Mugallym bilen Okuwchynyn arasyndaky dini sapak

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Bismillahir-rahmanir-rahim

birinji sapak:
Alah bizin robbimizdir

Mugallym: Esselamu aleykum we rahmetulloh we berokatyh
Talyplar: we aleykum-esselam we rahmetullahi we berokatuh
Mugallym: siz "Yhlas" suresini yatladynyzmy?
Talyplar: howa yatladyk
Mugallym: Ahmet,sen shol surani oka.Biz bolsa dinlali!

Ahmet:
أعوذ بالله من الشيطان الرجيم , بسم الله الرحمن الرحيم

{قل هوالله أحد , الله الصمد , لم يلدولم يولدولم يكن له كفواأحد}
Mugallym: berekella Ahmet! gaty gowy okadyn indi bolsa bizin robbimiz kidmdigini bilelin.
Tahyr:Bizin Robbimiz - bizi yaradan we oz nygmatlary bilen dolandyran hem-de yagshy zatlardan ryzyklandyryan Allahdyr.
Mugallym: Biz robbimizi haysy zatlar bilen tanap bileris?
Abdullah: Biz robbimizi kop sany zatlar bilen tanap bileris. Olardan: Gije,gundiz,gun,ay, we shona menzeshler.
Mugallym: howa. hakykatdan hem, Asmanlary we yeri, gijani we gundizi, guni we ayy yaradan, Alla tagalanyn ozudir. Hem-de ol yagmyry (yagysh) inderip islan zadyny ryzyklandyryar. ol ahli zada kadyrdyr we basharyandyr, shonun ucin hem ona shirk getirman dine ozune ybadat etmek wajyp bolyar.
Tahyr: Alla tagala haysy ybadaty musulmanlar ucin kanun edip goydy?
Mugallym: Ybadat - diymek: Zahir (goze gorunyan) we batyn (gorunmeyan) sozlerden we ishlerden ybarat bolan we Alla tagala shony soyyan we ol zatlardan (sozlerden we ishlerden
arazy bolyan her bir zady oz ichine jemleyan bir atdyr. ybadatlan goze gorunyanlerne - zahiri ybadatlar diyilyar. Mysal ucin: namaz,haj,sadaka we shona menzeshler. yhlas we roza yaly gizli bolanlaryna bolsa batyny ybadatlar diyilyar.
Ibrahim: Bize ybadat hakda bulardan bashgada koprak mysallar getirmeginizi isleyaris.
Mugallym: size bir nachhe mysalary aydayyn. shol mysallardaky ybadatlan hichisini Alla tagaladan bashga zada saryp etmek jaiz (durus - bolyan) daldir.
Olardan: doga,gorky, umytetmeklik,towekkellik,howeslenmek,nezir(zat aytmak),damak chalmak (hormatly bolany ucin birinden) gorukmak,yardam dilemek, pena soramak,yagmyr (yagysh) dilemek we shona menzeshler. bu aydyp gechen ybadatlarymyzdan ybadatyn gornushleri kop.
serdar: bize ybadatyn kabir gornushlerini aydyp gechdiniz olara delil barmy?
Mugallym: howa. deliller kop.Olary Kur'ani kerimde we Pygambermiz Muhammet (s.a.w) iň sahih hadislaryndan tapmak mumkin shol delillerden kabirlerini dinlan!
Doga etmeklige (yagny, bashga zatlardan dileg etmek, dine yeke-tak Allaha doga etmekligine delil "JYN" surasynyn 18-nji ayaty:
{وأن المساجدلله فلا تدعوا مع الله أحدا}
"ُElvetde, (hemme) Mesjitler Alla tagalanynkydyr (Mesjitlerde) Alla bilen bile bashga birine doga etman (chagyrman)
Umyt etmane delil kahf surasynyn 110 -nji ayaty:
{فمن كان يرجولقاءربه فليعمل عملاصالحاولايشرك بعبادةربه أحدا}
"kim perwerdegarine dush gelmekden umydygar bolsa,onda yagshy amal etsin we perwerdegarine ybadat edende ona hich kimi sharik etmesin (yagny,etyan kabir amallaryny yalnyz Alla ucin etsin)"
yardam soramaklyga delil "fatiha" surasynyn 5-nji ayaty:
{إياك نعبدوإياك نستعين}
"dine sana ybadat etyaris we dine senden medet dileyaris"
damak chalmagy delili: "En'am" suresinin 162-nji ayaty:
{قل إن صلاتي ونسكي ومحياي ومماتي لله رب العالمين,لاشريك له وبذالك أمرت وأنا أول المسلمين}
"Ayt (ey Muhammet), Elbetde menin namazym we ybadatlarym,diriligim we olumim alemlerin Perwerdegari (eyesi) bolan Alla tagala uchindir.Onun hich hili sharigi (deni-tayy)yokdyr.Menshuna (yagny Alla tagalaga yhlas-ybadat etmane) buyruldum we men boyun egijilerin ilkinjisidirin".
Guwanch: Alla tagalanyn (نسكي) diyen sozunin manysy name?
Mugallym:(نسكي) sozun manysy, Alla ta
galaga yakynlashmak ucin soyyan gurbalygym diymekdir.Bilshimiz yaly jahil (Hich zat bilmeyan) adamlaryn kopusi gurbanlyk soyanlarynda Alla tagaladan bashga zadyn adyny tutyp soyyarlar. gabyrda yatan meyitlerden (olulerden) peyda hasyl bolar ya-da yamanlyk dap bolar diyip, gurbanlyklaryny sholara bagysh etyarler. bu bolsa yslam sherigatyna garshy gelyar.
Pena dilemegin delili hakynda bolsa bizde sunnetden hawla binti hakim (razy-yallahu anha) atly sahaba ayalyn sahyh (dogry) hadysy bar.
{عن خولة بنت حكيم رضي اللله عنها قالت:سمعت رسول الله صلى الله عليه وسلم يقول: من نزل منزلا فقال: أعوذ بكلمات الله التامات من شر ما خلق’لم يضره شيء حتي يرتحل من منزله ذلك}.
Rasulullah (s.a.w) in: {bur adam bir yerde dushlande: " Alla tagalanyn kamil kemsiz kelimeleri bilen onun yaradan zatlarynyn ichindaki ervetlerinden pena dileyarin",- diyse, sholyeri tashlap gityancha ona hich zat zeper (zyyan)
yetirip bilmez}, - diyenini eshitdim diyip olshu hadysy rowayat edipdir.
(Ymam muslimin rowayaty)
Aydyp gechen zatlarymyzyn gysgachasy: bizi yaradan robbimizi tanamak we bize sherigat edip beren zady bilen ona ybadat etmek hem-de onda bashga zada etmezlik biz ucin wajypdyr."Yhlas" suresinden bilshimiz yaly,Alla tagala dendeshi we menzeshi, weziri we chagasy bolmadyk yalnyz, yeketak zatdyr.Ol bendelerinin hemmesinden baydyr we olara matachligi yokdyr,belki olaryn hemmesi hajatlaryny Alladan sorayarlar.
Diymek,sharigi bolmadykdine ol yeketak Alla tagala ybadata haklydyr.

dowamy bardyr doganlar.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu yazgi ucin

  • Basaran89 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

bahh "Rabbimiz" dalde

bahh "Rabbimiz" dalde "Robbimiz" diyyang welin sen haysy dilde dini maglumat ogrending?

Rabbimiz dal Robbimiz dost

Aslymarly dost yslam dinin asly nireden chykan bolsa shol yerdern owrenyan dini, yone sen rab diyipsin welin sen turkmenche diyyana dalsin, ol soz turkmen dilinde bolmadyk ol soze derek Huday diyilyar biz turkmenlerde yone men sen bilen jedelleshjek dal barik jedelleshmek ucin gelmedim bir zatlar owrenmane we pashlashmana geldim dost saglygyn.

Sana bir zat aydayyn! Ozuna

Sana bir zat aydayyn! Ozuna din dersi berjek bolyan, ustesine-de blogynda bir zatlar yazyan birine ony kemsidiji ahende sozler ulanyan! Hamana sen Yslam dinini butunley bilyan yaly. Ilki "yone men sen bilen jedelleshjek dal barik jedelleshmek ucin gelmedim" diyen soz bilen bashlamagyn ozunde biraz agressiv harakterin barlygyny gorkezyar. Din dersi soygi bilen bashlayandyr, beylekileri dymdyrmak bilen dal! Gayrat etde, yazanda yumshagyrak jogaplar yaz, men senin yazyan zatlarynda kemchilik bar diyemok, yone eger senin blogyna bir zatlar yazyan birine sheyle jogaplar gaytaryp otyrsan, myhmanyn kop bolmazmyka diyyan!
Birem her dersi ayratyn blog edip yazma-da hemmesini bir blogda jemlesen hasam gowy bolar! Yogsa herkime hersine ayratyn ayratyn girmek ansat dushmez! Onda name, ustunlik arzuw etyan, goy beyleki agzalaram size goldag bersin!

Telpekler (2 kisiden 6 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 5 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • aslymarly 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

sagja bol dost

beren maslahatyn ucin sagja bol dost

Ikinji sapak Yslam Bizin

Ikinji sapak

Yslam Bizin dinimiz

Mugallym: gechen sapakda ybadatyn hemmesi sharigi bolmadyk yeke-tak Alla ucinligini bildik. indi bolsa, Alla tagala ucin bolsa ybadatymyzy biz haysy dinin ady bilen etyandigimizi bilelin!
Myrat: Bizin dinimiz - yslam dinidir.
Mugallym: Berekella myrat! Hazir men size Yslam ozune delalat etyan kabir manylary aydayyn. sonra bolsa, Yslamyn rukunlerini (sutunlerini) oz icinde jemleyan bir hadysy yatlap gechelin, Yslam sozu, Alla tagalany birlemek bilen ona boyun bolmak we tagat bilen onun diyenini etmek hem-de shirikden halas bolmaklyga delalat etyar.Alla tagalada adamlardan yslamdan bashga dini kabul etmeyar. ona delil "ali ymran" (3-nji) suresinin 19-nji ayaty:
{إن الدين عند الله الإسلام}

"Elbetde, Alla tagalanyn huzurynda kabul boljak din -Yslam dinidir".
Ona "ali ymran" (3) suresinin 85-nji ayaty hem yene bir delildir.
{ومن يبتغ غير الإسلام دينا فلن يقبل منه وهو في الآخرةمن الخاسرين}

"Kim Yslamdan bashga dini islese onda (onun ol dini Allahyn huzurynda) elbetde,kabul bolmaz we ol ahyryetde hasrat chekijilerden bolar".
diymek, bu dine yapyshmak we ony berk saklamak bize wajip eken.indi bolsa, yslamyn rukunlerini oz ichinde jemlan hadysy okalyn.

{عن عبدالله بن عمر رضي الله عنهما قال: قال رسول الله صلى الله عليه و سلم :بني الاسلام علي خمس :شهادة أن لا إله إلا الله وأن محمدا عبده و رسوله ,وإقام الصلاة , وإيتاء الزكاة ,و صوم رمضان ,و حج البيت}

Rasulullah (s.a.w). {Ysalam bash (surunin) ustunde gurulandyr: "la ilaha illallah muhammet rasullulah" (yagny, yeke alladan bashga ybadat etmeklige layyk zat yok we muhammet (s.a.w) Allanyn hak ilchisi we bendesi) diyip, shayatlyk bermek,namazy berjay etmek,zekat chykarmak, remezan ayynda roza tutmak (agyz beklemek),Beytullah (Allahyn oyune) haj zyyaratyny etmek},- diydi diyip, Albdullah ibn omar (r.a) rowayat etyar.
(Buhary we Muslim)
Tahyr:iki shahadetin manysyny bilesim gelyar
Mugallym: "la ilahe illallohy"shahadetinin manysy - yeke-tak ALladan bashga ybadat edilyan hak zat yok we Alladan bashga ybadat edilyanlerin ybadaty batyl diymekdir.
Delili: ;Ali ymran" (3) surasynyn 18-nji ayaty:

{شهد الله أنه لا إله إلا هو و الملائكة وأولوا العلم قائما بالقسط.لا إله إلا هو العزيز الحكيم}

"Alla tagalaga, perishdeler we adalat bilen hokum ediji ylym ahilleri: "yalyz alladan bashga hich hili huday yok, dine onun ozi bar", - diyip, guwalik berdiler.hich hili tanry yok, dine onun ozi bar. Ol gudratly hikmet eyesidir".
"muhammedun Rasullullah" shahadetinin manysy bolsa, Alla tagala Muhammet (s.a.w)-i Adamlaryn hemmesi ucin yslam dini bilen iyberenligine ynanmak we ony ykrar (tassyk) etmekdir.
ona delil: "towbe" (9) surasyny 33-nji ayaty:

{هو الذي أرسل رسوله بالهدى و دين الحق ليظهره علي الدين كله ولو كره المشركون}

"Ol (ALlah) oz pygamberini hidayat we hak dini bilen - eger-de mushrikler halamasalar-da - barcha dinlerden ustin etmek ucin eyberendir".Iki shahadaty ykrar (tassyk) etmek yslam dinine girmek ucin esasy shertdir.
Maksat: namazy berjay etmek we zekat chykarmakdan maksat name?
Mugallym:bilshiniz yaly, bu iki rukun (sutun) hadysda ik shahadatdan son zikir (yatlanan) edilen. "Namazy berjay etmek" diymegin manysy- ony, talap edilshi yaly, oz mahsus (belli) wagtynda eda (okamak) etmek hemde-de bashgalary-da ona buyurmak we ona sabyr etmekdir.
"ekat chykarmagyn" manysy bolsa, zekat bermek diymekdir. yagny, mal-mulk nisaba (zekat bermeli mukdara) yetende we onun ustunden bir yil ashanda, onda belli bir bolegi ona (zekat alamaga) hakly bolan adamalara bermekdir. bu iki rikunin delillerinden: "beyyine98) 5-nji ayaty:

{و ما أمرواإلا ليعبدوا االله مخلصين له الدين حنفاء ويقيموا الصلاة ويؤتوا الزكاة, وذلك دين القيمة}

"olar dine yalnyz Allaha, ol zat (Allah) ucin dini halys eden halda, dogry yoldan azashmadyk hallarynda ybadat etmane we namazy doly berjay etmane hemde zekaty (haklylara) bermage buyrulandyrlar. ine, bu - dogry yoldaky (milletin) dinidir".
salyh: Haj etmek we remezanda roza tutmak - yslamyn bash rukuninin ikisidigine kurany kerimden delil isleyarin.
Mugallym: haj hakda Alla tagala sheyle diyyar:

{و لله علي الناس حج البيت من استطاع اليه سبيلا, ومن كفر فإن الله غني عن العالمين}

"we yola kadyr (kim basharsa) bolan kishilen boynunda Allah ucin shu oyi haj-zyyarat etmek borjy bardyr. Kimde kim kafir bolsa (yagny, kabani zyyarat etmek parzdygyny inkar etse(ynanmasa)), onda,elbetde, Alla tagala butin alemlerden biyhajat (matach dal)bolan zatdyr". "ali ymran" (3) surasy 97-nji ayat.
Roza (remezan) hakda bolsa, Alla tagala sheyle diydi:

{يا أيهاالذين آمنوا كتب عليكم الصيام كما كتب علي الذين من قبلكم لعلكم تتقون}

"ey iyman getirenler! roza sizden onki gelip gechen ummatlara parz edilshi yaly sizede parz edildi. belki siz takwa bolarsynyz".
"Bakara" (2) suresi 183-nji ayat.
Bäshim: aydylyp gechilen rukunlerden bashgada rukun barmy? yagny, yanky bash sany rukunden bashga diydigim.
Mugallym: yok, iki shahadat, namaz, zekat,haj we rozadan bashga bize parz bolan rukun yok. yone, bulardan bashga bir nache wajipler, nepiller,sunnetler,sogap ishler,yagshylyga chagyrysh,yamanlyga garshy goresh weshona menzesh zatlar bar. bu amallar (ishler) bilen yslamyn rukunleri berkar we hemayatda (gorayyshda) bolar. hem-de bu amallar sogalaryn kopelmegine we gunalerin afu ( bagyshlanmagyna) edilmegine sebap bolar.
bu Allanyn fazlydyr, (merhemetidir) ony oz isleyan adamlaryna berer. Alla tagala uly fazlyn (merhemetin) eyeidir.
shu sapakda aydyp gechen zatlarymyzyn gysgachasy: Yslam dininin bash sany rukuni bar. Alla tagala shol rukunleri adamalara pazr etdi. bu rukunler alla tagala boyun bolmak onun aydanyny yerne yetirmek we alemlerin terbiyechesi bolan shariksiz Alla tagalaga tagat (bolyun bolmak) etmeklige delalat edyar.hich kimden bu
dinin ustine zyyada (artykmach) zat yada ondan kem zat kabul etmeyshi yaly, elbetde, ALla tagala hich kimden yslamdan bashga dini kabul etmez. chunki Alla tagala bu dunyade we ol dunyade adamlaryn etjek ishlerini onden bilyandir.

Has dogrysyny Alla tagalan ozi bilyandir!

yenede dowamy bardyr doganlar.

Uchinji sapak Muhammet

Uchinji sapak

Muhammet (s.a.w) Bizin ilchimiz (Pygamberimiz)

Mugallym: Hakykardyr Alla tagala bu ummata Yslam dinini bir ilchinin usti bilen iyberdi. hem-de Allahyn izni (rugsady) bilen olary zulumatlardan nura chykarmak ucin yslam dinine girmane Adamlaryn hemmesini chagyrmagy emir etdi. Bizin ilchimiz adyny bilyanizmi?
Selim:bizin ilchimizin ady Muhammet ibn Abdullah.
Mugallym:Berekella selim! indi bolsa men size pygamberimiz (s.a.w)in nesebinden kabirlerini aydyp bereeyin. Ol Muhammet ibn Abdullah ibn Abdulmuttalyb ibn Hashimdir.Hashim hem kurayysh taypasyndan ol bolsa Arapklardan Arablar hem Ysmail ibn Ybrahim (a.s)yn zurriyetindendir.
Selim:Pygambermiz (s.a.w) nache yashady?
Mugallym:Pygamberimiz Muhammet(s.a.w) 63 yashady. omrinin 40 yilini Pygamberlikden on gechirdi, galan 23 yilini bolsa hem nebiy (Pygamber) hemde resul (ilchi) boldy.
Gadyr:Pygambermiz(s.a.w) adamlaryn hemmesi ucin iyberildi diyip aytyanyz. Bu soze delil barmy?
Mugallym:Howa ona delil "A'raf" (7) surasynyn 158-nji ayaty:

{قل ياأيهاالناس إني رسول الله إليكم جميعا}

"Ayt (ey,Muhammet),ey adamlar,elbetde elbetde men sizin hemmanize Alla tagalanyn (iyberen) ilchisidirin".
Myrat:Pygamberimiz Muhammet (s.a.w)in bar dagwaty (chagyryshy) Mekkede gechdimi?
Mugallym:Yslam dagwatynyn (chagyryshyny) Hemmesi dine mekkede bolmady Pygamberimiz Muhammet (s.a.w) 13-yillap adamlary Mekkede dagwat (chagyrysh) etdi,son bolsa Medine Munawwara hijret (gochumek) edip shol yerde 10-yil galyp Yslama dagwat etmekligini dowam etdirdi.
Serdar:Men kabir adamlaryn Pygamberimiz (s.a.w) hazire chenli bizin hayatymyz yaly hayat (diri) diyyanini eshitdim shol dogrymy?
Mugallym:Yok,dogry dal. Pygamberimiz (s.a.w)in ajaly yetip, Alla tagala onun janyny aldyrdy(Ezrayil Prishde). Sahabalar bolsa ony ony kepenlap jayladylar. Resulullah (s.a.w)in olenligine delil "Zumer" (39) surasynyn 30-31 nji ayatlary:
{إنك ميت وإنهم ميتون,ثم إنكم يوم القيامة عندربكم تختصمون}

"ey,Muhammet) Hic shek-shubhesiz sen hem oljeksin olar hem oljekdirler.Sonda,elbetde, siz kiymat gununde perverdegarinizin huzurynda (biri-biriniz bilen) dawalashyp jenjelleshersiniz"
Ilki bashda Pygambermiz Muhammet (s.a.w)in olum habaryny kabir adamlar inkar (kabul etmedi) hem etmedi. shonda Abu Berk (R.A) olara yuzlenip sheyle diydi: "ey adamalar kim Muhammede ybadat edyan bolsa onda muhammet oldi. Yone, kim Allaha ybadat edyan bolsa, Alla tagala olenok,Ol diridir".
Dowletgeldi: Men hem kabir adamlardan:"Pygamberimiz (s.a.w) gayyby bilyaar we kyn yadaya dushen adam dileg etse ona komek beryar hem-de yamanlykdan saklayar",-diyen sozu eshitdim.
Mugallym: Gep dokayanlaryn sozune ynanman! Alla subhanehu we tagala sheyle diyyar:

قل لا أملك لنفسي نفعا ولا ضرا إلا ما شاء الله ولو} كنت أعلم الغيب لاستكثرت من الخير وما مسني السوء إن أنا إلا نذير وبشير لقوم يؤمنون}

"Ayt(ey,Muhammet) Men ozum ucin hem ne peyda ne-de zyyan etmane eye bolup bilemok,dine Allanyn halany bolar. eger gayibi bilenligimde yagshy amallary kopelderdim we mana hich hili zyyan yetdi.Men dine bir iyman getiren kowym (halk) ucin (Dowzahyn azabyndan) aga ediji we (Jennetin nygmatlary hakynda) hosh habar berijidirin". "a'raf" (7) surasy 188-nji ayat.
Musa: Pygamberimiz Muhammet (s.a.w)den son pygamber gelermi?
Mugallym: Pygamberimiz Muhammet)s.a.w)den son pygamber gelmez. chunki Alla tagala Pygamberimiz Muhammet (s.a.w) bilen Pygamberleri Mohurledi (tamamlady).

{وما محمد أبا أحد من رجالكم ولكن رسول الله و خاتم النبيين و كان الله بكل شيء عليما}

Alla tagala: "Muhammet sizin aranyzdan hich kishinin atasy daldir,Belki Ol Allahyn ilchisi Pygamberlerin sonydyr.Alla tagala Hemme zady bilijidir">- diydi." Ahzab"(33) surasy 40-nji ayat.
Indi bolsa, men size gysgacha Muhammet(s.a.w)e degishli bolan sizin boynunyzdaky wajyp zatlary aydyp gecheyin.
"Pygamberimiz Muhammet (s.a.w) adam oglyndan bolan ynsan.Ozi arap,Kurayish tiresinden.Mekkede dogylan. Jenneti bushlayjy we dowzahdan aga ediji edip,Alla tagala ony yslam dini bilen adamlaryn hemmesi ucin Iyberdi. Medineyi Munawwarah shaherine hijret (gochdi) etdi we shol yerde birnache yillap yslama dagwat etdi.Sonra bolsa, Alla tagala ony Wepat etdirdi (oldurdi) yogalandan son gabyrda jaylanyldy.Gabyrynyn yeri Aysha enemiz (r.a) nyn oyudir",- diyip, iyman getirmek bize wajipdir.
we yene-de ona tagat (gulluk) etmek we ona eyermek(yzyna dushmek) hemde Alla tagaladan bize yetiren hemme zatlaryny Tassyklamak hemde adamlara din bolsun diyip, ozunden hich zat goymadyklygyny tassyk etmek biz ucin wajypdir.
Muna delil: "nejm" (53) surasy 3,4-nji ayatlary:

{وما ينطق عن الهوى إن هو إلا وحي يوحلى}

"we ol (size getiryan Kur'ani) oz howayi islegi bilen sozlemez./b>Ol (Kur'an) dine (Alla tarapyn pygamberlere) Inderilen bir wahydyr".
Yenede delilerden biri:"Hashr"(59) surasynyn 7-nji ayaty:

{وما آتاكم الرسول فخذوه و ما نهاكم عنه فانتهوا واتقوا الله إن الله شديد العقاب}

"Pygamberin ozi size getiren zatlaryny alyn,onun sizi gaytaran zatlaryndan gachyn we ALladan gorkun. elbetde, Allahyn azaby ervetdir".Galyberse-de, Pygamberimiz (s.a.w) e tagat (boyun egmek) etmek - Alla subhanehu we tagalaga tagat etmekdir.
Has dogrysyny Alla tagalanyn ozi bilyandir.

Dowamy bardyr...

Rahman we rahym bolan

Rahman we rahym bolan Allanyn ady bilen
Dordunji sapak:
Towhyt bizin Akydamyz

Mugallym:Gechen sapaklarda yslam - towhytlyk dindigini bildik. Bu gun bolsa, towhyt sozunin arap dilindaki, yagny kur'an we sunnet dilindaki manysy bilen tanyshalyn. shonun bilen birlikde towhydyn gornushlerini we onun musulmanlara bolan paryzlaryny bilelin.
Chary:Towhyt sozi name many anlatyar?
Mugallym:Towhyt sozu arap dilinde birlemek manysyny anladyar. we b u (towhyt sozu) asyl sozdir. onun oten zamany (وحد) geljek zamany bolsa (يوحد)
yagny, "birledi","birleyar". manysy bir zadyn yeke-tak ozuni goydy diymek.
Ahmet:bu soz sherigatda name manyny anlatyar?
Mugallym:Sherigatda bu soz Alla tagalanyn birlemek we ony uluhiyeti,rububiyeti hem-de Esma we syfatlary bilen tanamak manyny anlatyar.
shuna esaslanyp towhydyn 3 gornushini: towhydur-rubbubiye, towhydul-uluhiye we tawhydu-esma-wessyfatlary owrenip gechelin.
Rowshen:Towhydyr-rububiyanin manysy name?
Mugallym:Rububiyet sozu (oz eyechilik edyan zadyny isledigiche dolandyryjy)
Towhydyr-rububiye bolsa, Alla tagala her bir zadyn terbiyechisi we her bir zadyn yaradyjysy er her bir ish ona baglydygyny we her bir hayirli ish onun elindeligini we islan zadyna kadyrdygyny hem-de bu zarlarda onun hich hili sharigi yok ekenligini boyun almakdyr.
{إياك نعبدوإياك نستعبن}
Alla tagala:"Barcha hamdu-senalar butin alemlerin terbiyechisi bolan Alla tagala uchindir".-diydi. "Fatiha" (1) surasy 5-nji ayaty.
Ynsanyn kalbynda towhydul-uluhiye bilen towhydu-esma wes-syfat bolmasa towhydur-rububiyanin ozi yeterlik bolmaz, yene bir zady yatda saklan Mekke Mushrikleri Towhydur-rububiyanin bilerdiler.Yone shnda-da Alla tagala bilen birlikde bashga zatlara ybadat etdiler.
{ولإن سألتهم من خلق السماوات والأرض ليقولن الله}
Alla Tagala: "Kasam bolsun,eger sen olardan asmanlary we yerleri kim yaradan diyip,sorasan olar. Alla diyerler", -diydi. "zumer" (39) surasy 38-nji ayatda.
Towhydyr-rububiyanin Maksady: Alla tagalany ona delalat edyan ishleri bilen tanamakdyr.
Ibrahim:Towhydul-uluhiyeden maksat name?
Mugallym:Uluhiyet sozi "Ilah"(ybadat edilyan) diyen sozden chykyar. Towhydul-uluhiya "towhydul-ybadat" hem diyilyar. ol hem bolsa butun yaradylan zatlaryn hemmesinin ybadat we gulluk etmeklerine dine Allanyn ozi haklydygyny bilmekdir.Ybadatyn her bir gornushi bilen Alla tagalany bilmek we sharigi bolmadyk yeke-tak Alla uchin yhlas etmek biz ucin wajypdyr. chynki ol hakyky ybadat edilyan zatdyr. onsonam ynsanlar we jynlar ybadartyn hemme gornushlerini yeke-tak Alla tagala ucin etmage we ondan bashga zada ybadat etmeklikden gaytarylyandyr.
{وماخلقت الجنوالإنس إلا ليعبدون}
Alla tagala:"Men chynlary we ynsanlary dine ozume ybadat etmekleri ucin yaratdym".-diydi "zariyat"(51)surasy 56-nji ayat. bu ayatda jynlaryn we ynsanlaryn yaradylmagynyn hikmeti beyan edilyar.ol hem bolsa, sharigi bolmadyk yeke-tak Alla tagala ybadat etmekdir. Mekke kafirleri towhydyn shu gornushini inkar etdiler (gaytardylar).Alla tagala olaryn aydan zatlaryny yatlap sheyle diyyar:
{أجعل الآلهة إلهاواحدإن هذا لشيْءعجاب}
"(shoncha) hudalary bir huday edayipdirmi? hakykatdan hem bu oran gen zat"."sad" () surasy 5-nji ayat.
Muhammet:Towhydyn birinji we ikinji gornushini bildik.onun uchinji gornushi name?
Mugallym:Towhydyn uchinji gornushi- Towhydul esma wes-syfat.Ol hem bolsa Alla tagalany onun gozel atlary we sypatlary bilen tanamakdyr.Alla subhae we tahalan gozel atlary we sypatlary bardygyny hem-de shol sypatlarda onun yeke-tak ozi bolup,ona hich kim menzemeyandigini boyun almak bizin ucin wajypdyr. Bu boyun almak we tassyk etmek dine bir zat bilen kamil bolar.Ol hem bolsa Alla tagala ozi ucin Kur'ani kerimde bildirishi yaly yada onun ilchisi Pygamberimiz Muhammet (s.a.w) oz sunnetlerinde (hadyslarynda) Alla uchin bildiren, hemme atlaryny we sypatlaryny hem-de olaryn manylaryny we hokumlerini beyan edishi yaly boyun almak we tassyklamakdyr.Alla tafala oz gozel atlary we sypatlary bilen yeke-takdir.
Tahyr:Alla subhany we tagalaga menzesh zadyn yoklygyna delil barmy?
Mugallym:Alla tagalada menzesh yada dendesh zadyn yokdygyna deliller kop sholardan "Shura" (46) surasynyn 11-nji ayaty:
{ليس كمثله شيْءوهو السميع البصير}
"hich bir zat ona menzesh daldir we ol eshidiji we gorup duryjydyr".
Towhydyn gornushleri bilen tanysh bolanynyzdan son men size towhydy oz akydasy eden muwahhyt (birleyji) musulmanlar ucin onun fazlyny (artykmachlygyny) beyan edeyin Towhyt sebapli yeke-tak sharigi bolmadyk Allanyn ybadaty doly bolyar.biz hem shol sebapli shirkden dashlashyarys.Towhyt sebapli adamlaryn durmyshy bu dunyade-de o dunyade-de bagytly we Alla tagalanyn razylygyny gazanyp bileris,ol hem bolsa uly yenyhdir.

indiki sapagymyz bolsa: "Shirik we onun bolekleri"bolar inshAllah.

Telpekler (1 kisiden 5 sany)

Bu komment ucin
  • Yarym kilo 5 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"