki-üç sagat geçip-geçmänkä,hoş habar geldi.Asyl Italmaz öňki agşam biziň ýanymyzdan keýpi kök halda gidişine,konserwatoriýa-da sowulman, göni “Domodedowo” aeroportyna barypdyr.Ulagda boş ornuň bardygyndan peýdalanan Italmaz erte agşam uçmaly halyna biletini şu gün agşama geçirdipdir. Gaýtam, ol Arap Gurbanowa jaň edip, hiç zat bolmadyk ýaly,ýykylan samolýot hakda dil hem ýarman,ýatakhanada galdyryp giden kitaplarynyň Aşgabada gaýdýan oglanlardan iberilmegini haýyş edipdir.
Biz öz ýanymyzdan: “Serhoşlygyňam nepi degýän ýeri bolýar eken-ow!” diýen
netijä geldik.
Italmaz jaň edende, Arap oňa öz uçmaly samolýotynyň ýykylandyny eşidip,
onuň ölümine hemmämiziň gözýaş edendigimizi aýdanda ol:
--Indem meň ölmändigimi bileňizsoň, “Bize şondan dynmak ýok” diýip aglaşarsyňyz-da—diýipdir.
Şolar ýaly gepi bilen Italmazyň özi hem özi hakda anekdotlar döredýärdi.
( Soňra biz şol ýykylan samolýotda adyny bilýänimizden teatr režissýory Maşdy Gulmämmedowyň wepat bolandygyny eşitdik.)

*
Italmaz Nury Edebiýat institutyna girmänkä öýlenipdi.Iki sany çagasy hem bardy.Biz onuň öýli-işiklidigini öňräkden, Marynyň “Lenin baýdagy” gazetiniň ýanyndaky edebiýat birleşmesine gatnaşýan döwrümizden bäri bilýärdik.Emma ol Moskwada okaýan ildeş gyzlarymyzdan özüniň öýlenendigini gizleýär eken.Gyzlar bolsa oňa ynanyp ýörüpdirler.
Moskwa şäherinde ýygy-ýygydan komandirowkada bolýan Berdi Kerbabaýew
bir gezek Italmazy (B.Kerbabaýew Italmaza “Italmaz” diýmän, mydama “Okalmaz” diýip ýüzlenýärdi.) “Moskwa” myhmanhanasynya nahara çagyrýar.Çagyrylan täk özi bolsa-da,gabarylmak üçinmi, nämemi, Italmaz gatnaşýan gyzlarynyň birini hem ýany bilen alyp gidýär.
Ýanyndaky gyzdan Italmazyň syr saklaýanyndan bihabar B.Kerbabaýew salam -helikden soň:
--Okalmaz,seň çagaň ikimi ýa üçmüdir?—diýip soraýar.
Ýüzi gyzaran Italmaz hakykaty aýtmaly bolýar.
Myhmançylykdan gaýdylanda, ýaňky türkmen gyzy Italmaza ýüzlenýär:
--Sen “Öýlenemok” diýýärdiň welin,iki çagany nireden aldyň?
--Ony,yzyňa gaýt-da,Berdi agadan sora---diýip, Italmaz gyza jogap berýär.

*
Bir gezek haýsydyr bir medeni çäre geçirmäge Çärjew oblastyna bardyk. Raýonlaryň birine ugramaly ýazyjylar,olaryň ýany bilen gitmeli ýerli adamlar obkomyň jaýynyň öňünde ulaga garaşyp durdular. Aramyzda obkomyň birinji sekretary Balta Çaryýew hem bardy.
Dymyşlygy bozmak islän B.Çaryýew,başga-da bir gep tapman,ilki gözüniň ilen zadyna ünsüni gönükdirdi.Ol gapdalynda duran Ata Atajanowyň çal paltosynyň ýeňine elini degirdi-de:
--Gör-ä ýazyjylaryň tapaýýan eşiklerini!—diýdi.—Bizem şular ýaly ýeňiljek hem düşümli paltonyň gözleginde welin…
Uly ýolbaşçy tarapyndan paltosy öwlen Ata Atajanow uzak gabarylmaly bolmady.Sebäbi beýleräkde duran Italmaz Nury ýylgyrdy-da:
--Balta aga, özüň obkomyň birinji sekretary bolubam tapmaýanyň şolar ýaly paltomy?—diýdi.—Ol-a mende-de bar.Öýde. Bahasam altmyş bäş manat-laý!
Balta aga ýagdaýy ýuwmarlamak üçin:
--Altmyş bäş manadam bolsa, mallygy gowy ekeni—diýen boldy.
Ata Atajanow, soň- soňlaram, gabat gelen ýerde şol wakany ýatlap: “Dürrek Italmaz diýsänim! Ýeri, senden o paltoň bahasyny soran adam boldumy?”- diýip, başyny ýaýkady ýördi.
*
Edebiýat institutynyň ýatakhanasynyň iki adamlyk otagynda Italmaz Nury bäş ýyllap şol bir adam,diýseň talantly azerbeýjan şahyry Fikret Goja bilen ýaşady. Sebäbi ikisi-de iň gowy görülýän studentler bolsa-da, azerbeýjan oglanlary-ha Fikret bilen,türkmen oglanlary-da Italmaz bilen bile ýaşamaga gatybir döwtalap däldiler. Çünki, Italmazam,Fikretem oňat geýinmegi halasalaram, ýaşaýan otaglaryny ýylda bir gezek-de sübselemegi kyn görýärdiler.Jaýyň içi mydama buýr-bulaşykdy, kitap-depder,gazet bary mydama pytraşyp ýatyrdy.Olar agşam ýatan ýorganlarynam, ertir turansoňlar, ýygnamaýardylar.Ýorgan gaplanýan ak ýapynja, ýatakhananyň ikinji gatyna düşüp, çalşyryp gaýdybermeli bolsa-da,Italmaz bilen Fikret uly baýramçylyk dagy gabat geläýmese, asla çalyşmaýardylar.Şonuň üçinem zandy ak ýapynjanyň haýsy reňkdediginem biler ýaly bolmaýardy.Olaryň gapysy hem hiç mahal gulplanmaýardy.Oňa garamazdan: “Ogurlanaýjak zadyňyz,pul-püçegiňiz bolsa olaryň jaýynda goýuň!” diýip, studentler anekdot döretdiler.Sebäbi süpürilmeýän, arassalanmaýan otaga öz eýesinden gaýry hiç kimiň giresi gelmeli däldi. Ýatakhananyň aşaky gatyndaky hammam gije- gündiz işläp dursa-da,iki dostuň suwa düşüp gelýän pursadyna gabat gelmek kyndy.
Bir gezek men leksiýadan gaçyp gaýtdym-da,ýatakhana geldim.Emma otagymyzyň açary bile ýaşaýan kursdaşym,häzir belli ýazyjy bolup ýetişen Waslaw Mihalskide galan eken.Şonuň üçinem Waslaw institutdan dolanýança,mydama gapysy açyk durýan otag—Italmaz dagynyň jaýynda garaşmaly boldum.
Dogrudanam,otagyň gapysyndan garar ýaly däldi.Men bir ýerden sübse tapyp geldim-de,ilki bilen-ä,aýak basarda pytraşyp ýatan kagyzmydyr çilim galyndylaryny bir burça ýygnadym.Soňra krowatlaryň üstüne-de ýapynjalaryny ýapyşdyryp, ýassyklary “çüňkläp”-owadanlap goýdum,iki stoluňam üstündäki kitaplary tertipleşdirdim.Sklad müdirimiz Nina Akimownadan elektrik lampasyny alyp,otagyň potologyna çyra dakdym.(Italmaz bilen Fikret ýokarky çyra lampa dakmaga ýaltanyp, stol üstünde goýulýan çyra bilen oňup ýördüler). Ýalpyldap çyra-da ýanansoň, otag otaga meňzedi ötägitdi.Men stol başyna geçdim-de,ilki elime ilen kitaba—Samed Wyurgunyň “Säçien äsärlärine” güýmendim.
Esli mahaldan soň gapy açyldy.Fikretiň gara murty bilen ullakan burny göründi.Birdenem ol: “Bagyşlaň!”-diýdi-de,gapyny aňyrsyndan ýapdy.Kän mahal geçmänkä, Fikret dolanyp geldi.Ol hem gülýärdi,hem başyny ýaýkaýardy.
--Ataçan gardaşym,bu biziň otagdy!? Men myny,ýagty hem tämiz bolansoň, özümiziňki däldir öýdüp,yzyma gaýdyberipdirin…Ýok,men beýle arassa ýaýa indi Italmazy goýbermen…
*
Döredijilik adamlarynyň köpüsine, esasanam, şahyrlara mahsus bolan şöhraty gowy görmek gylygy Italmaz Nuryda-da bardy.Ol has beterem öz sözlerine döredilen aýdymlary diňlände hekgerliberýärdi,aýdym aýdylyp durka,ýeňiňden çekip: “Şujagaz ýerine üns ber! Şu ýeri nädipdir?” diýişdirýärdi.
Türkmen kompozitorlarynyň köpüsi Italmaz Nurynyň sözlerine saz ýazypdy. Çünki, Italmazyň özi hem belli türkmen sazandasy Han Akyýewiň mekdebinde okan
dutarçydy.Şonuň üçinem onuň goşgulary akgynlydy,ýeňildi,saz ýazmaga gaýymdy. Öýüne barsaňam,Italmaz derrew dutaryna ýapyşýardy.Ol studentkä dutarlarynyň birini Moskwa-da eltipdi.
Ýalňyşmaýan bolsam,sözlerine saz ýazylan aýdymlardan Italmazyň iň gowy görýäni,özüne has ýakyn hasaplaýany Çary Nurymowyň “Duşurmazmy?” diýen aýdymydy.Ol aýdymda:
“Öwsüp barýan mymyk ýeller
Saňa arzym gowşurmazmy?
Bizi aýra salan ýollar
Indi gaýdyp duşurmazmy?” – diýen setirler bar.
“Italmaz Nury ol goşgyny dünýäden öten başdaş aýaly Oguljeren pahyra bagyşlap ýazanmyş” diýen çaklama köp ýerde meniň gulagyma degdi.Emma ol çaklamany men nädogry hasap edýärin.Sebäbi ýokarda mysal getirilen bendiň soňky iki setirini goşgy doly ýazylmazyndan, Ç.Nurymow ile ýaran sazyny döretmezinden, on-on bäş ýyl ozalam eşidýärdim,ol setirleriň ilki döreýiş taryhynyňam şaýadydym.Italmaz Nury şol iki setiri Mätäjiniň “Bilen barmy?” diýen şygryna döredilen halk aýdymynyň heňine salyp gaýtalaýardy.Ol setirleriň döremeginiň,ol setirleriň hälimi-şindi awtor tarapyndan gaýtalanyp ýörülmeginiňem özüne ýetik sebäbi,öz taryhy bar.Ol taryh şeýle:
Student ýyllarymyz Italmaz Nury Moskwanyň Teatr sungaty institutynyň aktýorlyk bölüminde okaýan türkmen toparynyň arasyndan S. diýen gyza aşyk boldy.Onda-da nähili aşyklyk! Italmaz şol gyz diýip akyl-huşuny ýitirdi.Bir gezek gije sagat on ikidenem soň ol meniň ýanyma geldi.
--Kürtüm, (Italmaz maňa köplenç “Kürt” diýip ýüzlenýärdi.—A.T.) teatrçylaryň ýatakhanasyna gidip geleli-le!
--O nähili gideli? Sagadyň näçe bolanyndan habaryň barmy seň?
--Aý, sagat nämemiş ol!
--Bu mahal awtobusam gatnaýan däldir.
--Sen oň aladasyny etme,Kürt.Men taksi tutup geldim.Aşakda garaşyp dur.Sen maňa ýoldaş bolsaň bolýa. “Ýeke özi entäp ýör” diýäýmesinler.
--Gidemizde-de sen,barybar “ES”-I görüp bilmersiň.Olar bu mahal düýş görüp ýatandyrlar.
--Ýatakhanaň daşyndan bir gezek öwrüm edip gaýdaýaly-la,Kürt.Belkem, ol aýnaň öňünde daşaryk seredip durandyr.
Italmazyň naýynjar görnüşi meni ýeňdi.Geýindim.Gitdik.Emma münüp baran taksimiz teatrçylaryň ýatakhanasynyň daşyndan bir däl,iki-üç gezek aýlaw etse-de, aýnanyň öňünde daşaryk seredip duran gyz gözümize ilmedi.
Italmazyň “ES”-e bolan söýgüsi çaga söýgüsi ýaly bir zatdy.Ol kalbyndaky joşguny şu mahala çenli “ES”-e aýdybam bilmeýärdi. “ES” onuň söýgüsinden habarsyzdy.Oňa garamazdan,türkmenistanly studentler bir ýere ýygnansalar, üýşüp bir ýere gitseler,Italmaz şol git-hä-gitlikden galmaýardy.Ol mydama “ES”-i görmegiň höwesindedi.
Bir gezek ol teatrçylaryň köpüsiniň tomus kanikulyna Türkmenistana otly bilen gidýändikleriniň habaryny eşidipdir,haýsy gün,sagat näçede ugraýandyklaryny anyklapdyr, “ES”-i ugratmagy ýüregine düwüpdir.
Italmaz Kazan wokzalyna meni hem alyp gitdi.Men bile gitmek bilen nähili wezipäni berjaý etmelidigimi soradym “Sen ýöne ýanymda dursaň bolýar”.
--Anha, ol dur!—diýip, wokzala gadam basanymyzdan,Italmaz telim wagon aňyrda duran oglan-gyzlaryň arasyndaky “ES”-i görüp ýetişipdir.
Biz olaryň ýanlaryna bardyk.Salamlaşdyk.Olar bize hiç hili ünsem,sowalam bermediler.Italmazyň özi bu ýerde peýda bolmagymyzyň asyl manysyny gizlemäge çalşyp:
--Aý,bizem bir tanşymyz gidýärdi welin, şony ugratmaga geldik—diýdi.
Hernä, geljekki dili uzyn artist bolmalylaryň biri: “Tanşyňyzy ugratmaga gelen bolsaňyz,biziň ýanymyzda durmaňyz näme?” diýmedi.
Otly ugrady.Italmaz ikimiz perronda galdyk.Men ony kesesinden synladym. Italmazyň gözi ,ýüregi Aşgabada tarap ugran otlynyň yzy bilen gitdi.Perronda ýaş şahyryň diňe boş göwresi galdy.
--Wagt baryny ýitirip bu ýere geldik.Ýeri,näme netije çykdy? Alynmadyk myhmana döndük..Sen oňa hatda “Sag bol!” hem diýip bilmediň-ä…
--Diýmämde näme?
--Şony-da diýip bilmejek bolsaň,näme maksat bilen wokzala gelýäň?
--Wah.Kürt,sen oňa düşüneňok-da.Sen kürt-dä.
-- Sen kürt bolmasaň,düşündir-dä! Barybir, ol ikiňiziň ýoluňyz başga-başga ahyryn. Häzirem ol beýläk gitdi,sen bärik gaýtdyň…
--Ýollar aýrylsa-da,ahyr birigýändir, Kürtüm…
Şondan kän mahal geçmänkä, Italmaz Nury keýpi çag mahaly:
“Bizni aýra salgan ýollar
Ahyr ýene duşurmazmy?
Gaýdyp bir gün duşurmazmy?”-- diýen setirlere hiňlenmäni tapdy.Belki-de ol goşgynyň galan setirleri soň-soňlar, megerem, zehinli kompozitor Çary Nurymowyň haýyşy bilen ýazylandyr.Çary bilen Italmaz ýegre dostdular.
Ýöne “Duşurmazmy?” diýen aýdymy eşidenimde men şindi-şindi hem Italmaz Nurynyň şol görmegeý gyzyň ugrunda ylgap,ýene bir gezejigem bolsa, görmegiň arzuwy bilen Moskwanyň Twer bulwarynda,Sobinow köçesinde selpän ýerlerini ýatlamaga mejbur bolýaryn.Ol söýgi kalby päk şahyryň arassa söýgüsidi.Ol söýgi gözellige, çyn poeziýa bolan söýgüdi, gözellige ýürekden düşünmegi,guwanmagy başarmaklygyň asyl nusgasydy.

*
Bir gezek biziň ýatakhanamyza Ýokary edebiýat kursunyň diňleýjisi ýazyjy Kakaly Berdiýewiň ýanyna “Mugallymlar gazýetiniň” baş redaktory Şirli Durdyýew, “Türkmenistan” neşirýatynyň baş redaktory Çary Matalow, “Tokmak” žurnalynyň baş redaktory Çary Aşyr dagy gezmäge geldi. Myhman gelse-gelmese, mydama gazany gaýnap durýan “duzy zor,duşmany güýçli” diýilýänleriň hilinden bolan Kakaly Berdiýew bu gezek dürli-dümen nahar baryny bişiripdir-de, hemişeki endigine görä, student ildeşlerini hem çagyrdy.
Ertesi irden kitap-depderini alyp haýdap okuwa barýan Italmazy koridorda gören Cary Matalow:
--Är ömründe bir gezek myhmançylyga geldik welin… Agalaňňyz gelende dagy bir gün okuwa gitmänem bolar ahyryn—diýýär.
Italmaz oňa:
--Wah, Çary aga, biz-ä “Oňat okaýar ekenler” diýdirjek bolup, siz geleňizde okuwa gitmäge hyýallandyk welin, badymyzy aldyňyz. Başga günler asla okuwa gitmesek näme!—diýýär.
*
Instituty tamamlandan soň, Italmaz Nury “Edebiýat we sungat” gazetine ymykly işe girdi.Gazýetiň baş redaktory, hemmeler tarapyndan sylanýan Baýram Welmyradow işiň hilini hem eli işleýän žurnalisti biçak gowy seljerýän adamdy. Şonuň üçinem “eli-dili ýerbe-ýer” Italmaz Nury, käte aljyraňňy görünse-de, Baýram aga ony bölüm müdirlige belledi.
Italmaz Aşgabatda işlese-de, jaýsyzlyk zerarly çagalaryny ýanyna getirip bilmeýärdi.Ol bagşy Nurjemal Adyýewanyň howlusynyň bir burçundaky hütdükde kireýne ýaşaýardy.
Bir gezek Italmaz maňa:
--Özüm-ä Berdi aganyň ýanyna möhüm bilen barmaga utanýan welin, sen, Kürtüm, maňa bir jaýjagaz diläp bersene!—diýdi.—Çagalarymam getirip bilemok, kişi howlusynda bakna ýaly bolup ýaşamakdanam halys ýadadym.
Men dostumyň haýyşyny berjaý etmek meýli bilen Berdi Kerbabaýewiň iş otagyna bardym.Haýyş aýdylyp-aýdylmanka:
--Okalmaza jaý aladasyny etmek öz hakydamda-da bardy—diýdi-de,Berdi aga derrew “hökümet telefonynyň” şahyna ýapyşdy, Halmyrat Garaýewiç diýen biri bilen (Şol ýoldaş Aşgabat şäher ispolkomynyň başlygy bolsa gerek.) salam- helik alyşdy.—Maňa-ha,üç otaglyja bolsa-da, bir jaý gerekdi,Halmyrat.Gowy şahyrym bar welin, bala-çagasy bilen meýdanda galdy diýen ýaly.Bir bolgusyz tünekde hak-heşdek töläp ýaşap ýör…
Şondan bir aý töweregi geçensoň, men ýene Aşgabada komandirowka gelenimde Berdi aganyň ýanyna salamlaşmaga bardym welin, ol gözlerini çalartdy-da,nägile äheň bilen:
--Näme,ýene aşnaň üçin jaý dilegçiligini etmäge geldiňmi?—diýdi.—Oňa aşna diýmezler,tüýs sölite diýerler.Iş-ä bitirdi ýigit!
Berdi Kerbabýewiň bir zada gaty gahary gelse ýa-da keýpi erbet bozulsa, gözleri çalaran ýaly bolýardy.Bu gezek welin oňa gözüni mazaly “çalartmaga” esas hem bar eken. Asyl Italmaz B.Kerbabaýewiň bir hepdä-de ýetirmän alyp beren jaýyna öz geleňsizligi zerarly mahaly bilen göçüp hem barmandyr.Täze jaýyň gapysyna berkräk gulp hem oturtmandyr.Netijede,eýesiz ýaly bolup, boş duran jaýa köp çagaly bir ene kürsäp giripdir-de,öz goş-golamynam getirip ýaşaberipdir.Kanun gödek bozulsa-da,köp çagaly bolansoň,ol aýaly hiç kim jaýdan çykaryp bilmändir.
Şol wakadan soň ýarym ýyl dagy geçensoň,köçeden haýdap gelýän Italmaz özüni B.Kerbabaýewiň çagyrandygyny aýdyp,meni hem ýany bilen alyp gitdi.
Eli kagyza dolangy bir zatly Berdi aga bizi kabinetiniň iç işiginde garşy aldy.Biz onuň yzyna düşüp, daş çykdyk.
Berdi aga kineli ýaly ýylgyryş bilen maňa ýüzlendi:
--Okalmaza ikinji gezek alyp berýän jaýymyzy ýene biri eýeläýmänkä, gapysyndan alaja dakyp gaýdaly,dorogoý drug!
Ýaşulynyň “Wolgasy” Hudaýberdiýew köçesiniň 74-nji jaýynyň gapdalyna baryp saklandy.
Dört otagly päkize jaý! Biz Berdi aganyň yzyna düşüp,otaglaryň içine telim gezek aýlandyk.Ýaşuly jaýa Italmazyň özündenem beter begenýäne meňzeýärdi. Birdenem ol elindäki kagyzy açdy-da, heniz ýagy hem süpürilmedik gulpy çykardy.
--Dorogoý Okalmaz, şu mäkäm gulp menden saňa peşgeş bolsun.Şu gezegem jaýy eliňden gidiräýseň, ýene on ýyldanam tünekli bolaryn öýtmegin.On ýyldan soň berjegem bolsalar, meň özüm şol jaýy saňa berdirmerin.Şuny hakydaňdan çykarma.
Berdi Kerbabýew gyssanýandygyny aýdyp, jaýdan çykdy.Ol birdenem, ýene yzyna aýlanyp:
--Gapa täze gulp oturtman, ikiňizem meň gözüme görnäýmäň!—diýip gitdi.

*
Italmaz Nury Kompartiýanyň hataryna girmegi niýet etdi.Oňa abraýly adamlar hödürnama berip, hakyky kommunist boljakdygyna kepil geçdiler.Ol edilmeli işleri edip, ahyr raýkoma ýetende, şol döwrüň düzgünine görä, partiýa girjekleri seljerýän bir topar işsiz pensionerleriň eline düşýär. Wagt geçirmäge güýmenje gözläp ýören gojalar Italmazyň üstüne sowal baryny ýagdyryp başlaýarlar.Hatda olar ýüzýyllyk urşuň haçan başlanyp, haçan gutaranyna çenli soraýarlar.Italmaz ol sowallaryň bäşisine jogap tapsa, altynjysy jogapsyz galýar.
Ahyram jany ýanan Italmaz:
--Siz on-on iki adam bolup, meniň ýeke özüme ýüz sowal berdiňiz.Men olaryň 99 prosentine jogap gaýtardym.Indi men siziň hemmäňize ekeje sowal bereýin welin, üýşüp jogap tapsaňyzam, zordugyňyzy bileýin—diýýär.
Şeýdibem, partiýa girýänleriň “aklyny derňeýän” gojalary öýkeleden Italmaz Nury tabşyran dokumentlerini yzyna alyp gaýtmaly bolýar.
Agşamlyk dost-ýarlaryny öýüne çagyran şahyr partiýa girmänini dabara bilen belleýär.
*
Göräýmäge, Italmaz özi hakda alada, pikir edýän adama meňzemeýän ýalydy.Emma kitap çykartmaly bolsa-da, konkurslarda baýrak almaly bolsa-da känbir hakyny gidirmeýärdi.Ol göze-başa düşmese-de, gerekli ýerinde öz adynyň bolmagyny gazanýardy.
1974-nji ýylda men Türkmenistan kompozitorlarynyň nobatdaky gurultaýyna bagyşlap bir dergişme goşgy ýazdym.Ol gurultaýyň öň ýany “Ýaş kommunist” gazýetinde çap edildi.Ine şol goşgy:

AÝDYM-SAZYŇ NURULARYNA

Adyň Nury bolsa, ýa Nurum bolsa,
Saz çalarsyň ýa-da aýdym aýdarsyň.
Degişme bolansoň meniň bu goşgym,
Belki, ony ýalandyram öýdersiň.

Bagşymyz bar Nurberdi Gul,
Aýdym aýdýar,hezil berýär.
Annaň ogly NURmyradam,
Toý-tomgyda ykjam duräar.

Nabadymyz NURmuhammet,
NURjemalmyz ýürek nagşy.
Iki sany NURYsy bar,
NURýagdyýrw Nury bagşyň.

NURy Muhat kompozitor,
Nury Baýram aýdym aýdýar.
Sapar NURum,
Durdy NURy,
Çary NURUm…
Ýöne bular bärden gaýdýar.

Kompozitor Halmämmedow.
Oňam ady NURY ahyr!
Sazçylaryň Hurudygna
Sebäpgär däl juwan şahyr.

Geň galmaly!
Muňa seret!
Geçen tomus Moskwadan
Okap geldi bir aýdymçy.
Tanyş boluň: NURY Meret!

Şirin mukam Nurularmyz,
Guwanýarys adyňyza.
Bizem barars gurultaýa,
NURY dakyp adymyza.
Degişme gazetde çap bolansoň, Italmaz gabat geldi-de:
--Sen goşgy ýazyp bileňok,Kürt—diýdi.—Prozaňy ýaz-da ýör, goşga goşulma…
--Hä,degişmäni halamadyňmy?
-- Goşguda jemleýji nokat ýok.Ras, goşgy degişmemi, degişme-de bolsun.Ol goşgyny “Siz 10-12 sany aýdymçy, mukamçy Nurusyňyz welin, hemmäňiz birleşseňizem, ýeke şahyr Italmaz NURYça ýoksyňyz” diýen ýaly jemleme bilen gutarmaly…
*

Italmaz Nury özi hakda anekdot döredilmegini küýseýärdi,ýakyn ýoldaşlary bolan biz onuň özüni görmegi küýseýärdik.Onuň bilen ýygy-ýygydan duşuşmasak, ara daş bolsa, telefonda sesini eşitmesek, bir zadymyz ýetmeýän ýalydy.Gowşut Şamyýew,Halyl Kulyýew,Tirkiş Jumageldiýew,Saýlaw Myradow,Hudaýberdi Diwangulyýew,Gurbannazar Ezizow dagy Italmazsyz “döwre gurap,kase aýlan” däldirler diýsemem, ýalňyşmaryn.Men Moskwada işlämsoň,ýaňkylara garanyňda, onuň bilen seýregräk duşuşýardym.Ýöne günde-günaşa oňa til edip durardym.Iki-üç gün habarlaşmasam,Italmazyň özi jaň edip: “Aý,men-laýt! Saglygyňy soraýaýyn diýdim” diýerdi.
Emma 1980-81-nji ýyllarda onuň özüniň saglyk ýagdaýyndan habar tutup başlamaly bolduk.Ol apgyrtma ýaly bir alkymçişme derde sezewar boldy. Şunlukda, esli mahallap ondan ses-seda çykmady.
Şol mahallar Moskwada Ýokary partiýa mekdebinde okaýan, Italmazyň ýegre dosty Hudaýberdi Diwangulyýew oňa üç-dört bentlik degişme goşgy ýazyp, maňa-da telefonda okap berdi.Soňra Hudaýberdi ikimiz birleşip, ony ullakan degişme goşga öwürdik.Ine şol Italmaza iberilen degişme hatyň gysgaldylan nusgasy:
Obaň-a terk etdiň, iliň amanmy,
Söwer dostlarmyzyň biri,Italmaz?
Hat-habar ýok, diriligiň gümanmy,
Ynha, birki hepde bäri, Italmaz?

Nuh bilen içişip, gämisin tartan,
Ahilles ylganda, ýanynda ýortan,
Zewc bilen darkaşyp, köýnegin ýyrtan,
Şol zamandan bäri diri, Italmaz.

Garaşman mürähet-hödür-kereme,
Kürsäp girip gitdiň bagy Ereme.
Sen döräliň bardyr goja Ýerem-ä,
Zooparkyň maýmyny, şiri,Italmaz.

Näçe asyr şerap süzdi dahanyň,
Näçe asyr dişsiz gezdi dahanyň.
Müň ýyl ozal Maru-Şahu-Jahanyň,
Tasdanam bolupdyň meri, Italmaz.

Napoleony ajy-ajy gägirden,
Karfagenleň dynç başyny agyrdan.
Kerbabaňam on iki süňňün agardan
Ýaşytdaşyň ýeriň şary, Italmaz.

Ýaňy ökdelediň teňňe sowmaga,
Daglar lerzan urýar gurýan gowgaňa.
Jüneýt senden gaçyp gitdi Owgana,
Afroditaň intizary, Ialmaz.

Dömmän senden ýagyr bolan gerşiniň,
Haýrany biz dünýäň abat durşunyň.
Megerem, üçünji jahan urşunyň
Sen bolarsyň sebäpkäri, Italmaz.

Nusaý salynanda bolup prorab,
Artyk narýad ýazyp,içipsiň şerap.
Oks derýasyna syrtyňy diräp,
Isgendere saldyň zory, Italmaz.

Saglygyň gowumy, oňatmy işler?
Sagmy Saýlaw,Tirkiş,Gowşut ýoldaşlar?
Ýene duşuşýançak sag bolsun başlar,
Bir hat gönder biziň sary, Italmaz.

Italmaz bu degişme haty gabat gelene okap berýär eken.Şeýlelikde ol köp adamyň gulagyna ýetipdir.
Bir gezek Italmaz maňa jaň edip: “Hudaýberdä-de til etdim welin,ýerinde ýok eken.Şol goşgyňyzyň ýene bir nusgasyny iberiň!”-diýdi.Asyl goşgyny Italmazdan kimdir biri alyp gidipdir-de,yzyna gaýtarmandyr. Italmaz bolsa ol degişmäni ýitirmek islemändir.Ol sözüniň ahyrynda: “Sizdenem şahyr bolarmy! Men ol goşga ýene iki küplet goşdum welin,Hudaýberdi ikiňiziň ýazanyňyzdan müň esse gowy boldy”- diýdi.
*
Bir gezek iş kabinetimizde otyrkam,moskwaly rus şahyry, Magtymgulynyň, Anna Kowusowyň,Utalmaz Nurynyň köp goşgularyny terjime eden ýaşuly Ýuriý Gordiýenko gapyny emaý bilen açdy-da,meni daşaryk çagyrdy.
Koridora çykdym.Şahyryň goltugynda kagyza dolangy bir zat bardy.Ol meni has aňyrrak,adamlardan çeträge çagyrdy-da:
--Meň-ä senlik bir aladam bar,gadyrdan—diýdi.Özi-de ol uýala-gorka gepledi,-- Bir hili ýagdaý-ha bolandyr welin,hiç kime aýtmaweri!
On-on iki gün ozal Ýuriý Petrowiçi biz Aşgabada döredijilik komandirowkasyna iberipdik.Şonuň üçinem men ol baran ýerinde bir gelşiksiz iş edendir öýdüp müňkür boldum.
--Komandirowka sag-aman geçdi dälmi? Özüňiz-ä aman-esen gelen ýaly.Ýüz-gözüňiz oňat…
--Ýüz-gözüm bar bolsun-la!—diýip,ýaşuly utançly ýylgyrdy.—Aşgabatdan gaýtmazymdan iki gün ozal, ilki-hä Anna Kowusowa sataşdym.Soňam ol ikimiz Italmaz Nurylara gitdik…
--Gaty gowy-da.Döredijilik gürrüňi bolandyr.Biz sizi hut şeýle maksat bilenem komandirowka ýolladyk-da.
--Ol-a dogry welin…--diýip,Gordiýenko goltugandaky zada tarap ümledi.—Gaýdamda Italmazlardan ugramaly boldum.Agşamam uzagrak oturypdyrys.Ertiriň alasarmyklygynda, men özümüňkidir öýdüp,Italmazyň penjegini geýip gaýdyberipdirin.
Men ýaşulyny utandyrmajak bolup:
--Aý,onça-onça zat şahyrlarda hälimi-şindi bolup duran zat ahyryn!—diýen boldum.
--Şeýledir welin…--diýip,Ýuriý Petrowiç utançly güldi.—Penjegimiň kisesinde jaýymyň açary bardy… Gelemsoň, öýüme-de gapyny döwüp girmeli boldum.Gelen-giden bolsa,Italmazyň penjegini Aşgabada ibersene!
Men kagyza dolangy penjegi alyp galdym-da,Gordiýenko gidensoň,Aşgabada jaň etdim.Habarymy diňlän Italmaz:
--Asyl kisämde bir del açar bar diýdim-le!—diýip,meni geňirgendirdi.—Ýura ikimiziň penjegimiz-a meňzeş ekeni welin,açardanam aňaýmandyryn-da…

*
Bokurdagynyň çişi üçin Italmazy operasiýa etmediler.Sebäbi onuň üstesine ýokary ganjoşma-da peýda bolupdyr.Böwrekden dörän ganjoşma gitdikçe güýjäp, Italmazy tanar ýaly bolmady.Nen ony soramak üçin iki gezek Aşgabada gelip gitdim.
…Tomsuň jokrama yssysynda köpüň gowy görýän ýigidi,guýmagursak şahyr
Italmaz Nury Aşgabat şäherinde düňýäden ötdi. Ony Mary etrabyna äkidip,öz obasynyň öwlüýäsinde ýerlediler.
Italmazyň instituty tamamlap,ilki işe başlan ýeri bolan “Edebiýat we sungat” gazetiniň redaksiýasy onuň ölüm ýassygynda ýatyrka ýazan iň soňky goşgusyny öz sahypasynda çap etdi.Men ol goşgyny gazýetiň 1985-nji ýylyň 14-nji iýunyndaky sanyndan alyp, öz ýazgyma goşdum:

AÝYRMA

Ykbal, ýazym, tomsum ötdi,
Ýöne güýzden aýyrma sen.
Indi gyşa nobat ýetdi,
Garly düzden aýyrma sen.

Gülüp, bagrym kebap kylan,
Dertli günüm tebip bolan,
Müň aýdyma sebäp bolan,
Gara gözden aýyrma sen.

Buýsanç bilen gezer ýaly,
Dosta ganat gerer ýaly,
Joşup,nagma düzer ýaly,
Şirin sözden aýyrma sen.

Ýürek berip bu giň düze,
Tohum sepdim ellem bile.
Joşdur,gaýrat bersin bize,
Hoş owazdan aýyrma sen.

Haýry oňlap, şeri geňläp,
Seret,barýan ömri soňlap.
Ýüzläp-ýüzläp, müňläp-müňläp
Tanyş ýüzden aýyrma sen.

Ýok durmuşdan doýma, ykbal,
Ömri ýolda goýma,ykbal.
Gör,gerdende agyr ýük bar,
Ilden-günden aýyrma sen.
Magtymguly Pyragy aýtmyşlaýyn,ölmegi,aýrylmagy bize Pederiň özi
miras goýmuş. Ýöne şol miras boýna düşenden soňam,şahyr Italmaz Nury ýaly mydama ýagşylykda ýatlanmak hemmämize nesip etsin…
1969-89.
Mary-Aşgabat-Moskwa.
ATAJAN TAGANOW

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

bu yazgy Atjan Taganowyng

bu yazgy Atjan Taganowyng Kyrk ýylda ýazylan kitap atly kitabyndan alyndy, nesip bolsa elim boshashsa kitabyng doly gornushunu hem shu yere goymakjy

Telpekler (1 kisiden 5 sany)

Bu komment ucin
  • loverman 5 telpek goyyar we yazyar: "Berekella!"

Yazgy azajyk uzyn ekeni

Yazgy azajyk uzyn ekeni Asyr, muny nesip bolsa gin yere yetenimizde okap, hakyny berip komentirlarisda :)