Söygi

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Söygi... Hakyky kelle agyry :)(oyun). Belki adamynyn durmuşdaky in lezzet alyan duygusy. Yürekden, arassa duygy bilen bir zady başka hemme zatdan üstün tutmak. Ara daş bolan yagdayynda köp kişin was-wasa bolyan, name edyarka; yakynynda bolanda bolsa tersine bolan duygysy. Umuman yeke kişi söyülyar, yöne kawagt daşda ya da yakynda bolanda da kabir sebaplerden ayra düşülyar. Bir zat welin aşigar, koplenç duygylarymyz düşünjelerimizden üstün çykyar we derrew durmuş gurulyar. wagt geçmegi bilen pikir ayralyklary başlayar, şeylelik bilen agzalalyk. Gepleşjek, durmuş gurjak kişini önünden gowy tanamaly. Son köp zada giç bolyar. Wagtlayyn duygylara aldanman, edyan işini pikirlenip etmeli... Sonky puşmanlyk kömek bermez :)

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Pany herwagt pany...

Söygi hakykatdanam kelle agrymyka diyyan, in azyndan menin üçin. Kawagt şol hakda pikir etdikçe-de göwnejay bir netija gelip bilemok. Şu söygi terminin içini nadip doldurup boljagynam bilemok dogrysy.
Bu Söygi ; adamogly üçin howa ya-da suw yaly zerur, emma ady nabelli hajatmy ya-da adamyn garşy jynsa bolan meyline yugrulan duygylaryny dökmeginin usulymy çözüp bilmedim hazire çenli. Kim bilip dur, belki ikisem daldir we düybinden başga zatdyr...

Yokardaky pikir tupany bir gyra, bu Söyga biraz başgarak garamak mümkin. Adamyn kalbynyn bir aynasy herwagt Yaradana garayar we elmydama Ondan gözbaş alyan nagmalara we çeşmelere teşne. Ynsanogly Yaradan bilen arasyndaky aragatnaşygyny togtatmadykça-da teşneligi ganyar we asla dünyewilige aldanmayar. Yagny dünyewi bolana gereginden artyk ahmiyet bermeyar.
Emma adamogly Yaradan bilen bolan aragatnaşygyny kesen halatynda, teşneligini gandyrmak üçin dünyaliklere ymtylyp başlayar. Yagny kalb, baky lyga bolan teşneligini pany bilen gandyrmaga çemeleşyar. Sonra bu çyzgyda klipkler çekilyar, aydymlar döredilyar:D

Emma pany herwagt pany. Meselem toydan ön dali diwana bolup yörenler, toydan sonra diwanalykdan çykyp maşgala uruşlaryna başlayar. Ol hyjuwly yalançy söygi tupanyndan dine maşgala baglary yadygar galyar.

Bulary yazmasyna yazdym welin hazire çenli özümem pany bilen baky arasynda gatnadym durdym, hat-da panyda has köprak eglenyanmikam diyyan sonky döwür.
Baryljak sonky menzil belli bolsa-da bu yagdayi tersine üytgetmek kynrak menin üçin, yene-de bagyşanmak dilegi bilen...

söýgi. ähli duýgularyň

söýgi. ähli duýgularyň enesi söýgi. jebir çekdirýär, begendirýär, gaharlandyrýar, gabandyrýar, agladýar, gynandyrýar... belki-de bizi haýwanlardan tapawutly etýän esasy zatlaryň biri... näçe haýwanlardaky perzende bolan söýgi bar hem bolsa bu olarda ýaradylyşdan bolýar... biz adamoglynda bolsa birini näçe tanadygymyzça şonça-da ýakynlaşýas..wah, şu wagt şu mowzuk hakda şeýle köp zat ýazasym gelýär welin başaramok.. sözler täsirsiz gelýär... nämeler etdirenok diýsene söýgi.. nähili ýagdaýlara getirenok.. şu wagt Kerim agaň şu setiri aklyma geldi:

"Tas şahyr bolýadym, bolardym belkäm.
Şahyrlyk ýangyndan başlanýar eken..."

nähili dogry aýdylan söz.. näçe bestseller romandyr eserlerin ýazyjylary, Şekspirler, Balzaklar, Fizuliler, Ýunus Emreler, Mollanepesdir Kemineler we niçe ýazyjylar, ençeme dessanlar şu mowzuk sebäpli ölümsiz ýagny unudylmaz eserler we ýazyjylar boldylar...diýmek SÖÝGI şeýle bir täsin zat bolmaly, hatda söýgini ýatladýan kiçijek zat gadyrly, gymmatly bolýar durubeýär..
meniň pikrimçe söýgide biraz gözelligiňem täsiri köpmikä diýýän. elbetde diňe dury gözellik däl, ýagny owadanlyk.. Mysal üçin pikir gözelligi, many gözelligi, şekil gözelligi we birgiden gözellikler... we adamogly şol gözellikleriň birine maýyl bolýar... mysal üçin bir ýigit bir gyzy söýse elbetde owadanlygyna, belki-de edepliligine, hat-da belki-de eýjejik we näzikligine maýyl bolar... ine şondan soň başlaýar ähli zat... eýdip-beýdip ýakynlaşjak bolar...
ah, niçäni ýandyran, niçäni söndüren, niçäni güldiren, niçäni öldiren...ýene-de söýgi..

p.s: ýazan zatlarym biraz hyýaly rusça aýtsak emosionalno bolup biler welin, söýgi barada aýdylsa duýgusyz galmak gaty kyn hat-da mümkin däl... barybir söýgüni duýmadyk adam söýgi hakda dogry, anyk sypatlandyrma aýdyp bilmez...
_____________________________
Aglama, ýazgydyň keçligi üçin,
Aglama bar zadyň giçligi üçin.
Görmek wajyp aýralygyn ajysyn.
Datmak üçin şat durmuşyň süýjüsin. ©.

Soygi

Soygi yok.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Ohhho, Bayram aga bir-a gowy

Ohhho, Bayram aga bir-a gowy gaharlandyrdy oytyan sizi.. :D
_____________________________
Aglama, ýazgydyň keçligi üçin,
Aglama bar zadyň giçligi üçin.
Görmek wajyp aýralygyn ajysyn.
Datmak üçin şat durmuşyň süýjüsin. ©.

Goshulyan. Soygi yok.

Goshulyan. Soygi yok.

Bar, yone ol oyunjak dal :P

Bar, yone ol oyunjak dal :P

Dogrymy aýtsam,

Dogrymy aýtsam, türkmenleriň nähili romantik, duýguly halkdygyny bilip, şuny ýazsam, bärdäki agzalar ör-gökden gelip, tupan turuzarlar öýtdüm :D

Aslynda şonuň üçin ýazdym. Elbetde ýene 1-2 sebäp bar. Olaram aşakda.

Söýgi bardyr, hakykatdanam söýýän bardyr. Ýöne bu dünýäde tä maşgala gurýançaň ýokdur diýip hasap etseň gowumyka diýýän, aý türkmençiligem şony ündeýän ýaly. Bardyr diýiberseň, dury kelle bilen däl, duýga görä karar berýäň, ýalňyşýaňam. Gerek däl. Eger hasap edip beren kararyň bolsa, onda netijesi bilen ýaşamaly.

Onsoň toý edeňsoňam söýgi diýlende onuň kesgitlemesini üýtgetseň gowy bolaýmasa. Köp ýaşlar söýgini bir öçmejek ot, biri-birine söýginiň egsilmejek deňizdigini pikir edýäler. Ýagdaý şeýle ýeňil bolsa diýýäňmi :D Şeýtan ýanyňda, şeýtany duýgular ýanyňda, onsoň ýaňky söýgiňi köp test edip durmaly däl, ediberseň birden ejizdigini göräýmegiň mümkin :D Onsoň ýaňky birden ýene birini "söýmegiň" mümkin bir zat, gaty romantik bolsaň. Ine meselem seni gaty söýýän aýalyň halys semräp formadan çyksa, şonda-da "öçmejek söýgimiz bar" diýip geziberse, onsoň ýaňky birden öçüp, göz zat gidip başlamagy mümkin.

Biziň mentalitedimizi göz öňünde tutmaly bara. Türkmenler şu döwür söýüşmäge ýaşyl çyra ýakdylar. Onsoň her dürli söýgi eksperimentlerini başdan geçiren adam muňa "ynanýan" diýse-de, käbir adamlaryň ynanşyndan başga dürli ynanýan bolmagy mümkin. Gowusy söýgi ýok diýip gezmek, özüňi eliňde saklap başarsaň, toý etmek, onsoň öz ýoldaşyňy söýmek, özüňiň söýýänligiňi özüňe ynandyrmak.

Aňsatmy? Ýok :D
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Beý diýsem, bu

Beý diýsem, bu gürrüňler bir şahsy başdan geçirmeler esasynda däldir. Ýöne pikir ýöretme. Söýginiň her dürli tarypyny gördüm. Türkmenistanda gören söýgülerim iň bir ynanylmagy kyn söýgüler bolansoň ýazdym :D
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.