Umsumligin sesi (ruhumyzdaky goz yashlarymyz)

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Birgun bir dostym Turkiyeden geldi. Hal-yagdayini soradym, Turkiye barada soradym. Ol hem Turkiye barada aydyp berdi. Yone sheyle diyenine geng galdym:"Shol yerde men turkmen diyilende kopusi birhili garayan ekeni. Shol yere baran turkmenlerin arasynda yaman zatlar edyanler, aldakcylar...bar. Sholaryn derdinden turkmenleri yaman goryarler. Indiki gezek gidenimde ozume Orta Aziyadan bashga bir milleti diyjek." Men sheyle yagdaya oran gynandym. Sheyle bir seretyan: yapon ya yewreyler bir halk bolup yashayarlar, yeri gelende bir-birine komek edyarler. Men oz yurekden soyyan milletimi tankyt etmek islamok. Pikirimce SSSR-yn dowrunde bizin ruh dunyamize erbet tasir edipdirler, ondan son hem Yewropa medeniyeti oz tasirini yetiripdir. Her nahili hem bolsa biz muny uytgetmelidiris. Adamlaryn angynda bir-birine komek etmek duygusy bolsa, tire-taypacylyk etmese,bir-birini kemsitmeseler, ya-da turkmencilikde bolmayan arak,para (men bulara yokanc kesel hokmunde seredyarin-garshy goymasan kopelyar) yaly zatlaryn garshysynda erksiz bolmasalar. Bular ansat zat daldigini bilyarin. Belki de bulary yok etmek ucin bir-iki nesilin gecmegi gerek. Yone uyshup gayrat etsek. Yolda duran gaishnigi para alyandygy ucin yaman goryaris(yone para beren hem biz, belki de ony biz owrenishdirdik-asyl problema bizdedir belki). Prava beryanler hem birgun shol suruji olaryn ogul-gyzyny yolda kakjakdygyny(Huday saklasyn) pikir hem etmeyarler. Okuw meselesinde alacsyz bolanlara komek edip bilyanlerimiz bar bolsa(dashary yurtda garyndashymyz, dostumyz) okuwa girmage komek etsek(ekzamen soraglary, dokument ishleri). Bu mowzukda yeke adamyn edip bilayjek ishi yok, uyshup bu problemalara garshy bileje durup bilsek, beylekilere-de dushundirip bilaysek. Tire-taypa meselesi de bar, onkusi yaly dal,yone shonda da bar. Men hickimin gownune degmek islamok, yone bashga bir welayata/shahere gidenimde(ady hokman dal) oz shiwe dilimde gurlap bashlasam mana "Sen-a barden dal ekenin" diyjek bolup duran yaly hereket edyarler, kemsitjek bolyarlar. Hamala men bashga milletden yalak. Onki dowurlerde "Dowlet gurjak bolsan turkmenden sora" diyyan ekenler. Bu we beyleki onat hasiyetler turkmenin ganynda bardyr, ruhunyn bir yerinde duryandyr, ony oyandyrmak gerek. Bu teswiri okayanlaryn arasynda bashga milletden garyndashy bar bolsa gaty gormesin.(Bir alym aydyar:"Oz doglan yerin bolany ucin beyleki milletlere dushmanlyk etmek patriotizmdyr") Barde bashga hickimi kemsitmek islamok, her milletin eden beyik isleri bardyr, cenden asha patriotizma da gerek dal, beylekilerin hormatyny isleyan bolsan hormat etmegi owrenmeli. Barde kabir gowshak yerlerimizi barada aydyp gectim(ozuniz hem menden onat bilyarsiniz), maksadym yamanlamak dal, problemalary cozmage synanyshmak. Shu we beyleki meselelerde alternatiw yollary bilyan bolsanyz paylashyn, bu meselelere bashga garayshynyz bar bolsa aydyng, ozunizden kici we size gulak asyanlar bar bolsa owreding.

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

blogun adyny görüp...

Blogun adyny görüp taze bir kitap yazilayipdyr öytdim welin içinden kitap çykmady:D

Blok bilen ady arasynda kan bag yokla...

__________________