"Tilimiz"

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

men şu sayda her gün bolmayanda günaşa giryan bir okayjy.
başlayan okamaga...
göwnüme bolmasa okayan sözlemlerim türkmençe yazylanam bolsa aslynda türkçe,orsça belkem inlisce(köp halatda türkçe) yaly bolup dur. Göraymage türkmençe sözler yazylypdyr emma sözlem birhili türkmença menzanokda, türkçe sözlerin yerine öz sözlerimiz goyulan yaly .
Men şeyle kemçiligi özümdede göryan. Türkmen dilinde doly gepleşip, yazyşyp bilemzokmykak diyyan.
Ene dilimizde gaty az çeper eser okanymyz üçin şeyle bolyamyka diyyan mena , öz yazyjylarymyzyn, şahyrlarymyzyn yazan goşgydyr-kitaplaryny kanirak okasak beyle yagday bolmazdy diyip çaklayan.
Sizin pikirinizçe biz ene dilimizde arkayyn gepleşip, arkayyn yazyp bilyasmi???

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

yarany dörjelemek

Hak aydyan chikatilo(adyny bilemok, günami geç:D), menem diyenine goşulyan. Ene dilinde kadalara ylayik, çeper yazmagy islemeyan yok bolsa gerek. Emma gynansagam türkmen dilinde bolan çeşmeler gaty ujypsyz. Barja bolanyna-da inet aleminde yeri yok, daşary yurtdakanam okar yaly.

Adam şekilli her yaş we kellani gyzyklandyryp biljek gazet, jurnal, kitap, makala, kitap dükanlary yok. Köneje kitaphanalardaky eserlerin köpüsi-de adamlary kanbir gyzyklandyryp baranok. Has hem günbatarda ya-da günbatar düşünjesinde yetişenleri(ABŞ, EU, Türkiye...) gyzyklandyrmayar. İn erbedi-de yayınevi/publisher/издатель(türkmençesini bilemok) ler yok.

Döwrebap yazylan eserlerem yok diylen yaly az. Şol sebapli daşary yurt diyalektlerindaki döwrebap terminlere(meselem yokardaky publisher) türkmen dilinde gabat gelyan söz yok. Onson şu şertlerde türkmençe yazmak lezzet bermekden beter ezyet beryar.

Elbetde her galamşoryn her islanini yazyp yazyp bilmeyanligi-de ayry gürrün.

Ay garaz bu meselani yazmak yüzi başly yarany dörjelemekden başgasy dalmika diyyan.

__________________

[quote-poahf]Hak aydyan

poahf wrote:

Hak aydyan chikatilo(adyny bilemok, günami geç:D), menem diyenine goşulyan.

Birinji sozleminde-de oz tejribande tassyklayan :)
Turk dilinde gurlesip owrenenler name ucindir 2 sozlem gurlushynyn arasyndan saylamaly bolsa, turkca yakynyny saylayalar. Yagny, "Menem sen bilen razylashyan" dagy diyip bolsa-da, turk dilinden gelen "Sana katiliyorum"-y alyp, "sana goshulyan" diymek bilen bolyalar. Adam haysy dilde pikir edip owrenishse, sozlemem sona gora guryar, onson turkce sogup, turkce hasap-hesip edip otursan, sozlemlerem sona gora gurmagyn adatyrakdyr.

Mena onem biraz edebiyaty halayadym, yone su tomusam birgiden edebi eser okap, hasam bizin yaly yashlar uchin "okamaga zat yok" diyip durmagyn yerine, alyp sol kone eserleri okabermegem bir adimmika diyyan. We soz baylyk ucin olar hemmesindenem kop peydaly, hem kone sozleri, hemem nakyllary, gelip cykys yerleri bilen owrenyan, we koplench taze gazet-jurnallardaky yaly, kabir sozlemleri 2-3 gezek okap, sondan sonam "Ey Huday, beyle-de 1 sozlem gurylarmy, name diyjek boldyka bu?!" diyip duranok.
Garaz tazeleri doreyanca, konelerinin gadryny bilibermeli, sebabi edil su wagt doreyan tazelerden olar 100 esse govy. Sol "chokgunlik" yillarindan onki yaly gozsiz batyr redaktorlar dorap, galamyny mukaddes hasap edyan shahyr/yazyjy neslini yetishdirip, onlerini achaymasalar, su wagta alysda-da kan bir yagtylyk gornenok..

...

Elbetde köne eserleri okamak hem peydaly, belki-de gerek zat, in azyndan dilin çeperçiligini berkedyar, emma köplenç her kimi gyzyklandyryp durmayar.
Menin maksadym dilimi öwrenmek, diyalektimi saplamap diyip özüni danyp şol köne eserleri okamak hem belli bir yere çenli bolyar. Şondan artyk özüni gynamagyn manysy bolmayar, uzaga çekmeyar.
Meselem özümden mysal bereyin. in sonky gezek elime türkmençe kitap alanyma takmynan 5-6 yil geçdi. Yadyma düşyar, şol kitap Dale Carnegie nyn türkmen diline terjime edilen eseridi. Hat-da şu sahypada şol kitapdan alanja belliklerimden çyrşankiş bolupdym(mekdep yillarymda terbiyeçim depderçe tutdyryardy okan kitaplarymdan bellik çykarar yaly) Şol kitaby elime alanymda-da gaty geng galypdym we türkmen dilinde-de munyn yaly kitaplar çap edilyarow diyipdim içimden.
Şol wagt meni asyl geng galdyran, şol eserin yazyjysynyn amerikan bolmagyndan beter içindakilerin meni gyzyklandyryandygydy. Sebabi şol wagta çenli türkmen dilinde okadylan(köplenç zor bilen)eserlerin köpüsi epos, dessan, goşgy... we ş.m. Bular şol yaşdaky çaga (daşardan garalanda) geregem bolsa çagany kanbir gyzyklandyryp durmayardy.

Gepin gysgasy adam özüni gyzyklandyrmasa bir kitaba el sürmek islemeyar.

Hazir TM yilda bir gezek gidip gelyan we bir aydan gowrak dynç alyan. Okajagymy-da barden(Türkiye) alyp baryan. Şol sebapli hazire çenli "okamaga zat yok" diyip oturmaga sebap döremedi.

__________________

Birinjidena men "kone

Birinjidena men "kone eserleri turkmen dilini govy owrenmek ucin okamaly" diymedim, ol bir bonus, oz-ozunden emele gelyan, peydaly netije.
Ikinjidenem, senin turkmen dilinde yazylan kitaplary mektepde okadylan material bilen caklendirip, "gyzyklandyryan zat dal" diymegin bir tarapdan meshhur eserlerin kopusini okamanyny gorkezse, okanjany hem context'inde dusunip bilmandigini gorkezyar. Dessanlar dagy biziha bayam gyzyklandyryardy, gayta olary okanson TV'de dutarda sol destandan aydym aydylsa "Muna menem bilyan" diyip, context'inden habarlydygyn sebapli aydyma-da 1 uytgeshik many gatyan. Gepin tummek yeri, edebi eserleri 1 okap bashlamak gerek, bashlayancan kyn, sony hezil! Mysal uchin: Col, coldaki durmush hakda nace kitap okadyn ? Turkmenistanyn 80%'inden kopi col, hic hili gyzyklandyranokmy ol yerdaki adamlaryn, maldarlaryn yasaysy, olary gysdan alyp cykmagyn nahili dertdigi, cagalar ucin mektep barmy-yokmy, bar bolsa kim, nahili yagdaylarda okadyar dagy ? Ya col tebigaty, onun gudratly, kate bolsa yovuz yagdaylary? Hemmesini bilyanmi? "Colun demi" diyen kitaby tapda bashdaky 50 sahypasyny sabyr edipjik oka, son taslap bilsen taslay. Gepin tummek yeri, 5 manat ucin yazmayan kop sahyryn eserlerinin kopusi gaty govy eserler, 1 okap baslanson gutarmagyny islanok. Kone kitaplaryn 1 gynandyryan yeri, icinde az-kem komunizm'in propagandasynyn bolmagy. Propagandaly bolegine uns bermesen, romanlaryn kopusi gaty gyzykly kitaplar, we 1-nji plandaky wakanyn gurruninden basga-da, halkyn sol gunlerdaki hal yagdayi, yasayisi, medeniyeti, dap-dessurlary barada birgiden infodan doly...

...

Mergen(bilmedim öz adynmy ya dalmi yöne şeyle yüzlenaydym, günami geç) sen gaty görme welin sana "kone eserleri turkmen dilini govy owrenmek ucin okamaly" diydin diyen yok, türkmen dilindaki eserleri-de mekdepde okadylyanlar bilen çaklendiryanem yok. Men dine, şol mekdep yaşyndaky çagan aklyna ilkinji gelyanler şolar bolup duryar diyjek bolupdym.
Ol yerde men şol çagalyk döwrümi içine alyan periyoddan mysal beripdim. Yagny beren mysalym dine belli bir yaşa çenli bolan ömrümi öz içine alyardy. Senem ony bütin geçmişime yayradayipsyn. Emma yene-de türkmen dilinde hazire çenli kitap okamadygym welin hakykat, ony dogry çaklapsyn. Junk edip oturypdyr.
Sebabi türk we rus dilinde okanlarymyn yanynda okanja türkmen kitaplarymy yok hasap edaymeli. "Çölün demi"ni belki birgün duş gelse okaryn, elbetde olam kitabyn janrna bagly, romanmy ya başga zatmy.

__________________

*"yayinevi" sözüniň

*"yayinevi" sözüniň manysy metbugat bolýar.
wah, aslynda bar-a, döwrebap ýazgylar, eserler ýazyljakla welin halkyn aladasy okamak däl-dä. ilki okamagy söýdürmek gerek. halkyň köpüsi eýdip-beýdip derrew eklenje başlamagyň aladasynda. aslyna seretseň biziň öňki çeşmelerimizde hem birtopar peýdaly zatlar bar. olary internede goýsalar daşary ýurtdaky türkmenler üçin köp peýdasy deger. esasy zat hakykatdanam öz ene diliňe eýe çykmak. Biz ene dilimizi gorasymyz gelse hernäme edip köne-de bolsa türkmen dilindäki çeşmeleri okaýmaly, belki-de döwrebap eserler az hat-da ýogam bolup biler emma ýok diýmek hiç hili bolmaz diýmek däl ahyryn. Belki-de özümiz täze eserler çykararys, täze dessanlar, goşgular, hekaýadyr romanlar üçin bizin gözel we mukaddes ene topragymyzda sansyz mowzuklar bar.
_____________________________
Aglama, ýazgydyň keçligi üçin,
Aglama bar zadyň giçligi üçin.
Görmek wajyp aýralygyn ajysyn.
Datmak üçin şat durmuşyň süýjüsin. ©.

Alynma sozler vs. Tmdili

Men hem beyle problemanyn bardygyny duyyan. Aydishiniz yaly belki de az cheper eser okayarys. Men hem koplenc orsca, turkce, ya inlisce sozleri ulanman aytjak zadymyn doly manysyny yetirip bilemok (menin yalngyshym). Turkmen dilinde kop ylmy adalgalar ya alynma ya-da hic yok. Kabir sozlerin turkmencesi bar welin biz ulanamyzok. Mysal ucin "duralga" sozunin yerine ostanowka diyyaris, "barybir"-in yerine turkce zaten diyyaris, internete degishli sozler bolsa tutushlygyna inlis sozler.
Aslynda bir dilde ulanylyan sozler, shol dili gepleyanlerin medeniyetine, dap-dessurlaryna baglydyr. Meselem: ors ya inlis dilinde "nur","nebis" yaly turkmen sozlerin doly terjimesi yok.
Belki SSSR-in 70 yillap gol astynda bolup, arap alfawitdan bashda latin,son kiril alfawityna gecip, orsca gepleship, turkmence kitaplaryn hem azalandygy ucin sheyle yagdaya dushduk. Hindistan hem inlislerden son inlis dilini gepleyan halk boldy.
Bir hem kabir ylymlarda turkmence terminler yok yaly. Mysal ucin kompyuter programmirlemede hic-hili turkmen adalga yok. Pikirimce shol ylmy bilyan turkmenlerin arasynda turkmence dokumentasiya tayyarlayan yok. Herkim oz bilyan ugry boyunca , edip bilyance turkmence maglumat tayyarlasa onat boljak yaly. Elbette herkim oz islegine gore terjime edip yorese bolmaz, standartlar bolmaly. Ondan bashga-da kabir terminler bashda gulkuli gorunip biler, owrenishyancak wagt gerek. Yone shol sozler nace kop ulanylsa(gazetlarda , gepleshiklerde, internette-bloglarda-chatlarda,...) shonca da dilimize calt girer.
Aslynda biz hemmamiz gayrat etsek de orsca,turkce,inlisce dal-de turkmen sozlerini ulansak(hich bolmasa her gunki adaty gurrunlerimizde). Bashlarda kellamize ol sozler gelman biler, yadymyza dushmez, belki gulkuli goruner hem; yone gayrat edip "kartoshkanyn" yerine "yer almasy", (ya-da counter-strike-daky "shotgun"-yn yerine "sechmedan"), mail dal-de pocta we sh.m. bilyan sozlerimizi bir doly ulanalyn.