Remezan - Oraza 2010

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Essalowmaleykim tmolympiad.
Shu Remezan ayy tuveleme gaty gyzykly gecyar: hergun oglanlar bilen uyship nahar iyilyar, yzyndan otda cay gaynadyp icip, basym-basymam tarawa yetisjek bolup, haydap...Garaz, agsham bolup bashladygy bashlanyar gyzykly gurrunler, yagdaylar.
Shu mowzukda shu ayyn icinde bolyan zatlary her gun gysgacha yazyp(hergun internedim bolsa elbetde :D), "gundelik" yoretmekci mena.
Gyzyklanan okar, teswirini yazar, isleseler oz bashdan gechirmelerini hem yazyp bilerler.
Orazalarynyz kabul bolsun diyip, "bismillah" bilen bashlalyn onda :)

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Birinji gun hemishe bolshy

Birinji gun hemishe bolshy yaly, bu ýyl hem "nabelli"-di. Omur "Turkler plançasyna, araplar bolsa 1 gun giç başlaýalar" diyip, adamlary Şaban aýynyn (Remezanyn onundaki ay) in sonky gijesine çenli "haçan başlayarka indi?" diyen alada goýýalar. Bizem 1 gun onunden agşama çenli internede gozumizi dikip oturdyk. Sagat 9 toweregi "Araplarda-da ay şugun dogupdyr, ertir başlayas" diydiler. Bizem uýşupjik 1-nji tarawa namazymyza gitdik. Tarawa namazlaryna deginmezden on, Rumyniyanyn Constanta şaherindaki(Menin şu wagt bolýan ýerim) metjitler we bardaki musulman halk barada biraz gurrun edeyin: Barde Osman imperiyasyndan galan 20.000 toweregi musulman turk bar, edil sonçaragam Krym'dan surgun edilip getirilen, musulman Tatarlar bar. Yone olaryn kopusi wagtyn geçmegi bilen(20-nji asyr) komunist sistemanyn taglymatlary bilen yaşap, dinden uzaklaşypdyrlar, we daşyndan gozleri dyzzyk dagy bolanson tanaymasan, hereketlerinden ya-da geýinişlerinden rumynlardan tapawutsyz diýlen ýaly. Beýle ýagdaýdaky halk ne oraza tutmaga owrenişen, ne-de metjide gidip goren, metjitlere gelaýen ýagdaýynda-da 20-30 adam gelip, olarynam 90%'i "Ölmankäk bir metjide-de gidip goreli" diyyan garry adamlar bolara çemeli, muny olaryn namaz edebini duýbinden bilmeýişlerinden aňsa bolýar(Namazyn ortasynda owrulip, yzlaryna seredyaler, jubilerinden el yaglyk tapyp, supurinip, koyneklerini yeljiredip duryalar, kabirleri dagy yanyndaka gepem goşyar "Naçinji rekatdaý biz?" diyip :D). Metjide gelen 20-30 adam bolanson, metjitlerem şona gorarak gurylan: Kiçirak we kop kesdelenip dagy hem durulmadyk. Yone bu taze metjitler, 2 sany Osman imperiyasy dowrunden galan, 400 ýyllyk metjit hem bar, olar ýene ganymat.

Metjitler kiçi bolanson,

Metjitler kiçi bolanson, ony tomus guni "gaty yssy" hala getirmek uçin içinde 20-30 adamyň bolmagy artykmajy bilen yetyar. Jemagatyn kopusem garry bolansoň, namaz gutarýança gorgulileriň ysgyny gaçyp gidyar. 20-40 ýaş arasynda bolan jemagat bolsa olaryň metjitde gorup owrenişen zatlary dal, we biz baranymyzda garrylar hem "tuweleme, yaş bolsalaram gelýaler" diýen goz bilen garaýalar. Biz elbetde gelme sebabimiz bilen bolyas we çykyp baryakak yaşulylara "kabul bolsun" diyip, olara hormat goýýandygymyzy, azajyk bolsa-da gorkezjek bolyas.

Remezan aýy başlamazdan on oglanlar bilen "Hergun 1 metjide gidelin, hemmesini zyýarat etdigimiz bolar" diýip, gurleşip goýupdyk. 1-nji tarawamyza-da bize iň ýakyn bolan, "Anadolu" atly metjitden başladyk. Bu metjit edil taze dal, yone gaty kone-de dal, 100 ýyllyk dagy bardyr. Içine girdik...Eý Huday...Şeýle bir yssy, menem derlek adam bolanyma, entek tarawa başlamanka şypdyr-suw boldym. Içimdenem biraz oyun garyşykly, "şu gunleri Allajan "sen gaty semiz, biraz horlan" diyip gorkezyandir" diyen pikir yoredyan :) Ymam hem yaşyrak oglan, ne bir bogazdan gelyan "Ha" eşitdik, ne-de peltek "Z/S", basym-basym bolanyna gora okap otyr. Şonda-da "aý şuna-da şukur, in azyndan oýde dalde, metjitde okap bilýas" diyip, şukur etdik.

Barde ertir namazynyň wagty

Barde ertir namazynyň wagty sagat 3:48'de bolýady. Bizem birinji irdenligimiz diýip ýatman garaşdyk we 2:45 towerekleri biş-duş edip başladyk. "Gun uzyn, 16.5 sagat hiç zat iýman durmaly, şu wagt iýip bilenimizi iýeli" diýip, biraz kopuragem iýipdiris :) Iýdik, ertir namazymyzy okapjygam, ýatdyk. Barde TM'daki ýaly tok mugt bolmanson, her yerde kondisioner hem yok, we menin otagymam şol nesibesiz otaglaryň biri. Irden turdym: yssydan yaňa derlap, ýuzumin 1 tarapy suw, gunem yuzume dusip baslapdyr, oler yalam suwsayan. Sagadam 9:30 toweregi...Şol gun na dereje suwsanymy bir men bilyan, birem Huday :) Agzaçara 3-4 sagat galanda dagy ysgynym gaçyp, yatjak bolsamam yssydan ýaňa ýatyp bilman, elewrap geçdim. Agzaçar golaýlaberende ka gunler sizde-de bolýandyra şeýle ýagdaý? Ysgynsyz gezip ýoren ýeke men daldirin diýip umyt edyan oza :) O dereje suwsan adamyň agzaçar uçin taýynlan "suw" ya-da suwly onumlerinin na derejedegini aşakdaky surat az kem duşundiryar :)

Şol gun sowadyjymyzyn 2 bolumi şeýlerak gorunýadi :)

2-nji gun agzymyzy

2-nji gun agzymyzy beklanimizde kop-kop suw içdik, garpyz iýdik, we gaty gurak, ajy ya-da duzly zatlara elimizem batyrmadyk :) Gunumiz hudaýa şukur gul yaly geçdi, tarawa namazyna-da bizin mektebimizde(işleýan ýerim) "Dinler taryhy" sapagyny okadyan mugallymymyzyn ymamlyk edyan, halk arasynda "Patyşa/Karol/King metjidi" diyip tanalyan metjide gitdik(Metjidi 1920-nji ýyllarda, ol wagtky Rumynlaryn nemis patyşasy musulmanlara 1 owadan jest hokmunde guryp beripdir, son uçin "patyşa metjidi" diýipdirler). Yone, gynansakda ol gun basga bir ymam ziyarata gelen ekeni, we bizin mugallymymyz ymamlaryn arasyndaky "hormat" sebapli, ol ymama "Sen okaday" diyipdir. Geçdi, okatdy, gowam okadyan ekeni, bizem begendik "Buguna Gurhan okalşyndan lezzet aldyk" diyip. Yanky ymam namazy gutaryp, yzyna owrulenden donunyn içinde uzyn balak dalde, "bermuda"/"capri pants" barlygyny gorup, mena birhilije boldum. Musulmançylykda bermuda geymeli dälmi ? Elbetde beýle zat ýok, dyzyňy ýapsa geýibermeli, ýone şonda-da 1 ymamy bermudaly gormage owrenishmamizson, uytgeşik duýgy boldy. Ertesi bizin oglanlarymyzdan biri "metjitler yssy bolýalaý" diyip, bermudaly geldi, bizem gulisdik "Ymam geyyar, sen na geyman" diyip :)

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • lewlion 1 telpek goyyar we yazyar: ""bermuda" hahahaha"

3-nji gunumiz ýene-de gowy

3-nji gunumiz ýene-de gowy geçdi, agzaçardan soň samowarda, agajyn odunda gaýnan çay içdik. Çay gaty tagamly bolanson 1 sagat dagy guymenipdiris, sagada seretsek eyyam tarawan wagty yetip gelyar. Hasyr-Husur maşyna munip, osman imperiyasyndan galan, 400 ýyllyk "Hünkar" metjidine gitdik. Barsak,eýýam namaza başlapdyrlar. Wagtyn bolanyna entek kop wagt bolmanson "yatsy namazyny okayandyrlarla" diyip, goşuldyk bizem. Oda entek 1-nji rekatda ekeni. Ymam 3-nji rekaty hem daşyndan okap başlanson duşunip galdyk tarawa başlandyklaryny(Bilşiniz ýaly, ýatsy namazynda dine başdaky 2 daşyndan okalyar). Bizem "Namazymyzy bozup oturmaly, hazir 4 rekatda durdygy ýatsynam okarys" diyip, duruberdik. 4 gutardy, 6 gutardy, 8 gutardy...Duranok bu ymam. Gara derin içinde "10-10'dan, onda-da basym-basym okadyan ekena bu" diyip galdyk 10 rekatyn sonunda. Biz ýatsy bilen 2 rekat sunneti okayançak tas gutarypdy tarawany, zordan sonky 2'sine yetişdik. Namazy dynyp, gara der bolup çykdyk metjitden. Oye gelibem sypdyran bolegimizi okadyk(18 rekat :D). Gutaran wagtym menina ayaklarymyn ysgyny gaçyp, sandyrap duran bolupdy :)

Men hazir Turkiya gidip

Men hazir Turkiya gidip baryan, yzyny nesip bolsa anyrdan yazaryn.

Bizem gunde bir yerik

Bizem gunde bir yerik gityas, yaman hezil bolyar, 8 adam bolamsok, aramyzda hem yekeje gyzda mashyn bar shong uchin ablamyz iki gezek gatnayar, ilki kichilieri akityar song ululary, garaz gowy bolyar

men bolsa kabir aladalar

men bolsa kabir aladalar bilen ashgaatda bashladym bu yil Oraza tutmaga, sheyle gyzykly gechdi, oglanlang birining sebabi bilen turkmenistanda okayan talantly we zehinli oglanlar bilen 2 sapar agzacha etmek nesip etdi. Turkmenistanan okayan kan talyp gordum weln bular yly taryh we edebiyat bilyan sayhally oglanlary birnji sapar goraydim oytyan. galan gunler hem dogan garyndashlarda agzymy achdym. duyn irden bolsa bir alada biln turkmenabata gaytdym mashynly. ay nache kondissonerli hem bolsa yaman helak etdi yol, birhili ysgyndan gachyraydy. achlykdan tas cashyadym. shu wagt hem turkmenabatda hazir az salymdan yola dushmekji ashgabada, yone bu gezek yanymdaky oglan bilen maryda oymuzde agzachar edip gechmegi planladyk.
wahh agzachar hezil welin men yaly yeke ozung bir jayda yashayan bolsang selarlik yaman gaty kyn, yeke bolsang hij zat iyip bolanok idli. her gun selarlikde bir suru zat ushuryan ongume yone sholang yarsynyng yarsyny hem iyip bilemok,
ashgabatda bolan gunem tarawa ucin Ertugrul Gazi metjidine gityan, gyzykly hem bolyar, adam kan, ymam owadan we gowy okaya, kondissonering onunden yer tapyp bilsenga yssylaman hem okasa bolya.
maksatlarymyng icinde tmolympiadyng agzalary bilen hem bir gunjuk agzachar edaymek niyetim bardy wein nesibeli gunune garashyandyrda, birhili hergun bir alada cykya,
ay umuman Remezan bir gyzykly ay, hereketli ay. Alla ahli musulmanlaryngetyan ybadatlaryny kabul etsin....

Essalowmaleykim! Turkiya

Essalowmaleykim!
Turkiya gelip, gije-gundiz sypsak ya yatyan, ya-da 1 yerlere haydap baryan bolduk biza :)
Istanbulyn yollaryny, trafigini bilyansiniz, agsham tarawa gidyancan 1 sagat, gelyancan 1 sagat. Tarawadan cykyp 1 sagat dagy cay-suw ichip, yzyndanam 1 sagady yolda gecirip gelyancan gije sagat 1 bolyar, on yzyndanam howuza gidyas yuzmage, 3'de suvdan aaaac bolup gelip, 3:20'lerde selalik iyyas. Sonundanam ertir namazyny okap, yatyas ya Alla diyip. Metjitlerde yakymly atmosfera bar, musulmandan doly, dineje 10-15 sany garryly metjitler bilen denar yaly dal. Gundiz seminarlarymyz zatlarymyz bar, sapak okadyas, dinleyas, biraz suwsayan, yone umuman gyzykly gecyar. Onumizdaki okuw yylyna Oraza ayynyn bereketi bilen tayynlanmagam yakymly duygy.

Rumyniyadaky sonky 2

Rumyniyadaky sonky 2 gunumizde denize gitme endigini cykarypdyk: Yene-de gije, tarawa namazyndan son herkim oyune dargayar, eshiklerini zadyny alyp gelyar, mashyna-da samowar, agach, garpyz yuklap, gije sagat 12:30-1'lere denize gidyas. Baryp chayyn ashagyny otlap, demlenyanca 40-50 min yuzyas. Yadap cykybam odun basynda, agach oduna gaynan chayy suzip, gumyn ustunde ondan-mundan gurleship, degisip oturyas...Son yene 1 sagat denize girip, cykanymyzda garpyz iyip, 3 boluberende oylerimize gaydyas. Yuvun, ardyn, selalik edin, ertir namazyny oka, we yat :)

Nahar hokmunde-de sonky dovur biraz uns berjek bolyan mena, yogsa butin gun ac oturyp, sonam birden 1 tonna iysen, garnyn agyrysyna cydar yaly bolanok. Son ucinem gijelerine biraz protein, kalsium dagy beryan onumleri iyip, irdenlerine-de suvly, azajygam yureginde durjak yenil onumleri iyjek bolyan.

In sonky edinen selaligim sular yalyrakdy:

6-njy gun yany bashlayan

6-njy gun yany bashlayan wagty(21'ne), gije sagat 00:30'lara Turkiyeden gaytdyk Rumyniya tarap. "Dereköy" gumruk çykysyna 3:30'a galman yetmesine yetdik welin, ertir namazy 4:43'de bolanson, anyrda garasmaly bolduk 1 sagatdan kop wagtlap. Bizem wagt geçirmek uçin selaligimizi edindik, gumruk zonasynda-da girip çykmadyk yerimiz galmady :) Turk oglanlar Referandum'uma ses berdiler, aralarynda "35 yaşymda bolsamam birinji gezek saylawlara ya-da referandumda ses beryan" diyenlerem tapyldy :)
Turkiyan yollary gul yaly, Rumyniyanky hem seyle, yone aradaky Bolgariya bara...Huday saklasyn, Gumrukden geçip geçmankan başlayar "takyr-takyr" edip gelmeli yerler...3 sagatda geçilip boljak yoly 6-7 sagat suryar, ustune-de aylaw-aylaw bolanyna idili yatybam bolanok. Yolda maşyny gezekli gezegine surip, oylan sagat 12'lere geldik Rumyniya. Oler yaly yadow...Goni esiklerimi renklerine gora ayyryp, kir mashyna atdym. Internede guymenjek bolyan welin, gozum yumulyp gelyar...Ahyry sagadyn alarm'yny guryp, goydum kellani 2'lere...Bir tursam eyyam agzaçar bolaýypdyr :(( Işdamem yok, 1 tabak çorba içip, tarawa gitdik. Son selalik golaylanda bir isdam açyldy, açylman geçsedi diýesim gelip gitdi :) Halal diyip Turk'den alyp gelen et onumlerimizin basyna geçip, burnymdan gelyança iydim :D Şu wagt agzaçara 2 sagatdan az wagt galdy, a men ajykmalymyşam diyemok :D Aslynda gowy zat dal beýtmek, orazamy, ajykmagyn namedigini hem bilmeli, i.e. ajygybam gormeli, bizin yaly selalikde açlykdan sypan ýaly iýip, sonam butin gun naharyn aladasyny etman gezmelem dal...

Bu mowzugy dine mana

Bu mowzugy dine mana doldurdyp oturman how, siz name yazanzok ?

Oraza ayyng gutly bolsun!

Oraza ayyng gutly bolsun! Sening oraza bilen baglanyshykly gundaki bashdan gechiryanlering okamak gyzykly!

Duyn bizin saherimize 40 km

Duyn bizin saherimize 40 km dasdaky 1 oba gitmeli edisipdik. Agzacar edip gitsek, tarawan basyna yetisip yetismejegimiz belli dal, ne cay icip boljak, ne-de nahardan son biraz oturyp. Onson bizem oban golaýyndaky 1 tokayda agzacar etmesek etdik. 1 sagat dagy galanda gitdik, odumyzy yakdyk, naharlary gyzdyrdyk, odeyallary yazybam oturdyk azana garasyp. 15-20 minutdan azan okalmasyna okaldy welin, howa birden seyle bir sovady...Bizem yeke koynekli aylanyp yoremizson, ayakdan baslap, bile cenli usap baslady. Basym-basym naharymyzy iyip, odun basyna gecdik cay icmek ucin...Gorsek seker almany yatdan çykarypdyrys. Turklen gara çayynam sekersiz içer yalymy. Onson masyna munip, obadan seker alyp gaytdyk. Odun basynda yarym sagat dagy oturyp, gumur yamyr edip cayymyzam icdik nesip edeninden. Ýygnasdyryp, metjide tarap ugradyk...Anyra girenimizden birhili, ustumizden tussan ysy gelyanini duyduk. Dasara çykyp, elimizi çyglap bar yerimizi kakysdyrdygam welin, sonda-da az-maz gelyadi. Hemmamiz yzda, bilerak duryp okadyk namazy "garrylar tussan ysyna yuzlerini burusdyraymasynlar" diyip :) Ol obadan gaytjak bolup durkagam 1 okuwçymyzyn kakasy jan etdi, ol oba yakyn yerde yasayady, "Hokman gelin bize-de" diyip, yen berenok...Gije sagat 11:30'da gitdik onson :) Olarda bir 10 min oturayjakdyk welin, 1 sagat oturtdy ol yasuly. Gepin tummek yeri, gije oye gelenimizde sagat 1'i geçipdi. Iyjegimizem iyemizson, mena kellani goyup yatdym. 1 gun onunden hem "açlygy kan duyamok" diyip, dine 1 bakal suytli kofe bilen baklava iyipdim, bugunem 1 stakan suw, sonda-da hic hili ajykmadym.

Selaligim:

Bugun bolsa mektebimizin

Bugun bolsa mektebimizin howlusynda, turklen kofte diyyanini bisirip iydik. Yene-de ustumizden tussan ysy gelyadi, yone yat yurtda, tokayyn icinde bolmamyzson, ullakan problema bolmady, ylgapjyk yuvunyp, calysdyk :) Yone ol koftan icine sarymsak gosan ekeni bizin aşpezimiz, mende-de ijjoga bolanson, biraz kosedi. Adaty ajy burc dagy iysem zat bolanok welin, su sarymsakly bir zat iydigim baslayar "içim ýanyp". Asakdaky suratlar agzacardan.

Kozumiz:

Mektebin onundaki otlyja yer:

Bu-da hergun cay gaynadyp icyan, ot bilen gaynayan samovarymyz:

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • dr turkmen 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"