Üç Müñ Türkmeniñ Durmyş Bilen Göreşi...

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

SSSRyn Owganystany basyp alyşyndan sonra Pakistana sygynan türkmenler, 1950-nji yillarda Sowet rejiminin eden-etgiligine çydaman, watanlary Türkmenistany terk edip Owganystana göçüpdiler. 30 yilyn dowamynda iki watan çalşyrmaga sezewar edilen türkmenler, hazirki yagdayda Pakistanyn paytagty Yslamabatdan 80km uzakda yerleşyan Haripuri immigrant lagerinde toyundan gurylan jaylarda yaşayarlar.

Şol lagerde jemi ilat sany 3 müñi agdyk, 700 türkmen hojalyk bar diyip çaklanylyar. İmmigrant türkmenler saglyk we okuw başta bolmak bilen kalinizasiya, transport, telekomunikasiya, suw we elektrik togy yaly mümkinçiliklerden elyeterli peydalanyp bilmeyarler.

Pakistan hökümedinin goldawyndan mahrum lager ilaty, yilyn belli wagtlarynda halkara guramalar tarapyndan gumanitar kömek bilen üpjün edilip sanitar goldaw berilyar. Lagera hazire çenli berilen in sonky uly goldaw 10 yil ön bolmak bilen, Birleşen Billetler Guramasy tarapyndan amala aşyrylypdy we her 30 hojalyk başyna bir suw guyisy hyzmata geçirilipdi.

Lagerda kalinizasiya hyzmatynyn yerine köçe ortalarynda açylan kanallar bar. Hapa suwlar şol üsti açyk kanallardan akyp gityar. Bu yagday hem halk arasynda kesellere sebap bolyar. Keselhana we saglyk merkezlerinin yoklygy sebapli döwlet tarapyn göyberilyan sanitarlar hepdede bir lagera gelip gityar.

Lagerin çaginde awtonom hakimlik tarapyndan açylan orta derejeli mekdepde az sanly erkek çaga bilim alyar, gyz çagalar üçin bolsa hiçhili okuw mümkinçiligi döredilmedik. Lagerdaki beyleki 4 mekdepde bolsa 600 sany çaga dini bilim berilyar.

Bu yerdaki türkmelerin aglabasy günlerini halyçyk bilen dolayar. Her öyün howlusynda ayallar tarapyn dokalyan halylary erkekler satuwa çykaryar. İlatyn bir bölegini bolsa Pakistanyn daşynda işleyan erkekler ekleyar. Daşary yurtlarda işleyanlerin aglabasy iş üçin arap yurtlaryny saylayarlar. Lagerdaki her hojalykdan in az bir erkek Arap yurtlarynda işleyar.

Owganystana gaydyp barmak islemeyarler...
Lagerin yolbaşçysy Abdülhalim Hanif, agyr şertlerde yaşamaklaryna garamazdan Owganystana gaydyp barmak islemeyandiklerini nygtady. Hanif, Owganystandaky hazirki yagday Pakistana garalanda has howply diydi.

Hanifyn aydyşyna göra, Pakistan hökümedi owgan immigrantlara, watanlaryna gaydyp barmalary üçin 2012-nji yila çenli möhlet beripdir. Pakistan tarapyndan immigrantlara berilen ID kartoçkalar(bizde passport) sonky iki yilyn dowamynda tazelenmandir. Şu sebapli-de döwlet howpsyzlyk işgarleri bilen immigrantlar arasynda seryozny(türkmençesi yadyma düşmedi) problemalar yüze çykyan eken...

"Owganystanda howpsyzlyk üpjün edilip, iş mümkinçilikleri döredilman Pakistan hökümedinin bizi Owganystana ibermegini islemeyaris" diyen Hanif, immmigrantlar üçin in uly mesele, resmi guramalaryn döretyan kynçylyk we böwetler bolup duryar diydi.

25 yilda bir diplomly...
Türkmenlerin arasyndan hazire çenli dine yekeje yokary okuw talyby çykypdyr. Kayseri Erciyes Uniwersitedi(Türkiyede) Ykdsysadiyet we menedjment fakultedinin uçurymy Esadullah Hamda, hazir şol bir bir üniwersitette aspirant.
Owgan hökümedinin goldawy bilen okayan Hamda, okuwyny tamamlap Owganystana gaydyp barmagy yüregine düwüpdir.

Hamdanyn aydyşyna göra, lagerdaki in uly problemalardan biri "okuwa garşy bolan biperwaylyk" eken. Herbir türkmen çagasynyn Pakistan döwlet mekdeplerinde immigrant hökmünde bilim almaga hakynyn barlygyny aydan Hamda, türkmen maşgalalarynyn erkek çagalaryny kiçi yaşda işlame gönükdiryandiklerini nygtady.

Pakistanda yaşayan 2.5 miliyon immigrantyn 70 müñi türkmen...
Haripuri lagerinin 20 ayry yerinde jemi 150 müñden gowrak adamyn yaşayandygy çaklanylyar. Lagerde aglabasy peştunlar bolmak bilen, özbek, tajik we türkmenler yaşayar.

Pakistanda resmi sanlara göra 2.5 miliyondan gowrak Owganystanly immigrant yaşayar we bularyn 70 müñi-de türkmenlerden ybarat.

(aa)
radikal.com.tr

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

men şol Esedullany tanayan,

men şol Esedullany tanayan, ol Pakistanly bolmaly dogry, emma ol mana hiç haçan beyle kyn yagdayda yaşayandyklaryny aytmady,, bah gen göraymeley , özem arassa türkmençe gepleyarovvv

"Government of the people, by the people,
for the people"

okuw yagdayi hakynda

okuw yagdayi hakynda aytsak:
asyl maksat garabokurdak bolsa galan meseleleng hemmesi bosh gurrung