Gyzyklyja hekayalar

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

salam hormatly agzalar! sag aman otyrmysynyz?!

bugun kellame sheylerak pikir geldi... men teswirlere-de wagtal wagtal giryan welin yone barden ayrilip bilemok. son anyrdan gowja zatlary ogurlamagy gownume duwdum :D

anyrda her hekayany ayri bir tema edip achyalar, hemmsini birleshtirmek uchinem moderleri yetenok, agza bir aglalyk edyar. ine menem gowja goren hekayalarymy barik yelmejek, hemmesini bir uchegin ashagynda :D hokman teswirlerden alynmaly diyen zat yok, sizem gowy gorenlerinizi goyarsynyz, yaltanmasam ozumem terjime edenlerimi yazarin...

birazajygam teswirlerin kabir yagdayini protesto edyan diyip hasap edin, menem teswirlerin agzasy ahyryn, belki muny gorup birazajygam toplashdyrarlar... :)

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu yazgi ucin

  • GaraDag 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • selbishka 1 telpek goyyar we yazyar: "Berekella:D"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

ÇAGA WE PÄHIMDAR (Hytaý

ÇAGA WE PÄHIMDAR (Hytaý halk ertekisi)

Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym zamanlar­da bir pähimdar adam bar eken. Halk tara­pyndan sylanýan pähimdar örän paýhasly eken. Güneşli günleriň birinde pähimdar paý­tunyna münüp, ýola düşenmiş.
Pähimdar oýlanyp gidip barýarka onuň paý­tuny birden duranmyş. Pähimdar paýtundan başyny egip seretse, ýoluň ortarasynda bir çaga çerepisa bölejiklerini oýnap oturan eken. Ol çerepisa bölejikleriniň kömegi bilen şäher gurup oturan eken.
Birsalymdan oglanjyk paýtuna seredip, öz işi­ni dowam ediberenmiş. Pähimdar oňa ýüzle­nip:
- Körpe, meniň paýtunyma ýol bermek hyýa­lyň ýokmy seniň - diýenmiş.
Kiçijik oglanjyk pähimdara seredip, şeýle jogap berenmiş:
- Jenap, men size päsgel beremog-a. Görýäňizmi, men şäher gurýan. Şähe­riň diwarlary paýtuna ýol bermeli däl-de, paýtun şäheriň daşyndan aýlanyp geçmeli ahyryn.
Şeýle jogap pähimdary haýran galdyranmyş. Ol paýtundan düşüp, oglanjy­gyň ýanyna golaýlaşanmyş-da, şeýle diýenmiş:
- Meni diňle, körpe. Görýän welin, seniň aklyň ýaşyňa görä däl öýdýän.
- O näme üçin? Towşan dünýä inen gününden üç gün soňra ylgabam, bökü­bem bilýär. Şeýle bolsa, ýedi ýaşda sanaýmalyja zatlary bilmek mümkin däl­mi näme - diýip, oglanjyk ara salym salman jogap berenmiş.
Pähimdar gülüp:
- Onda saňa birnäçe sorag bersem bolarmy? Eger sen meniň soraglaryma jo­gap berseň, seniň bir zatlar bilýändigiňe azda-kände ynanaryn - diýenmiş. Oglanjyk şol bada:
- Men-ä taýýar - diýip, pähimdara ýüzlenenmiş.
- Hany, onda, aýt bakaly. Haýsy ot tüssesiz bolýar? Haýsy suwda balyklar ýaşamaýar? Haýsy dagda daş bolmaýar? Haýsy agajyň şahasy ösmeýär?
Az salym pikirlenen oglanjyk:
- Ýaldyrawuk tomzagyň ody tüsse bermeýär. Çeşme suwunda balyklar ýaşa­maýar. Gum depesinde daş bolmaýar. Çüýrän agajyň şahasy ösmeýär - di­ýip, jogap berenmiş.
Pähimdar haýran galyp, onuň jogaplaryny diňlänmiş. Kän wagt geçmänkä og­lanjyk pähimdardan soranmyş:
- A men size sorag berip bilerinmi?
Pähimdar:
- Soraber, körpe - diýenmiş.
- Ýöne bir şertim bar. Eger siz jogap berip bilmeseňiz, meniň gurup oturan şäherimden aýlanyp geçmeli bolarsyňyz - diýip, ýumruk ýalyjak oglanjyk Pä­himdaryň öňünde şert goýanmyş. Pähimdar:
- Men taýýar - diýip, gülüp goýberenmiş.
- Onda siz aýdyň, asmanda näçe ýyldyz bar - diýip, oglanjyk öz soragyny berenmiş.
- Balam, näme üçin bizden şeýle daşda bolan zatlar hakynda sorag berýär­siň? Ýakynrakdaky zatlar hakynda sora, men jogap bereýin - diýip, pähim­dar birneme aljyranmyş.
- Onda... - diýip, soragyna dowam eden oglanjyk pähimdara şeýleräk sorag berenmiş:
- Siz aýdyň, siziň gaşyňyzda näçe sany gyl bar?
Çaganyň özünden pähimlidigine göz ýetiren Pähimdar paýtunyna münüp, og­lanjygyň gurup oturan şäheriniň daşyndan aýlanyp gidiberenmiş

ceshme: http://www.teswirler.com/index.php?q=blog&view=6320
____________________________
Hakydañda bolsun Hakyñ barlygy.
Ady dilde bolsun, hyýaly serde,
Biribardan gaýry sende hem mende,
Pena boljak yokdur ulaşsañ derde.

Öýüň gapysy kakylanda

Öýüň gapysy kakylanda garryja aýal tapdan gaçan aýaklary bilen
assajyk ýöräp, gapyny açdy.
Görse, şehit bolan oglunyň gullukdaş dostlary gelen eken.
Saglyk-amanlyk soraşylandan soň gelen ýigitleriň uzyn boýlusy şeýle diýdi:
- Daýzajan, biziň kän wagtymyz ýok, birki sagatlyk rugsat alyp
gaýtdyk. Aýak üstünden hal-ýagdaýlaryňyzy soraýaly diýdik.
Garryja aýal aljyraňňylyk bilen:
- Bolmaz ahyryn, bir zatlar hödür etmän göýbermen – diýdi.
Garry aýal bu sözleri adamsy we ogly diri gezip ýörkä aýdyp
öwrenşen sözleri bolany üçin göni diýip göýberipdi. Munuň
soňunyň nirä barjagyny welin pikir etmändi. Garry aýal şeý
diýensoň ýigitleriň biri sagadyna seredip:
- Bolýa, daýza jan! Garnymyz-a dok welin, şonda-da herimize iki
sanyjak ýumurtga çakyp
berseňiz iýäýeris - diýdi.
Aslynda ýigit garry aýala
kynçylyk döretmejek bolup şeý diýipdi. Howluda gezip ýören
towuklary görüp, ýumurtga kändir öýdüpdi. Towuklaryň
soňky günlerde bary-ýogy iki sanyjak ýumurtga guzlanyny,
öýde başga hiç zat ýokdugyny nireden bilsin?!
Garry aýal aşhana tarap ugrady. Şol wagt gapdalky otagda
oturan ýigitler bilen bile gulluk edýän wagtlary dönükler tarapyndan şehit edilen ogluny
ýatlaýardy. Ol hem dostlary kimin çakylan ýumurtgany gowy görerdi.
Garry aýal titreýän elleri bilen ýumurtgany çakjak wagty öz içinden gynanýardy we
garypdygyny bildirmezlik üçin çäre gözleýärdi. Ýigitleriň
hersine iki ýumurtga çakmalydy.
Olar tabakda hersine diňe bir ýumurtga görenlerinde näme
diýer? Garry aýal, köp wagt pikirlenip durman, ýumurtgalary çakdy. Birdenem ýüzi
şadyýanlyk bilen ýylgyryp, gözlerine ýaş aýlandy. Her ýumurtganyň içinden goşa sarysy çykypdy.

http://www.teswirler.com/index.php?q=blog&view=6357
____________________________
Hakydañda bolsun Hakyñ barlygy.
Ady dilde bolsun, hyýaly serde,
Biribardan gaýry sende hem mende,
Pena boljak yokdur ulaşsañ derde.

Synp okuwçylaryň

Synp okuwçylaryň goh-galmagaly bilen doludy. Şol wagt gaharjaň sypatly mugallym gapynyň ýanynda göründi. Synpa göz aýlap, tagtanyň öňüne geçdi.
Hek bilen tagta ullakan “1” sanyny ýazdy.
- Serediň, diýdi.
“Bu – adamkärçilik. Dünýäde eýe bolup biljek iň möhüm zadymyzdyr...
Soňra 1-iň ýanyna “0” sanyny ýäzdy we:
- Bu üstünlikdir. Üstünlikli bir adamkärçilik 1-den 10 ýasar.
Ýene-de bir 0...
- Bu tejribedir. 10-dan 100 ýasar.
Nollar şeýdip uzap gidýär: zehin, tertip-düzgün, söýgi...
Goşulýan her täze 0-uň adamkärçiligi 10 esse baýlaşdyrýandygyny düşündirdi mugallym... Soňra eline bozguç alyp, iň başdaky 1-i aýyrdy. Yzda bir setir 0 galdy. Iň soňunda mugallym bolup geçen zatlaryň manysyny aýtdy:
-Adamkärçiligiňiz bolmasa, beýlekiler hiç zatdyr.
Synp duýduryşy alyp, ümsüm bolup oturdy.

http://www.teswirler.com/index.php?q=blog&view=6510
____________________________
Hakydañda bolsun Hakyñ barlygy.
Ady dilde bolsun, hyýaly serde,
Biribardan gaýry sende hem mende,
Pena boljak yokdur ulaşsañ derde.

Şemlerin hekayasy

DÖRT sany şem ýylpyldap ýanýardy
Töwerek şeýle bir ümsümlikdi welin, şemleriñ sesine çenli eşidilýärdi.

Birinji şem :
-Men PARAHATÇYLYKDYRYN!
Adamlar meniñ bolan ýerimde parahat, rahat ýaşar. Emma nädeýin, hiç kim meniñ öçmän ýanyp durmagyma ýardam etmeýär. Her ýerde uruş, dawa-jenjel. Göwnüme bolmasa, tiz wagtdan sönerin-diýdi.
Onuñ ody çalt peseldi-de birdenem söndi...

İkinji şem:
-Men WEPADYRYN !
Men dost dünýesinde ösýän bir güldirin. Söýgi we adamkärçilik bagynda boý alyp, gunça açýaryn. Meniñ bar ýerimde ýalñyzlyk gider, damja derýa, derýa ummana döner. Emma meniñ gadyrym azaldy. Gadyrymyñ ýok ýerinde ýanyp durmagymyñam manysy ýok.
Şem sözüni tamamlap-tamamlamanka pessaýja ösen şemal ony hem söndürdi.

Üçünji şem :
-Men SÖÝGÜDİRİN !
Dünýä gelen her barlykda meniñ yzymy görersiñiz. Meniñ bilen bitewileşen ruhlar belentliklere ýeter. Çaga söýgi we mähir gujagynda rahatlanar. Güneşiñ daş töwereginde-de söýgi yzlary bardyr. Gül-gülälekler söýgi bilen ygşyldaşarlar. Ynsan göwnüni awlamagyñ iñ anyk ýoly söýgidir. Nädeýin, ýanara halym galmady. Adamlar meni unutdy. Gadyr-gymmatyma düşünmeýärler. Iñ ýakyn adamlaryny hem söýmegi unutdylar-diýdi
Uzaga çekmän ol hem sönüp gitdi.

Birden...
Otaga bir çaga girdi-de şemleriñ üçüsiniñem sönenini gördi.
Çagajyk: -Näme üçin ýanmaýarsyñyz? Siz zamana ahyryna çenli sönmän ýanmaly dälmidiñiz?"
diýip, gözlerinden boýur-boýur ýaş dökdi.

Şol pursat DÖRDÜNJI şem söze başlady:
- Gorkma, men ýanyp dursam, beýleki şemleri täzeden ýakyp bileris. Maña UMYT diýerler. Meniñ bar ýerimde her kes, her jemagat direler. Aşylmajak ýaly görünýän belentlikler meniñ bilen aşylar. Adamlar ömrüñ añyrsyndaky Gudraty soñsuza ýakynlaşar.

Päkligiñ, tämizligiñ durulygyñ simwoly bolan çagajyk nurly gözleri bilen UMYT ŞEMINI eline aldy-da beýleki şemleri ýeke-ýekeden ýakdy...

Umyt yşygynyñ ýagtysy ýaşaýşymyzda hiç wagt köremeli däldir.

Çünki ählimiz onuñ bilen birlikde PARAHATÇYLYGY, WEPANY, SÖÝGÜNI ýaşadyp bileris!!!!
PARAHATÇYLYK, WEPA, SÖÝGI, UMYT.

http://www.teswirler.com/index.php?q=blog&view=5870
____________________________
Hakydañda bolsun Hakyñ barlygy.
Ady dilde bolsun, hyýaly serde,
Biribardan gaýry sende hem mende,
Pena boljak yokdur ulaşsañ derde.

Üýtgän Suw

IDRIS Şa “Derwişleriň ertekisi”

“ Üýtgän Suw ”

Bir günlerde Musanyň mugallymy Hyzyr adamzada bela beterden habardar etmek üçin ýüzlenipdir.:
-Şeýle bir gün geler,dünýäň ähli suwy ýitip gider,ýeke ýörüte ýygnan suwyňyz galar. Soňra onuň ýerine täze suw geler, we ondan içen adamyň akylyndan azaşar- diýipdir.
Adamlaryň içinde ýeke bir adam, bu sözüň manysyna düşünüpdir. Ol suwdan ähtiýaçlyk alyp alyp bir bukurak ýerde goýupdyr. Onsoň kölüň suwy ýitip, üýtejek suwyň gelerine garaşypdyr.
Şol aýdylan günde diýişi ýaly, ähli köller ýitýär, guýylar bolsa guraýar, ýaňky adam, öz öýiniň daşynda ähtiýäçlyk goýan suwynyň ýanyna baryp içip geziberýär.
Ynha, bir näçe wagytlardan soňra, köller suwdan dolyp ýene-de öňki katdyna gelendigini görýär, muňa begenip ol adam oglynyň ýanlaryna barýar, baryp görse hiç kim öňki ýaly gürrüňler we pikirler edenok diýär ýaňkylar, bela-beterden habardar edilendigem olaň ýadyna düşenokmyşyn.Onsoň ýaňky adam olar bilen söhbetdeş bolup, bolan zatlar barada gurrün berse, ol adamlar muňa “ bu bir tentek”- diýip gaharlanýany haýsy, nebsi agyrýany haýsy diýar , ol ilatyň bu adamyň näme diýän zadyna hiç hili düşenenok ekeni.
Her gün diýen ýaly ,öňki ätiäçlyk goýan suwunuň ýanyna gelip, ellemän ýene-de yzyna gaýtýamyşyn. Ahyryn soň, täze suwdan içmegini ýüregine düwýär.-sebäbi ol bir topar adamlaň içinde, hereketi bilen pikiri- çydamsyz ýalňyzlykda galypdyr(garaz ýekelikde galýar). Ol täze suwdan içip, olam şol täze suwdan içen adamlar bilen deň bolupdy. We şeýlelikde özünüň goýan ähtiäç suwyny ýatdan çykardy. Töweregindäki adamalar , bir gudrat bilen bu akylyndan azaşan ynsan däliliginden gutuldy diýip hasap edipdirler

* Bu legendäniň awtory bolan 860 ýogalan Zun Nun al Misri diýen müssurli adam bolupdyr . Bu erteki “terki daşdan doganlyk/” diýen gruppalar bilen baglanşykdyr. Zu Nun derwişleriň Malamataýa synpynyň köne şahsy adamydyr. Günbatar(Zapad) filosoflaryň aýtmagyna görä “Massonlaryň doganlary “ diýen synpyna şeýle bir ugurdaşdygyny belläp geçýärler .Bir wagytlar Zun Nun faraon harplarynyň manysyny düşündürip bilýär eken..
* Bu Saýd Sabyr Ali Şa diýen keramatly Çiştiýa diýen synpynyň gürrünleri diýen çaklama bar. Ol 1818 ýylda ölýar

http://www.teswirler.com/index.php?q=blog&view=5785
____________________________
Hakydañda bolsun Hakyñ barlygy.
Ady dilde bolsun, hyýaly serde,
Biribardan gaýry sende hem mende,
Pena boljak yokdur ulaşsañ derde.

adamlaryn dilini tapmak

Garry bir ýaşuly pensiýa çykar we özine mekdebiň ýanynda kiçiräk öý satyn alar. İlki günler wagtyny oňat geçirer ýöne soňra okuw başlansoň okuwdan çykan çagalar ýoldan her geçenlerinde ýoldaky musur bedreleri depişdirip ala-galmagal edip ýaşula maza bermezler.
Bu dynywsyz gohlar günlerçe dowam eder we ýaşuly öziçe munyň çaresini gözläp başlar. Ertesi gün çagalar gohlap ýoldan geçip baryarka olaryň öňinden çykyp olary saklap: “Siz yaman eyjejik çagalar, gowja-da keyp edyaňiz. Menem siziň ýaşyňyzdakam edil siz yaly goh çykarmakdan keyp alardym, maňa ýaşlygymy ýatlatýaňyz. Eger her gün bärden geçseňiz we goh etseňiz size günlik 5 manat berjek” diyen.
Bu teklip çagalara-da ýarar we goh etmäge dowam ederler. Bir-ki gün soňra ýaşuly çagalaň öňinden çykyp “Çagalar, bu günler pullaryň hümmeti gaçyp ugrady, indiden beyläk men size 1 manat berip biljek” diýýar. Çagalar kän göwnemeseler-de ylalaşmaly bolupdyrlar. Aradan ýene birnäçe gün geçensoň ýaşuly çagalary ýene saklap olara:”Diňlaň, entek men aýlygymy almadym şoň üçin men size 500 köpik berip biljek, bolýamy?” “Bu bolup bilmez” diýen çagalardan biri. “Günde 500 köpük üçin bu işi etjegimizi pikir etýan bolsaň ýalňyşýarsyň, işi taşlaýas”

http://www.teswirler.com/index.php?q=blog&view=5707
____________________________
Hakydañda bolsun Hakyñ barlygy.
Ady dilde bolsun, hyýaly serde,
Biribardan gaýry sende hem mende,
Pena boljak yokdur ulaşsañ derde.

it we sopy

Idris Şah “Derwişleriň ertekisi”
“It, Sopy, we sopyň taýagy”

Bir adam sopyň eşiginde ýoldan gidip barýarka, ýoldan sömpüldäp barýan iti(güjügi) görüp, özüniň taýagy (pişegi) bilen ýenjip goýberýär. Ol it agyrydan waňkyryp Abu-Saýyd diýen akyldar danaň ýanyna ylgap barýar. Ol it onuň aýagyna ýykylyp, hemme bolan wakany gürrüň berýär, ýara salynan aýagynam görkezýär we onuň bilen rehimsizlik edip ýenjen sopyň arasynda kazylyk etmegini haýyş edýär.
Akyldar dana ikisinem ýanyna çagyryp sopa şeýle ýüzlenýär: ” Hey kellesiz!, gürläp bilmeýän jandar näme sebäp bilen beýle rehimsizlik we zalymlyk etdiň, Gör ahyryn jäneweri horlapsyňa “ –diýipdir.
-Men oňa sebäp däl,hemmä zada güjügiň özi günäkär. Men ony keýpine urammok, ol meniň köýnegimi hapalady -diýenmiş
Ol köpek özüni adalatsyz öýkeländilendigine hasap etmäni dowam edipdir, onda ol beýik akyldar dana ite şeýle ýüzlenip “Seniň öýkäňi Ahyrýet Terezisine çenli saklamazlyk üçin, maňa, seniň horluk azabyň öwezini (kompensasiýa) bermekligi rusgat ediň” diýip jogap beripdir
Onda It :
“Ýa Beýik hem Dana! Bu adamy sopyň eşiginde görüp, maňa zeper ýetiresi ýok diýip pikir etdim. Eger-de men ony ýönekeý eşikde gören bolsam, onda men özümi daşyrakda saklajak bolup çalşardym. Meniň ýekeje günäm bar, olam hakykata gulluk etýäniň daşky sypaty howupsyzlygyň kepili (garantiýasy) diýip hasap etdim. Eger-de ony jezalandyrjak bolsaň, Taňryň ýoluna düşen kişi bolan dinçi eşigini sypyryp alyň. Onyň dinçi eşigini mahrym ediň …. “diýip jogap beripdir.
Itiň özem hakykat basgançagynyň bir basgançagynda duran eken.
Adam- itden, hökman gowy bolmaly diýip pikir etmegiň özi ýalňyşlykdyr.

Ekzotriki we dini düşünje boýunça "Şertleýin" formada bolan sopyň eşikleri ,onyň içki ahlak dünýäsem şonyň sypaty ýaly serpikmelidigini nygtap geçýär.
* Bu erteki Attariniň (Ilahi nama) “Taňryň nazary siňen” diýen kitabyndan alynan, munu kamil derwişler “masgara ýolyndan” gidýän derwişlere gaýtalap gürrüň berýärler eken.

http://www.teswirler.com/index.php?q=blog&view=5589
____________________________
Hakydañda bolsun Hakyñ barlygy.
Ady dilde bolsun, hyýaly serde,
Biribardan gaýry sende hem mende,
Pena boljak yokdur ulaşsañ derde.

Telpekler (1 kisiden 5 sany)

Bu komment ucin
  • GaraDag 5 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Göni gelen keýigiň iki gözünden başga aýby ýok

Göçme manysynda köplenç adamlar arasyndaky gatnaşyklar babatda ulanylýan
bu aýtgynyň asylky manysy barada awçy Akmämmet aga şeýle gürrüň
bererdi:

— Kä ýylyň gyşy gaty agyr gelýár. Dünyáni gar basyp, erär ýerde eränok.
şeýle doňaklyk uzaga çekse, keýik gäleleri gaçybatalga edinen
çagatlygynyň (çagat diýip, giňiş oýtakda tümmek-tümmek bolup ýatan
çöplük ýere aýdylýar) otuny-çópüni iýip gutarýarlar, çygyryny
çykarýarlar. Howa birneme gowşap, garlar eräp, meýdandaky ot-çöpüň üsti
ýukalmasa, keýikler örän agyr ýagdaýa düşýär. Dünýesiniň düzüw wagty
adam görse gaçýandyr weli, ýaňky ýaly ýagdaýda janawerler adamdan dalda
gözleýärler. Adamlaryň goýna berýän otundan hantama bolup, guýynyň
başynda, süriniň tówereginde, ot daşalýan ýollarda düzüm-düzüm bolşup
durandyrlar. Özlerem şeýle bir gözgyny bolýarlar. Uzak-uzak ýollary
söküp, çölüň jümmüşinden garly-buzly ýerlerden batyp-çomup gelensoň
aýaklary dagam hamy syprylyp, gyzylinjik bolup durandyr. Atmaga-tutmaga
dagy dözer ýaly däldir. Tutaýaňda-da, ondan «agzyň tagam tapjak gümany
yok, gaty hor, çala jany bolýar. Şeýdip, eňki agan janawerler
gaçyran-galdyran ot-çöpüňi iýjek bolup, aýagyňa çolaşyp ýörendirler.
Dogry yüzüňe seredip durandyrlar. Beýle ýagdaýda adam oňa degmeýär. Ana,
şolam türkmen dilindäki «Dogry gelen keýigiň iki gözünden başga aýby
ýok» diýilýäni bolýar.

Bir gezek çölde aw edip ýördüm weli, bir keýik kellesini aşak salyp,
ujala girip gitdi-de, soňam bärsine bakyp, dogry ýüzüme seretdi-de
duruberdi (ýüzugra aýtsak, sähra ýerde edil ýap ýaly uzalyp gidýän oý
ýerler bolýar, ana, şoňa «ujal» diýýärler). Şeýle ýagdaýda awçy oňa
degmeýär. Sebäbi ol janawer öz ykbalyny seniň ynsabyña goýýar... Çöl
haýwany bolsun, dag ýyrtyjysy bolsun, gyssaga düşende ynsanyň belent
häsiýetine, ynsaply kalbyna, dözümsiz ýüregine bil baglaýar... Şeýle
bolanda awuň yşgyna düşüp, kellesi göçen awçam kürtdürip durýar-da,
aklyna aýlanyar...Göni gözüne seredip duran haýwany öldürmäge ynsaby
çatanok. Adamlar arasynda-da, bir adam eden işiniň telekdigini boýun
alyp, dogry ótünç sorasa ýa-da: «Özüň näme etseň edäý, şu şeýle boldy»
diýse, mert türkmen onuň günásini geçýándir. Şeýle ýagdaýda: «Göni gelen
keýigiň iki gözünden başga aýby ýok» diýen pähime eýerýärler.

Ejegyz Çaryýewa, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.ozalam okan bolmagyngyzam mumkin...

http://www.teswirler.com/index.php?q=blog&view=5164
____________________________
Hakydañda bolsun Hakyñ barlygy.
Ady dilde bolsun, hyýaly serde,
Biribardan gaýry sende hem mende,
Pena boljak yokdur ulaşsañ derde.

ELIŇDÄKINIŇ GADYRYNY BIL

Paltolary ýyrtyk-myrtyk bolan iki sany çaga gapymy kakdy:
– Köne gazetiňiz barmy, hanym?- Işim kändi. Ilki ýok diýmek isledim, ýöne aýaklaryna gözüm düşen badyna dymdym. Ikisiniň hem aýagynda köne köwüş bardy we aýaklary öldi.
– Öýe giriň, size çaý taýýarlap bereýin.- diýdim. Hiç geplemeýärdiler. Öl köwüşleri halyda yz galdyrypdy. Olara çaýyň ýany bilen bal hem taýýarlap berdim. Belki daşarynyň sowugyny ýatlaryndan çykardyp bilerin we azajyk-da bolsa çagalary ýylandyryp bilerin umydy bilen.
Olar pejiň öňünde garynlaryny ýazýarkalar men hem aşhana bardym we galan işlerimi tamamlamaga durdum. Ýöne olaryň oturan otagyndaky sessizlik ünsümi çekdi, başymy içine uzatdym. Kiçijik gyz elindäki boş käsä seredýärdi. Oglanjyk maňa seretdi we:
– Hanym, siz baýmy?- diýip sorady.
– Baýmy? Hä-ä, ýok!- diýip çaga jogap berýärkäm gözlerim birden ýanyndaky gyzjagaza tarap gaýdy. Gyzjagaz elindäki käsäni tabajygyna ýerleşdirdi we: – Siziň käseleriňiz we käse tabajyklaryňyz bar.- diýdi. Sesindäki açlyk garyn açlygyna meňzemeýärdi. Soňra gazetlerini alyp, daşarydaky sowuga çykdylar. Sag bolsun hem aýtmandylar, ýöne bu gerekli däldi. Sag bolsun aýtmakdan has gowy iş bitiripdiler. Gök käselerim we käse tabajyklarym jübütdi. Bişiren kartoşkamyň tagamyna seretdim. Kartoşkalar gyzgyndy, başymyzy sokar ýaly öýümiz bardy. Ýoldaşym bardy we ýoldaşymyň hem işi bardy. Bular hem käselerim we käse tabajyklarym ýaly biri-birine uýýardylar. Oturgyçlary pejiň öňünden aýryp, ýerlerine goýdum. Çagalaryň köwüşleriniň yzlary heniz hem halynyň üstünden aýrylmandy. Aýak yzlaryny süpürmedim. Mundan soňra hem süpürmerin, nähili baýdygymyzy unadaýmagym mümkin belki.

http://www.teswirler.com/index.php?q=blog&view=6511
____________________________
Hakydañda bolsun Hakyñ barlygy.
Ady dilde bolsun, hyýaly serde,
Biribardan gaýry sende hem mende,
Pena boljak yokdur ulaşsañ derde.

Täçmahalyň döreýşi

Jahan şa Şiraz şäherinde bir ussat mygmaryň —
binaçynyň bardygyny eşidip, ony ýanyna çagyrýar. Ol mygmar sopuçylyk ylmyna berlen adam eken. Özüni Şirazy diýip atlandyran mygmary Jahan şa dergähine çagyrýar:

— Sen hakda köp gürrüň bar. Meniň eşidişime görä, sen adamyň elinden tutup, ýüzüni, boý-syratyny, aýaldygyny ýa erkekdigini
görmezden, şol adamyň heýkelini döredip bilýär­mişiň. Şu dogrumy?

— Siz hakykaty eşidipsiňiz, hökümdar.

— Munuň hakykatdygyny nädip subut edersiň?

— Siz öz köşgüňiziň zenanlaryndan ýigrimi bäş sanysyny perdäniň aňry tarapynda goýuň. Goý, men olaryň ýekejesiniň hem ýüz keşbini görmäýin. Ýöne gerlen perdede olaryň ellerinden tutup görmäge mümkinçilik bolsun. Şonda men olaryň birisini saýlap alaýyn we şol saýlan zenanymyň ýüzüni görmesem hem heýkelini janly ýaly edip döredeýin — diýip, Şirazy aýdypdyr. — Hökümdar, ýöne meniň hem bir şertim bar. Ýigrimi bäş zenanyň içinden meniň heýkelini döreden gyzyma öýlenmäge rugsat beriň. Heýkeliň sähelçe kemçiligi bolsa, size meniň şertimi berjaý etmegiň zerurlygy bolmaz.

Jahan şa Şiraza elini uzadypdyr:

— Men seniň şertiň bilen ylalaşýaryn.

Perdäniň aňyrsynda köşkdäki owadan gyrnaklary hatara durzupdyrlar. Şirazy olaryň ellerinden tutup, hiç birisinde-de saklanmandyr. Şanyň gyzy bilesigelijilik bilen perdäniň aňyrsyndan elini uzadypdyr. Onuň elinden tutan Şirazy birden saklanypdyr.
— Ine, maňa gerek el!
Şirazy gyzyň eline öz ýüzügini geýdiripdir. Bu barada eşiden şa ör-gökden gelipdir: «Eý, gyzym, bu näme etdigiň boldugy seniň? Ol garyp kişi birden seniň heýkeliňi döredäýse nädersiň?». «Ol meni görenog-a, kaka». Şu pikir Jahan şaga belli bir derejede teselli beripdir.

Heýkeltaraş üç aýlap ussahanadan çykman, gije-gündiz işläpdir.
Heýkel taýýar bolupdyr. Jahan şa öz wezir-wekilleri bilen heýkeli görmäge barypdyr.Görse, şanyň gyzy gelenleriň öňünde sülmüräp dur. Gelenler birbada heýkeli şanyň gyzydyr öýdüpdirler. Tas şanyň özem gyzyndan: «Sen bu ýerde näme işläp ýörsüň?» diýip soran eken.
Şa serede-serede heýkelden ýeke kemçiligem tapmandyr. Onda-da gyzyny heýkeltaraşa bermezlik üçin heýkelden kemçilik agtaryp, gaty kösenipdir. Hernäçe yhlas etse-de, kemçilik tapyp
bilmändir.Heýkeliň hakyt gyzyna meňzeýändigini görende şanyň aýaly-ha hasam erbet boldy. Gyzynyň garyp heýkeltaraşa durmuşa çykmaly boljakdygyny gaýgy edip näsaglapdyr. Ol şol wagt göwreli bolansoň, wagtyndan biraz öň çaga dogrup, ýaş üstünden aýrylýar. Şanyň aýalynyň ady Mumtaj Mahaldy. Şa agyr ýagdaýda Şirazy ýanyna çagyryp, hakykaty, bolan zatlary doly gürrüň berýär.

— Merhemetli hökümdar, siz maňa beren sözüňiz üçin biynjalyk bolmaň. Hökman däl. Men siziň aýalyňyzyň ölümine sebäp bolandygyma çäksiz gynanýaryn. Men gelen ýerime — Şiraza giderin.

Gyzyňyz maňa durmuşa çyksyn diýip aýtmazlyga söz berýärin. Siz bu barada beren ähtiňizi ýadyňyzdan çykaryň.

— Bu mümkin däl — diýip, Jahan şa janykdy. — Men ýadymdan çykaryp bilemok. Sen garaş. Men oýlanaýyn, bir çykalga taparyn.Şa wezirlerine maslahat salýar. Baş wezir şeýle maslahat berýär.

— Bir iş gyzyňy bermek üçin az

bolýar. Bu heýkeltaraş, goý, ýene bir gudrat görkezsin.

— Näme etsin?

— Seniň aýalyň ýogaldy. Goý, heýkeltaraş aýalyň mazary üçin entek dünýäde ýok türbetiň çyzgysyny taýýarlasyn. Biz onuň taýýarlan türbetini halamarys. Wessalam! Şirazy Şiraza gaýdar.

Şiraza şanyň aýalynyň mazary üçin dünýäde iň gözel türbet gurmak isleýändikleri, şonuň üçinem, ilki türbetiň çyzgysyny taýýarlamalydygy, çyzgy şaga ýaran ýagdaýynda şa gyzynyň oňa durmuşa çykaryljakdygy aýdylýar.Şirazy:

— Men razy — diýýär.

Jahan şa:

«Men hiç haçanam razy bolmaryn» diýip, içini gepledýär.

Şirazy yhlas bilen işe girişýär. Owadandan owadan çyzgylar edýär. Çekilen türbetleriň çyzgylary, her näçe gowy bolsa-da, Jahan şa her gezek şol bir sözüni gaýtalaýar: «Göwnümden turanok».Baş wezir agyr ýagdaýa düşýär.
Çünki, Şirazynyň taýýarlaýan çyzgylary juda owadandy, «Halamadym, bolanok» diýmäge ynsabyň çatar ýaly däldi. Baş wezir ahyr çykalga tapýar. Ol heýkeltaraşyň gulagyna iler ýaly myş-myş ýaýradýar: «Heýkeltaraşyň öýlenmekçi bolýan şa gyzy gaty agyr ýagdaýda kesel ýatyrmyş». Baş wezir ikinji hepde gyzyň ýagdaýy agyrlaşýarmyş diýip, myş-myş ýaýradýar, üçünji hepdäniň myş-myşy hem şa gyzynyň agyr keselden galman, ölendigi hakyndady. Şol habar baranda Şirazy türbetiň soňky nusgasyny taýýarlaýardy.Şirazy soňky nusgany şaga eltip berdi. Soňky nusgany gören şa «Halamok» diýip bilmedi, bu sözi aýtmaga ynsaby çatmady.

http://www.teswirler.com/index.php?q=blog&view=6745
____________________________
Hakydañda bolsun Hakyñ barlygy.
Ady dilde bolsun, hyýaly serde,
Biribardan gaýry sende hem mende,
Pena boljak yokdur ulaşsañ derde.

Iki sany gozi kor adam

Iki sany gozi kor adam shahering seyilgahinde bu yere gelen adamlardan pul dilemek uchin duryar.Olaryng ikisi hem kagyza hat yazyp,kagyzy boynundan asyp,shol yerde garashyar.

Birinji kor adamyng boynundaky hatda:

,,Kore yardam eding,,diyen yazgy bolyar.Seyilgahden gechen adamlaryng hemmesi ony okayar,emma olaryng ichinden onga pul berjek tapylmayar.

Korlering beylekisining boynundan asylan yazgyda sheyle sozler bar:

,,Guyz pasly nahili owadan...Emma mening gozlerim kor,,.

Bu sozlemleri okan adamlaryng ichinde hatda gechip gitmekchi bolup birki adim onge yoranem bolsa,yzyna donup,korung yanyna gelip pul berenleri tapylypdyr.

http://www.teswirler.com/index.php?q=blog&view=8414
____________________________
Hakydañda bolsun Hakyñ barlygy.
Ady dilde bolsun, hyýaly serde,
Biribardan gaýry sende hem mende,
Pena boljak yokdur ulaşsañ derde.

Günlerde bir gün Gül

Günlerde bir gün Gül bilen Suw tanyşyp dost bolarlar. Wagtyň geçmegi bilen bularyň dostluklary şeyle bir berkär weli bular bir-birini has gowy tanap başlarlar. Birgün Gül özüni şeylebir bagtly duyar, şatlygy
gursagyna sygmaz, soň düşüner Suwa aşyk bolanini... ilkinji sapar aşyk bolan Gül,daş-töweregine yakimli ys saçyp başlar, “diňe seniň uçin ey Suw” diyip. Wagt geler Suwam kalbynda birzatlar duyup başlar,olam Güle aşyk bolanini pikir eder, emma Suwňyam ilkinji sapar aşyk boluşydyr... Günler aylar geçer, Gül “ Suw meni
söyyärmika?” diyip pikirlenip başlar, sebäbi Suw Güle onçabir üns bermeyän eken, ahyr soňy Gül çydap bilmän Suwa “ seni söyyän” diyer, muňa garşylyk Suwam “menem seni söyyän” diyer. Yene aradan
ep-esli wagt geçer, Gül yene de “seni söyyän” diyer Suwa, olam “ menem” diyer. Gül sabyrly bolup garaşypdyr, şeyle wagt gelipdir welin Gül öňki halyny yitiripdir, öňki yali daş töweregine hoşboy ys yayratmasyny bes edipdir, yene çydap bilmän Suwa “ men seni söyyän” diyipdir, oňa garşylyk Suw “ aytdima, menem seni söyyän”diyer. Inede bir gün geler Gül hassa bolar, reňki solar, öňkiler yali şadiyanligi galmaz. Suw Güliň halyna gaty gynanar, günboyi onuň yaninda bolar, Gül öz öljegini bilip bu sapar “men seni
çyndan söyyan” diyer Suwa, Suwam gaty gynanar, söygulisini bu hala getiren hassalygyň sebäbini bilmek üçin lukman çagyrar. Lukman Güliň hassalygyny anyklap “hassanyň haly gaty agyr, indi elimizden hiçzat gelmez” diyer. Suw yene bir sapar Güle seredip lukmandan hassalygyň sebäbini sorar. Lukman şeyle jogap
berer “aslynda Güliň hiçbir keseli yokdi, Gül diňe suwsyz galypdyr” diyer. Şonda Suw , söyguliňe diňe “seni söyyän” diymegiň yeterli däldigine düşüner...

http://www.teswirler.com/index.php?q=blog&view=8340
____________________________
Hakydañda bolsun Hakyñ barlygy.
Ady dilde bolsun, hyýaly serde,
Biribardan gaýry sende hem mende,
Pena boljak yokdur ulaşsañ derde.

Yhlas, men teswirlerde

Yhlas, men teswirlerde yazypdym "Teswirlerde, tmolympiad'dan 1 blog ya-da quote bilen jogap berip bolmajak mowzuk gormedim" diyip.
Yokardaky hekaya hem tmolympiad'da 3 yil mundan ozal yazylypdy:
http://www.tmolympiad.org/?q=node/2390

Yagny, yokardaky link'i teswirlere akidip goymaly :)

P.S. Bovrek natdi? Agyryarmy entegem?

Telpekler (1 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Reschik 2 telpek goyyar we yazyar: "Berdim gitdi:))"

Quote: Teswirlerde,

Quote:

Teswirlerde, tmolympiad'dan 1 blog ya-da quote bilen jogap berip bolmajak mowzuk gormedim

Teswirlerin agzalary gaty gormedimi bey diysen? Ay tmolympin in gyzykly pik dowrunde Turkmenistanda internet gaty pesdi. Hazir bolsa moda bolan yaly, ulanyjy kan. Barinin pik dowrunde Turkmenistanyn internet yagdayi gowy bolan bolsa, barde hem agza kan serederdi diyyan (pik dowrunde gunde 400-600 visit bardy).

Yone teswirler gowy sayt. Talyplar nahili bolupdyr? Ol yerde adam sany azalan yaly, yazgylaram onkuleri yaly dal.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Mena teswirlere esasanam

Mena teswirlere esasanam bardaki kone "shayka"-myz uçin baryan, talyplarda isim yok :)
Yok, gaty gormediler...Teswirlerdaki kop agza bizdenem yasyrak, tmolympiad'daky yaly, bet argumentler bilen,
herkim oz pozitsiasyny gorap, gyzykly gurrunler etmek gaty kyn. Tankyda owrenismedik, sen birhili yaman bolayyan :)

Tm'da kop kisi telefondan

Tm'da kop kisi telefondan girya (menem sheyle), shonun ucin teswirlerin mobile wersiyasy gowy komek edya :) hemem Pikirler bolumi gowulaý, flood ucin :)