Dostlygyn we hormatyn "bahasy" ...ya-da Bezirgenin toyy !

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Salam Tmolympiad.

Su tomus TM'de name ucindir dostlyk, hormat, sylanyshyk uchin edilyan zatlar barada lapykech bolup gecdim. Sabyr kasamin in sonunam su Bezirgenin(Harezmi) toyy doldurdy. Size gurrun berip bir icimi dokeyinle :D
Bezirgenin oza gijirak geldi, onson on yerine-de tanyslara biz habar beryas, jan edyas. Jan edisdirip, onki olimpiyada bilerak tayinlanan oglanlardan, tmolympiad'yn agzalaryndan sorayan "gidyanizmi ?!" diyip, "gitsegem bolyar" diyyaler...Bezirgen belli 1 san sorayar, "7-8 adama geljek diydi" diyyan, olam "Men 10-12 adamlyk yer ayirdyan onda" diyyar. Bolya-da, bolyar...Toy guni golaylayar, 1-1'den "Ayy, Nebitdag bolsa dasamda how...Masynly/poyezdli gitjek bolsan". Toy guninin 1 gije oni 3 adam galyar, irdeni 2, poyezde munmeli wagty 1...Poyezde munyan, yeke ozun. Elinde himcistkadan alynan, utugi pozulmasyn diyip saklayan toy esiklerin, arkanda sumkan, kellande-de "Bezirgen "hany beylekiler?!" diyse name diymeli?!" diyen sorag. Toya 1 sagat galanda baryan 10 sagatlyk yoldan son, basymjak yuvunyp-geyinip yetismeli toya. Ynha, toya-da geldin. Bezirgen onunden aydyp goyupdyr, bardygyn pylanymy diyip, oturmaly stolyna akidyaler...Ullakan, 10-12 adamlyk, durli dumen zatlar bilen bezelen stol. Yekeje ozun otyrsyn...Son klasdaslaryndan, kursdaslaryndan tanayanlaryny yanyna cagyryan yeke oturmayin diyip. Ynha, toyi gutla diyip soz beryaler. Cykyan, gutlayan. Gutlagyn arasynda "Pylanylarynam adyndan" dagy diyip, yeke oturan stoluny doldurmalylary hem goshushdyryan. Sonam yerine gelip pikir edyan "Pylanylar name gelip bilman, nache mun km uzakdamy ? Ya oylerinde suv yaly, seretmeli cagalary barmy ? Ya yola cykjak 5 manatlary yokmy ? Ya-da, in erbedi, onca(500-600 km ?!) yol sokup gelenine degenok hasap edyalermi ?"...Asyl sebap nameka ?! Onsonam bir umyt diyip, das toveregine seredyan: Turkmenabat'dan, gelini bilen yorite su toy uchin, yoly mashynda gechip gelen(1000 km'a bardyr ?!) dosty, Ashgabatdan, Bezirgeni 1 ayam okatmadyk turk mugallymy goryan...Biraz kosheshyan. "Adamkarchilik olmandir, cagyrylanda barmaly diyyanler entagem bar" diyyan, azajyk aram tapyan. Toyy sovup, ertesem yene 7 sagat yol gecip gaydyan. Yadow, bilin agyryar, yone sol yadowlykda-da "Dostymy satlykly gununde yeke goymadym, bardym" diyip, yilgiripjik yatyan "eje, bilimi okalap beraaaay" diyip :)

Adamynky bir cigit yalyja govun, yone adamyn das toveregindakilerden garasyan wepasy, bagtly/bagtsyz gununde yanynda boljakdyklaryna bolan ynamy, sol cigitlerden gurulana menzeyar. Herkimin 1 cigidi mynjyradyp, "Ay 1'jiginden zat bolasy yokla, dusuner" diymeginden has "arzan" usul barmyka ol ynamy odemezligin ? Nabileyinda..

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Dogrusy meň toýuma

Dogrusy meň toýuma Bezirgenem gelmedi, ýene-ýene-de. Tmolympiaddana hiç kimem gelmedi öýdýän (aktiwlerden). Meň üçin gelseler gelmeseler uly bir minus ýa plýus ýokdy, sebäbi men umuman beýle zatlara uly agram beremok (ýagny toýuň özüne).

Ýöne meň prinsipde halamaýan zadym "etjek" diýip etmeseler, "geljek" diýip gelmeseler, wagtyndan gijä galsalar. Men düşünýän, inet dostlugy bir aňsat dostluk, azarsyz dostluk, bile bir realda oturyşyp turuşyp ýörmeseň, çekinersiňem gitmäge. Barsaň kän bir beýle realda tanyş dostuňam däl. Emma bärde şol etjek-petjek diýip, bir topar adamy garaşdyryp, aladalandyrandyklary. Men gaharlanýan şeýle ýagdaýlarda.

A Bezirgeniň toýy gutly bolsun. Telefona garaşyp ýatyryn özünden. Bagtly bolsunlar.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Quote: Men düşünýän,

Quote:

Men düşünýän, inet dostlugy bir aňsat dostluk, azarsyz dostluk, bile bir realda oturyşyp turuşyp ýörmeseň, çekinersiňem gitmäge. Barsaň kän bir beýle realda tanyş dostuňam däl.

Mergen, beyleki temada hem ine shu sebapden jogap ýazyp bilmedim, Bayram barde gowy dushundiripdir. Men ejem kakamdan toý ucin rugsat hem soramadym. Ýöne ýoluñ zähmedi ucin dal, men poyezd bolsun awtobus bolsun, ýolun zahmedinden gorkyan, chekinyan adam dal. Göniläp aýtsam esasy mesele: 1. Bezirgen menin inet dostum hem däl. Hichacan birje gezegem Pm'lashybam görmedik adamym, umumy mowzuklarda hem kan gurleshen adam däl. Ýagny, meselem Bayram bn hem kan bir pm.lashanym yadyma dushenok, messenger diyilyan zatda hem asla gurlesip goren adamym dal, yone mowzuklarda kop gurlesildi. Yöne Bezirgen bn beyle yagday hem yok. Men ony sheyle seretsen dostluk bir ýana, "tanamogam". Shu yagdayda toýa öler ýaly gidesim gelya diyip biljek dal, chunki toýy edyanlerem, toydaky ahli myhmanlaram (senden we tomirisdan basga) menin ucin natanysh adamlar.

Sen bir zada dusunenok,

Sen bir zada dusunenok, ya-da dusinesin gelenok. Toya sen dineje Merjen bolanyn ucin dal, su tmolympiad jemagatynynam 1 bolegi bolanyn ucin cagyryldyn, edil dususyklara cagyrylysyn yaly, we tmolympiad'dan birgiden adam giden bolsady, anyrdaky adamlary "govy" tanamak hem hokman bolmazdy, giderdik, tayinjak stolymyzda oturyp, tmolympiad'daky tanyshlaryn adyndanam gutlapjyk, tans oynap gaydardyk.
Gepin tummek yeri, su toy Ashgabatda bolan bolsa, men adymy bilshim yaly bilyan, Bezirgenin "tmolympiad'dakylar bolup gelin" diyen cakylygyna birgiden adam giderdi!

Bayram wrote: Dogrusy meň

Bayram wrote:

Dogrusy meň toýuma Bezirgenem gelmedi, ýene-ýene-de.

Sen toyuny biz TM'de dal wagtymyz etdinda, 1 hepde gijirak bolan bolsa hokman gelerdim mena, yanymda-da getirip bilenjelerimi getirerdim :)
Biza Nagmadyn toyyna-da gorunip gaytdyk basda Mara, son Bayramala, sonam gozlap tapyp Bayramalynam obasyna baryp :) Senka gitman name..

2.njiden, toýa gitdim

2.njiden, toýa gitdim diýeli. Mergen ýalnysh dushunme yone bir oglan bn yekelikde Balkana gidip gelmage ejem kakam hichacan hem rugsat bermezdi. Diyeli, toýa sen bn dal, özum gitdim. Ýeke özumi hem hichacan basga welayata toya ugratmazdylar. Rugsat soramadym, rugsady name diyip, kimin toýy diýip sorajagymam bilemok sebabi.
3.njiden, ýokarda Bayramyn aydyshy ýaly, önunden "geljek" diyip hem aýtmadym, beyle söz bermedim.

Ana, beyleki temada shu zatlary nadip yazaryn, nadip dushundirerdim bilemok, temany okanymda hem name yazjagymy bilman gidipdim, yone Bayramyn yazanlaryny okanson yazmak ansadrak boldy.

Bu tema yorite sana yazylan

Bu tema yorite sana yazylan zat dal, umumy, son ucin name yazjagyny bilmesen gijesi bilen yuregini cisirip yatmak gerek dal, dusyndan gecip gidibermeli "Menina vyjdanym syzlanok" diyipjik.

A beyleki "argument"-lerin barada men 1,2,3 diyip jogap berip oturmayin Merjen, geljek bolsan Tumarlar bn gelsenem bordy we etc, islesen basga cozgudem gozlardin, yone men jan edenimde ikirjenlenman "elbetde gidemok" attitude'i bilen jogap berenson, men soz zayalap oturmadym yrjak bolup. Su tomus mena omrumde gormedik garyndasymyn, gonsymyn toyuna, kakam pahyryn kone dost'larynynam ayat-tovirine-de gitdim, yogsa menem birinem tanamok, yone tanyshdyk, we in mohumem men ol adamyn mana hormat goyup, eden cakylygyny yerde goymadym. "Davete icabet" hem 1 hak bizin ustumizdaki, a "tanamak" herkim ucin subjectiv pikir, sen ucin PM'leshenson "tanysh" bolyan bolsa, bashgasy ucin belki 1 yerde gurleshileni, umumy tanyshlyk hem yetyandir, mohum bolany ol sana hormat goyup, cagyran bolsa, cakylygy bos goybermejek bolmaklyk! In azyndan synanyshmak...

PS: Tomiris sho ýagdaýda

PS: Tomiris sho ýagdaýda geldi diýip ýazypdyn. Tomiris o ýere adamsy bn bardy, (adamsy Bezirgeni tanaýa) + jorasy (Bezirgenin aljak gelni) ucin bardy. Ýagny ikisi ucinem realda tanyshlary. Shonun ucin "tumar sho ýagdaýda dazhe bardy" diýilmegi bn menin ýagdaýym duybunden basga.